Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • mwbr18 Aprel sah. 1—5
  • «Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • «Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar
  • «Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar (2018)
  • Sözbaşylar
  • APREL 2—8
  • APREL 9—15
  • APREL 16—22
  • APREL 23—29
  • APREL 30—MAÝ 6
«Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar (2018)
mwbr18 Aprel sah. 1—5

«Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar

APREL 2—8

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | MATTA 26

«Pasha baýramy bilen Ýatlama agşamynyň meňzeşligi we tapawudy»

nwtsty-daky aýratynlyklar

Pashalyk nahary

Pasha baýramynda esasan 1) gowrulan guzynyň eti (malyň süňkini döwmeli däldi); 2) hamyrmaýasyz çörek; 3) ajy gök otlar iýilýärdi (Müsç 12:5, 8; Sn 9:11). Mişna kitabynda aýdylmagyna görä, ajy gök otlara semzek, syçratgy ýa-da narpyz ýaly meýdan otlary degişli bolan bolmaly. Ajy gök otlar ysraýyllylara Müsür gulçulygyndaky ajy durmuşyny ýatladan bolmaly. Isa hamyrmaýasyz çöregi öz kämil bedeniniň nyşany hökmünde ulandy (Mt 26:26). Pawlus resul bolsa Isa «Pashalyk guzymyz» diýdi (1Kr 5:7). Şeýle-de I asyrda Pashalyk naharynda 4) şerap ulanylypdy. Isa şeraby adamlaryň hatyrasyna döküljek ganynyň nyşany hökmünde ulandy (Mt 26:27, 28).

nwtsty Mt 26:26-a degişli maglumat

Aňladýar: Grekçe «estin» sözi «aňladýar», «görkezýär», «suratlandyrýar», «aýan edýär» diýen manylary berýär. Resullar bu sözüň manysyna düşünen bolmaly, sebäbi Isa olaryň ýanyndady. Olar Isanyň kämil bedenini aňladýan hamyrmaýasyz çöregi iýmelidiler. Şol sebäpli çörek göni manyda Isanyň bedenini aňlatmaýardy. Mukaddes Ýazgylaryň asyl nusgasynda Matta 12:7-de hem birmeňzeş grek sözüniň ulanylmagy örän ýerlikli. Bu grek sözi Mukaddes Ýazgylaryň köp terjimelerinde «aňladýar» diýip terjime edilen.

nwtsty Mt 26:28-e degişli maglumat

Äht gany: Isanyň töleg gurbany esasynda Ýehowanyň mesh edilen mesihçiler bilen baglaşan «täze ähtini» aňladýar (Ýew 8:10). Isa bu aýatda töwellaçy bolup hyzmat eden we Sinaý dagynda ysrallylara Kanun ähtini beren Musa pygamberiň sözlerini ulanýar (Müsç 24:8; Ýew 9:19—21). Öküzleriň we geçileriň ganynyň Hudaýyň ysraýyl halky bilen baglaşan Kanun ähtini tassyklaýşy ýaly, Isanyň gany hem Hudaýyň ruhy ysraýyl bilen «täze ähti» baglaşandygyny subut edýärdi. Bu äht b. e. 33-nji ýylynyň Pentikost güni güýje girdi (Ýew 9:14, 15).

Ruhy dürdäneleri agtaryň

nwtsty Mt 26:17-ä degişli maglumat

Petir baýramynyň birinji güni: Petir baýramy Pasha baýramynyň (14-nji nisan) ertesi, ýagny 15-nji nisanda başlap, ýedi günläp dowam edýärdi (App. B15-e serediň). Emma Isanyň günlerinde bu baýramçylyk bilen Pasha baýramynyň arasy gaty ýakyn bolansoň, ol 14-nji nisanda başlap, sekiz gün dowam edýärdi. Şol sebäpli käte oňa «Pasha diýilýän Petir baýramy» hem diýilýärdi (Lk 22:1). Bu aýatda agzalýan «birinji güni» diýen jümle «bir gün öň» diýmegi hem aňladyp bilýär (Ýah 1:15, 30-njy aýatlary deňeşdiriň; bu aýatlaryň ikisinde-de grekçe protos diýen söz ulanylyp, ol «birinji» ýa-da «öň» diýmegi aňladýar). Ýewreýlerde bolşy ýaly, gadymy grekleriň däbi boýunça şägirtler 13-nji nisanda Isadan baýramçylyk barada soran bolmaly. Diýmek, «agşam düşende», ýagny 14-nji nisan başlanda Pasha baýramyny bellär ýaly, şägirtler 13-nji nisan güni taýýarlyk gördüler (Mr 14:16, 17).

nwtsty Mt 26:39-a degişli maglumat

Bu käsäni menden aýyr: Mukaddes Ýazgylarda «käse» diýlende, köplenç Hudaýyň islegi ýa-da adama «berlen jogapkärçilik» göz öňünde tutulýar (Mt 20:22-ä degişli maglumata serediň). Isa Hudaýa dil ýetirýän we oňa garşy pitne turuzýan adam hökmünde öldüriljekdigine gaty gynanan bolmaly. Şonuň üçin ol «bu käsäni menden aýyr» diýip doga edýär.

APREL 9—15

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | MATTA 27, 28

«Gidiň-de, şägirt taýýarlaň. Muny näme üçin, nirede we nädip etmeli?»

w04 1/7 sah. 8, abz. 4

«Gidiň-de,.. şägirt taýýarlaň»

4 Isanyň mesihçiler ýygnagynyň üstünden ygtyýary bar, 1914-nji ýylda bolsa oňa Hudaýyň Patyşalygynyň patyşasy bolmak ygtyýary berildi (Koloslylar 1:13; Ylham 11:15). Isa baş perişde we ýüz millionlarça perişdelerden ybarat gökdäki goşuna ýolbaşçylyk edýär (1 Selanikliler 4:16; 1 Petrus 3:22; Ylham 19:14—16). Ýehowa oňa adyl prinsiplerine tabyn bolmaýan «ähli hökümetleri, ygtyýarlyklary we güýçleri ýok etmäge» ygtyýar berdi (1 Korinfliler 15:24—26; Efesliler 1:20—23). Isanyň diňe bir dirileriň üstünden däl-de, «dirileri hem ölüleri höküm etmäge» ygtyýary bar. Hudaý oňa ölen adamlary direltmäge güýç berdi (Resullaryň işleri 10:42; Ýahýa 5:26—28). Elbetde, şeýle uly ygtyýary bolandygy üçin, biz Isanyň beren tabşyrygyna örän çynlakaý garamaly. Şonuň üçin biz Mesihe hormat goýýarys we onuň «gidiň-de,.. şägirt taýýarlaň» diýen tabşyrygyna höwes bilen gulak asýarys.

nwtsty Mt 28:19-a degişli maglumatlar

Şägirt taýýarlaň: Grek dilindäki «ma-the-teuo» diýen işlik okuwçy ýa-da şägirt etmek maksady bilen kimdir birine «öwretmegi» aňladýar (Matta 13:52-ni deňeşdiriň). «Suwa çümdürmek» we «öwretmek» diýen işlikler «şägirt taýýarlaň» diýen tabşyrygyň nämäni öz içine alýandygyny görkezýär.

Ähli halklar: Göni manyda «hemme milletleri» aňladýar. Emma aýadyň kontekstinden görnüşi ýaly, bu jümle ähli halklardan bolan aýry-aýry adama degişli. «Olary... suwa çümdüriň» diýen jümledäki «olary» diýen at çalyşma grek dilinde erkeklik jynsynda goýlupdyr we ony aýry-aýry adamlara-da degişli ulanyp bolýar. Şonuň üçin bu at çalyşma «ähli milletleri» aňlatmaýar. Bu täze tabşyryk bolup, «ähli halklardan» bolan adamlara degişlidigini görkezýär. Mukaddes Ýazgylarda Isanyň gullugyna başlamazyndan öň, Ýehowa sežde etmek üçin Ysraýyla gelýän özge milletli adamlaryň hem mähirli garşylanandygy aýdylýar (1Pat 8:41—43). Emma bu tabşyrygy bermek bilen, Isa şägirtleriniň ýehudy halkyndan bolmadyk adamlara hem hoş habary ýetirip, wagyz işini has giňeltjekdigini we şägirt taýýarlamak işiniň bütin dünýäde alnyp baryljakdygyny nygtady (Mt 10:1, 5—7; Ylh 7:9; Mt 24:14).

nwtsty Mt 28:20-ä degişli maglumat

Olara... öwrediň: «Öwretmek» diýip terjime edilen grek sözi delilleri ýa-da subutnamalary getirip, görkezme bermegi we düşündirmegi aňladýar (Mt 3:1; 4:23-nji aýatlara degişli maglumatlara serediň). Adamlara Isanyň ähli tabşyran zatlaryny öwretmek dowamly hereket bolup, bu olara Mesihiň taglymatlaryny, şolar boýunça ýaşamagy we ondan görelde almagy öwretmegi öz içine alýar (Ýah 13:17; Ef 4:21; 1Pt 2:21).

Ruhy dürdäneleri agtaryň

nwtsty Mt 27:51-e degişli maglumatlar

Tuty: Ybadathananyň mukaddes ýeri bilen iň mukaddes ýeriniň aralygyndaky owadan perde. Ýehudylaryň däbine görä, tutynyň uzynlygy 18 metr, ini 9 metr, galyňlygy bolsa 7, 4 santimetrdi. Tutynyň ikä bölünmegi Ýehowanyň Ogluny öldürenlere garşy ýöne bir gazabyny aýan etmän, eýsem, mundan beýläk göge çykmaga ýol açylandygyny görkezýär (Ýew 10:19, 20; sözlüge serediň).

Mukaddes ýer: «Naos» diýen grek sözi ybadathananyň esasy bölegi bolan mukaddes ýer bilen iň mukaddes ýeri öz içine alýar.

nwtsty Mt 28:7-ä degişli maglumat

Şägirtlerine onuň direlendigini aýdyň: Bu aýallar diňe bir Isanyň direlendigi barada ilkinji bolup eşitmän, eýsem, beýleki şägirtlere hem onuň direlendigini habar beren şägirtlerdi (Mt 28:2, 5, 7). Ýehudylaryň däbine görä, aýallara kazyýetde şaýatlyk etmäge rugsat berilmeýärdi. Emma Ýehowanyň perişdesi bu aýallara şatlykly habary buşlamagy tabşyryp, olara hormat bildirdi.

WAGYZDA ÖKDELEŞIŇ

g17.2 sah. 14

«Haç»

Isa haçda öldürildimi?

KÄBIRLERINIŇ AÝTMAGYNA GÖRÄ:

Rimliler Isany iki sany atanak agaçda jezalandyrypdylar.

MUKADDES ÝAZGYLARDA NÄME DIÝILÝÄR?

Isany «pürse çüýläp» öldürdiler (Resullaryň işleri 5:30). Mukaddes Ýazgylarda Isanyň nädip jezalandyrylandygyny görkezmek üçin iki sany söz ulanylýar we olaryň ikisem atanak görnüşli agajy däl-de, bir dik agajy aňladýar. Bir kitapda aýdylmagyna görä, grekçe stawros sözüniň giň manysy bar. Şeýle-de şol kitapda «bu söz „haç“ sözüniň sinonymy däl» diýilýär («Crucifixion in Antiquity»). Resullaryň işleri 5:30-da ulanylýan grekçe ksilon sözi «bir dik agajy ýa-da pürsi aňladýar, rimliler adamy jezalandyranlarynda, ony pürse çüýläpdirler».

Mukaddes Ýazgylarda Isanyň jezalandyrylyşy gadymy ysraýyllylara berlen kanun bilen baglanyşykly ulanylýar. Onda şeýle diýilýär: «Eger biri jenaýat edip, ölüm jezasyna höküm edilse we siz ony agaçdan asyp öldürseňiz... ony hökman şol gün jaýlamalysyňyz, çünki agaçdan asylan adam Hudaý tarapyndan näletlenendir» (Kanun taglymaty 21:22, 23). Bu kanuna salgylanyp, Pawlus resul: «Mesih... bize derek özi näletlendi. Sebäbi: „Pürse (grekçe ksilon) çüýlenen adam näletlidir“ diýip ýazylgydyr» diýdi (Galatýalylar 3:13). Şeýdip, ol Isanyň pürsde, ýagny ýönekeý dik agaçda öldürilendigini aýan etdi.

«Ony pürse çüýläp öldürdiler» (Resullaryň işleri 10:39).

APREL 16—22

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | MARKUS 1, 2

«Günäleriň bagyşlandy»

jy sah. 67, abz. 3—5

«Günäleriň bagyşlandy»

Isa öýde märekä öwredip durka, ine, dört adam düşekde ýatan ysmazy getirýär. Olar dostunyň sagalmagyny isleýärler. Emma «olar märekeden ýaňa öýe girip bilmeýärler» (Markus 2:4). Waheý, olar gynanandyr! Şonda olar jaýyň üstüne çykyp, üçegi açýarlar. Soňra ýuwaşlyk bilen ysmazy aşak düşürýärler.

Isa olara gaharlandymyka? Elbetde, ýok! Gaýtam, olaryň imanyny görüp begenýär we ysmaz adama: «Seniň günäleriň bagyşlandy» diýýär (Matta 9:2). Isa günäleri bagyşlap bilýärmi näme? Kanunçylardyr fariseýler onuň haky ýokdur öýdýärler. Olar öz aralarynda: «Bu adam näme üçin beýle diýýär? Ol Hudaýa dil ýetirýär. Hudaýdan başga günäleri bagyşlap bilýän barmy?» diýişýärler (Markus 2:7).

Isa muny aňyp, şeýle diýýär: «Siz näme üçin ýüregiňizde beýle zatlar barada pikir edýärsiňiz? Siziň pikiriňizçe, ysmaza „Günäleriň bagyşlandy“ diýmek aňsatmy ýa-da „Tur, düşegiňi al-da, ýöre“ diýmek?» (Markus 2:8, 9). Hawa, Isa gelejekde hödürlejek töleg gurbany arkaly adamyň günäsini bagyşlap bilýärdi.

nwtsty Mr 2:9-a degişli maglumat

Aňsatmy: Elbetde, adama: «Günäleriň bagyşlandy» diýmek aňsatdy, sebäbi onuň eden günäsini subut etmek gerek däldi. Ýöne «Tur,.. ýöre» diýmek üçin gudrat görkezmelidi, şonda hemmeler Isanyň günäleri bagyşlamaga ygtyýarynyň bardygyny görerdi. Bu waka we Işaýa 33:24-däki sözler biziň günä sebäpli keselleýändigimizi aýan edýär.

Ruhy dürdäneleri agtaryň

nwtsty Mr 1:11-e degişli maglumatlar

Gökden... ses eşidildi: Ýehowanyň adamlar bilen göniden-göni gepleşendigini görkezýän Injilde agzalýan wakalaryň biri (Mr 9:7; Ýah 12:28-nji aýatlara degişli maglumatlara serediň).

Sen meniň söýgüli Oglumsyň: Isa Hudaýyň ruhy Ogludy (Ýah 3:16). Ol ynsan bolup doglanda, Adam ata ýaly kämildi we oňa «Hudaýyň Ogly» diýilmelidi (Lk 1:35; 3:38). Emma Isanyň hakykatdanam kimdigini aýan etmek üçin, Hudaýyň şeýle sözleri aýtmagy ýerliklidi. Hudaý bu sözleri aýtmak we mukaddes ruhuny bermek bilen, Isanyň ilkinji ruhy Ogludygyny, gökde ýaşamak üçin «täzeden doguljakdygyny», Hudaýyň mukaddes ruhy arkaly bellän Patyşasy we Baş ruhanysy boljakdygyny aýdyň görkezdi (Ýah 3:3—6; 6:51; Lk 1:31—33; Ýew 2:17; 5:1, 4—10; 7:1—3).

Men senden razydyryn: Ýa-da «Men senden hoşaldyryn; Senden göwnüm hoşdur». Şeýle sözlere Mt 12:18-de hem duş gelse bolýar. Bu aýatdaky sözler wada edilen Mesih barada aýdylýan Işaýa 42:1-däki sözlere esaslanýar. Isanyň üstüne mukaddes ruhuň inmegi we Hudaýyň aýdan sözleri onuň wada edilen Mesihdigini aýdyň subut edýärdi (Mt 3:17; 12:18-nji aýatlara degişli maglumatlara serediň).

nwtsty Mr 2:28-e degişli maglumat

Sabat gününiň... Hojaýyny: Isa bu sözleri özüne degişli edip aýtdy (Mt 12:8; Lk 6:5) we gökdäki Atasynyň tabşyran işini ýerine ýetirmek üçin Sabat gününiň üstünden ygtyýarynyň bardygyny görkezdi (Ýahýa 5:19; 10:37, 38-nji aýatlary deňeşdiriň). Isa Sabat güni syrkawlary sagaldyp, käbir täsin gudratlary görkezdi (Lk 13:10—13; Ýah 5:5—9; 9:1—14). Bu onuň Sabat gününde bolşy ýaly, Hudaýyň Patyşalygynyň patyşasy hökmünde adamlara dynçlyk berjekdigini görkezýärdi (Ýew 10:1).

APREL 23—29

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | MARKUS 3, 4

«Sabat güni bir ysmazyň sagaldylyşy»

jy sah. 78, abz. 1, 2

Sabat güni näme etse bolýar?

Bir gezek Isa Sabat güni sinagoga barýar. Bu waka Jelilede bolan bolmaly. Ol ýerde sag eli ysmaz bir adam bardy (Luka 6:6). Kanunçylar bilen fariseýler Isadan gözüni aýyrman seredýärdiler. Olar Isadan: «Kanun boýunça Sabat güni syrkaw adamy sagaltsa bolýarmy?» diýip soraýar. Bu sorag olaryň ýüreklerindäki niýetini aýan edýärdi (Matta 12:10).

Dini ýolbaşçylaryň aýtmagyna görä, Sabat güni adamy diňe bir ýagdaýda, ýagny onuň janyna howp abananda sagaltmak bolýar. Meselem, Sabat güni çykan süňki ýerine salmak ýa-da bedeniň bir ýerine agram düşüp agyranda, ony daňmak gadagandy. Sebäbi şeýle ýagdaýlar adamyň saglygy üçin onçakly zyýanly däldi. Hawa, kanunçylar bilen fariseýler sorag berenlerinde, ejir çekýän adama duýgudaşlyk bildirmek üçin däl-de, Isany aýyplamaga bahana gözleýärdiler.

jy sah. 78, abz. 3

Sabat güni näme etse bolýar?

Emma Isa olaryň erbet niýetini bilýärdi. Ol kanunçylar bilen fariseýleriň Sabat güni gadagan edilen işler babatdaky garaýşynyň Mukaddes Ýazgylara esaslanmaýandygyna düşünýärdi (Müsürden çykyş 20:8—10). Olar öňem Isa pygamberi eden ýagşy işleri üçin sebäpsiz ýere tankytlapdylar. Häzir bolsa Isa olary has-da gazaplandyrjak işi edýär, ýagny eli guran adama: «Ýeriňden tur-da, orta çyk» diýýär (Markus 3:3).

nwtsty Mr 3:5-e degişli maglumat

Nägilelik bilen seretdi,.. doňýürekdigine gaty gynandy: Diňe Markus dini ýolbaşçylaryň doňýürekdigini görende, Isanyň özüni nähili duýandygy barada ýazýar (Mt 12:13; Lk 6:10). Isanyň duýgulary barada Markusa Petrus resul aýdan bolmaly, sebäbi onuň özi-de ýüregiýuka adamdy («Markus kitaby bilen tanyş bolmak» diýen wideo serediň).

Ruhy dürdäneleri agtaryň

nwtsty Mr 3:29-a degişli maglumatlar

Mukaddes ruha dil ýetirmek: «Dil ýetirmek» diýlende, Hudaýy ýa-da mukaddes zatlary masgaralaýan, kemsidýän, ýa-da abraýdan gaçyrýan sözleri aýtmak göz öňünde tutulýar. Mukaddes ruh Hudaýyň berýän güýji bolandygy üçin, oňa bilgeşleýin garşy çykmak ýa-da onuň güýjüni inkär etmek, Hudaýa dil ýetiren ýaly hasaplanýar. Mt 12:24, 28 we Mr 3:22-nji aýatlara görä, ýehudy dini ýolbaşçylary Isanyň Hudaýyň güýji arkaly görkezen gudratlaryny gördüler. Emma olar muny Isa Iblis Şeýtanyň güýji bilen etdi diýdiler.

Ebedilik günäli bolar: Bu ýerde ebedi täsirini ýetirýän bilgeşleýin edilen günä göz öňünde tutulýar. Sebäbi şeýle günäni hiç hili töleg bilen ýuwup bolmaýar. Mr 3:29-daky Mukaddes ruha dil ýetirmek diýen maglumata we Mt 12:31-e degişli maglumata serediň.

w14 15/12 sah. 12, 13, abz. 6—8

Siz Isanyň tymsallaryna düşünýärsiňizmi?

6 Biz bu tymsaldan näme öwrenýäris? Birinjiden, biz Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçýän adamyň ruhy ösüşini görüp bilmeýändigimize düşünmeli. Biz oňa kömek etmek üçin elimizde baryny edip, goldasak-da, ony suwda çokundyrylmaga mejbur etmeli däl. Muny adamyň özi çözýändigini biz kiçigöwünlilik bilen boýun almaly. Adam Ýehowany ýürekden söýüp, oňa özüni bagyş etse, şonda Hudaý razy bolýar (Zeb. 51:12; 54:6; 110:3).

7 Ikinjiden, bu tymsaldan edýän işimiziň netijesini birbada görmesek-de, ruhdan düşmezligi öwrenýäris. Biz sabyrly bolmaly (Ýakup 5:7, 8). Biz okuw geçýän adama kömek etmek üçin elimizde baryny edendigimize garamazdan, onuň ýüreginde hakykat tohumy ösmese, bu biziň gowy mugallym däldigimizi aňlatmaýar. Ýehowa düzelmäge taýyn bolan kiçigöwünli adamlaryň ýüreginde hakykat tohumyny ösdürýär (Mat. 13:23). Şol sebäpli okuw geçen adamlaryň näçesiniň suwda çokundyrylandygy esasynda wagyz gullugymyza baha bermeli däl. Galyberse-de, Ýehowa biziň gowy gulluk edýändigimizi okuw geçýän adamlaryň seslenişine görä kesgitlemeýär. Ol biziň ýürekden edýän tagallamyzy gymmat saýýar (Luka 10:17—20; 1 Korinfliler 3:8-nji aýatlary okaň).

8 Üçünjiden, biz okuw geçýän adamyň üýtgeýändigini görmesek alada etmeli däl. Mysal üçin, bir är-aýal missioner dogan bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçýär. Olar dogana wagyzçy bolmak isleýändigini aýdanlarynda, ol, ilki bilen, çilimi taşlamalydygyny ýatladýar. Är-aýal çilimi taşlanyna birnäçe aý bolandygyny aýdanda, dogan haýran galýar. Olar çilimi näme üçin taşlady? Sebäbi ony gizlin çekseler, Ýehowanyň görýändigini we ikiýüzlüligi ýigrenýändigini bildiler. Şol sebäpli olar çilimi diňe missioneriň ýanynda çekmezligi däl-de, ony asla taşlamagy ýüregine berk düwdüler. Är-aýalyň Hudaýa bolan söýgüsi dogry karara gelmäge kömek etdi. Missioner olaryň düzelendigini görmese-de, är-aýal ruhy taýdan ösdi.

MESIHÇILERIŇ DURMUŞY

nwtsty Mr 4:9-a degişli maglumat

Goý, gulagy bar adam eşitsin: Isa daýhan baradaky mysalyny gürrüň bermezden öň: «Üns beriň!» diýdi (Mr 4:3). Ol berýän maslahatyna şägirtleriniň çynlakaý garamalydygyny görkezmek üçin mysalyň ahyrynda şu aýatdaky sözleri aýtdy. Mt 11:15; 13:9, 43; Mr 4:23; Lk 8:8; 14:35; Ylh 2:7, 11, 17, 29; 3:6, 13, 22; 13:9-nji aýatlarda hem şeýle sözlere duş gelse bolýar.

APREL 30—MAÝ 6

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | MARKUS 5, 6

«Isanyň aradan çykan ýakynlarymyzy direltmäge güýji ýetýär»

nwtsty Mr 5:39-a degişli maglumat

Ölmedi,.. uklap ýatyr: Mukaddes Ýazgylarda ölüm köplenç uky bilen deňeşdirilýär (Zb 13:3; Ýah 11:11—14; Res 7:60; 1Kr 7:39; 15:51; 1Sl 4:13). Isa gyzjagazy direltmekçidi, şol sebäpli ol bu sözleri uklap ýatan adamy oýaryp bolşy ýaly, ölen adamlary hem direldip bolýandygyny görkezmek üçin aýdan bolmaly. Isa gyzjagazy «ölüleri direldip bilýän, hatda bolmadyk zady bolan ýaly aýdyp bilýän» Atasynyň beren güýji arkaly direltdi (Rm 4:17).

jy sah. 118, abz. 6

Gyzjagazyň direlişi

Isa öň syrkawlary sagaldanda, olara bu hakda hiç kime aýtmazlygy tabşyrýardy. Ol häzirem gyzjagazyň ata-enesine şeýle tabşyryk berýär. Muňa garamazdan, adamlar we gyzjagazyň ata-enesi begenjinden ýaňa «bu habary obadyr şäherlere ýaýradýarlar» (Matta 9:26). Eger siz aradan çykan dogan-garyndaşyňyzyň direlendigini görseňiz, bu hakda buşlap çykmazmydyňyz? Bu Isanyň ikinji adamy direldişidi.

Ruhy dürdäneleri agtaryň

nwtsty Mr 5:19-a degişli maglumat

Gürrüň ber: Isa köplenç görkezen gudratlary barada hiç kime aýtmazlygy tabşyrýardy, ýöne bu gezek ol derdinden sagalan adama bolan zatlary dogan-garyndaşlaryna gürrüň bermegi tabşyrýar (Mr 1:44; 3:12; 7:36). Mümkin Isa muny şol ýerden gitmegi talap edendikleri we şol ýeriň ýaşaýjylaryna hut özüniň şaýatlyk etmändigi üçin aýdan bolmaly; şeýle-de ol muny doňuzlaryň ýitendigi baradaky nädogry habaryň ýaýramazlygy üçin eden bolmaly.

nwtsty Mr 6:11-e degişli maglumat

Aýagyňyzyň tozanyny kakyň: Bu hereket şägirtleriň Hudaýyň öňündäki jogapkärçilikden azatdygyny görkezýärdi. Bu sözler Mt 10:14, Lk 9:5-nji aýatlarda hem duş gelýär. Emma Markus bilen Luka kitabyna olara duýduryş bolar diýen sözleri hem goşdular. Pawlus bilen Barnabas Pisidiýanyň Antiohiýa şäherindekä, bu tabşyryga eýeripdiler (Res 13:51). Şeýle-de Pawlus resul Korinf şäherindekä donuny silkip, şu sözleri aýtdy: «Siz ölümiňize özüňiz günäkärsiňiz. Muňa men jogapkär däldirin» (Res 18:6). Şeýle hereketler şägirtlere tanyşdy; hudaýhon ýehudylar özge milletleriň ýurduna gidenlerinde, öz watanyna dolanmazdan öň, özlerini haram etmezlik üçin aýaklarynyň tozanyny kakýardylar. Emma Isa şägirtlerine bu tabşyrygy berende, düýbünden başga zady göz öňünde tutupdy.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş