Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • mwbr19 Aprel sah. 1—6
  • «Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • «Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar
  • «Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar (2019)
  • Sözbaşylar
  • APREL 1—7
  • APREL 8—14
  • Ýaşulular nädip taýýarlyk görmeli?
  • Dogan-uýalar nädip taýýarlyk görmeli?
  • APREL 22—28
  • APREL 29—MAÝ 5
«Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar (2019)
mwbr19 Aprel sah. 1—6

«Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar

APREL 1—7

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 1 KORINFLILER 7—9

«Durmuş gurmazlyk — sowgat»

w11 15/1 sah. 17, 18, abz. 3

Ýekeligiňden peýdalan

3 Maşgala guranlara garanda, köplenç maşgalasyz mesihçileriň erkinligi we wagty köp bolýar (1 Kor. 7:32—35). Bu olara köpräk wagyz etmäge, dogan-uýalara söýgüsini artdyrmaga we Ýehowa has ýakynlaşmaga gowy mümkinçilik berýär. Şol sebäpli ençeme mesihçiler ýekeligiň gadyryny bilip, wagtlaýyn bolsa-da, durmuş gurmazlygy ýüregine düwdüler. Käbir mesihçiler başda maşgala gurmazlygyň pikirini etmese-de, ýagdaýynyň üýtgändigi sebäpli, bu barada doga edip, Ýehowanyň kömek etjekdigine düşünip, maşgala gurmak barada oýlanmazlygy «ýüregine düwdüler» (1 Kor. 7:37, 38).

w08 15/7 sah. 27, abz. 1

Korinfliler kitabyndan peýdaly pikirler

7:33, 34. Maşgalaly erkekleriň we aýallaryň «dünýewi işler bilen başagaý» bolmagy nämäni aňladýar? Pawlus resul maşgalaly mesihçileriň iýmit, egin-eşik we jaý ýaly gündelik aladalary barada aýdýar. Muňa mesihçileriň zalym dünýädäki gaça durmaly erbet işleri degişli däl (1 Ýah. 2:15—17).

w96 15/10 sah. 12, 13, abz. 14

Durmuş gurmazlyk ünsüňi bölmän gulluk etmäge mümkinçilik berýär

14 Eger mesihçi öz bähbidi üçin durmuş gurmaýan bolsa, durmuş guranlardan «has gowy» etmeýär. Onda ol «Patyşalyk üçin» däl-de, özi üçin durmuş gurmaýar (Matta 19:12). Durmuş gurmadyk erkek ýa-da aýal «Halypamyzyň işi bilen meşgullanýandyr» we «Halypamyzy begendirjek bolup», «ünsüni bölmän, Halypamyza mynasyp tärde gulluk edýändir». Şeýdip, olar Ýehowa we Isa Mesihe ünsüni bölmän, gulluk edýärler. Diňe şonda durmuş gurmadyk mesihçiler durmuş guranlardan «has gowy» edýär.

Ruhy dürdäneleri agtaryň

lv sah. 220, 221

Goşmaça maglumat

Seýrek ýagdaýlarda mesihçileriň käbiri ýanýoldaşy zyna etmese-de, ondan aýry ýaşamak ýa-da aýrylyşmak kararyna gelýärler. Mukaddes Ýazgylar şeýle ýagdaýda aýrylyşan aýal «başga birine durmuşa çykmasyn ýa-da äri bilen ýaraşsyn» diýip şert goýýar (1 Korinfliler 7:11). Diýmek, şeýle mesihçileriň täzeden durmuş gurmaga haky ýok (Matta 5:32). Indi bolsa birnäçeleriň (Mukaddes Ýazgylara esaslanman) aýry ýaşamaga ýa-da aýrylyşmaga esas hasaplaýan käbir aýratyn ýagdaýlaryna seredeliň.

• Maşgalany eklemekden bilgeşleýin ýüz öwürse. Äriniň ýagdaýy bolup-da, maşgala agzalary barada alada etmese, olar garyp düşüp, iň gerek zatlara-da mätäç bolarlar. Injilde şeýle diýilýär: «Dogan-garyndaşlarynyň, esasan-da, öz maşgala agzalarynyň aladasyny etmeýän adam imandan dänendir, ol Hudaýa iman etmeýän adamdan hem beterdir» (1 Timoteos 5:8). Eger şeýle adam pälinden gaýtmak islemese, onda aýaly özüniň hem-de çagalarynyň aladasyny edip, aýry ýaşamaly ýa-da (Mukaddes Ýazgylara esaslanmasa-da) aýrylyşmaly diýen karara gelip biler. Elbetde, mesihçi maşgalasyny eklemekden ýüz öwürýär diýen aýyplama, ýaşulular dykgat bilen seredip geçmeli. Maşgalasy barada alada etmeýän är ýygnakdan çykarylmagy mümkin.

• Janyna howp abansa. Äri ýa-da aýaly rehimsizlik bilen ýanýoldaşynyň saglygyna zyýan ýetirip, hatda janyna howp salmagy mümkin. Eger özüni gazaply alyp barýan ýanýoldaşy mesihçi bolsa, onda ýygnagyň ýaşululary bu aýyplamany barlap görmeli. Gahar-gazap we rehimsizlik ýygnakdan çykarylmaga sebäp bolup biler (Galatýalylar 5:19—21).

• Ruhy saglygyna zyýan ýetse. Äri ýa-da aýaly ýanýoldaşyna hak Hudaýa sežde etmäge elmydama päsgel berip, hatda Hudaýyň tabşyryklaryny bozdurjak bolsa, howp astyna düşen ýanýoldaşy «adama däl-de, Hökümdarymyz Hudaýa gulak asyp», (Mukaddes Ýazgylara esaslanman) kazyýetiň karary bilen aýry ýaşamaly ýa-da aýrylyşmaly diýen netijä gelip biler (Resullaryň işleri 5:29).

w00 15/7 sah. 31, abz. 2

Ahlaksyz dünýäde arassa bolup bilersiňiz

Ýaşlar, esasanam, jynsy höwesleriniň güýçlenýän döwri durmuş gurmaga howlukmaly däl. Maşgala gurmak jogapkärli bolany üçin, öz borçlaryňy ýerine ýetirer ýaly, ruhy taýdan ýetişen bolmaly (Gelip çykyş 2:24). «Ýaşlyk höwesleriniň», ýagny jynsy höwesleriniň has güýçlenip, adamyň garaýşyny ýoýýan wagty geçýänçä garaşsaňyz gowy bolar (1 Korinfliler 7:36). Adam durmuş gurmak isleýändigi, ýöne mynasyp ýanýoldaş tapyp bilmeýändigi üçin ahlaksyzlyga baş goşsa, nähili akylsyzlyk we aýyp iş etdigi bolar!

w12 15/11 sah. 20

Okyjylaryň sowallary

Isanyň Matta 19:10—12-nji aýatlarda aýdan sözleri maşgala gurmak islemeýänlere bu duýgynyň gudrat arkaly berilýändigini aňladýarmy?

Isanyň sallahlyk barada agzan sözlerini nähili ýagdaýda aýdandygyna seredeliň. Fariseýler onuň ýanyna gelip, aýrylyşmak baradaky meseläni orta atanlarynda, Isa nika babatda Ýehowanyň nähili garaýşynyň bardygyny açyk görkezdi. Musa arkaly berlen Kanunda äri aýalynda «kemçilik tapandygy» sebäpli aýrylyşmak islese, talak hatyny bermäge rugsat berilýärdi, emma bu ilkibaşdan beýle däldi (Kan. tag. 24:1, 2). Isa: «Biri zyna etmedik aýaly bilen aýrylyşyp, başga birine öýlense, zyna edýändir» diýdi (Mat. 19:3—9).

Şägirtleri onuň bu sözlerini eşidip: «Eger är-aýal barada şeýle diýilýän bolsa, onda öýlenmezlik gowudyr» diýişdiler. Emma Isa olara şeýle diýdi: «Bu sözlere hemmeler eýerip bilmez, diňe Hudaýyň kömek edýän adamlary eýerip bilerler. Käbirleri dogabitdi agta bolýarlar, başgalaryny bolsa adamlar agta edýärler; emma käbirleri gökdäki Patyşalyk üçin özlerini agta edýärler. Kim öýlenmek islemese, goý, öýlenmesin» (Mat. 19:10—12).

Dogabitdi ýetmezçiligi bolan, şikesli ýa-da maýyp adamlar maşgala gurmaýarlar. Emma muny öz islegine görä etmeýänler hem bar. Olaryň maşgala gurmaga mümkinçiligi bolsa-da, «gökdäki Patyşalyk üçin» özlerine erk edip, durmuş gurmaýarlar. Olar Isadan görelde alyp, bar güýjüni Patyşalygyň işlerine sarp etmek üçin, maşgala gurmazlyk kararyna geldiler. Olar bu duýgy bilen dogulmady ýa-da ol sylag hökmünde gudrat arkaly berilmedi. Şeýlelikde, olaryň özleri maşgala gurmazlyk kararyna gelip, bu sylagy gazanýarlar.

Pawlus resul Isanyň aýdan sözlerine esaslanyp, ähli mesihçileriň, ýagny maşgala guranlaryň-da, gurmadyklaryň-da Hudaýa ýaramly gulluk edip bilýändiklerini düşündirdi. Ýöne ol maşgala gurmazlygy «ýüregine düwenleriň» has «gowy» edýändiklerini aýtdy. Näme üçin? Maşgala guranlar wagtyny we güýjüni ýanýoldaşynyň aladasyny etmek we onuň göwnünden turmak üçin sarp etmeli bolýarlar. Emma maşgala gurmadyklarda şeýle borçlar bolmaýar, şol sebäpli olar Hudaýa gulluk etmek üçin özüni bütinleý bagyş edip bilýärler. Olar muňa Hudaýyň «sylagy» hökmünde garaýarlar (1 Kor. 7:7, 32—38).

Şeýlelikde, Mukaddes Ýazgylarda aýdylmagyna görä, mesihçä maşgala gurman, sallah ýaşamaklyk gudrat bilen berilmeýär. Gaýtam, olar ünsüni Patyşalygyň işlerine gönükdirmek üçin özlerinde bu duýgyny ösdürýärler. Şol sebäpli-de, şu günler köpler maşgala gurmazlygy ýüregine düwdüler. Başgalar bolsa olaryň gelen kararyny goldamaga jan etmeli.

APREL 8—14

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 1 KORINFLILER 10—13

«Ýehowa beren sözüne wepalydyr»

w17.02 sah. 29, 30

Okyjylaryň sowallary

Pawlus resul: «Ol (Ýehowa) siziň güýjüňizden artyk synalmagyňyza ýol bermez» diýip ýazdy (1 Kor. 10:13). Bu sözler Ýehowanyň biziň nähili kynçylyklara döz gelip biljekdigimizi öňünden bilip, soňra olara ýol berýändigini görkezýärmi?

▪ Geliň, bir ýagdaýa seredeliň. Ogly janyna kast edende, doganymyz şeýle diýdi: «Ýehowa aýalym ikimiz oglumyzyň ölümine döz geleris diýip pikir etdimikä? Eýsem, Hudaý biziň nämä döz geljekdigimizi öňünden bilip, oňa ýol berdimi?» Bu ýagdaý biziň durmuşymyzda bolýan wakalary Ýehowanyň öňünden bilýändigini görkezýärmi?

Pawlusyň 1 Korinfliler 10:13-däki aýdan sözlerine giňişleýin seretsek, «Ýehowa biziň nähili kynçylyklara döz gelip biljekdigimizi öňünden bilip, soňra olara ýol berýär» diýen düşünjäniň Mukaddes Ýazgylara esaslanmaýandygyna göz ýetireris. Geliň, munuň dört sebäbine seredeliň.

Birinjiden, Ýehowa adamlary erkin edip ýaratdy. Ol biziň özümiziň karara gelmegimizi isleýär (Kan. tag. 30:19, 20; Ýeş. 24:15). Eger biz durmuşda dogry ýoly saýlasak, onda görkezme üçin Ýehowa ýüzlenip bileris (Sül. tym. 16:9). Emma nädogry ýoly saýlasak, onuň ajy miwesini dadarys (Gal. 6:7). Eger Ýehowa biziň duş geljek kynçylyklarymyzy öňünden saýlaýan bolsa, ol erkin edip ýaradylandygymyzy göz öňünde tutdugy bolarmy?

Ikinjiden, Ýehowa bizi «wagt we hadysadan» goramaýar (Wag. 9:11). Eger biz oňaýsyz wagty oňaýsyz ýerde bolsak, betbagtçylyga ýa-da pajygaly ýagdaýa uçramagymyz mümkin. 18 adamyň üstüne bina ýykylyp ölende, Isa «Hudaýyň islegi şeýledir» diýmedi (Luka 13:1—5). Eger Hudaý kimiň ýaşap, kimiň ölmelidigini öňünden kesgitleýän bolsa, pajygaly wakalar tötänden bolýandyr diýmek dogry bolarmy?

Üçünjiden, jedelli mesele biziň her birimize degişli. Ýadyňyzda bolsa, Şeýtan Ýehowanyň gullukçylarynyň kynçylyklarda wepaly galyp biljekdiklerini şübhä goýdy. Şeýdip, ol biziň aýypsyzlygymyzy synaýar (Eýp. 1:9—11; 2:4; Ylh. 12:10). Eger Ýehowa biziň döz gelip bilmejek kynçylyklarymyza ýol bermese, onda biz öz peýdamyz üçin Hudaýa gulluk edip, Şeýtanyň aýyplamasyny goldadygymyz bolmazmy?

Dördünjiden, biziň duş gelip biljek her bir ýagdaýymyzy Ýehowa öňünden görmeýär. Eger Hudaý biziň döz gelip biljek kynçylyklarymyzy öňünden saýlaýan bolsa, diýmek, ol gelejegimiz barada hemme zady bilýär. Emma bu düşünje Mukaddes Ýazgylara esaslanmaýar. Elbetde, Hudaý gelejegi öňünden görüp bilýär (Iş. 46:10). Ýöne Ýazgylara görä, ol bu ukybyny hemişe ulanmaýar (Gel. çyk. 18:20, 21; 22:12). Görşümiz ýaly, Ýehowa öňdengörüjilik ukybyny ulananda, biziň erkin ýaradylandygymyzy göz öňünde tutýar. Eýsem, bu Hudaýyň erkinligimizi gymmat saýýandygyny we ukyplaryny paýhasly ulanýandygyny görkezmeýärmi näme? (Kan. tag. 32:4; 2 Kor. 3:17).

Onda Pawlus: «Ol (Hudaý) siziň güýjüňizden artyk synalmagyňyza ýol bermez» diýende, nämäni göz öňünde tutdy? Ol bu sözleri ýazanda, Ýehowanyň synaglary öňünden saýlaýandygyny däl-de, olara uçranymyzda kömek etjekdigini göz öňünde tutdy. Diýmek, biz durmuşda dürli kynçylyklara uçrarys, ýöne Ýehowa bil baglasak, ol bizi goldar (Zeb. 55:22). Pawlus teselli beriji sözlerini iki wajyp hakykata esaslanyp aýdypdy.

Birinjiden, biz «adamlaryň başyna düşýän» kynçylyklara uçraýarys. Biziň duş gelýän kynçylyklarymyz hemme adamlara tanyş. Eger Ýehowa bil baglasak, olar çekip-çydardan agyr bolmaz (1 Pet. 5:8, 9). Pawlus resul 1 Korinfliler 10:13-nji aýadyň kontekstinde ysraýyllylaryň çölde uçran kynçylyklaryny agzaýar (1 Kor. 10:6—11). Şeýle kynçylyklara hemme adamlaram duş gelýär, ýagny olar wepaly ysraýyllylar üçin çekip-çydardan agyr däldi. Pawlus «olaryň käbiriniň» gulak asmandygyny dört gezek belläp geçdi. Gynansak-da, ysraýyllylaryň käbiri Hudaýa bil baglamandyklary üçin erbet höwesleriniň täsirine düşdi.

Ikinjiden, «Hudaý... wepalydyr». Ýehowa «Özüni söýen we buýruklaryny ýerine ýetiren» ysraýyllylara wepaly söýgüsini bildirdi (Kan. tag. 7:9). Hudaý olara beren sözünde-de durdy (Ýeş. 23:14). Ýehowany söýýän we tabşyryklaryna gulak asýan adamlar kynçylyklara uçranda, geçmişde ýaşan wepaly gullukçylar barada okap, şu iki wadany ýatda saklap bilerler: 1. Ýehowa duş gelen kynçylyklarymyzyň çekip-çydardan agyr bolmagyna ýol bermez; 2. Ol «çykalga-da açar».

Ýehowa Özüne bil baglaýan gullukçylaryna kynçylyklarda nädip çykalga açýar? Onuň kynçylygy düýbünden aýyrmaga-da güýji ýetýär. Emma ýadyňyzda bolsa, Pawlus: «(Ýehowa)... döz gelip bilmegiňiz üçin çykalga-da açar» diýipdi. Ol köplenç şeýle-de edýär. Geliň, Ýehowanyň muny nädip edýändigine seredeliň.

▪ Ol «her hili kynçylyklarda teselli berýär» (2 Kor. 1:3, 4). Ýehowa öz Sözi, mukaddes ruhy, paýhasly hyzmatkäriň berýän ruhy iýmiti arkaly kalbymyza, pikirimize we ýüregimize rahatlyk berýär (Mat. 24:45; Ýah. 14:16; Rim. 15:4).

▪ Ol mukaddes ruhy arkaly görkezme berýär (Ýah. 14:26). Kynçylyklarda mukaddes ruh bize Ýazgylardan gerekli wakalary, prinsipleri ýadymyza salyp, paýhasly hereket etmäge kömek edýär.

▪ Ol bize kömek etmek üçin perişdelerini ulanýar (Ýew. 1:14).

▪ Ol bizi imandaşlarymyzyň sözi we edýän işleri bilen «berkidýär» (Kol. 4:11, çykgyt).

Onda Pawlusyň 1 Korinfliler 10:13-däki aýdan sözleri nämäni aňladýar? Ýehowa kynçylyklary öňünden kesgitlemeýär. Ýöne olara duş gelsek, biz şuňa ynamly bolup bileris: eger Ýehowa doly bil baglasak, ol kynçylygyň çekip-çydardan agyr bolmagyna ýol bermez; oňa döz gelmek üçin hemişe çykalga-da açar. Nähili teselli beriji sözler!

Ruhy dürdäneleri agtaryň

w04 1/4 sah. 29

Okyjylaryň sowallary

Näme üçin 1 Korinfliler 10:8-de ahlaksyzlyk sebäpli bir günde 23 müň, Sanlar 25:9-da bolsa 24 müň ysraýylly heläk boldy diýilýär?

Şu iki aýatdaky sanlaryň tapawutlanmagynyň birnäçe sebäbi bolup biler. Muny şeýle ýönekeý düşündirip bolýar: takyk san 23 müň bilen 24 müňüň aralygy bolmaly we ony tegelemek üçin köpeldip ýa-da kemeldip bolýar.

Geliň, başga bir sebäbine seredeliň. Pawlus resul ahlaksyzlygyň giňden ýaýran şäheri bolan Korinfdäki mesihçilere duýdurmak üçin, Şitimde ysraýyllylar bilen bolan wakany ýatladýar. Ol şeýle ýazýar: «Olaryň käbiri ýaly ahlaksyzlyk hem etmäliň, sebäbi ahlaksyzlyk edip, bir günde 23 müň adam heläk boldy». Pawlus ahlaksyzlyk sebäpli Ýehowanyň jeza beren adamlarynyň sany 23 müň diýýär (1 Korinfliler 10:8).

Sanlar 25-nji bapda bolsa, «ysraýyllar Bagalpegor butuna özlerini bagyş etdiler. Ysraýyllaryň garşysyna Rebbiň gahary geldi» diýilýär. Soňra Ýehowa Musa pygambere «halkyň ähli ýolbaşçylaryny» jezalandyrmagy buýurýar. Musa hem muny serdarlara tabşyrýar. Pinehas düşelgä midýanly aýaly getiren adamy öldürende, «gyrgynçylyk togtadylýar». Bu wakanyň soňy şeýle sözler bilen gutarýar: «Gyrgynçylykdan eýýäm ýigrimi dört müň ysraýylly ölüpdi» (Sanlar 25:1—9).

Sanlar kitabynda agzalýan 24 müňe, serdarlaryň jezalandyran «halkyň ähli ýolbaşçylary», şeýle-de Ýehowanyň jeza beren adamlary degişli bolmaly. Serdarlaryň elinden müň ýolbaşçy öldürilýär we heläk bolanlaryň jemi sany 24 müň bolýar. Şol ýolbaşçylar ahlaksyzlyk etdiler, özge milletleriň baýramçylyklaryna gatnaşdylar ýa-da başgalaryň şeýle işleri etmegine ýol berdiler. Nähili bolaýanda-da, olar «Bagalpegor butuna özlerini bagyş edip», günä gazandylar.

Bir kitapda düşündirilişine görä, «bagyş etmek» diýen söz «kimdir birine baglanmagy» aňladýar. Ysraýyllylar Ýehowa bagyş edilen halk hasaplanýardy. Ýöne olar «Bagalpegor butuna özlerini bagyş edende» Hudaý bilen ýakyn gatnaşyklaryny bozdular. Takmynan 700 ýyldan soň Ýehowa Hoşeýa pygamber arkaly ysraýyllylar barada şeýle diýdi: «Olar Bagalpegor dagyndaky butuna sežde edenlerinde, özlerini ryswaçylyga urdular. Göwün beren zatlary ýaly ýigrenji boldular» (Hoşeýa 9:10). Şeýle işleri edenler Hudaýyň agyr hökümine sezewar boldular. Musa pygamber ysraýyllylara şeýle diýdi: «Rebbiň Bagalpegorda näme edenini, ýagny Hudaýyňyz Rebbiň Bagalpegor butunyň yzyna eýerenleriň ählisini araňyzdan nähili ýok edenini öz gözüňiz bilen gördüňiz» (Kanun taglymaty 4:3).

w15 15/2 sah. 30

Okyjylaryň sowallary

Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirýän uýa suwa çümdürilmedik doganyň ýanynda ýaglyk daňmalymy?

▪ 2002-nji ýylyň 15-nji iýulynda çykan «Garawul diňi» žurnalynyň «Okyjylaryň sowallary» atly makalasynda uýanyň suwa çümdürilmedik ýa-da çümdürilen doganyň ýanynda Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirýän mahaly ýaglyk daňmalydygy barada aýdylypdy. Bu soraga giňişleýin seredilip, üýtgeşiklik girizilmelidigi anyklanyldy.

Eger uýa suwa çümdürilen doganyň ýanynda Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirýän bolsa, onda hökman ýaglyk daňmaly ýa-da ol okuwy geçirmegi dogandan haýyş edip biler. Uýa erkek kişä tabşyrylan ýumşy berjaý edýär. Şol sebäpli öýde suwa çümdürilen dogan bolan ýagdaýynda-da, uýa ýaglyk daňmaly. Şeýdip, ol Ýehowanyň ýolbaşçylyk baradaky görkezmesine hormat goýýandygyny görkezýär (1 Kor. 11:5, 6, 10).

Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirýän uýa suwa çümdürilmedik we ýanýoldaşy bolmadyk doganyň ýanynda ýaglyk daňmasa-da bolýar. Eger şeýle ýagdaýda uýalaryň ynsaby ezýet berýän bolsa, ýaglyk daňyp bilerler.

km 3/15 sah. 1

Siz Ýatlama agşamyna taýýarlyk görýäňizmi?

B. e. 33-nji ýylynyň nisan aýynyň 13-üne Isa ölmezinden öň ýakyn dostlary bilen soňky sapar ýygnanyşýandygyny bilýärdi. Isa resullary bilen soňky Pesah baýramyny bellemelidi we Ýatlama agşamyny girizmelidi. Bu wajyp duşuşyga taýýarlyk görmek gerekdi. Şonuň üçin Isa gerekli zatlary taýýarlamak üçin Petrus bilen Ýahýany iberdi (Luka 22:7—13). Şondan bäri mesihçiler her ýyl taýýarlyk görüp, Ýatlama agşamyna gatnaşýarlar (Luka 22:19). Biz Ýatlama agşamyna nädip taýýarlyk görmeli?

Ýaşulular nädip taýýarlyk görmeli?

• Olar Ýatlama agşamyny geçirmek üçin jaý tapyp, ony taýýarlamaly. Mysal üçin, jaýyň ýagty we arassa bolmagynyň hem dymyk bolmazlygynyň aladasyny etmeli.

• Nutuk bilen gowy çykyş edýän we nyşanlary geçirende doga etjek doganlary saýlamaly.

• Bir toparda köp adam bolmaz ýaly aladasyny etmeli. Ähli dogan-uýalary howpsuzlyk barada duýdurmaly.

• Duşuşygy gurnajak we hyzmat etjek doganlary saýlamaly.

• Ýerlikli nyşanlary, gowy tarelkalary, bulgurlary, amatly stoly we ak matany (skatert) taýýarlamaly.

Dogan-uýalar nädip taýýarlyk görmeli?

• Olar Ýatlama agşamy döwri geçirilýän kampaniýa yhlasly gatnaşmak üçin gün tertibinde özgerişler etmeli.

• Dogan-garyndaşlaryň, Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçýän we beýleki adamlaryň sanawyny düzüp, olary çagyryň. Ýöne täze adamy çagyrmazdan öň, howpsuzlyk üçin topardaky jogapkär dogan bilen maslahatlaşyň.

• Mukaddes Ýazgylardan Ýatlama agşamy barada okap, oýlanyň.

• Ýatlama agşamyna gelýänleri garşy almak üçin taýýarlyk görüň.

APREL 22—28

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 1 KORINFLILER 14—16

«Hudaý hemmeleriň başy bolar»

w98 1/7 sah. 21, abz. 10

«Ölüm hem ýok ediler»

10 «Soňunda», ýagny Mesihiň Müňýyllyk Patyşalygynyň soňunda, Isa pesgöwünlilik we tabynlyk bilen Patyşalygy Atasyna tabşyrar (Ylham 20:4). Hudaýyň niýeti «gökdäki we ýerdäki zatlaryň ählisini Mesihde birleşdirende» ýerine ýeter (Efesliler 1:9, 10). Ýöne, ilki bilen, Isa Ýehowanyň häkimiýetine garşy çykýan «ähli hökümetleri, ygtyýarlyklary we güýçleri ýok eder». Muňa diňe Armageddonda ýok ediljek zatlar degişli däl (Ylham 16:16; 19:11—21). Pawlus resul şeýle diýýär: «Hudaý onuň duşmanlaryny aýagynyň astyna salýança, ol patyşa bolup höküm sürmelidir. Soňra soňky duşman ölüm hem ýok ediler» (1 Korinfliler 15:25, 26). Dogrudan-da, Adam atadan miras galan günäniň we ölümiň ähli zyýany ýok ediler. Şeýdip, Hudaý «gabyrdaky» adamlaryň ählisini direlder (Ýahýa 5:28).

kr sah. 237, abz. 21

Patyşalyk ýer ýüzünde Hudaýyň islegini amala aşyrýar

21 Adamlaryň köpüsi keselçilik sebäpli aradan çykýar. Onda günäniň netijesi ölüme näme bolar? Bu biziň «soňky duşmanymyz»; bikämil adamlaryň ählisi iru-giç şol duşmanyň öňünde ejizleýär (1 Kor. 15:26). Emma ölüm Ýehowa üçin hem şeýle gorkunç duşmanmy? Işaýa pygamber: «Ölümi ebedilik ýuwdar Ol; gözýaşlary süpürer Hökmürowan Reb» diýdi (Iş. 25:8). Siz şol döwri göz öňüne getirip bilermisiňiz? Şonda hiç hili ýas tutulmaz, hatda gonamçylyk hem bolmaz! Ýehowa ölüleri direltmek baradaky tolgundyryjy wadasyny ýerine ýetirende, adamlaryň gaýgy-hasraty şatlyga öwrülip, olar begenjinden ýaňa aglarlar! (Işaýa 26:19-y okaň). Ahyrsoňy, ölümiň salan sansyz-sajaksyz ýaralary biter.

w12 15/9 sah. 12, abz. 17

Müňýyllyk we ebedi parahatlyk!

17 Müňýyllygyň ahyrynda «Hudaý hemmeleriň başy bolar». Gör, nähili ajaýyp sözler! Bu nämäni aňladýar? Oýlanyp gör, Erem bagynda kämil Adam ata bilen How ene Hudaýyň parahat we agzybir maşgalasynyň agzasydy. Älemiň Hökümdary Ýehowanyň özi gökdäki perişdeleriň we ýerdäki adamlaryň üstünden höküm sürýärdi. Olar Hudaý bilen gürleşip, sežde edip we patasyny alyp bilýärdiler. Ol «hemmeleriň başydy».

Ruhy dürdäneleri agtaryň

w12 1/9 sah. 9, çarçuwa

Pawlus resul aýallara geplemegi gadagan etdimi?

Pawlus resul «aýallar ýygnaklarda geplemän otursynlar» diýip ýazdy (1 Korinfliler 14:34). Ol nämäni göz öňünde tutduka? Pawlus olary aň-düşünjesiz hasapladymy? Ýok. Aslynda, Pawlus köplenç aýallaryň öwretmek ukyplary hakda aýdýardy (2 Timoteos 1:5; Titus 2:3—5). Ol Korinfdäki mesihçilere ýazan hatynda diňe aýallar «geplemän otursyn» diýmedi. Ýygnakda bir mesihçi geplände, dürli dillerde geplemek we pygamberlik etmek sylagy bolan adamlar hem geplemeli däldi (1 Korinfliler 14:26—30, 33). Käbir aýallara iman eden zatlary şeýle bir täsir edipdir welin, ýaşaýan ýerindäki adamlar ýaly nutukçynyň sözüni bölüp, sorag baryny beren bolmaly. Pawlus ýygnakda tertip-düzgün bolar ýaly, aýallara «öýlerinde ýanýoldaşyndan soramagy» maslahat berýär (1 Korinfliler 14:35).

it «Çüýremezlik»

Çüýremezlik

Mirasdüşerler Isanyň direlişi ýaly direlende, ruhy şahsyýetler hökmünde ýöne bir ebedi ýaşamak üçin däl-de, ölümsiz ýaşaýşa we çüýremez bedene eýe bolmak üçin direlýärler. Olar Hudaýa wepaly gulluk edip, Pawlusyň 1 Korinfliler 15:42—54-nji aýatlarda aýdyşy ýaly, çüýreýän ynsan bedeninde ölýärler we çüýremeýän ruhy bedende direlýärler. Şeýlelikde, ölümsiz ýaşaýşyň soňy bolmaýar we ony ýok hem edip bolmaýar; çüýremez beden bolsa, Hudaýyň olara berjek bedeniniň bozulmaýandygyny, dargamaýandygyny we zaýalanmaýandygyny aňladýar. Diýmek, Hudaý olara beýleki ähli ýaradan zatlaryndan tapawutlylykda, hiç hili güýje bagly bolman ýaşar ýaly güýç berýär. Bu Hudaýyň olara ynamlydygyny aýdyň subut edýär. Olaryň ýaşaýşy hiç kime bagly bolmasa-da, ony ýok hem edip bolmasa-da, olar Hudaýa tabyn bolýarlar; olar başy Isa Mesih ýaly, Atasynyň islegine we görkezmesine hemişe tabyn bolýarlar (1Kr 15:23—28).

APREL 29—MAÝ 5

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 2 KORINFLILER 1—3

«Ýehowa „bütin teselliler Hudaýydyr“»

w17.07 sah. 13, abz. 4

«Aglaýanlar bilen aglaň»

4 Ybraýym, Yshak, Ýakup, Musa we Dawut patyşa ýaly Hudaýa wepaly gullukçylar dünýäden ötende, biziň rehimdar Atamyz ölüm hasratyny dadyp gördi (San. 12:6—8; Mat. 22:31, 32; Res. iş. 13:22). Mukaddes Ýazgylarda Ýehowanyň olaryň direljek wagtyna sabyrsyzlyk bilen garaşýandygy aýdylýar (Eýp. 14:14, 15). Şonda onuň gullukçylary bagtly we tut ýaly sagdyn bolarlar. Hudaýyň söýgüli we «her gün Onuň begenji» bolan Oglunyň ölümi hakda-da oýlanyp görüň (Sül. tym. 8:22, 30). Ýehowanyň şonda çeken hasratyny söz bilen beýan edip bolmasa gerek (Ýah. 5:20; 10:17).

w17.07 sah. 15, abz. 14

«Aglaýanlar bilen aglaň»

14 Käte hasrat çekýän adama nädip teselli berjekdigiňi bilmeýärsiň. Mukaddes Ýazgylarda: «Akyldaryň dili... şypa berýändir» diýilýär (Sül. tym. 12:18). Köpler hasrat çekýän adamlara «Dogan-garyndaşyňyz ölende» atly broşýuranyň kömegi bilen teselli berip bildiler. Ýöne köplenç «aglaýanlar bilen aglamak» has köp peýda getirýär (Rim. 12:15). Ýanýoldaşyny ýitiren Gabi uýamyz şeýle diýýär: «Dogrudanam, aglaýanlar bilen aglasaň, olaryň derdi ýeňleýär. Joralarym meniň bilen bile aglanda, teselli tapýardym. Şeýle ýagdaýda men ýekesiremeýärdim».

Ruhy dürdäneleri agtaryň

w16.04 sah. 32

Okyjylaryň sowallary

Hudaý mesh edilen mesihçileriň her birine nähili «girew» berdi we «möhür» basdy? (2 Kor. 1:21, 22).

▪ Girew. Bir sözlüge görä, girew sözi «karzyna alnan zadyň deregine berilýän haryt, pul we şuňa meňzeş zatlary» aňladýar. 2 Korinfliler 1:22-de agzalýan grek dilinden terjime edilen «girew» sözi «ýuridiki we söwda-satyk işleri» bilen bagly ulanylyp, öňünden berilýän tölegi aňladýar. Bu adamyň goýan girewiniň ýerine berilmeli zady almaga hukugynyň bardygyny we baglaşylan şertnamanyň güýje girendigini görkezýär. 2 Korinfliler 5:1—5-nji aýatlarda mesh edilen mesihçileriň çüýremeýän bedeni, ýagny gökde ýaşamak sylagyny aljakdygy aýdylýar. Şol sebäpli bu söz mesh edilen mesihçilere degişli ulanylanda, olar üçin doly tölegiň tölenendigini we olara sylag hökmünde ölümsiz ýaşaýşyň beriljekdigini görkezýär (1 Kor. 15:48—54).

Şu günler grek dilinde bu sözüň nika ýüzügi bilen bagly manydaş sözi ulanylýar. Bu göçme manyda Mesihiň aýaly boljak adamlary gowy suratlandyrýar (2 Kor. 11:2; Ylh. 21:2, 9).

▪ Möhür. Gadymy döwürde bir zadyň eýesini, ygtybarlydygyny görkezmek we baglaşylan şertnamany tassyklamak üçin möhür basylýardy. Mesh edilen mesihçilere «möhür» ýa-da tagma basyldy diýlende, olaryň mukaddes ruh arkaly bellenip, Hudaýa degişlidigini görkezýär (Efes. 1:13, 14). Emma bu olara gutarnykly möhür basylandygyny aňlatmaýar. Eger olar Hudaýa wepaly galsa, onda ömrüniň ahyrynda ýa-da agyr muşakgatyň öň ýanynda gutarnykly möhür basylar (Efes. 4:30; Ylh. 7:2—4).

w10 1/8 sah. 23

Şuny bilýäňizmi?

Pawlus resul «dabaraly ýöriş» diýende nämäni göz öňünde tutdy?

▪ Pawlus şeýle ýazýar: «Bizi Mesih bilen dabaraly ýörişde alyp barýan Hudaýa minnetdardyrys. Bu ýöriş ýeňşi belleýän adamlaryň ýörişi ýalydyr. Hudaý hakdaky bilim ýakymly ys kimindir, ol ähli ýerlere biz arkaly ýaýraýandyr! Sebäbi biz we Mesih hakdaky habar Hudaý üçin ýakymly ys ýalydyr. Bu ys halas boljaklara-da, heläk boljaklara-da baryp ýetýändir. Ol ýakymly ys heläk boljaklary ölüme eltse, halas boljaklary ýaşaýşa elter» (2 Korinfliler 2:14—16).

Pawlus bu aýatlarda Rim imperiýasynyň duşmanlarynyň üstünden ýeňiş gazanan goşunbaşynyň şanyna geçirilýän dabaraly ýörişleri gurnamak däbine salgylanýar. Şeýle dabaralarda hemmäniň gözüniň öňünde alnan oljany görkezýärdiler, ýesirleri we gurbanlyk edilýän öküzleri alyp barýardylar, ýeňiş gazanan goşunbaşyny we goşunyny joşgunly garşy alýardylar. Ýörişiň soňunda öküzler gurban edilýärdi, ýesirlere bolsa jeza berilýärdi.

Bir ensiklopediýa görä, ölüme we ýaşaýşa eltýän «ýakymly ys» diýen metafora «rimlileriň ýörişde buhur ýakmak däbinden gelip çykan bolmaly. Buhuryň ysy ýeňiş gazananlara üstünligini, ýesirlere bolsa jeza beriljekdigini ýatladýar» («The International Standard Bible Encyclopedia»).

w17.07 sah. 15, çarçuwa

Teselli beriji sözler

Aşakda dogan-uýalaryň hasrat çekýän dostlaryna aýdan käbir sözleri getirilýär.

▪ «Dogrusy, näme diýjegimizem bilmeýäris, ýöne seni gaty gowy görýäris. Biz seniň nähili duýgulary başdan geçirýändigiňi doly bilmesek-de, olary Ýehowa bilýär, ol seni berkider. Biz seniň üçin doga ederis, ol azajygam bolsa derdiňi ýeňleder».

▪ «Goý, Ýehowa şeýle kyn ýagdaýda saňa goldaw bersin».

▪ «Hudaý seniň ýakynyňy unutmaz, ol baradaky her bir jikme-jiklikleri ýadynda saklaýar we gelejekde direlder. Goý, bu saňa teselli bersin».

▪ «Aradan çykan ýakynyň gaýdyp hiç haçan soňky duşman ölümi datmaz. Häzir onuň diňe imanyny ýatlaýarys, Jennetde bolsa özüni-de göreris».

▪ «Ajy aýralygyň derdinden ýaňa häzir söz tapmak kyn, emma gelejekde gökdäki Atamyz ony gaýtaryp berende, şatlykdan ýaňa aýdara söz tapmarys».

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş