-
Isanyň resullaryndan oýa bolmagy öwreneliňGarawul diňi — 2012 | 15 ýanwar
-
-
Isanyň resullaryndan oýa bolmagy öwreneliň
«Meniň bilen bile oýa boluň» (MAT. 26:38).
1—3. Isanyň ýerdäki ömrüniň soňky gijesi resullar näme ýalňyşlyk etdiler we olar mundan nähili sapak edindiler?
ISANYŇ ýerdäki ömrüniň soňky gijesini göz öňüne getiriň. Isa halaýan ýerine, ýagny Iýerusalimiň gündogarynda ýerleşýän Getsemani bagyna barýar. Ol ýany bilen resullaryny hem alýar. Isa käbir wajyp zatlar barada oýlanmalydy, şonuň üçin ýekelikde doga eder ýaly bir çola ýere gidýär (Mat. 26:36; Ýahýa 18:1, 2).
2 Isa Petrus, Ýakup we Ýahýa resullar bilen bagyň içine girýär. Isa olara: «Bu ýerde galyp, Meniň bilen bile oýa boluň» diýip, doga etmäge gidýär. Ol yzyna gelende, onuň dostlary uklap ýatyrdy. Ol ýene-de: «Oýa boluň» diýýär. Şeýle ýagdaý iki sapar gaýtalanýar! Şol gije resullarynyň hiç biri-de oýa bolup bilmedi. Olar hatda Isany taşlap gaçdylar! (Mat. 26:38, 41, 56).
3 Elbetde, resullar oýa bolmandygy üçin ökündiler. Olar öz ýalňyşlyklaryndan derrew sapak edindiler. Resullaryň işlerinde olaryň oýa bolup, gowy görelde galdyrandygy aýdylýar. Olaryň gowy göreldesi imandaşlaryna täsir eden bolmaly. Şu günler oýa bolmak has-da wajyp (Mat. 24:42). Geliň, Resullaryň işleri kitabyna göz aýlap, oýa bolmak babatda üç sapaga seredeliň.
WAGYZ BABATDA GÖRKEZMÄ EÝERIP, OÝA BOLDULAR
4, 5. Mukaddes ruh Pawlusa we ýoldaşlaryna nädip görkezme berdi?
4 Birinjiden, resullar wagyz etmek babatda görkezmä eýerip, oýa boldular. Bir gezek Isa Ýehowanyň mukaddes ruhunyň kömegi bilen Pawlusa
-
-
Dönüklik soňky günleriň alamaty!Garawul diňi — 2012 | 15 aprel
-
-
Dönüklik soňky günleriň alamaty!
«Hudaýyň Rebbi bütin ýüregiň, bütin janyň, bütin düşünjäň bilen söý... goňşyňy özüň ýaly söý» (MAT. 22:37—39).
1—3. a) Soňky günleriň alamaty näme? Ol nämeden görünýär? b) Biz haýsy üç soragyň jogabyny bileris?
DELILÄNIŇ, Abşalomyň we Iuda Iskariotyň näme meňzeşligi bar? Olaryň hemmesi haýynlyk etdiler. Delile Şimşon kaza, Abşalom kakasy Dawut patyşa, Iuda Iskariot bolsa Isa Mesihe haýynlyk etdi. Olaryň eden dönükligi ýakynlarynyň ýüregine ýara saldy we ejir çekdirdi. Biz näme üçin olaryň mysaly barada oýlanmaly?
2 Bir ýazyjynyň aýtmagyna görä, şu günler adamlaryň köpüsi haýynlyk edýärler. Biz muňa geň galmaýarys. Sebäbi Isa «ahyrzamanyň alamaty» barada aýdanda: «Köpler... biri-birlerine haýynlyk eder» diýdi (Mat. 24:3, 10). «Haýynlyk etmek» — birine dönüklik edip, duşmanyň eline bermegi aňladýar. Şol häsiýetiň köpelmegi biziň «soňky günlerde» ýaşaýandygymyzy görkezýär. Pawlus resul hem adamlaryň «dönük» boljagyny öňünden aýdypdy (2 Tim. 3:1, 4). Kitaplarda we filmlerde biwepalylyk köplenç gyzykly zat ýa-da söýgi hökmünde suratlandyrylsa-da, aslynda, ol agyr degýär we ejir çekdirýär. Hawa, bu häsiýet soňky günleriň alamaty!
3 Mukaddes Ýazgylarda haýynlyk eden adamlar barada aýdylýar. Biz olaryň mysalyndan näme öwrenip bileris? Haýsy wepaly adamlaryň göreldesine eýerip bileris? Biz kime wepaly bolmaly? Geliň, şu soraglaryň jogabyny bileliň.
SAPAK EDINMELI MYSALLAR
4. Delile Şimşona nädip ikilik etdi we bu näme üçin ýigrenç döredýär?
4 Birinjiden, Deliläniň Şimşon kazyny aldaýşyna seredeliň. Şimşon Hudaýyň halkyny goramak üçin filistililere garşy söweşýärdi. Delile Şimşony ýürekden söýmeýärdi, filistilileriň bäş patyşasy bolsa Şimşony öldürmek isleýärdi. Olar Şimşonyň güýjüniň syryny bilmek üçin, Delilä köp pul hödürleýärler. Açgöz Delile olara kömek etmäge razy bolýar. Emma ol üç gezek soranda-da, Şimşonyň güýjüniň syryny bilmedi. Şonda Delile «ýalbaryp, sözleri bilen Şimşonyň ýüregine düşdi». Ol ahyry Şimşonyň «janyna degdi». Şimşon Delilä saçynyň hiç haçan kesilmändigini we ony kesseň, güýjüni ýitirjekdigini aýtdya. Delile syry bilip, Şimşony dyzynda ukladýar-da, bir adama saçyny kesdirýär. Soňra ol Şimşony duşmanlaryň eline berdi (Kaz. 16:4, 5, 15—21). Delile açgözlügi sebäpli ýakyn adamyna ikilik etdi. Onuň eden ikiligi diňe ýigrenç döredýär!
5. a) Abşalom Dawuda nädip haýynlyk etdi? b) Abşalomyň biwepalygy Dawuda nähili täsir etdi?
5 Indi haýynlyk eden Abşalomyň mysalyna seredeliň. Onuň at-abraý gazanmaga güýçli höwesi bardy. Abşalom atasy Dawudyň tagtyna geçip, patyşa bolasy gelýärdi. Ol adamlara boş wadalar berip, ýüreklerini awlady. Ol adamlary garşy alanda, gujaklap, ogşaýardy, aladasyny edensirän bolýardy (2 Sam. 15:2—6). Hatda Abşalom Dawudyň ynamdar dosty Ahitofeli haýynlyk etdirip, pitne turuzdy (2 Sam. 15:31). Dawut pygamber Zeburyň 3 we 55-nji mezmurlarynda şol haýynlygyň nähili agyr degendigini ýazýar (Zeb. 3:1—8; Zebur 55:12—14-nji aýatlary okaň). Abşalom Ýehowanyň mesh eden patyşasyna garşy gitdi. Şeýdip, ol Hudaýyň patyşa saýlamaga haklydygyny şübhä goýdy (1 Tar. 28:5). Abşalomyň turzan pitnesi başa barmady, Dawut bolsa Ýehowanyň mesh eden patyşasy bolup höküm sürmegini dowam etdi.
6. Iuda Isa nädip haýynlyk etdi? Şu günler Iudanyň adyny nähili ýagdaýda tutýarlar?
6 Indi bolsa Isa Mesihe haýynlyk eden Iudanyň mysaly hakynda oýlanalyň. Isa soňky Pasha baýramynda 12 resulyna: «Size dogrusyny aýdýaryn, sizden biri Maňa haýynlyk eder» diýdi (Mat. 26:21). Soňra şol gije Isa Getsemani bagynda Petrus, Ýakup we Ýahýa: «Ine, Maňa haýynlyk eden golaýlady» diýdi. Şol pursatda Iuda uly märeke bilen baga gelip Isa: «Salam, mugallym!» diýip, ony mähir bilen öpdi (Mat. 26:46—50; Luka 22:47, 52). Iuda Isany duşmanlaryň eline berende, «ýazyksyz gana haýynlyk etdi». Açgöz Iuda Isany näçe kümüş pula satdyka? Bary-ýogy 30 kümüş pula! (Mat. 27:3—5). Şondan bäri adamlar kimdir birine, esasanam, dostuna haýynlyk edende, oňa Iuda diýýärler.
7. a) Abşalom bilen Iudanyň mysalyndan näme öwrenýäris? b) Deliläniň mysalyndan nähili sapak edinip bileris?
7 Biz ýokardaky mysallardan nähili sapak edinip bileris? Abşalom bilen Iuda öldi, sebäbi olar Ýehowanyň mesh edenlerine haýynlyk etdiler (2 Sam. 18:9, 14—17; Res. iş. 1:18—20). Adamlar Deliläniň adyny eşitse, ýalan söýgi we biwepalyk ýadyna düşýär (Zeb. 119:158). Ýehowa bilen ýakyn gatnaşygymyzy bozýan açgözlük we at-abraýa kowalaşmak ýaly erbet höweslerden gaça durmak, gör nähili wajyp! Şu mysallar barada oýlanyp, haýynlyk etmäge iterýän ähli zatdan uzakda durmak isleýäris.
WEPALY ADAMLARYŇ GÖRELDESINE EÝERIŇ
8, 9. a) Ýonatan näme üçin Dawuda wepaly bolmagy wada berdi? b) Biz nädip Ýonatanyň göreldesine eýerip bileris?
8 Şeýle-de Mukaddes Ýazgylarda wepaly adamlaryň mysaly hem getirilýär. Biz olaryň ikisine we olardan näme öwrenip bolýandygyna serederis. Ilki bilen, Dawuda wepaly bolan adamyň mysalyna seredeliň. Ýonatan Saul patyşanyň uly ogludy. Ol atasyndan soň Ysraýylda indiki patyşa bolmalydy. Emma Ýehowa Dawudy saýlady. Ýonatan Ýehowanyň kararyna hormat goýup, Dawuda göripçilik etmeýärdi. Ýonatan «Dawut bilen jana-jan dost bolup», wepaly boljakdygyny söz berdi. Hatda ol Dawuda eşigini, gylyjyny, ýaýyny we guşagyny berip, ony sylaýandygyny görkezdi (1 Sam. 18:1—4). Ýonatan ähli zatda Dawudy goldaýardy. Hatda bir sapar Dawudy Sauldan gorajak bolup, janyny howp astyna saldy. Ýonatan Dawuda wepalydy, şol sebäpli: «Sen Ysraýylda patyşa bolarsyň, men bolsa senden soň ikinji adam bolaryn» diýdi (1 Sam. 20:30—34; 23:16, 17). Ýonatan ölende bolsa, Dawudyň ýüregi gyýylyp, dostuna bolan söýgüsini wasp edip, aýdym düzdi (2 Sam. 1:17, 26).
9 Ýonatan kime wepaly bolmalydygyny bilýärdi. Ol Älemiň Hökümdary Ýehowa ýürekden tabyn bolýardy we Hudaýyň mesh edeni Dawudy doly goldaýardy. Şoňa meňzeşlikde, bize ýygnakda jogapkärli borçlar berilmese-de, biz aramyzda gözegçi edip bellenen doganlary höwes bilen goldap bileris (1 Sel. 5:12, 13; Ýew. 13:17, 24).
10, 11. a) Petrus Isa näme üçin wepalydy? b) Biz nädip Petrusyň göreldesine eýerip bileris we bu bizi nämä höweslendirýär?
10 Isa Mesihe wepaly bolan Petrus resul hem gowy görelde galdyrdy. Isa gurban berjek bedenine we ganyna iman etmegiň wajypdygyny mysal arkaly düşündirende, şägirtleriniň köpüsi geň galyp, ony terk etdiler (Ýahýa 6:53—60, 66). Isa 12 resulyndan: «Siz hem Meni terk edersiňizmi?» diýip sorady. Şonda Petrus: «Ýa Reb, biz Seni terk edip, kime baraly? Ebedi ýaşaýyş sözleri Sende ahyryn. Biz Seniň Mesihdigiňe, diri Hudaýyň Ogludygyňa iman etdik» diýipdi (Ýahýa 6:67—69). Eýsem, Petrus Isanyň berjek gurbany barada aýdan ähli sözlerine düşünýärdimi? Düşünen däldir. Ýöne Petrus Hudaýyň mesh edilen Ogluna wepaly bolmagy ýüregine düwüpdi.
11 Petrus Isa şol sözleri ýalňyşyp aýdandyr we biraz wagtdan aýdanyna öküner öýtmedi. Gaýtam, ol «ebedi ýaşaýyş sözleriniň» Isadadygyny kiçigöwünli boýun aldy. Şu günler «sadyk hem akylly hyzmatkäriň» edebiýatlarynda düşünmesi kyn ýa-da biziň düşünjämize gabat gelmeýän pikiri okasak, özümizi nähili alyp barýarys? Wagty gelende şol pikiri biziň düşünjämize görä üýtgederler öýdüp garaşmaly däl-de, onuň manysyna düşünjek bolmaly (Luka 12:42-ni okaň).
ÝANÝOLDAŞYŇYZA WEPALY BOLUŇ
12, 13. Näme üçin ýanýoldaşyna ikilik edýärler? Adamyň ýaşy näme üçin bahana bolmaly däl?
12 Dönükligiň ähli görnüşi-de namartlykdyr. Şol häsiýet mesihçi maşgalanyň hem-de ýygnagyň parahatlygyny hem agzybirligini bozmaly däldir. Geliň, indi ýanýoldaşyňa we Hudaýa wepaly bolmagy öwreneliň.
13 Zyna etmek — dönükligiň iň nejis görnüşidir. Zyna edýän adam ýanýoldaşyna ikilik edip, ýüregini başga birine berýär. Bigünä ýanýoldaşynyň durmuşynda bolsa harasat gopýar. Eýsem, bir wagtlar birek-biregi ýürekden söýen adamlara näme bolduka? Köplenç ilki bilen är-aýal biri-birinden sowaşyp başlaýar. Sosiologiýa boýunça professor Gabriýella Turnaturiniň aýtmagyna görä, eger är-aýal söýgüsini berkitmek üçin tagalla etmese, biwepalyk etmegi ahmal. Hatda ençeme ýyllap är-aýal bolup ýaşan adamlar hem ikilik edip biler. Meselem, 50 ýaşly adam 25 ýyl bile ýaşan wepaly aýaly bilen aýrylyşyp, başga bir aýala aşyk bolup öýlenýär. Belki, käbirleri onuň ýaşyndaky adamyň şeýle etmegi adaty zatdyr öýdýändir. Ýöne zyna edip, soňra ýaşyňy bahana edip bolmaz. Ýanýoldaşyňa ikilik etmek nädogry. Muňa dönüklik ýa biwepalyk diýilýärb.
14. a) Ýehowa ýanýoldaşyna biwepalyk edýän adamlara nähili garaýar? b) Isa är-aýal biwepalygy barada näme diýdi?
14 Ýehowa Mukaddes Ýazgylara esaslanmaýan sebäp boýunça aýrylyşýan adamlara nähili garaýar? Hudaýymyz Ýehowa «maşgalanyň bozulmagyny ýigrenýär». Ýanýoldaşyna ýamanlyk edip, aýrylyşýan adamlara käýeýär (Malaki 2:14, 16-njy aýatlary okaň)c. Atasynyň aýdan sözlerine laýyklykda, Isa hem bigünä ýanýoldaşyňy taşlap ýa aýrylyşyp, soňra özüňi hiç zat bolmadyk ýaly alyp barmagyň nädogrudygyny aýtdy (Matta 19:3—6, 9-njy aýatlary okaň).
15. Är-aýal nädip gatnaşygyny has-da berkidip biler?
15 Är-aýal bir-birine wepaly bolmak üçin näme edip biler? Hudaýyň Sözünde: «Ýaşlykda öýleneniňe (öýlenen aýalyňa ýa durmuşa çykan äriňe) guwan» we «Söýgüli aýalyň (äriň) bilen durmuşyňa şatlan» diýilýär (Sül. tym. 5:18; Wag. 9:9). Ýyllar geçdigiçe, är-aýal bir-birine has-da ýakynlaşmaga hem ysnyşmaga çalyşmaly. Olara näme kömek eder? Är-aýal birek-birege mähirli bolup, bir-biriniň aladasyny etmeli hem-de bile wagt geçirmeli. Olar Ýehowa bilen dostlugyny hem-de maşgalasyny berkitmäge tagalla etmeli. Munuň üçin olar bilelikde Mukaddes Ýazgylary okamaly, bile yzygiderli wagyz etmeli hem-de bilelikde Ýehowa doga edip, ak patasyny dilemeli.
ÝEHOWA WEPALY BOLUŇ
16, 17. a) Maşgalada we ýygnakda Ýehowa wepalylygymyz nädip synalyp biler? b) Ýehowanyň tabşyrygyna gulak asyp, gatnaşykdan kesilen dogan-garyndaş bilen gatnaşmasak, nähili bereketler alarys? Mysal getiriň.
16 Agyr günä eden ýygnak agzasyna «imanda sagdyn bolmagy üçin» berk käýinç berilýär (Titus 1:14). Käbirleri bolsa eden işine toba etmäni üçin gatnaşykdan kesildi. Şeýle «terbiýe» netijesinde, olar Ýehowa bilen dostlugyny dikeldip bildiler (Ýew. 12:11). Eger dogan-garyndaşymyz ýa-da ýakyn dostumyz gatnaşykdan kesilse, näme ederis? Diýmek, indi adama däl-de, diňe Ýehowa wepaly bolmagyň wagty. Ýehowa bizi synlap, gatnaşykdan kesilen islendik adam bilen gatnaşma diýen tabşyrygyny berjaý edişimizi görmek isleýär (1 Korintoslylar 5:11—13-nji aýatlary okaň).
17 Maşgala agzalary Ýehowanyň tabşyrygyny wepaly berjaý edip, gatnaşykdan kesilen dogan-garyndaşy bilen gatnaşmasalar, köp bereketler alar. Geliň, bir mysala seredeliň. Bir ýaş ýigit on ýyllap ýygnak gatnaşygyndan kesildi. Şol döwrüň dowamynda kakasy, ejesi we dört dogany onuň bilen gatnaşmady. Käte ol maşgalasy bilen wagt geçirmäge bahana gözlese-de, olaryň hiç biri hatda sözem gatmady. Ony ýygnaga yzyna kabul edenlerinde, ol maşgalasyny elmydama, ylaýta-da, agşamlaryna ýeke mahaly, küýsändigini boýun aldy. Onuň aýtmagyna görä, eger maşgalasy birazajyk gatnaşan bolsa-da, oňa şol ýeterlik bolardy. Ýöne maşgala agzalary onuň bilen hiç hili gatnaşyk saklamady. Şeýlelikde, ýene-de maşgalasy bilen bolmak islegi gitdigiçe güýjäp, bu Ýehowa bilen dostlugyny dikeltmäge iterdi. Ýehowanyň tabşyrygyny bozup, gatnaşykdan kesilen dogan-garyndaşyň bilen gatnaşasyňyz gelse, şol ýaş ýigidiň mysaly hakda oýlanyň.
18. Wepaly we biwepa adamlaryň mysalyna seredip, sen näme etmegi ýüregiňe düwdüň?
18 Häzir biwepalyk hem dönüklik edýän adamlar gitdigiçe köpelýär. Muňa garamazdan, mesihçileriň ýygnagynda wepaly adamlar köp. Biz olaryň göreldesine eýerip bileris. Olaryň durmuşy «Hudaýy Rebbi bütin ýüregi, bütin jany, bütin düşünjesi bilen söýýändigini» hem-de «goňşusyny özi ýaly söýýändigini» görkezýär (Mat. 22:37—39). Geliň, Ýehowa hem-de birek-birege wepaly bolmak üçin güýjümizi gaýgyrmalyň.
a Şimşonyň güýji saçyna däl-de, nezir hökmünde Ýehowa bilen aýratyn dostlugyna baglydy. Saçy bolsa şol dostlugyň alamatydy.
b Bu barada köpräk bilmek üçin «Garawul diňiniň» 15-nji iýun 2010-njy ýylda çykan sanyndaky «Ýanýoldaşyň biwepalygyna döz gelmek» (sah. 29—32) diýen makala serediň.
c Malaki 2:14. «Ýehowa ýaşlygyňy bile geçiren aýalyň bilen seniň araňda şaýatdyr. Ol seniň wada beren aýalyň hem joraň bolsa-da, oňa haýynlyk etdiň... 16. Men maşgalanyň bozulmagyny ýigrenýärin» diýip, Ysraýylyň Hudaýy Ýehowa aýdýar.
[10-njy sahypadaky suratyň aşagyndaky sözler]
Käbirleri Isany terk etseler-de, Petrus Hudaýyň mesh edilen Ogluna wepaly boldy
-
-
Maşgalaňy bagtly etmek üçin güýjüňi gaýgyrmaGarawul diňi — 2012 | 15 maý
-
-
Maşgalaňy bagtly etmek üçin güýjüňi gaýgyrma
«Öýlenenlere bolsa men däl-de, Reb... buýruk beripdir» (1 KOR. 7:10).
1. Mesihçiler nika nähili garaýar we näme üçin?
MAŞGALA gurýan mesihçiler Hudaýyň öňünde wada berýär. Bu uly jogapkärçilik (Wag. 5:4—6). Nikany döreden Ýehowa är-aýaly «goşýar», ýagny birleşdirýär (Mar. 10:9). Käte döwlet kanuny Hudaýyň kanunyna gabat gelmeýär. Muňa garamazdan, mesihçiler nika wadasyna Ýehowanyň garaýşy ýaly garamaly. Olar maşgala guran wagty hakykatda bolmadyk bolsa-da, Hudaýyň öňünde beren nika wadasyny berjaý etmäge borçludyr.
2. Şu makalada haýsy soraglara serederis?
2 Agzybir maşgala adamy çäksiz bagtly edip bilýär. Ýöne maşgalada özümizi bagtsyz duýsak, näme edip bileris? Şeýle maşgala bagtly bolup bilermi? Arasyna tow düşen är-aýal kömek sorap, kime ýüz tutup biler?
BAGTLY BOLARSYŇMY ÝA-DA ÝOK?
3, 4. Eger mesihçi ýanýoldaşyny paýhasly saýlamasa, näme bolar?
3 Eger mesihçiniň maşgalasy bagtly bolsa, onda köp şatlyk berýär we Ýehowany şöhratlandyrýar. Ýöne maşgalasy bozulsa, köp ejir çekdirýär. Durmuş gurmadyk mesihçiler Hudaýyň maslahatyna eýerip, bagtly maşgala gurýarlar. Ýöne mesihçi özüne ýanýoldaş saýlamak meselesinde paýhasly bolmasa, onda lapykeçlige uçrar we gaýgy-gama batar. Meselem, käbir ýaşlar maşgala durmuşyna taýýar bolmasa-da, duşuşyp başlaýarlar. Käbirleri bolsa ýanýoldaşy Internetden gözläp tapýarlar. Olar derrew maşgala gurup, tizden özüni bagtsyz duýýarlar. Başgalar bolsa tanyşlyk döwri agyr günä edip, soňra maşgalada birek-birege hormat goýmaýarlar.
4 Käbir mesihçiler «Rebde» maşgala gurmaýarlar, şol sebäpli köplenç aýry dinli maşgalada köp horluk çekýärler (1 Kor. 7:39). Sen hem şeýle ýagdaýa düşen bolsaň, onda Hudaýdan günäňi geçmegini ýalbaryp, kömek sora. Elbetde, ol seniň eden ýalňyşyň sebäpli döreýän kynçylyklary aýyrmaz, ýöne toba edýän gullukçylaryna synaglara döz gelmäge kömek edýär (Zeb. 130:1—4). Mundan beýläk hemişe Ýehowany razy etmegi ýüregiňe düwseň, «Ýehowanyň berýän şatlygy saňa bir gala kimin bolar» (Neh. 8:10).
MAŞGALADA KYNÇYLYK DÖRÄNDE
5. Maşgalasynda özüni bagtsyz duýýan mesihçiler nähili pikirlerden gaça durmaly?
5 Arasyna agzalalyk düşen är-aýallar: «Bagtsyz maşgalany saklamak gerekmikä? Ähli zady täzeden başlap bolsady, men başga biri bilen durmuş gurardym» diýmegi mümkin. Olar ýanýoldaşy bilen aýrylyşjak bolup: «Aýrylyşsam bolmazmy? Ahyry şundan gulagym-a dynar! Mukaddes Ýazgylar esasynda aýrylyşyp bilmesem-de, aýry ýaşasam, arkaýyn-a bolaryn» diýip, arzuw etmegi mümkin. Şeýle pikirlere atlanyp, arzuw kölüne batmagyň deregine, mesihçiler ýagdaýy düzetmek üçin Hudaýyň maslahatyna eýermäge çalyşmaly.
6. Isanyň Matta 19:9-da aýdan sözlerini düşündiriň.
6 Mukaddes Ýazgylara laýyklykda, Hudaý aýrylyşan mesihçä diňe bir ýagdaýda başga biri bilen durmuş gurmaga rugsat berýär, beýleki ýagdaýlarda bolsa rugsat bermeýär. Isa şeýle diýýär: «Kim aýalyny zynadan başga sebäp bilen aýryp, başga aýala öýlense, zyna edýändir» (Mat. 19:9). Şu aýatdaky «zyna» sözi ikilik etmegi we beýleki agyr jynsy günäleri aňladýar. Eger mesihçi Mukaddes Ýazgylara esaslanmaýan sebäp boýunça aýrylyşmak isleýän bolsa, onda Hudaýdan kömek hem maslahat soramaly.
7. Mesihçi maşgala bozulsa, adamlar näme diýer?
7 Eger är-aýal aýrylyşan ýa-da aýry ýaşaýan bolsa, diýmek, olaryň ruhy saglygy gowşak. Bu babatda Pawlus resul oýlandyrýan sowal berýär: «Kim öz öýüni dolandyryp bilmeýän bolsa, onda ol Hudaýyň ýygnagynyň aladasyny nähili eder?» (1 Tim. 3:5). Özüni mesihçi hasaplaýan är-aýalyň maşgalasy bozulsa, adamlar olar wagyz edýän zatlary boýunça ýaşamaýar diýer (Rim. 2:21—24).
8. Mesihçi är-aýal aýrylyşmakçy bolsa, bu nämäni görkezýär?
8 Suwda çokundyrylan är-aýal Mukaddes Ýazgylara esaslanmaýan sebäp boýunça aýrylyşmakçy bolsa, onda olaryň Hudaý bilen dostlugy berk däl. Olaryň biri ýa-da ikisi-de Mukaddes Ýazgylaryň prinsiplerine eýermeýän bolsa gerek. Eger olar Ýehowa bütin ýüregi bilen bil baglan bolsalar, maşgalasyny saklap bilerdiler (Süleýmanyň tymsallary 3:5, 6-njy aýatlary okaň).
9. Maşgalasyny saklamak üçin tagalla eden mesihçi nädip ýalkanýar?
9 Aýrylyşmakçy bolan köp är-aýallar wagtyň geçmegi bilen maşgalasyny bagtly edip bildiler. Kynçylyklara garamazdan, maşgalasyny saklamak üçin göreşýän mesihçiler köplenç ýalkanýar. Meselem, äri iman etmeýän uýalara Petrus resul şeýle diýdi: «Eý hatynlar, siz-de şonuň ýaly öz äriňize tabyn boluň. Şeýdip, eger käbirleri Hudaýyň sözüne boýun bolmaýan bolsa, siziň gorky içindäki päk edim-gylymyňyzy görüp, öz hatynynyň ýaşaýşy arkaly gürrüňsiz Mesihe gazanylsyn» (1 Pet. 3:1, 2). Hakykatdan-da, ýanýoldaşynyň oňat edim-gylymyny görüp, iman etmeýän adam hakykaty kabul etmegi mümkin. Maşgalasyny saklaýan mesihçiler Hudaýy şöhratlandyrýar we bütin maşgalasy ýalkanýar.
10, 11. Maşgalada duýdansyz nähili kynçylyklar döremegi mümkin, emma mesihçi näme ynanyp biler?
10 Köp mesihçiler Ýehowany razy etmek isläp, imandaşlary bilen durmuş gurýarlar. Şonda-da olaryň ýagdaýy duýdansyz üýtgemegi mümkin. Meselem, seýrek ýagdaýlarda ýanýoldaşy agyr psihiki kesele uçrap biler. Ýa-da toýdan soňra är-aýalyň biri wagyz etmegi goýup, yhlassyz wagyzçy bolmagy mümkin. Lindanyň mysalyna seredeliň. Ol yhlasly wagyzçy we işeňňir ene. Lindanyňa gözüniň alynda suwda çokundyrylan äri Mukaddes Ýazgylara garşy gelýän ýola düşüp, toba etmedi we ýygnakdan çykaryldy. Şeýle ýagdaýa düşen mesihçileriň maşgalasy üçin hiç hili çykalga ýok ýaly bolup görünýär. Eýsem olar näme edip biler?
11 Belki, sizde «näme bolaýanda-da, maşgalamy saklamaga çalyşmalymy?» diýen sorag döreýändir. Bu meseläni diňe siziň özüňiz çözmeli. Maşgalada kynçylyk köp bolsa-da, ony saklamak üçin hökman göreşmeli. Terbiýelenen ynsabyna diň salyp, maşgalada döreýän kynçylyklara çydaýan mesihçiler Hudaýyň öňünde sogap gazanýarlar (1 Petrus 2:19, 20-nji aýatlary okaň). Maşgalasyny saklamaga tagalla edýän mesihçä Ýehowa öz Sözi we mukaddes ruhy arkaly kömek edýär.
OLAR KÖMEK ETMÄGE TAÝÝAR
12. Ruhy kömek sorasak, ýaşulular nähili garar?
12 Maşgalaňda kynçylyklar bar bolsa, onda tejribeli mesihçilerden ruhy kömek soramaga çekinme. Ýygnagyň ýaşululary Hudaýyň sürüsine çopan hökmünde goýuldy. Olar höwes bilen Mukaddes Ýazgylara esaslanan maslahatlary berer (Res. iş. 20:28; Ýakup 5:14, 15). Eger ýaşululardan kömek sorap, maşgala kynçylyklaryň barada gürrüň berseň, seniň we ýanýoldaşyň abraýy gaçar öýtme. Siziň Hudaýy razy etmek üçin ýürekden tagalla edýäniňizi görüp, gaýtam, olaryň söýgüsi hem hormaty has-da artar.
13. 1 Korintoslylar 7:10—16-njy aýatlarda nähili maslahat berilýär?
13 Aýry dinli maşgalada ýaşaýan mesihçi ýaşululardan kömek sorasa, olar Pawlusyň beren maslahatyna salgylanyp biler: «Öýlenenlere bolsa men däl-de, Reb: «Aýal ärinden aýrylmasyn» diýip, buýruk beripdir. Eger-de aýrylan bolsa, ärsiz galsyn ýa-da äri bilen ýaraşsyn. Är-de aýalynyň talagyny bermesin... Çünki, eý aýal, sen äriňi halas edip-etmejegiňi nireden bilýärsiň? Eý är, sen aýalyňy halas edip-etmejegiňi nireden bilýärsiň?» (1 Kor. 7:10—16). Iman etmedik ýanýoldaşyň hakykaty kabul etmegi uly bereketdir!
14, 15. Nähili ýagdaýlarda mesihçi aýry ýaşamagy mümkin, ýöne näme üçin ýagdaýy barada Hudaýa doga edip, öz niýetini barlamaly?
14 Nähili ýagdaýlarda mesihçi aýal äri bilen aýry ýaşamagy mümkin? Käbirleri şu sebäplere görä aýry ýaşamak kararyna geldi: äri maşgalany eklemeýär; aýalyny urýar; aýalyna Hudaýa gulluk etmäge päsgel berýär.
15 Şeýle ýagdaýlarda aýry ýaşamalymy ýa-da ýok — her kimiň özi çözýär. Emma suwda çokundyrylan mesihçi ýagdaýy barada Hudaýa doga edip, öz niýetini barlamaly. Meselem, ruhy taýdan gowşamagyna imansyz ýoldaşy günäkärmi? Mesihçiniň özi wagtly-wagtynda Mukaddes Ýazgylary okaýarmy, ýygnaklara yzygiderli barýarmy, wagyz edýärmi?
16. Mesihçini aýrylyşjak bolup howlukmakdan näme saklap biler?
16 Biz Hudaý bilen dostlugyň gadyryny bilsek we beren nikasyna minnetdar bolsak, aýrylyşjak bolup howlukmarys. Hudaýyň gullukçylary Ýehowanyň adyna ysnat getirmek islemeýärler. Şol sebäpli-de, biz başga biri bilen durmuş gurmak niýeti bilen ýanýoldaşymyza biwepalyk edip aýrylyşmarys (Ýerem. 17:9; Mal. 2:13—16).
17. Hudaý nähili ýagdaýlarda mesihçileri parahat ýaşamaga çagyrdy?
17 Ýanýoldaşy iman etmeýän bolsa, mesihçi maşgalasynda agzybirligi saklamak üçin elinde baryny etmeli. Şonda-da iman etmeýän ýanýoldaşy aýrylyşsa, mesihçi özüni günäkär duýmaly däl. Pawlus resul: «Iman etmedik aýrylsa, goý aýrylsyn. Dogan ýa-da aýal dogan beýle ýagdaýlarda bagly däldir; Hudaý bizi parahat ýaşamaga çagyrandyr» diýdi (1 Kor. 7:15)b.
ÝEHOWA UMYT BAGLA
18. Maşgalany saklamak başartmasa-da, tagalla etmegiň näme peýdasy bar?
18 Maşgalada kynçylyklar dörese, Ýehowadan mertligi dile we hemişe oňa umyt bagla (Zebur 27:14-i okaň). Şu makalada agzalan Linda ýadyňyzdadyr. Ol maşgalasyny saklamak üçin ençeme ýyl tagalla etse-de, ahyry aýrylyşdylar. Ol wagtyny biderek ýitirendirin öýdýärmikä? Ol şeýle diýýär: «Ýok, beýle pikir etmeýärin. Meniň eden tagallam köplere gowy güwälik boldy we ynsabym arassa. Onsoňam, şol ýyllar gyzym hakykata has berk ýapyşdy. Ol häzir Ýehowa özüni bagyş eden yhlasly wagyzçy».
19. Maşgalany saklamak üçin güýjümizi gaýgyrmasak, nähili netije berer?
19 Merilin atly uýa Hudaýa bil baglap, maşgalasyny saklamak üçin güýjüni gaýgyrmandygyna begenýär. Ol şeýle gürrüň berýär: «Adamym eklemeýärdi we ruhy taýdan howp salýardy, şonuň üçin aýry ýaşasym gelýärdi. Ýoldaşym howply telekeçilik işi bilen meşgullanyp başlamanka, ýygnakda ýaşuly bolup gulluk edýärdi. Soňra ol ýygnaklary sypdyryp başlady. Biz hatda gürleşmäni hem goýduk. Şäherde bolan terrorçylyk hüjümi meni gaty gorkuzdy welin, özümi adamlardan çetde tutup başladym. Şonda men özümiň hem günäkärdigime düşündim. Biz ýene-de gürleşip başladyk, maşgala okuwyny ýola goýduk we ýygnaklara yzygiderli bardyk. Ýygnak ýaşululary mähir bilen köp kömek etdiler. Maşgala ojagymyz ýene-de dikeldi. Wagtyň geçmegi bilen, ýoldaşyma ýygnakda jogapkärçilikler berildi. Hernä, agyr synagyň soňy gowulyk bilen gutardy».
20, 21. Biz maşgala babatda näme etmegi ýüregimize düwmeli?
20 Biz maşgalaly bolsak-da, bolmasak-da, geliň, hemişe mert bolup, Ýehowa umyt baglalyň. Eger maşgalamyzda kynçylyk bar bolsa, olary çözmek üçin güýjümizi gaýgyrmalyň. Är-aýalyň indi «iki däl, bir tendigini» unutmaň (Mat. 19:6). Kynçylyklara garamazdan, imansyz ýanýoldaşyň bilen maşgalaňy saklamaga jan etseň, ol hem Ýehowa gulluk edip başlamagy mümkin.
21 Seniň ýagdaýyň nähili bolsa-da, adamlara oňat edim-gylymyň bilen wagyz et. Eger aýrylyşmak barada pikir döreýän bolsa, Hudaýa ýürekden doga edeliň, niýetimizi barlalyň, Mukaddes Ýazgylarda berilýän maslahatlar barada oýlanalyň hem-de ýygnak ýaşulularyndan kömek soralyň. Mundan başga-da, ähli zatda Ýehowanyň göwnünden turmagy ýüregimize düweliň we bize beren maşgala ojagyna hormat goýalyň.
a Atlar üýtgedildi.
[10-njy sahypadaky suratyň aşagyndaky sözler]
Maşgalasyny saklamak üçin göreşýän mesihçiler köplenç ýalkanýar
[12-nji sahypadaky suratyň aşagyndaky sözler]
Ýehowadan mertligi dile we hemişe oňa umyt bagla
[9-njy sahypadaky surat]
Maşgalasyny saklamak üçin güýjüni gaýgyrmaýan mesihçileri Ýehowa ýalkaýar
[11-nji sahypadaky surat]
Ýygnak duşuşyklary göwünlik berýär we ruhlandyrýar
-
-
Ýehowa «syrlary açýan» HudaýGarawul diňi — 2012 | 15 iýun
-
-
Ýehowa «syrlary açýan» Hudaý
«Siziň Hudaýyňyz, dogrudan-da, hudaýlaryň Hudaýy, patyşalaryň Hökümdary we syrlary açýar» (DAN. 2:47).
1, 2. Ýehowa bize nämäni açýar we näme üçin?
HUDAÝYŇ PATYŞALYGY ynsan hökümetlerini ýok etjek mahaly, ýer ýüzünde haýsy hökümet iň güýçlüsi bolar? Biz munuň jogabyny bilýäris, sebäbi «syrlary açýan» Ýehowa Hudaý Daniýel pygambere we Ýahýa resula beren pygamberliklerinde şol hökümetler hakda gürrüň berýär.
2 Ýehowa Daniýele we Ýahýa wagşy haýwan barada birnäçe görnüş berýär. Onsoňam, Hudaý Daniýele äpet heýkel barada düýş berip, manysyny düşündirýär. Ýehowa Daniýele we Ýahýa şol görnüşleri ýazdyrypdyr, sebäbi Mukaddes Ýazgylardan şolar barada bilmegimizi isleýär (Rim. 15:4). Şol pygamberlikleri içgin öwrensek, Hudaýyň Patyşalygynyň ähli ynsan hökümetlerini ýok etjekdigine ynamymyz berkär (Dan. 2:44).
3. Mukaddes Ýazgylarda ýazylan pygamberliklere düşünmek üçin, ilki bilen, nämä düşünmeli? Näme üçin?
3 Daniýeliň we Ýahýanyň pygamberliklerinde sekiz patyşa, ýagny ynsan hökümdarlygy we olaryň nähili yzygiderlikde peýda boljagy barada aýdylýar. Ýöne şol pygamberliklere düşünmek üçin, ilki bilen Mukaddes Ýazgylarda ýazylan birinji pygamberlige düşünmeli. Näme üçin? Sebäbi tutuş Mukaddes Ýazgylar we ähli pygamberlikler şol ilkinji pygamberlik bilen baglanyşyklydyr.
ÝYLANYŇ «TOHUMY» WE WAGŞY HAÝWAN
4. Kimler aýalyň nesli we şol nesil näme eder?
4 Erem bagynda bolan pitneden soňra, Ýehowa «aýalyň» «tohumy», ýagny nesli hakda pygamberlik aýtdya (Gelip çykyş 3:15-i okaň)b. Ahyry şol nesil ýylanyň, ýagny Şeýtanyň kellesini owradar. Wagtyň geçmegi bilen, Ýehowa şol nesliň Ybraýymyň neberelerinden, Ysraýyl halkynyň ýehudy taýpasynda we Dawut patyşanyň maşgalasynda dünýä injegini aýtdy (Gel. çyk. 22:15—18; 49:10; Zeb. 89:3, 4; Luka 1:30—33). Şol nesil Isa Mesihdir (Gal. 3:16). Mesh edilen mesihçileriň ýygnagy hem aýalyň neslidir (Gal. 3:26—29). Hudaýyň Patyşalygy hem Isa Mesihden we mesh edilen mesihçilerden ybarat. Hudaý şol Patyşalygyň kömegi bilen Şeýtany ýok eder (Luka 12:32; Rim. 16:20).
5, 6. a) Daniýeliň we Ýahýanyň görnüşlerinde näçe sany hökümet agzalýar? b) Ylham kitabyndaky janawaryň başlary näme aňladýar?
5 Erem bagynda aýdylan ilkinji pygamberlikde Şeýtanyň «tohumy» barada-da aýdylýar. Şeýtanyň tohumy aýalyň tohumyny ýigrenýär. Ýylanyň tohumy kim? Şeýtan ýaly Hudaýy ýigrenýän we Hudaýyň halkyna garşylyk görkezýän ähli adamlar. Asyrlaryň dowamynda Şeýtan we nesli diňe dini we harby guramalary döretmek bilen çäklenmän, eýsem, dürli hökümetleri, ýagny patyşalyklary hem döretdi (Luka 4:5, 6). Şol hökümetleriň diňe käbiri Hudaýyň halkyna, ýagny Ysraýyl halkyna ýa-da mesh edilen mesihçileriň ýygnagyna gös-göni azar berdi. Şol sebäpli-de Daniýele we Ýahýa berlen pygamberliklerde diňe sekiz patyşalyk hakynda aýdylýar. Ýöne taryhda başga-da ençeme güýçli patyşalyklar bolupdyr.
6 B. e. I asyrynyň soňunda direlen Isa Ýahýa resula birnäçe täsin görnüşler görkezýär (Ylh. 1:1). Şolaryň birinde Ýahýa uly deňziň kenarynda duran aždarha meňzedilýän Iblisi görýär (Ylham 13:1, 2-nji aýatlary okaň). Ýahýa görnen täsin wagşy haýwan şol deňizden çykyp, Iblisden uly ygtyýar alýar. Biraz soňra Ýahýa ýedi başly gyzyl janawary görýär. Ol Ylham 13:1-däki wagşy haýwanyň buty. Perişde Ýahýa şol gyzyl janawaryň ýedi başy ýedi patyşalar, ýagny hökümetlerdigini düşündirýär (Ylh. 13:14, 15; 17:3, 9, 10). Ýahýa Ylham kitabyny ýazýarka, şol patyşalaryň bäşisi indi höküm sürmeýärdi, biri höküm sürýärdi, «biri entek gelenokdy». Olar haýsy patyşalyklardy? Geliň, Ylham kitabynda agzalýan «janawaryň» her başy, ýagny kellesi barada gürrüň edeliň. Daniýeliň kitabyndan hem şol hökümetler barada, käte olar peýda bolmanka, birnäçe asyr öňünden köp zatlar aýdylypdyr.
BIRINJI WE IKINJI KELLE — MÜSÜR WE ASSIRIÝA
7. Birinji kelle näme aňladýar we näme üçin?
7 Janawaryň birinji kellesi Müsüri aňladýar. Näme üçin? Sebäbi Hudaýyň halkyny ilki ýigrenen dünýä şalygy Müsürdi. Hudaý şol aýalyň tohumynyň Ybraýymyň maşgalasynda dünýä injekdigini aýtdy. Ysraýyllylar bolsa Ybraýymyň neslidi. Olar Müsürde ýaşaýarkalar barha köpeldiler. Müsürliler olara azar berip başladylar. Şeýtan şol «tohumyň» dünýä inmegini islemeýärdi, şonuň üçin Hudaýyň halkyny ýok etmäge çalyşdy. Şeýlelikde ol faraonyň kömegi bilen ysraýyllylarda doglan ähli oglan bäbekleri gyrmaga synanyşdy. Emma Ýehowa muňa ýol bermedi we halkyny Müsürden azatlyga çykardy (Müs. çyk. 1:15—20; 14:13). Wagtyň geçmegi bilen, Ýehowa ysraýyllylary wada edilen diýarda ýerleşdirdi.
8. Ikinji kelle näme aňladýar we ol näme etjek boldy?
8 Janawaryň ikinji kellesi Assiriýany aňladýar. Bu dünýä şalygy hem Hudaýyň halkyny gyrjak boldy. Dogry, Ýehowa Ysraýylyň butlara sežde eden we pitne turzan on taýpasyna temmi bermek üçin Assiriýany ulandy. Emma soňra Assiriýa Iýerusalime hüjüm etdi. Megerem, Şeýtan Iýerusalimde ýaşan patyşa maşgalasyny ýok etmek isländir, sebäbi Isa şol nesilden gelmelidi. Şonuň üçin Ýehowa Iýerusalimiň weýran edilmegini islemeýärdi. Şeýlelikde, Hudaý Assiriýany derbi-dagyn edip, halkyny gudrat bilen halas etdi (2 Pat. 19:32—35; Iş. 10:5, 6, 12—15).
ÜÇÜNJI KELLE — BABYL
9, 10. a) Ýehowa babyllylara näme etmäge ýol berdi? b) Pygamberligiň ýerine ýetmegi üçin näme bolmalydy?
9 Ýahýanyň gören janawarynyň üçünji kellesi Babyly aňladýar. Ýehowa babyllylara Iýerusalimi weýran edip, halkyny ýesirlige äkitmäge ýol berdi. Hudaý pitneçi ysraýyllylara weýrançylygyň boljagyny öňünden duýdurypdy (2 Pat. 20:16—18). Onsoňam, Hudaý indi Iýerusalimde «Ýehowanyň tagtynda» patyşa nesliniň höküm sürmejekdigini aýtdy (1 Tar. 29:23). Emma Ýehowa Dawut patyşanyň neslinden kanuny hukugy bolan birine patyşalyk häkimiýetini berjekdigini wada berdi (Iş. 11:1).
10 Başga bir pygamberlikde bolsa wada edilen Mesih gelende ýehudylaryň Iýerusalimdäki ybadathanada entek sežde etjekdikleri aýdylýar (Dan. 9:24—27). Ysraýyllylar Babyla ýesirlige äkidilmänkä aýdylan bir pygamberlikde Mesihiň Beýtullahamda dünýä injegi agzalýar (Mika 5:2). Şol pygamberlikleriň ýerine ýetmegi üçin ýehudylar ýesirlikden boşap, watanyna dolanmalydy we ybadathanany täzeden gurmalydy. Emma Babyl ýesirleri hiç haçan boşatmaýardy. Eýsem, Hudaýyň halky nädip ýurduna dolanardy? Ýehowa muny pygamberlerine aýan etdi (Amos 3:7).
11. Babyl şalygy nähili suratlandyrylýar? (Çykgyda serediň).
11 Daniýel pygamber Babyla äkidilen ýesirleriň biridi (Dan. 1:1—6). Ýehowa Daniýel pygambere Babyldan soňra yzly-yzyna peýda boljak dünýä şalyklaryny aýan etdi. Ýehowa boljak zatlary dürli nyşanlar arkaly görkezýär. Meselem, ol Babyl patyşasy Nebukadnezara äpet heýkel barada düýş berýär (Dan. 2:1, 19, 31—38). Ýehowa şol heýkeliň altyn kellesiniň Babyl şalygydygyny Daniýele aýan etdic. Heýkeliň kümüş döşi we elleri Babyldan soňra peýda boljak dünýä şalygyny suratlandyrýar. Ol haýsy dünýä şalygy we Hudaýyň halkyna nähili garar?
DÖRDÜNJI KELLE — MIDIÝA-PARS PATYŞALYGY
12, 13. a) Ýehowa Babylyň ýykylyşy barada näme aýan etdi? b) Midiýa-Pars şalygyna näme üçin «janawaryň» dördünji kellesi diýse bolar?
12 Daniýeliň ýaşan döwründen bir asyrdan gowrak ozal, Ýehowa Işaýa pygamber arkaly Babyly basyp aljak dünýä şalygy barada käbir zatlary aýan etdi. Ýehowa Babyl şäheriniň diňe nähili ýykyljagyny däl-de, eýsem, kimiň basyp aljagyny hem aýtdy. Ol pars patyşasy Kir (Kureş) (Iş. 44:28—45:2). Daniýele Midiýa-Pars dünýä şalygy hakda başga-da iki görnüş berildi. Olaryň birinde şol şalyk bir ýanynda duran aýa meňzedilýär. Oňa: «Köp et iý» diýilýär (Dan. 7:5). Başga bir görnüşde bolsa, Daniýel iki halkdan ybarat dünýä şalygyny iki şahly goç hökmünde görýär (Dan. 8:3, 20).
13 Ýehowa Midiýa-Pars şalygynyň kömegi bilen Babyly ýykdy we ysraýyllylara watanyna dolanmaga mümkinçilik berdi. Şeýdip pygamberlik ýerine ýetdi (2 Tar. 36:22, 23). Soňy bilen, Midiýa-Pars patyşalygy hem Hudaýyň halkyny ýok etjek boldy. Mukaddes Ýazgylaryň Ester kitabynda aýdylmagyna görä, pars patyşasynyň weziri Haman şol patyşalykda ýaşan ähli ýehudylary öldürmek isleýär. Haman bellenen bir güni ähli ýehudylary gyrmagy tabşyrýar. Emma Ýehowa halkyna kömege ýetişip, olary Şeýtanyň «tohumynyň» hüjüminden goraýar (Est. 1:1—3; 3:8, 9; 8:3, 9—14). Diýmek, Midiýa-Pars şalygy Ylham kitabyndaky «janawaryň» dördünji kellesi.
BÄŞINJI KELLE — GRESIÝA
14, 15. Ýehowa gadymy Gresiýa şalygy hakda nämeleri öňünden aýtdy?
14 Ylham kitabynda agzalýan janawaryň bäşinji kellesi Gresiýany aňladýar. Daniýeliň Nebukadnezara ýorup beren düýşünde Gresiýa şalygy heýkeliň mis garny hem budy hökmünde suratlandyrylýar. Ýehowa Daniýele beren beýleki iki görnüşinde Gresiýa şalygy we onuň iň görnükli hökümdary hakda käbir zatlary aýan edýär.
15 Bir görnüşde Daniýel dört ganatly gaplaňy görýär. Gaplaň beýleki halklary derrew basyp aljak Gresiýany aňladýar (Dan. 7:6). Başga bir görnüşde Daniýel ullakan bir şahly tekäni görýär. Teke Midiýa-Pars şalygyny aňladýan iki şahly goçy süsüp öldürýär. Ýehowa Daniýele tekäniň Gresiýany aňladýandygyny we ullakan bir şahynyň bolsa onuň patyşasydygyny aýdýar. Soňra Daniýel uly şahyň döwlüp, ýerine dört sany kiçiräk şahyň çykjagy barada ýazýar. Bu pygamberlik Gresiýa dünýä şalygy bolmazyndan birnäçe asyr öňünden aýdylsa-da, jikme-jik ýerine ýetdi. Isgender Zülkarneýin şol ullakan şah, sebäbi ol gadymy Gresiýanyň iň görnükli hökümdarydy we ol Midiýa-Pars şalygyna garşy söweşdi. Isgenderiň duýdansyz aradan çykmagy bilen, ullakan şah döwüldi. Şonda ol bary-ýogy 32 ýaşyndady we abraýly hökümdardy. Onuň deregine dört goşunbaşysy öz aralarynda patyşalygy paýlaşdylar (Daniýel 8:20—22-nji aýatlary okaň)d.
16. Antioh IV näme etdi?
16 Gresiýa Pars patyşalygyny basyp alyp, Hudaýyň halkynyň üstünden höküm sürüp başlady. Ýehudylar eýýäm watanyna dolanyp, Iýerusalimdäki ybadathanany täzeden gurupdylar. Ysraýyllylar entegem Hudaýyň halkydy we şol ybadathana hakyky seždäniň merkezi hasaplaýardy. B. e. öň II asyrda janawaryň bäşinji kellesi Gresiýa Hudaýyň halkyna hüjüm etdi. Isgenderiň şalygynyň bir bölegini miras alan Antioh IV Iýerusalimdäki ybadathanada butparazlar üçin gurban berilýän ýeri gurup, ýehudy dinini gadagan etdi. Bu kanuny bozana ölüm jezasy berilýärdi. Şeýtanyň «tohumy» ýene-de Hudaýyň halkyna topuldy! Ýöne tizden Gresiýanyň deregine başga bir şalyk gelmelidi. Janawaryň altynjy kellesi kimi aňladýarka?
ALTYNJY KELLE, «ELHENÇ HEM GORKUNÇ» JANAWAR — RIM
17. Gelip çykyş 3:15-de ýazylan pygamberligiň ýerine ýetmegine altynjy kelle nähili täsir etdi?
17 Ýahýa resul görnüş görende Rim dünýä şalygynda höküm sürýärdi (Ylh. 17:10). Altynjy kelle Gelip çykyş 3:15-de ýazylan pygamberligiň ýerine ýetmegine güýçli täsir etdi. Şeýtan Rimiň wekillerini ulanyp, aýalyň «tohumynyň» dabanyndan çakdy. Rimliler Isany döwlete garşy gozgalaň turuzmakda aýyplap, oňa ölüm jezasyny berdiler (Mat. 27:26). Emma dabanyň ýarasy çalt bitdi, sebäbi Ýehowa Isany direltdi.
18. a) Ýehowa nähili täze halky saýlady we näme üçin? b) Ýylanyň tohumy aýalyň tohumyny yzarlamagyny nädip dowam etdi?
18 Ysraýylyň dini ýolbaşçylary Rim hökümdarlary bilen Isa garşy dil düwüşdiler. Ysraýyllylaryň köpüsi-de Isany kabul etmedi. Şol sebäpli Ýehowa tebigy Ysraýyldan ýüz öwrüp, indi olary öz halky hasaplamaýar (Mat. 23:38; Res. iş. 2:22, 23). Ol täze halky, «Hudaýyň Ysraýylyny» saýlady (Gal. 3:26—29; 6:16). Ol halk ýehudy we özge milletli mesh edilen mesihçileriň ýygnagyndan ybarat (Efes. 2:11—18). Isanyň ölüminden we direlişinden soňam, ýylanyň tohumy aýalyň tohumyny yzarlamagyny dowam etdi. Rim şalygy ençeme sapar aýalyň tohumyna degişli bolan mesihçiler ýygnagyny ýok etmäge synanyşdye.
19. a) Daniýel altynjy dünýä şalygyny nähili suratlandyrýar? b) Indiki makalada näme serediler?
19 Daniýeliň Nebukadnezara ýoran düýşündäki heýkeliň demir aýagy Rim şalygyny aňladýar (Dan. 2:33). Şeýle-de Daniýeliň gören görnüşinde diňe Rim şalygy däl-de, Rimden dörejek indiki dünýä şalygy hem suratlandyrylýar (Dan. 7:7, 8). Asyrlaryň dowamynda Rim «gorkunç, elhenç we örän güýçli» hasaplanýardy. Emma pygamberlige laýyklykda, bu şalykdan on şah ösüp çykýar, şahlaryň biri has-da tapawutlanýar. On şah we kiçiräk şah kimi aňladýar? Bu Nebukadnezaryň gören heýkeliniň haýsy bölegini aňladýar? Muňa indiki makalada serederis.
a Bu aýal Ýehowanyň gökdäki gullukçylaryndan ybarat guramasyny aňladýar (Iş. 54:1; Gal. 4:26; Ylh. 12:1, 2).
b Gelip çykyş 3:15 Seniň bilen aýalyň, Seniň tohumyň bilen aýalyň tohumynyň arasyna, Duşmançylyk salaryn Men. Onuň nesli seniň kelläňi owradar, Sen bolsa onuň dabanyndan çakarsyň» diýdi.
c Babyl şalygy Daniýeliň kitabynda heýkeliň kellesi we Ylham kitabynda janawaryň üçünji kellesi hökmünde suratlandyrylýar. 12, 13-nji sahypalardaky çarçuwa serediň.
d Daniýel 8:20 Seniň gören iki şahly goçyň, bu Midiýa hem-de Pars patyşalarydyr. 21 Tüýlek teke bolsa — Gresiýanyň patyşasy, onuň iki gözüniň ortarasyndaky uly şah bolsa — onuň birinji patyşasy; 22 ol döwüldi we onuň ýerine beýleki dördüsi çykdy: ýagny ol halkdan dört patyşalyk aýaga galar, emma güýji onuňkyça bolmaz.
e Rimliler b. e. 70 ýylynda Iýerusalimi weýran etseler-de, munuň bilen Gelip çykyş 3:15 ýerine ýetmeýär. Şol wagt tebigy ysraýyllylar Hudaýyň saýlan halky hasaplanmaýardy.
-
-
Goý, Ýehowa seni azat etsin!Garawul diňi — 2012 | 15 iýul
-
-
Goý, Ýehowa seni azat etsin!
«Kämil kanuna, azatlyk kanunyna ýakyndan seret» (ÝAKUP 1:25).
1, 2. a) Adamlaryň azatlygyna näme boldy we näme üçin? b) Ýehowanyň gullukçylary nähili azatlyga gowuşmaga umyt edýär?
BIZ açgözlügiň, jenaýatçylygyň we zalymlygyň möwç urýan döwründe ýaşaýarys (2 Tim. 3:1—5). Şol sebäpli hökümetler ençeme kanun çykarýar, polisiýa işgärlerini köpeldýär hem-de adamlaryň näme edýändigini bilmek üçin kameralar goýýarlar. Käbir ýurtlaryň raýatlary howpsuz ýaşamak üçin öýlerinde signalizasiýa, birnäçe gulp, hatda öýüniň daşyndan elektrik haýat aýlaýarlar. Köp adamlar gijesine daşary çykmaga gorkýarlar, çagalaryny bolsa daşarda ýeke oýnamaga goýbermeýärler. Bu gitdigiçe adamlaryň azatlygyny çäklendirýändigini we ýagdaýyň erbetleşýändigini görkezýär.
2 Şeýtan Erem bagynda adamlar Ýehowa gulak asmasalar, şonda hakykatdan azat bolar diýipdi. Onuň aýdan sözleri baryp ýatan töhmet! Adam Hudaýyň diýenini däl-de, öz diýenini näçe etdigiçe, şonça-da ejir çekýär. Bu bolsa Ýehowanyň gullukçylaryna täsir edýär. Emma biz tizden adamlaryň günäden, parahorlukdan azat bolup, Mukaddes Ýazgylarda aýdylyşy ýaly «Hudaýyň perzentleriniň şöhratly azatlygyna gowuşjakdygyna» umyt edýäris (Rim. 8:21). Dogrudan-da, Ýehowa gullukçylaryny şol azatlyga häzirden taýýarlaýar. Nädip?
3. Ýehowa gullukçylaryna nähili kanun berdi? Biz haýsy soraglara serederis?
3 Ýehowa gullukçylaryny gelejekdäki azatlyga taýýarlamak üçin, Ýakubyň aýdyşy ýaly «kämil kanuny, azatlyk kanunyny» berdi (Ýakup 1:25-i okaň). Mukaddes Ýazgylaryň bir terjimesinde oňa «bizi azat edýän kanun» diýilýär (The New English Bible). Adamlar kanun diýlende, azatlygy däl-de, çäklendirilmegi göz öňüne getirýär. «Kämil kanuny, azatlyk kanuny» näme? Bu kanun bizi nädip azat edýär?
BIZI AZAT EDÝÄN KANUN
4. «Kämil kanuny, azatlyk kanuny» näme we ol kimlere peýdaly?
4 «Kämil kanuny, azatlyk kanuny» bu Musa pygambere berlen kanun däl. Ýehowa Musanyň kanunyny ysraýyllylara günälerini aýan etmek üçin beripdi we şol kanun Isada berjaý bolupdy (Mat. 5:17; Gal. 3:19). Onda Ýakup haýsy kanun barada aýtdyka? Ol «Mesihiň kanuny», «iman kanuny», «azatlyk kanuny» barada aýdypdy (Gal. 6:2; Rim. 3:27; Ýakup 2:12). «Kämil kanunyna» Ýehowanyň bizden ähli talap edýän zatlary degişli. Ol mesh edilen mesihçilere-de, «başga goýunlara-da» peýda getirýär (Ýahýa 10:16).
5. Azatlyk kanunyny berjaý etmek näme üçin kyn däl?
5 «Kämil kanuny» köp ýurtlaryň kanunyndan tapawutlanýar. Onuň ýönekeý we esasy prinsiplerine düşünmek hem-de berjaý etmek kyn däl (1 Ýahýa 5:3). Isa: «Meniň boýuntyrygym ýumşakdyr, ýüküm ýeňildir» diýdi (Mat. 11:29, 30). Şeýle-de «kämil kanuna» birgiden düzgünler girmeýär. Ol söýgä esaslanyp, daşa däl-de, adamlaryň aňyna we ýüregine ýazylandyr (Ýewreýler 8:6, 10-njy aýatlary okaň).
«KÄMIL KANUNY» BIZI NÄDIP AZAT EDÝÄR?
6, 7. Ýehowanyň talaplary barada näme diýse bolar we näme üçin azatlyk kanuny bizi erkin edýär?
6 Ýehowanyň adamlara goýan çägi olary goraýar we peýda getirýär. Meselem, ýeriň dartyş kanuny barada oýlanyp gör. Adamlar bu kanun bizi çäklendirýär diýip, nägile bolmaýar. Olar bu kanunyň peýdaly bolandygy üçin minnetdar. Şonuň ýaly-da, Mesihiň «kämil kanunynda» Ýehowanyň talap edýän zatlarynyň bize peýdalydygyny bilýäris.
7 «Azatlyk kanuny» bizi goraýar, özümize-de zyýan ýetirmän, başga adamlaryň hem hukugyny we erkinligini äsgermezlik etmän, dogry islegimizi kanagatlandyrmaga mümkinçilik berýär. Biziň islegimiz dogry bolanda, ony arkaýyn ýerine ýetirip bileris. Diýmek, biz Ýehowanyň gowy görýän we bizden talap edýän zatlaryny islemeli. Biz «azatlyk kanuny» arkaly Ýehowanyň gowy görýän zatlaryny gowy görmegi we ýigrenýän zatlaryny ýigrenmegi öwrenýäris (Amos 5:15).
8, 9. «Azatlyk kanunyna» gulak asmagyň näme peýdasy bar? Mysal getiriň.
8 Biz bikämil bolanymyz üçin, erbet islegimize erk etmek kyn bolýar. Emma azatlyk kanunyna doly gulak assak, häzirden azat bolarys. Mysal üçin, Jeý atly gyzyklanýan adam çilim çekýärdi. Ol Mukaddes Ýazgylary öwrenip başlanda, bu endigi Hudaýyň halamaýandygyny bilip, bir karara gelmelidi. Jeý çilim çekmegini dowam edermi ýa-da Ýehowa gulak asar? Oňa çilimi taşlamak kyn bolsa-da, Ýehowa gulluk etmek üçin paýhasly karara geldi. Çilimi taşlansoň, ol özüni nähili duýdy? Ol begenip: «Men indi hakykatdanam azat» diýdi.
9 Zalym dünýäniň erkinligi adamlara islän zadyny etmäge ýol berýär. Emma Jeýiň mysalyndan bilşimiz ýaly, aslynda, adamlar erkin däl-de, günäniň guly bolýar. Hudaýyň azatlyk kanunyny berjaý edýänler Onuň ruhuna eýerip, azat bolýarlar we «ýaşaýyşdyr, parahatlyga» gowuşýarlar (Rim. 8:5, 6). Jeý çilimini nädip taşladyka? Ol bu endigi öz güýji bilen däl-de, Hudaýyň kömegi bilen goýdy. Jeý Mukaddes Ýazgylary yzygider öwrendi, mukaddes ruhy diledi we oňa ýygnakdaky dogan-uýalar kömek etdi. Bu zatlar bize-de hakyky azatlyga gowuşmaga kömek eder. Nädip?
HUDAÝYŇ SÖZÜNE ÝAKYNDAN SERETMEK
10. Hudaýyň kanunyna «ýakyndan seretmeklik» nämäni aňladýar?
10 Ýakup 1:25-de şeýle diýilýär: «Kim kämil kanuna, azatlyk kanunyna ýakyndan seretse, huşsuz diňleýji bolman, işe amal ediji bolup, onda dursa, ol öz edenlerinde bagtly bolar». «Ýakyndan seretmek» diýen jümle tagalla etmegi aňladýar. Biz azatlyk kanunynyň aňymyza, ýüregimize täsir etmegini islesek, Mukaddes Ýazgylary ünsli we yzygiderli okamak hem-de okan zatlarymyzyň üstünde çuňňur oýlanmak üçin tagalla etmeli (1 Tim. 4:15).
11, 12. a) Isa hakykaty durmuşymyzda esasy orunda goýmalydygy barada näme diýdi? b) Uýanyň mysalyndan görnüşi ýaly, ýaşlar nämeden gaça durmaly?
11 Hudaýyň Sözüne eýermek üçin biz hem erjel, hem çydamly bolmaly. Hudaýyň hakykaty durmuşymyzda esasy orun tutmaly. Isa özüne iman eden adamlara şeýle diýdi: «Meniň sözümi tutsaňyz, hakykatdan hem Meniň şägirtlerim bolarsyňyz; Siz hakykaty bilersiňiz, hakykat-da sizi azat eder» (Ýahýa 8:31, 32). Bir sözlükde aýdylyşyna görä, «bilmek» diýen sözüň manysy durmuşymyzda nämäniň wajypdygyna düşünmegi aňladýar. Biz hakykaty durmuşymyzda esasy orunda goýsak, ony doly bilýäris diýip bolar. Şonda «Hudaýyň sözi» bize täsir eder. Bu bize gökdäki Atamyza has gowy eýermek üçin, häsiýetimizi üýtgetmäge kömek eder (1 Sel. 2:13).
12 Özüňize şeýle soraglar beriň: «Men, dogrudanam, hakykaty bilýärinmi? Men ony durmuşymda esasy orunda goýýarynmy? Ýa-da zalym dünýäniň käbir erkinligini henizem isleýärinmi? Mesihçi maşgalada ulalan bir uýa özi barada gürrüň berýär. Ol ýaşka Ýehowa ynanýardy, emma aslynda ony tanamaýardy. Uýa şeýle ýazýar: «Men hiç haçan Ýehowanyň ýigrenýän zadyny ýigrenmegi öwrenmedim. Edýän işlerimiň Hudaýa täsir edýändigine ynanmaýardym. Men hiç zat bilmän, öz düşünjäme daýanýardym, indi bolsa muňuň akylsyzlykdygyna düşündim». Bagtymyza, uýa gaty nädogry pikirde bolandygyna düşündi we wajyp özgerişler etdi. Hatda ol pioner bolup gulluk edip başlady.
MUKADDES RUH SIZI AZAT EDÝÄR
13. Hudaýyň mukaddes ruhy bizi nädip azat edýär?
13 2 Korintoslylar 3:17-de: «Rebbiň Ruhy nirede bolsa, azatlyk hem şol ýerdedir» diýilýär. Mukaddes ruh bizi nädip azat edýär? Ol bize «söýgi, şatlyk, parahatlyk, sabyr, mähribanlyk, ýagşylyk, sadyklyk, ýumşaklyk we nebsiňe buýurmaklyk» ýaly häsiýetleri ösdürmäge kömek edýär (Gal. 5:22, 23). Adamlar şol häsiýetleri, esasanam, söýgini ösdürmese, hakykatdanam azat bolup bilmeýär. Muny dünýäniň ýagdaýyndan görse bolýar. Pawlus resul ruhuň miwesini agzap geçensoň, «bu zatlara garşy çykýan kanun ýokdur» diýdi. Bu nämäni aňladýar? Hiç hili kanun Hudaýyň ruhunyň miwesini çäklendirmeýär we olary ösdürmäge päsgel hem berip bilmeýär (Gal. 5:18). Ýehowa bu häsiýetleri has gowy we ebedi ösdürmegimizi isleýär.
14. Dünýäniň ruhy adamlary nädip gul edýär?
14 Dünýäniň ruhuna eýerip, ten höweslerini kanagatlandyrýan adamlar özlerini azatdyryn öýdýärler (2 Petrus 2:18, 19-njy aýatlary okaň). Emma olar guldygyny bilmeýärler. Hökümetler olaryň höweslerine we edýän işlerine gözegçilik etmek üçin ençeme kanun çykarýar. Pawlus resul kanun «dogry adam üçin däl-de, kanunsyzlar we agyzzyryksyzlar» üçin diýdi (1 Tim. 1:9, 10). Onsoňam, olar günäli, zalym höwesleriniň guly, çünki «ten höweslerine» eýerýärler (Efes. 2:1—3). Mör-möjekleriň iýmek üçin bally gaba girip, çykyp bilmeýşi ýaly, erbet höweslerine eýerýän adamlar hem günäniň guly bolýar (Ýakup 1:14, 15).
MESIHÇILER ÝYGNAGYNDAKY AZATLYK
15, 16. Biz mesihçi bolanymyzdan bäri nähili bereketler alýarys? Ýygnakda biz nähili azatlygy duýýarys?
15 Mesihçiler ýygnagy bu gürrüňdeş bolup, wagtyňy geçirmek üçin barylýan klub däl. Siz ýygnaga Ýehowanyň sizi özüne çekendigi üçin barýarsyňyz (Ýahýa 6:44). Ol näme üçin sizi saýlady? Ol siziň Hudaýdan gorkýan dogry adamdygyňyzy gördümikä? Belki, siz: «Bu beýle däl!» diýýänsiňiz. Onda Hudaý sizi özüne näme üçin çekdikä? Ol siziň kanunyna gulak asmak we görkezmesine eýermek isleýändigiňizi gördi. Mesihçi bolanyňyzdan bäri Ýehowa size Sözi arkaly öwredip, siziň aladaňyzy edýär. Ol sizi ýalandan we ýalan diniň yrymlaryndan azat edip, Isanyň göreldesine eýermegi öwredýär (Efesliler 4:22—24-nji aýatlary okaň). Indi biziň üçin hakykatdan azat bolan adamlaryň arasynda bolmak uly hormatdyr (Ýakup 2:12).
16 Ine, şu zat barada oýlanyň: Siz Ýehowany ýürekden söýýän adamlar bilen bile bolanyňyzda gorkýarsyňyzmy? Patyşalyk zalynda dogan-uýalar bilen gürleşeniňizde, kimdir-biri zadymy ogurlar diýip biynjalyk bolýarsyňyzmy? Elbetde, ýok! Siz özüňizi howpsuz we arkaýyn duýýarsyňyz. Siz özüňizi başga adamlar bilen hem şeýle duýýarsyňyzmy? Duýýan dälsiňiz! Emma häzir gelejekde aljak azatlygy Ýehowanyň halkynyň arasynda birazajyk dadýansyňyz.
«HUDAÝYŇ PERZENTLERINIŇ ŞÖHRATLY AZATLYGY»
17. «Hudaýyň ogullarynyň aýan bolmagy» nädip adamlara azat bolmaga kömek eder?
17 Pawlus resul Ýehowanyň ýer ýüzünde adamlara berjek azatlygy barada ýazdy. Ol şeýle diýdi: «Ýaradylyş Hudaýyň ogullarynyň aýan bolmagyna küýseg bilen garaşýar... ýaradylyşyň özi hem çüýreme gullugyndan azat edilip, Hudaýyň perzentleriniň şöhratly azatlygyna gowşar» (Rim. 8:19—21). «Ýaradylyş» mesh edilen «Hudaýyň ogullarynyň aýan bolmagyndan» bereket aljak ýer ýüzünde ebedi ýaşamaga umyt edýän adamlary aňladýar. «Hudaýyň ogullary» direlip göge galanda, ýagny aýan bolup başlanda, Isa Mesihe ýer ýüzündäki erbet adamlary ýok etmäge we «uly märekä» täze dünýä geçmäge kömek eder (Ylh. 7:9, 14).
18. Hudaýa gulak asýan adamlar kem-kemden we iň soňy nähili azatlyga gowşar?
18 Adamlar örän täsin azatlyga gowşup, Şeýtanyň we jynlaryň täsirinden azat bolar (Ylh. 20:1—3). Gör, nähili ýeňillik bolar! 144 müň patyşalar we ruhanylar adamlar günäden we bikämillikden doly azat bolýança, töleg gurbanyny olaryň bähbidi üçin ulanar (Ylh. 5:9, 10). Hudaýa gulak asýan adamlaryň imany synalansoň, Ýehowa olara başdaky berjek kämil azatlygy berer, ýagny olar «Hudaýyň perzentleriniň şöhratly azatlygyna gowşar». Muny göz öňüne getiriň! Size Hudaýyň öňünde dogry işleri etmek kyn bolmaz. Bedeniňiz, ýüregiňiz we pikiriňiz kämil bolar hem-de Hudaýyň häsiýetlerine doly eýerip bilersiňiz.
19. «Hudaýyň perzentleriniň şöhratly azatlygyna gowuşmak» üçin näme etmeli?
19 Siz «Hudaýyň perzentleriniň şöhratly azatlygyna gowuşmak» isleýärsiňizmi? Eger isleýän bolsaňyz, goý, siziň pikiriňize we ýüregiňize «kämil kanuny, azatlyk kanuny» täsir etsin. Mukaddes Ýazgylary ünsli we yzygiderli okaň. Hakykat durmuşyňyzda esasy orun tutsun. Mukaddes ruhy diläň. Ýygnaklardan we Ýehowanyň berýän ruhy iýmitinden doly peýdalanyň. Şeýtanyň How enäni aldaýşy ýaly, Hudaýyň talaplaryny berjaý etmek örän kyn diýip, oňa özüňizi aldatmaň. Iblis örän mekir bolsa-da, bizden üstün çykmaz, çünki biz «onuň ýaman niýetlerinden habarsyz däldiris». Bu barada indiki makaladan bileris (2 Kor. 2:11).
[9-njy sahypadaky suratlar]
Men zalym dünýäniň käbir erkinligini henizem isleýärinmi?
[9-njy sahypadaky suratlar]
Men hakykaty durmuşymda esasy orunda goýýarynmy?
-
-
Müňýyllyk we ebedi parahatlyk!Garawul diňi — 2012 | 15 sentýabr
-
-
Müňýyllyk we ebedi parahatlyk!
a Işaýa 11:6 Möjek bilen guzy bir ýerde ýaşar, bir ýerde ýatar gaplaň we owlak, göle, arslan we bir ýaşar mal biledir, olary bir ýaş bala bakar. 7 Sygyr aýy bilen bile otlar, balalary-da bile ýatar olaryň, arslan öküz dek saman iýer. 8 Emýän çaga gara ýylanyň hininiň agzynda oýnar, süýtden aýrylan çaga elini kepjebaşyň hinine sokar. 9 Mukaddes dagymda zelel ýetirilmez, hiç kim heläk edilmez, bütin ýer ýüzi deňziň suwdan doluşy deý, Rebbi bilmekden dolar. 65:25 Böri (möjek) bilen guzy bile otlar, öküz deý saman iýer şir, ýylan gum iýer. Meniň tutuş mukaddes dagymda hiç kime zelel ýetirmezler olar, hiç kimi heläk etmezler» diýýär Reb.
«Hudaý hem ähli zatda höküm sürer» (1 KOR. 15:28).
1. «Uly märekä» nähili gelejek garaşýar?
EGER adalatly hem rehimdar hökümdar müň ýyl höküm sürse, halkyna, gör, näçe ýagşylyklar eder! Tizden häzirki zalym dünýäniň soňy geler. Ýöne «uly märeke» agyr muşakgatdan sag-aman geçip, täze dünýäde köp ýagşylyklary görer (Ylh. 7:9, 14).
2. 6 000 ýylyň dowamynda adamlar nämelere duçar boldy?
2 6 000 ýylyň dowamynda adamlar özbaşdak höküm sürmäge çalyşdylar. Şol sebäpli-de köp görgi gördüler we kynçylyklar çekdiler. Hawa, bir wagtlar Mukaddes Ýazgylarda aýdylyşy ýaly, «bir adamyň beýlekiniň üstünden agalyk etmegi onuň zyýanynadyr» (Wag. 8:9). Dünýäniň häzirki ýagdaýy hem muny subut edýär. Uruşlardan we dawa-jenjellerden başga-da, garyplyk, keselçilik köpelýär: tebigat hapalanýar we howa üýtgeýär. Döwlet işgärleriniň aýtmagyna görä, ýagdaý düýpli üýtgedilmese, adamzat uly heläkçilige uçrar.
3. Müňýyllyk hökümdarlykda nämeler bolar?
3 Patyşa Isa Mesih we 144 müňler höküm sürende Hudaýyň patyşalygy adamzada we ýer ýüzüne ýetirilen ähli zyýany kem-kemden aýrar. Şol Müňýyllyk hökümdarlykda Ýehowa Hudaýyň: «Ine, Men täze gök, täze dünýä ýaratmakçy, öňki zatlar ýatlanmaz, ýada düşmez» diýen wadasy ýerine ýetip, göwünlik berer (Iş. 65:17). Gelejekde nähili tolgundyryjy wakalar bolarka? Geliň, Mukaddes Ýazgylardaky pygamberliklere seredip, «görünmeýän», ýagny tizden ýerine ýetjek wakalar hakda bileliň (2 Kor. 4:18).
«OLAR JAÝLAR SALARLAR WE ÜZÜM AGAÇLARYNY EKERLER»
4. Şu günler köp adamlar nirelerde ýaşaýarlar?
4 Her kes özüne jaý edinip, maşgalasy bilen arkaýyn ýaşamak isleýär. Emma häzirki dünýäde köp adamlaryň ýaşamaga jaýy ýok. Käbirleri bolsa gür ilatly şäherlerde ýaşamaly bolýarlar. Köplenç birnäçe maşgala bir jaýda gysylyp ýaşaýarlar. Olar özbaşdak jaý edinmegi arzuw edýärler.
5, 6. a) Işaýa 65:21 we Mika 4:4 nädip ýerine ýeter? b) Şol bereketleri nädip alyp bileris?
5 Hudaýyň patyşalygy astynda her kesiň öz jaýy bolar, sebäbi Işaýa pygamber arkaly berlen sözler ýerine ýeter: «Olar jaýlar salyp, onda ýaşarlar, üzüm agaçlaryny ekip, miwesini iýerler» (Iş. 65:21). Ýöne olaryň diňe bir jaýy bolmaz. Şu günler käbir adamlaryň öz jaýy bar, hatda köşk ýaly kaşaň jaýlarda ýaşaýanlar hem bar. Emma olar ykdysady kynçylyklar sebäpli jaýyna gözegçilik edip bilmerin öýdüp, alada edýärler. Ýa-da talaňçylaryň we beýleki jenaýatçylaryň oljasy bolmakdan gorkýarlar. Ýöne täze dünýäde hiç kim beýle zatlary alada etmez. Mika pygamber şeýle sözleri ýazdy: «Her kes öz üzüm, injir baglarynyň saýasynda oturar, olary hiç kim gorkuzmaz» (Mika 4:4).
6 Eýsem, biz hem Hudaýyň patyşalygy astynda ýaşamak isleýän bolsak, näme etmeli? Elbetde, her kese ýaşamaga jaý gerek. Emma arzuw edýän öýümizi häzir edinjek bolup, bergä batmagyň deregine, Ýehowanyň berýän wadalaryna bil baglasak, has-da paýhasly bolmazmy? Isanyň aýdan sözleri ýadyňyzdadyr: «Tilkileriň süreni, guşlaryň höwürtgesi bardyr, ýöne Ynsan Oglunyň başyny goýara-da ýeri ýokdur» (Luka 9:58). Isanyň iň gowy jaýy almaga ýa gurmaga mümkinçiligi-de, güýji-de bardy. Ol muny näme üçin edinmedi? Isa Patyşalygy öňürti agtarmaga päsgel berýän ähli zatdan gaça durmak isleýärdi. Bizem Isanyň göreldesine eýerip we gözümizi sada saklap, durmuşda maddy zatlary çendenaşa alada etmän bilerismi? (Mat. 6:33, 34).
«BÖRI BILEN GUZY BILE OTLAR»
7. Ýehowa adamlara haýwanlar babatda näme tabşyryk berdi?
7 Ýehowa ýer ýüzünde tebigaty we haýwanlary, soňunda bolsa adamy ýaratdy. Ol ussat kömekçisi Isa Mesihe adamlary näme üçin ýaradandygyny şeýle düşündirýär: «Indi biz Öz keşbimizde, Özümize meňzeş ynsany ýaradalyň. Goý, olar balyklaryň, guşlaryň, mallaryň, bütin ýer ýüzündäki haýwanlaryň we ähli süýrenijileriň üstünden höküm sürsünler!» (Gelip çykyş 1:26). Şeýlelikde, Adam ata bilen How enä we wagtyň geçmegi bilen ähli adamlara haýwanlaryň üstünden agalyk etmek tabşyryldy.
8. Haýwanlarda nähili gylyk-häsiýetler bolup bilýär?
8 Eýsem, adamlar ähli haýwanlaryň üstünden agalyk edip, olar bilen parahatlykda ýaşap bilermikä? Köp adamlar öý haýwanlaryny, meselem, itini, pişigini söýýärler. Wagşy haýwanlar babatda näme diýse bolar? Bilşimiz ýaly, haýwanlara howp abansa, olar gorkýarlar we gaharlanýarlar. Emma wagşy haýwanlaryň golaýynda ýaşap, olary öwrenen alymlaryň aýtmagyna görä, ýabany haýwanlaryň hem şadyýanlyk, mähribanlyk we rehimdarlyk ýaly duýgulary bar. Olar çaga ýetişdirýän haýwanlaryň özüni has-da mähirli alyp barýandygyna üns beripdirler.
9. Gelejekde haýwanlar nähili üýtgär?
9 Diýmek, biz Mukaddes Ýazgylarda adamlaryň we haýwanlaryň arasynda boljak parahatlyk barada okap, haýran galmaly däl (Işaýa 11:6—9; 65:25-nji aýatlary okaň)a. Näme üçin? Ýadyňda bolsa, Tupandan soňra Nuh maşgalasy bilen gämiden çykan badyna Ýehowa olara: «Ähli haýwanlar... sizden juda gorkuda ýaşarlar» diýipdi. Şol sebäpli haýwanlar adamlardan gaçyp, özüni goraýarlar (Gel. çyk. 9:2, 3). Ýöne adamlaryň we haýwanlaryň arasynda ilkibaşdaky parahatlygy dikeltmek üçin Ýehowa şol «gorkuny» aýryp biler (Hoş. 2:18). Şonda ýer ýüzünde ýaşajak adamlar hezil etseler gerek!
«OLARYŇ GÖZLERINDEN ÄHLI ÝAŞLARYNY SÜPÜRER»
10. Adamlar näme üçin aglaýar?
10 Süleýman patyşa «Günüň astynda edilýän bar zulumlary görüp» gynanýar we ol: «Ezilýänleriň gözýaşlaryny gördüm, olara teselli berýän ýokdy» diýdi (Wag. 4:1). Şu günlerem adamlaryň ýagdaýy şeýle, hatda has agyr diýseňem bolar. Eýsem, gözýaş dökmedik barmyka? Dogry, käte begenjimizden ýaňa aglaýarys. Ýöne köplenç derdimizi ýürege sygdyryp bilmän gözýaş dökýäris.
11. Mukaddes Ýazgylarda ýazylan haýsy wakalar saňa has-da täsir edýär?
11 Mukaddes Ýazgylarda-da gözýaş döken adamlar barada aýdylýar. Olaryň käbiri barada oýlanyp görüň. 127 ýaşly Sara aradan çykanda, «Ybraýym Sara üçin matam tutup, ýas baglamaga geldi» (Gel. çyk. 23:1, 2). Nagomy dul galan iki gelni bilen hoşlaşanda, «olaryň ikisi-de ses edip aglaşdylar». Nagomy gelinleri bilen biraz gürleşenden soňra, «olar ýene-de ses edip aglaşdylar» (Rut 1:9, 14). Hizkiýa patyşa syrkawlap, ölüm ýassygynda ýatyrka, Hudaýa doga edýär we «zar-zar aglaýar» (2 Pat. 20:1—5). Isany inkär eden Petrus barada okap, her kes tolgunsa gerek. Petrus horaz gygyranyny eşidende, «daşaryk çykyp, möňňürip aglady» (Mat. 26:75).
12. Hudaýyň Patyşalygy adamzada nädip hakyky göwünligi bererkä?
12 Durmuşda bolýan her hili pajygaly wakalar sebäpli, her bir adama göwünlik hem teselli gerek. Mesihiň Müňýyllyk hökümdarlygynda Hudaý adamlaryň «gözlerinden ähli ýaşlaryny süpürer. Indi ne ölüm, ne ýas, ne agy, ne-de agyry bolar» (Ylh. 21:4). Ýasyň, agynyň we agyrynyň bolmajagy göwnüňi göterýär. Hudaýyň ölümi hem aýyrmak barada wadasy has-da begendirýär. Hudaý ölümi nädip aýrarka?
«GABYRDAKYLARYŇ HEMMESI... DIRELER»
13. Adam ata günä edenden bäri, ölüm adamlara nähili täsir edýär?
13 Adam ata günä edenden bäri, ölüm adamzadyň üstünden höküm sürüp gelýär. Ölüm atly duşmany hiç kim ýeňip bilmedi, ondan hiç kim gaçyp gutulyp bilmedi, ol adamzada köp gaýgy-hasrat getirdi (Rim. 5:12, 14). «Ölüm gorkusy» sebäpli, millionlarça adamlar «ömürboýy... gul boldular» (Ýew. 2:15).
14. Ölüm ýogaldylsa, näme bolar?
14 Mukaddes Ýazgylarda «soňky duşman» ölümiň «ýogaldyljak» döwri hakynda aýdylýar (1 Kor. 15:26). Bu adamlaryň iki toparyna peýda getirer. Häzir ýaşap ýören «uly märeke» täze dünýä sag-aman geçip, ýer ýüzünde ebedi ýaşar. Ölümiň pidasy bolan milliardlarça adamlar bolsa direler. Uly märeke direlen adamlary gujak açyp garşylanda, gör, nähili şatlyk-şagalaň bolsa gerek! Eger direlen adamlar barada Mukaddes Ýazgylardan okasak, onda gelejekde nähili şatlygyň boljagyny göz öňüne getirip bileris (Markus 5:38—42; Luka 7:11—17-nji aýatlary okaň).
15. Ýakynlaryňdan biri direlse, özüňi nähili duýarsyň?
15 «Ol ýerdäkileriň ählisi gaty geň galdylar» we «Hudaýy şöhratlandyrdylar» diýen sözleriň üstünde oýlanyp görüň. Sizem şol adamlaryň direlişini gözüňiz bilen gören bolsaňyz, onda şeýle ederdiňiz. Elbetde, ýakynlarymyzdan biri direlse, bizem köp begeneris, tolgunarys. Isa: «Gabyrdakylaryň hemmesiniň Onuň sesini eşitjek wagtlary geler» diýdi (Ýahýa 5:28, 29). Entek hiç birimiz beýle zady gören däldiris. Dogurdan-da, direliş «görünmeýän» zatlaryň, ýagny indi ýerine ýetmeli wakalaryň iň tolgundyryjysy bolsa gerek!
HUDAÝ «ÄHLI ZATDA HÖKÜM SÜRER»
16. a) Gelejekde aljak bereketlerimiz barada näme üçin höwes bilen gürrüň bermeli? b) Pawlus korintosly mesihçileri höweslendirmek üçin näme diýdi?
16 Şeýlelikde häzirki kyn pursatlarda Ýehowa wepaly galan adamlara ajaýyp gelejek garaşýar! Şol bereketleri edil häzir almasak-da, olar barada hemişe oýlanalyň, şonda ünsümizi wajyp zatlara jemläris hem-de häzirki dünýäniň höweslerine kowalaşmarys (Luka 21:34; 1 Tim. 6:17—19). Maşgala okuwynda, imandaşlar bilen gürrüňdeşlikde, Mukaddes Ýazgylary öwrenýänler we gyzyklanýanlar bilen söhbetdeşlikde ajaýyp umydymyz hem gelejegimiz hakda höwes bilen gürrüň edeliň. Şonda umydymyz has-da berkär. Pawlus resul hem mesihçileri ruhlandyrmak üçin şeýle edipdir. Pawlus olara Mesihiň Müňýyllyk hökümdarlygynyň soňuna çenli boljak wakalary göz öňüne getirmäge kömek edipdir. Sen hem Pawlusyň sözlerini okap, manysyna düşünjek bolup gör (1 Korintoslylar 15:24, 25, 28-nji aýatlary okaň).
17, 18. a) Ýehowa adamzat taryhynyň başynda nähili manyda «ähli zatda höküm sürýärdi»? b) Isa parahatlygy hem agzybirligi dikeltmek üçin näme eder?
17 Müňýyllygyň ahyrynda Hudaý «ähli zatda höküm sürer». Gör, nähili ajaýyp sözler! Bu nämäni aňladýar? Oýlanyp gör, Erem bagynda kämil Adam ata bilen How ene Hudaýyň parahat we agzybir maşgalasynyň agzasydy. Älemiň Hökümdary Ýehowanyň özi gökdäki perişdeleriň we ýerdäki adamlaryň üstünden gös-göni höküm sürýärdi. Olar Hudaý bilen gös-göni gürleşip, sežde edip we patasyny alyp bilýärdiler. Hawa, Hudaý «ähli zatda höküm sürýärdi».
18 Adamzat maşgalasy Şeýtanyň gepine gidip, Ýehowanyň hökümdarlygyna garşy çykanda, şol parahatlyk bozuldy. Ýöne 1914-nji ýyldan bäri, Mesihi Patyşalyk öňki parahatlygy hem agzybirligi kem-kemden dikeldip başlady (Efes. 1:9, 10). Müňýyllyk hökümdarlykda «görünmeýän» ajaýyp zatlar ýerine ýeter. Soňra «ahyrzamana bolar», ýagny Mesihiň Müňýyllyk hökümdarlygynyň soňy geler. Soňra näme bolarka? Ýerde-gökde ähli ygtyýar Isa berilse-de, ol şöhratparaz däl. Ol Ýehowanyň ornuna dalaş etmeýär. Kiçigöwünli Isa «Patyşalygy Ata Hudaýa tabşyrar». Hawa, ol hemişe-de ornuny hem häkimiýetini «Ata Hudaýyň şöhraty üçin» ulanýar (Mat. 28:18; Flp. 2:9—11).
19, 20. a) Patyşalygyň ýerdäki ýaşaýjylary Ýehowanyň hökümdarlygyny goldaýandygyny nädip görkezip bilerler? b) Bize nähili ajaýyp gelejek garaşýar?
19 Şol wagta çenli Patyşalygyň ýerdäki ýaşaýjylary kämillige ýeterler. Olar Isanyň göreldesine eýerip, Ýehowanyň hökümdarlygyna kiçigöwünli hem höwes bilen boýun bolarlar. Olar soňky synagda Ýehowa höwes bilen gulluk edýändigini subut edip bilerler (Ylh. 20:7—10). Şondan soňra pitneçi adamlaryň we perişdeleriň ählisi ýok ediler. Şonda bagtly döwran başlasa gerek! Ýehowanyň älem-jahandaky tutuş agzybir maşgalasy «ähli zatda höküm sürýän» Hudaýy şatlyk bilen şöhratlandyrar (Zebur 99:1—3-nji aýatlary okaň).
20 Hudaýyň Patyşalygynyň tizden berjek ajaýyp zatlary barada bilip, sende Ýehowanyň islegini berjaý etmäge höwesiň artýarmy? Şeýtanyň dünýäsiniň hödürleýän ýalan umydy we amatly durmuşy sizi hakykat ýolundan daşlaşdyrmazmy? Ýehowanyň hökümdarlygyny goldamagy we şöhratlandyrmagy ýüregiňize berk düwdüňizmi? Goý, seniň Hudaýyň ýolundan ebedi ýöremek isleýändigiňi edýän işleriň görkezsin. Şonda siz parahatlygyň we abadançylygyň hözirini diňe bir Müňýyllykda däl-de, ebedilik görersiňiz!
-
-
Betbagtçylyga uçranyňyzda mert boluňGarawul diňi — 2012 | 15 oktýabr
-
-
Betbagtçylyga uçranyňyzda mert boluň
«Hudaý bize pena hem arkadaýançdyr, Ol muşakgatlarda tiz tapylýan kömekdir» (ZEB. 46:1).
1, 2. Köp adamlar nähili synaglara duçar bolýarlar we Hudaýyň gullukçylary synaglara nähili garaýarlar?
BIZ kyn günlerde ýaşaýarys. Ýer ýüzi betbagtçylykdan doldy. Ýer titremeler we olar zerarly döreýän suw tolkunlary (sunami), ýangyn, suw joşguny, wulkanyň atylmagy, güýçli tüweleý hem-de tupan ýaly zatlar adamlara betbagtçylyk getirýär. Mundan başga-da, maşgalada döreýän we şahsy kynçylyklar adamlary gam-gussa batyrýar hem-de gorkuda ýaşadýar. Hakykatdan-da, biziň ählimiz «amatsyz wagta we hadysa» duçar bolýarys (Wag. 9:11).
2 Umuman aýdanyňda, Hudaýyň gullukçylary şeýle kyn ýagdaýlaryň hötdesinden gelýärler. Ýöne bu dünýäniň soňy ahyrlap gelýär, şol sebäpli islendik kynçylyklara taýýar bolmaly, çünki bize gelejekde-de synaglar garaşýar. Kynçylyklara nädip hötde gelip bolar we olar sebäpli göwnüçökgünlige uçramaz ýaly näme etmeli? Betbagtçylyk döwründe bize mert bolmaga näme kömek eder?
MERT BOLANLARDAN GÖRELDE ALYŇ
3. Kyn ýagdaýlarda Rimliler 15:4-däki sözler bize nähili teselli berip biler?
3 Şu günler öňki döwre garanyňda kynçylyklardan has köp adam ejir çekýär. Emma öňler hem adamzat nesli köp hasraty başyndan geçirdi. Geliň häzir, mertlik bilen kynçylyklaryň hötdesinden gelen geçmişdäki Hudaýyň käbir gullukçylaryndan nähili sapak edinip biljekdigimize seredeliň (Rim. 15:4).
4. Dawut nähili betbagtçylyklary başdan geçirdi we oňa berk durmaga näme kömek etdi?
4 Geliň, Dawut bilen bolan wakalara seredeliň. Ol patyşanyň gahar-gazabyna we duşmanlaryň hüjümine sezewar boldy; onuň aýallaryny ýesir aldylar; iň ýakyn adamlary oňa dönüklik etdi we ol duýgy taýdan kynçylyk çekdi (1 Sam. 18:8, 9; 30:1—5; 2 Sam. 17:1—3; 24:15, 17; Zeb. 38:4—8). Mukaddes Ýazgylarda Dawudyň durmuşy beýan edilýär, şol sebäpli bu betbagtçylyklaryň oňa nähili agyr degendigini açyk görse bolýar. Emma bu kynçylyklar Dawuda ruhy taýdan zyýan ýetirip bilmedi. Ol iman bilen şeýle diýdi: «Ömrümiň güýji Rebdir; kimden heder edeýin?» (Zeb. 27:1; Zebur 27:5, 10-njy aýatlary okaň).
5. Ybraýym bilen Sarra kynçylyklaryň hötdesinden gelmäge näme kömek etdi?
5 Ybraýym bilen Sarra ömrüniň köp bölegini ýat ýerlerde çatmada ýaşap geçirdiler. Käte olara kyn bolýardy. Ýöne olar açlyk döwründe-de, daş-töweregindäki halklar tarapyndan howp abananda-da mert boldular (Gel. çyk. 12:10; 14:14—16). Olara näme kömek edýärdi? Hudaýyň Sözünde Ybraýymyň «ussasy, gurujysy Hudaý bolan berk esasly şähere garaşandygy» aýdylýar (Ýew. 11:8—10). Ybraýym bilen Sarra nazaryny öňdäki zatlara dikip, olar hiç bir zada ruhdan düşmegine ýol bermediler.
6. Biz nädip Eýýubyň göreldesine eýerip bileris?
6 Eýýup örän agyr kynçylyklary başdan geçirdi. Ol yzly-yzyna betbagtçylyga duçar bolanda, özüni nähili duýandygyny göz öňüne getiriň (Eýýup 3:3, 11). Bu bela-beterleriň näme üçin onuň başyna inendigine, ol doly düşünmeýärdi. Emma Eýýup ýan bermedi. Ol Hudaýa wepaly galyp, aýypsyzlygyny saklady (Eýýup 27:5-i okaň)a. Bu nähili ajaýyp görelde!
7. Pawlus Hudaýa gulluk edende nähili synaglara duçar boldy we oňa berk bolmaga näme kömek etdi?
7 Geliň, indi Pawlus resulyň başdan geçiren wakalaryna seredeliň. Ol şäherde, çölde hem deňizde howply ýagdaýlara duçar bolandygyny, açlykdan, suwsuzlykdan hem-de sowukdan horlanandygyny we egin eşiksiz galandygyny gürrüň berdi. Ähtimal, Pawlus bir sapar gämi heläkçiliginden soňra «bir gije-gündizini deňizde geçiren» bolmaly (2 Kor. 11:23—27). Ol hatda Hudaýa gulluk edýändigi üçin ölüm bilen hem ýüzbe-ýüz bolupdy. Muňa garamazdan, onuň aýdan sözlerine üns beriň: «Bu özümize däl-de, ölüleri direlden Hudaýa bil baglamagymyz üçin boldy. Ol bizi şeýle uly ölümden gutardy we gutarýar» (2 Kor. 1:8—10). Pawlus ýaly betbagtçylyklary başdan geçiren adam köp bolmasa gerek. Emma biziň köpümize onuň duýgulary tanyş bolup biler we onuň mertlik bilen görkezen göreldesinden teselli tapyp bileris.
BETBAGTÇYLYKLARA SIZI RUHDAN DÜŞÜRMÄGE ÝOL BERMÄŇ
8. Kynçylyklar bize nähili täsir edip bilýär? Mysal getiriň.
8 Şu günler dünýäde betbagtçylyklar we kynçylyklar diýseň köp, şol sebäpli köp adamlar ruhdan düşýärler. Käbir mesihçiler hem şeýle duýgulary başdan geçirýärler. Awstraliýada ýoldaşy bilen doly wagtly gulluk eden Lanib atly uýa göwsünde rak keseliniň bardygyny aýdanlarynda, onuň depesinden gaýnan suw guýlan ýaly boldy. Ol şeýle gürrüň berýär: «Bejergi meniň diýseň güýjümi aldy. Bu ýagdaý, göräýmäge, meniň mertebämi peselden ýaly boldy». Üstesine-de, Lani oňurgasyna operasiýa edilen ýoldaşynyň hem aladasyny etmelidi. Eger biz şeýle ýagdaýa uçrasak näme edip bileris?
9, 10. a) Biz Şeýtanyň näme etmegine ýol bermeli däl? b) Biz Resullaryň işleri 14:22-de aýdylýan «köp muşakgatlara» nähili garamaly?
9 Şeýtan biziň duçar bolýan synaglarymyz arkaly imanymyzy gowşatjak bolýandygyny unutmaly däl. Şeýle-de oňa bizi şatlykdan mahrum etmäge ýol bermeli däl. Süleýmanyň tymsallary 24:10-da: «Aladaly günde tapdan düşseň, kuwwatyň azdyr» diýilýär. Mukaddes Ýazgylardaky we ýokarda getirilen mysallar hakynda oýlansak, betbagtçylyga uçranymyzda mert bolmaga kömek eder.
10 Şeýle-de ähli kynçylyklary aýyrmaga biziň güýjümiziň ýetmeýändigini ýatdan çykarmaly däl. Gaýtam, biz kynçylyklara taýýar bolmaly (2 Tim. 3:12). Resullaryň işleri 14:22-de: «Biz Hudaýyň patyşalygyna köp muşakgatlar bilen girmelidiris» diýilýär. Kynçylyklarda tukatlanmaly däl, gaýtam, olara mertligimizi bildirmäge we Hudaýyň kömek etmegi başarýandygyna iman edýändigimizi görkezmäge mümkinçilik hökmünde garamaly.
11. Kynçylyklar bizi ruhdan düşürmez ýaly näme edip bileris?
11 Biz gowy zatlar barada pikirlenjek bolmaly. Hudaýyň Sözünde: «Şadyýan ýürek ýüzi bezeýändir; ýürek agyrysy bolsa ruhy döwýändir» diýilýär (Sül. tym. 15:13). Lukmanlar gowy zatlar barada pikirlenmegiň şypa beriji güýjüniň bardygyny anyklapdyrlar. Bejergi alýan syrkaw adamlaryň köpüsine plasebo (dermanyň ornuny tutýan zyýansyz serişde) berenlerinde, olar özlerini gowy duýup başlapdyrlar, sebäbi olar dermanyň kömek etjekdigi hakynda pikirlenipdirler. Emma düýpgöter başgaça täsir edýän nosebony hem ulanyp görüpdirler. Ýagny lukmanlar syrkawlara berlen dermanyň ýaramaz täsir etjekdigi barada aýdanlarynda, olaryň haly erbetleşip başlapdyr. Üýtgedip bilmejek zatlarymyz barada hemişe pikirlensek, biz diňe öz-özümizi gynaýarys. Elbetde, Ýehowa bize «plasebo» bermeýär. Muňa derek, betbagtçylyga uçranymyzda, Ol Öz Sözi arkaly bizi ruhlandyrýar, dogan-uýalaryň üsti bilen goldaýar we mukaddes ruhy arkaly bize güýç berýär. Şu zatlar barada pikir edenimizde, biziň göwnümiz göterilýär. Hemişe erbet ýagdaýlar hakynda oýlanmagyň deregine, ýüze çykýan kynçylyklary çözer ýaly, peýdaly we gowy zatlar barada pikirleneliň (Sül. tym. 17:22).
12, 13. a) Hudaýyň gullukçylaryna tebigy betbagtçylyga döz gelmäge näme kömek edýär? Mysal getiriň. b) Betbagtçylyk döwründe adamyň ýaşaýşy üçin nämäniň wajypdygy nädip aýdyň bolýar?
12 Soňky wagtlar käbir ýurtlar elhenç tebigy betbagtçylyklary başdan geçirdi. Şol ýurtlarda ýaşaýan dogan-uýalaryň köpüsi özüni diýseň mert alyp bardy. Elbetde, bu olara aňsat bolmady. 2010-njy ýylyň başynda güýçli ýer titreme we onuň netijesinde dörän ägirt uly suw tolkunlary (sunami) sebäpli Çilide ýaşaýan doganlaryň köpüsi jaýyndan hem-de emläginden mahrum boldular. Muňa garamazdan, doganlar ruhy işler bilen meşgullanmagyny bes etmediler. Jaýsyz galan Samuel atly dogan şeýle gürrüň berýär: «Hatda şeýle kyn ýagdaýlarda-da, aýalym ikimiz ýygnak duşuşyklaryna barmagy we wagyz etmegi bes etmedik. Bu bize ruhdan düşmezlige kömek etdi». Olar betbagtçylygyň ýetiren zyýanyna köp üns bermän, dogan-uýalar bilen bilelikde Ýehowa gulluk etmegini dowam etdiler.
13 2009-njy ýylyň sentýabr aýynda bolan güýçli ýagyş zerarly Filippiniň Manili şäheriniň 80 göterimini suw alypdy. Köp zadyndan mahrum bolan bir baý adam şeýle diýdi: «Bu hadysa baý bilen garybyň ýagdaýyny deňledi, çünki kynçylyklar we jebir-jepalar ähli adamlaryň başyna indi». Bu ýagdaý Isanyň akyldarlyk bilen beren maslahatyny ýatladýar: «Özüňize Gökde hazyna ýygnaň, ol ýerde ne güýe, ne pos iýýändir, ne-de ogrular girip ogurlaýandyr» (Mat. 6:20). Haçanda adam zym-zyýat bolup gidýän zatlary durmuşynda birinji orunda goýsa, bu köplenç ony tapdan düşürýär. Emma bar ünsümizi Ýehowa bilen gatnaşygymyzy berkitmäge gönükdirsek, daş-töwerekdäki bolýan zatlar bizi ruhdan düşürip bilmez (Ýewreýler 13:5, 6-njy aýatlary okaň).
NÄME ÜÇIN MERT BOLMALY?
14. Biziň mert bolmagymyza nähili esas bar?
14 Hudaýyň Patyşalygy gökde höküm sürüp başlanynda, Isa ýer ýüzünde betbagtçylyklaryň boljakdygyny duýdurdy, emma: «Gorkmaň» diýdi (Luka 21:9). Biziň arkamyzda şeýle Patyşanyň we älem-jahanyň Ýaradyjysynyň durmagy, bize gelejege ynamly bolmaga kömek edýär. Pawlus Timoteosy şeýle sözler bilen ruhlandyrdy: «Hudaý bize gorkaklyk ruhuny däl-de, güýç, söýgi, nebsiňe buýurma ruhuny berendir» (2 Tim. 1:7).
15. Hudaýa berk ynamly bolan adamlary mysal getiriň we biziň-de şeýle mertligi görkezip biljekdigimizi düşündiriň.
15 Hudaýa berk ynamly bolan gullukçylaryň aýdan sözlerine üns beriň. Dawut şeýle diýýär: «Reb meniň güýjüm hem galkanymdyr. Ýüregim Oňa bil baglady, Ondan kömek tapdym; munuň üçin ýüregim gaty şatlanýar» (Zeb. 28:7). Pawlus Hudaýa bolan berk ynamyny şeýle beýan etdi: «Biz özümizi Söýýän arkaly bularyň baryny ýeňenlerden üstündiris» (Rim. 8:37). Isa howp abananda: «Men ýeke däldirin, çünki Ata Meniň bilendir» diýdi (Ýahýa 16:32). Bu sözleri eşiden adamlar onuň Hudaý bilen berk gatnaşygynyň bardygyna göz ýetiren bolmaly. Hudaýyň gullukçylarynyň bu aýdan sözleri nämäni görkezýär? Olaryň her biriniň Ýehowa berk bil baglandygyny görse bolýar. Biz hem Hudaýa berk ynamly bolsak, islendik kynçylygyň öňünde mert durup bileris (Zebur 46:1—3-nji aýatlary okaň).
MERTLIGI SAKLAR ÝALY, HUDAÝYŇ BERÝÄN KÖMEGINDEN PEÝDALANYŇ
16. Mukaddes Ýazgylary öwrenmek näme üçin wajyp?
16 Mertlik — bu özüňe ynamly bolmagy aňlatmaýar. Bu häsiýet mesihçilerde Hudaýy tanamagyň we Oňa bil baglamagyň esasynda döreýändir. Munuň üçin biz Hudaýyň Sözüni okap, öwrenmeli. Göwnüçökgünlikden ejir çekýän bir uýa oňa nämäniň kömek edýändigini şeýle gürrüň berýär: «Men köplenç Mukaddes Ýazgylardaky teselli beriji sözleri gaýta-gaýta okaýaryn». Biz maşgala okuwyny yzygiderli geçirmek babatda berilýän maslahata eýerýärismi? Bular bize mezmurçynyňky ýaly garaýyşda bolmaga kömek eder. Ol şeýle diýdi: «Men Seniň kanunyňy nähili söýýärin! Bütin gün oý-pikirim şol hakda» (Zeb. 119:97).
17. a) Bize mertligi saklamaga näme kömek edip biler? b) Size kimiň terjimehalynyň kömek edendigini gürrüň beriň.
17 Şeýle-de biziň Ýehowa bolan ynamymyzy berkitmäge kömek edýän Mukaddes Ýazgylara esaslanan edebiýatlarymyz bar. Biziň žurnallarymyzdaky dogan-uýalaryň terjimehaly köp mesihçilere kömek etdi. Aziýaly bir uýa bipolýar näsazlyk keselinden ejir çekýärdi. Uýa şeýle kesele garşy göreşýän missioner doganyň terjimehalyny okap, örän ruhlanýar. Ol şeýle ýazýar: «Bu makala maňa öz agyr ýagdaýyma düşünmäge kömek etdi we maňa umyt berdi».
Betbagtçylyga uçranyňyzda Ýehowanyň berýän kömeginden peýdalanyň
[10, 11-nji sahypalardaky suratlar]
18. Biz näme üçin doga etmeklige biperwaý garamaly däl?
18 Şeýle-de doga etmeklik bize islendik ýagdaýda kömek edip bilýär. Pawlus resul doga etmegiň wajyplygyny nygtap, şeýle diýdi: «Hiç zady gaýgy etmäň. Gaýtam, Hudaýa şükür edip, her bir ýagdaýdaky ähli mätäçlikleriňizi Oňa doga-dileglerde aýdyň. Şonda Hudaýyň parahatlygy ýürekleriňizi we pikirleriňizi Isa Mesih arkaly gorar. Bu parahatlyk ynsan düşünerden juda belentdir» (Flp. 4:6, 7). Kynçylyklara döz gelmäge güýç berjek bu guraldan biz doly peýdalanýarysmy? Göwnüçökgünlikden uzak wagtlap ejir çeken Britaniýaly Aleks atly dogan şeýle gürrüň berýär: «Ýehowa doga etmek we Onuň Sözüni okap, Ony diňlemek meni göwnüçökgünlikden halas etdi».
19. Biz ýygnak duşuşyklaryna gatnaşmaga nähili garamaly?
19 Ýygnak duşuşyklary hem bize wajyp kömegi berip bilýär. Mezmurçy şeýle ýazýar: «Janym Rebbiň howlularyny küýsäp çaşýar» (Zeb. 84:2). Biz hem şeýle duýgulary başdan geçirýärismi? Ýokarda agzalan Lani uýa ýygnak duşuşyklary barada şeýle diýýär: «Ýygnak duşuşyklaryna gatnaşmak — bu örän möhüm. Eger men Ýehowanyň kömek etmegini isleýän bolsam, men ol ýere barmalydygyma düşündim».
20. Wagyz işine gatnaşmaklyk bize nädip kömek edýär?
20 Patyşalyk baradaky hoş habary wagyz etmek işine yhlasly gatnaşmak hem mert bolmaga kömek eder (1 Tim. 4:16). Dürli kynçylyklary başdan geçiren awstraliýaly bir uýa şeýle diýýär: «Men wagyz etmegi islemeýärdim. Emma bir ýaşuly dogan meni wagza çagyrdy. Men hem gitdim. Şonda Ýehowa maňa kömek eden bolmaly. Sebäbi men her sapar wagza gidenimde, özümi örän bagtly duýýardym» (Sül. tym. 16:20). Köp dogan-uýalar başgalara Ýehowa bolan imanyny berkitmäge kömek edenlerinde, olar öz imanynyň-da berkeýändigine göz ýetirdiler. Şeýdip, olar ünsüni öz kynçylyklaryna däl-de, has wajyp zatlara gönükdirdiler (Flp. 1:10, 11).
21. Biz kynçylyklara uçranymyzda nämä ynamly bolup bileris?
21 Ýehowa bize betbagtçylyklara mertlik bilen döz gelmäge ençeme usullar arkaly kömek edýär. Bu usullaryň ählisinden peýdalansak we Hudaýa mertlik bilen gulluk eden adamlaryň galdyran göreldesi barada oýlanyp, olara eýersek, kynçylyklaryň hötdesinden gelip biljekdigimize ynamly bolup bileris. Bu dünýäniň soňy golaýlaşdygyça kynçylyklaram artar, emma, biz Pawlusyňky ýaly garaýyşda bolmaga çalyşmaly. Ol şeýle diýdi: «Ýere urlandyrys, ýöne ölen däldiris... Biz ruhdan düşmeýäris» (2 Kor. 4:9, 16). Biz Ýehowanyň kömegi bilen betbagtçylyklaryň öňünde mert durup bileris (2 Korintoslylar 4:17, 18-nji aýatlary okaň).
a Eýýup 27:5 Sizi aklamaryn asla, tä ölýänçäm, päkligimde galaryn.
b Atlaryň käbiri üýtgedildi.
-
-
Siz ynamdar iş dolandyryjy!Garawul diňi — 2012 | 15 dekabr
-
-
Siz ynamdar iş dolandyryjy!
«Siz özüňiziňki dälsiňiz» (1 KOR. 6:19).
1. Adamlar gulçulygy nähili göz öňüne getirýär?
IKI müň bäş ýüz ýyl mundan ozal, grek ýazyjysy: «Hiç kim öz islegi bilen gul bolmaýar» diýdi. Köpler şu sözler bilen ylalaşsa gerek. Gulçulyk diýlende, erk-ygtyýarsyz, özi üçin däl-de, agalyk edýän hojaýyny üçin mejbury işleýän, görgi görýän we rehimsiz urulýan adamlar göz öňüňe gelýär.
2, 3. a) Adamlar Mesihiň gullaryna nähili garaýarlar? b) Biz nähili soraglara serederis?
2 Muňa garamazdan, Isa pygamber hem şägirtleriniň kiçigöwünli gullar, ýagny hyzmatkärler boljakdygyny aýdypdy. Mesihçiler gul hasaplansa-da, olary hiç kim gul ýaly edip kemsitmeýär ýa-da rehimsiz daraşmaýar. Olar sylanýar, ynanylýar we hormat goýulýar. Meselem, Isa ölüminden soňra «hyzmatkäriň» peýda boljakdygy barada aýdýar. Ol «sadyk hem akylly hyzmatkäre» käbir işleri tabşyrjakdygyny öňünden aýdypdy (Mat. 24:45—47).
3 Üns beren bolsaňyz, Injiliň başga bir ýerinde şol hyzmatkäre «iş dolandyryjy» diýilýär (Luka 12:42—44-nji aýatlary okaň). Häzirki wepaly mesihçileriň köpüsi şol sadyk iş dolandyryjy toparyna degişli däl. Emma Mukaddes Ýazgylara laýyklykda, Hudaýyň ähli gullukçylaryna iş dolandyryjy diýse bolar. Eýsem, biziň nähili borçlarymyz bar? Şol borçlary nähili ýerine ýetirmeli? Munuň üçin, geliň, gadymy döwürde ýaşan iş dolandyryjylaryň borçlary barada gürrüň edeliň.
IŞ DOLANDYRJYLARYŇ BORJY
4, 5. Gadymy döwürde ýaşan iş dolandyryjylar nähili işleri ýerine ýetiripdirler?
4 Gadym wagtlarda hojaýyn öý hojalygyna ýa-da söwda işlerine seretmek üçin dolandyryjy edip ynamdar gullarynyň birini
-
-
Olar Hudaýyň sözüni batyrgaýlyk bilen wagyz etdiler!Garawul diňi — 2012 | 15 fewral
-
-
Olar Hudaýyň sözüni batyrgaýlyk bilen wagyz etdiler!
Mesihçiler hatda garşylyklara duş gelende-de, batyrgaý we mert boldular. Bu babatda «Hudaýyň Patyşalygy barada güwä geçýäris» (rus.) we «Ýehowanyň Güwäçileri—Hudaýyň Patyşalygyny wagyz edýär» (rus.) diýen kitaplarda gürrüň berilýär. Biz hem I asyrasyrdaky mesihçiler ýaly, batyrgaýlyk bilen Hudaýyň Sözüni wagyz eder ýaly, Ýehowadan Mukaddes ruhy we kömegi dileýäris (Res. iş. 4:23—31).
Birinji Jahan urşy wagtynda wagyz işimiz hakynda bir dogan şeýle ýazdy: «Hudaýyň gullukçylary «Mukaddes Ýazgylary öwrenmek» kitabynyň «Gutarnykly syr» diýen 7-nji tomyny yhlasly ýaýratdylar. Bu tom ähli ýere ýaýradyldy. 1918-nji ýylda «Patyşalyk barada habar» diýen kitapçanyň 1-nji sany çykdy. Soňra näme üçin hökümetiň «Gutarnykly syr» kitabyny gadagan edendigi düşündürilýän «Patyşalyk barada habar» diýen kitapçanyň 2-nji sany çykdy. Ondan soň «Patyşalyk barada habar» diýen kitapçanyň 3-nji sany çykdy. Wepaly mesh edilen mesihçiler bu edebiýatlary giňden ýaýratdylar. «Patyşalyk barada habar» diýen kitapçany hödür etmek üçin iman we batyrgaýlyk gerekdi».
Şu günler Patyşalygyň wagyzçylaryna nähili wagyz etmelidigi öwredilýär, ýöne bu hemişe beýle däldi. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda ýaşan bir polýak dogan 1922-nji ýylda birinji sapar wagza gidişini ýatlap, şeýle ýazýar: «Edebiýatlaryň nähili hödür edilýändigini, iňlis dilini hem asla bilmesem-de, saglygy bejeriş edarasynyň gapysyna baryp kakdym. Gapyny şepagat uýasy açdy. Men şeýle bir tolgundym we gorkdum welin, şol pursady hiç haçan ýadymdan çykarmaryn. Men sumkamy açanymda, ondaky hemme kitaplarym şepagat uýanyň aýagynyň aşagyna gaçdy. Näme diýenim ýadyma düşenok, ýöne oňa edebiýat berdim. Men gidenimde, özümi ynamly we Ýehowanyň pata berendigini duýdum. Şol gün köçäniň ugrundaky adamlaryň işleýän ýerlerinde kän kitapça ýaýratdym».
Bir uýa Kaliforniýanyň (ABŞ) daglyk ýerinde Ýehowanyň Güwäçisi bolan är-aýal bilen bile wagyz edendigini gürrüň berdi: «Takmynan 1933-nji ýylda doganlar Patyşalyk barada wagyz edende, üstünde sesi güýçlendirýän enjamly maşyny ulandylar». Uýa sözüni şeýle dowam edýär: «Dogan maşynynda daga çykdy, biz bolsa, aşakda şäherde galdyk. Haçanda ol dokladyň ýazgysyny çatanda, ses gökden gelýän ýaly boldy. Şäheriň ýaşaýjylary dogany gözlediler, emma ony tapmadylar. Ýazgy gutaranda, biz adamlaryň ýanyna baryp wagyz etdik. Men ýene-de iki gezek şeýle maşyn arkaly wagyz etdim. Adamlaryň köpüsi bizi diňlemek islemeýärdiler, ýöne olaryň öýüne-de ýazgynyň eşidilýändigi sebäpli, diňlemeli boldular. Biz Ýehowanyň gerekli wagtda gerekli usuly ulanmaga kömek edýändigine her sapar göz ýetirýärdik. Biz şeýle wagyz etmek üçin mert bolmalydyk, ýöne bu usul bilen hemişe maksada ýetýärdik we Ýehowanyň ady şöhratlanýardy».
1930-njy ýyllarda we 1940-njy ýyllaryň başynda patefon we Mukaddes Ýazgylara esaslanan doklatlaryň ýazgylary arkaly wagyz edilýärdi. Bir uýa şeýle ýatlaýar: «Ýaş uýa öýden-öýe patefonly wagyz edýärdi. Ol bir öýüň gapysynyň agzynda ýazgyny çatanynda, öý eýesiniň gahary gelip, patefony bosagadan depip goýberdi. Plastinkanyň biri-de döwülmedi. Muny maşyn goýulýan ýerde maşynynda naharlanýan üç adam görüp, ýazgyny ýene-de aýtdyrmagy haýyş etdiler we uýadan edebiýat aldylar. Bu oňa ýene-de özüni ynamly duýmaga kömek etdi». Şeýle synaglara döz gelmek üçin batyrgaý bolmalydy.
Şol uýa sözüni dowam edýär: «Biz 1940-njy ýyllaryň başlarynda köçede žurnal teklip edip başlandygymyz ýadyma düşýär. Mundan öň, biz habar berilýän ýörüşde, ýagny dogan-uýalar köçede bir hatara düzülip, «Din — duzak we aldaw», «Hudaýa we Mesih Patyşa gulluk ediň» diýen ýazgyly plakatlary göterip ýöreýärdik. Şol wagt mugtuna kitapçalar berilýärdi. Şeýle wagyz eder ýaly batyrgaýlyk gerekdi, ýöne bu usullar arkaly adamlar Ýehowanyň ady we halky barada bildiler».
Başga bir uýa bolsa, şeýle diýdi: «Kiçijik şäherlerde žurnal bilen wagyz etmek aňsat däldi. Şol döwürde Ýehowanyň Güwäçileri güýçli garşylyklara duş gelýärdi. Köçäniň bir gyrasynda eli žurnally durup, gaty ses bilen okamagy teklip etmek üçin, hakykatdanam, batyrgaý bolmalydy. Muňa garamazdan, biz her şenbe güni şeýle wagyz edýärdik. Käte adamlar mähirli bolýardy, käte bolsa, gahar-gazaba münen adamlar ýygnanýardy, şonda biz olar topulmaz ýaly, çalt gitmeli bolýardyk».
Ikinji Jahan urşy wagtynda Ýehowanyň Güwäçileri yzarlamalara duş gelseler-de, mertlik bilen wagyz etmegini dowam etdiler. 1940-njy ýylyň 1-nji dekabryndan, 1941-nji ýylyň 12-nji ýanwar aralygynda geçirilen 43 günlük kompaniýada ABŞ-da takmynan 50 000 wagyzçy sekiz milliona golaý kitapça ýaýratdylar. Şol döwür «mertlik bilen wagyz edilen döwür» diýip atlandyryldy.
Hudaýyň guramasynyň gartaşan gullukçylarynyň köpüsi kynçylyklarda batyrgaý bolandygyny ýatlaýarlar. Olaryň käbirleri mertlik bilen «soňuna çenli yhlasly wagyz edeliň!» diýen çagyryşy ençeme ýyllap kän gaýtalandyklaryny ýadyndan çykarmaýar. Şu dünýäniň soňuna çenli Hudaýyň hoş habaryny nähili usullar bilen wagyz etmelidigimizi wagt görkezer. Şol sebäpli mundan beýläk hem Hudaýyň kömegi arkaly Ýehowanyň sözüni iman we batyrgaýlyk bilen wagyz edeliň.
[9-njy sahypadaky sitata]
Patyşalyk baradaky hoş habary wagyz etmek üçin hemişe batyrgaý bolmalydy
-
-
Siz nädip maslahat berýärsiňiz?Garawul diňi — 2012 | 15 mart
-
-
Siz nädip maslahat berýärsiňiz?
Sizden adamlar maslahat soraýarmy? Belki, size şeýle soraglar berýändirler: «Men näme etsemkäm? Men şol oturylyşyga gitsemmikäm? Şol işe girsemmikäm? Maşgala gurmak niýeti bilen onuň bilen duşuşsammykam?»
Akýürekli adamlar dostlary, maşgalasy, hatda Ýehowa bilen gatnaşygyna täsir edýän meseleleri çözmäge sizden kömek sorap biler. Siz nämä esaslanyp maslahat berersiňiz? Siz adamlara meseläni çözmäge nädip kömek edýärsiňiz? Adamyň beren soragy kyn ýa-da aňsat bolup görünse-de, Süleýmanyň tymsallary 15:28-de: «Dogruçylyň aňy jogap berende oýlanýandyr» diýilýär. Geliň, Mukaddes Ýazgylardan gowy maslahat bermäge kömek edýän bäş prinsipe seredeliň.
1 Ýagdaýyny gowy biliň.
«Diňlemän jogap bermek akmaklyk hem utançdyr» (SÜL. TYM. 18:13).
Biz gowy maslahat bermek üçin adamyň ýagdaýyny we garaýşyny gowy bilmeli. Meselem, biri size jaň edip öýüňizi nädip tapmalydygyny sorasa, näme edersiňiz? Siz ýoly dogry düşündirer ýaly, ilki bilen, onuň nirede durandygyny bilmeli. Şonuň ýaly adama gowy maslahat bermek üçin, onuň «duran ýerini», ýagny ýagdaýyny we garaýşyny bilmeli. Biziň maslahatymyza täsir edip biljek ýagdaýlar barmy? Eger adamyň ýagdaýyna doly düşünmesek, gaýtam maslahatymyz bilen başyny çaşyrarys (Luka 6:39).
Soragyna jogap gözläpdirmi? Maslahat soraýan adama şeýle soraglar bersek paýhasly bolardy: «Seniň pikiriňçe, Mukaddes Ýazgylardaky haýsy prinsip meseläňi çözmäge kömek eder? Eger meseläniň birnäçe çözgüdi bar bolsa, olaryň nähili gowy we erbet taraplary bar? Soragyňa jogap gözlediňmi? Ýygnak ýaşulularyndan, ata-eneňden, Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirýän wagyzçydan ýa-da başga birinden maslahat soradyňmy?»
Onuň berýän jogaplaryndan soragyna jogap tapmak üçin nämeler edendigini bilse bolar. Şeýle-de berjek maslahatymyzda başgalaryň aýdan zatlaryny göz öňünde tutarys. Mundan başga-da, onuň «gulagyna ýakýan» maslahaty berjek adamy gözleýändigini ýa-da gözlemeýändigini bileris (2 Tim. 4:3).
2 Maslahat bermäge howlukmaň.
«Her adam eşitmekde çalt, geplemekde assa... bolsun» (ÝAKUP 1:19).
Belki, biz ýagşy niýet bilen derrew maslahat berýändiris. Emma soralýan meseläni doly bilmeýän bolsak, onda derrew jogap bermek paýhassyz bolardy. Süleýmanyň tymsallary 29:20-de şeýle diýilýär: «Oýlanman gepleýän adamy gördüňmi? Akmaga bolan umyt onuňkydan köpdür».
Berýän maslahatyň Hudaýyň akyldarlygyna doly gabat gelýändigi barada oýlan we özüňe şeýle sorag ber: «Meniň düşünjäme «dünýäniň ruhy» we düşünjesi täsir edýärmi?» (1 Kor. 2:12, 13). Diňe ýagşy niýetiň ýeterlikli däldigini unutma. Petrus resul Isa berlen kyn ýumuş barada eşidip: «Ýa Reb, Hudaý saklasyn! Seniň başyňa asla beýle iş düşmesin!» diýdi. Petrusyň sözlerinden näme sapak edinip bileris? Hatda ýagşy niýetli adam hem ägä bolmasa, «Hudaýyň işlerini däl-de, ynsan işlerini» goldap biler (Mat. 16:21—23). Dogrudan-da, gürlemezden öň oýlanmak nähili wajyp! Heý-de, biziň durmuş tejribämizi Hudaýyň akyldarlygy bilen deňeşdirip bolarmy? (Eýýup 38:1—4; Sül. tym. 11:2).
3 Pes göwünli bolup, Hudaýyň Sözüne salgylanyň.
«Men Öz-Özümden hiç zat etmän, diňe Atanyň Maňa öwredenlerini aýdýaryn» (ÝAHÝA 8:28).
Siz: «Seniň ýeriňde bolsam, men-ä şeýle ederdim...» diýýärsiňizmi? Eger biz soragyň jogabyny bilsek-de, Isanyň kiçigöwünligine we pespälligine eýermäge çalyşmaly. Isa islendik adamdan has paýhasly hem tejribeli bolsa-da: «Men Öz-Özümden geplemedim... Ata Maňa näme buýran bolsa, Men diňe şony aýdýaryn» diýdi (Ýahýa 12:49, 50). Isanyň taglymaty we maslahaty hemişe Atasynyň islegine gabat gelýärdi.
Meselem, Luka 22:49-y okasak, Isa tussag ediljek wagty şägirtleri uruşmakçydy. Şägirtleriniň biri gylyjy bilen Isany gorajak boldy. Şol waka barada Matta 26:52—56-njy aýatlarda-da gürrüň berilýär. Şol aýatlardan görnüşi ýaly, Isa kyn ýagdaýda-da wagt tapyp, şägirtlerine Ýehowanyň islegi barada pikirlenmäge kömek edýär. Isa Gelip çykyş 9:6-daky, Zeburyň 22-nji mezmuryndaky we Işaýanyň 53-nji babyndaky prinsipleri bilýändigi üçin, şägirtlerine maslahat berip, janlaryny halas etdi we Ýehowany begendirdi.
4 Guramanyň edebiýatlaryndan peýdalanyň.
«Hyzmatkärlere wagtly-wagtynda nahar paýlaryny bersin diýip, agasynyň olaryň üstünden goýan sadyk hem akylly hyzmatkäri kim?» (MAT. 24:45).
Isa hyzmatkär toparyny wajyp ruhy iýmiti bermäge belledi. Siz birine wajyp mesele boýunça maslahat bereniňizde, wagt tapyp, Mukaddes Ýazgylara esaslanan edebiýatlardan şol tema boýunça gözleg geçirýärsiňizmi?
«Garawul diňi» žurnalynyň dekabr aýynda çykýan sanynda şol ýylyň dowamynda çykan temalaryň atlary berilýär. Şol temalar hem maslahat bermäge kömek eder. Şeýle-de sen dogan-uýalardan «Ýehowanyň Güwäçileriniň elektron kitaphanasyndan» (rusça)a gerekli maglumaty tapyp bermegi haýyş edip bilersiň. Şeýle baý hazynadan peýdalanmagy hiç haçan unutmagyn! Sen başgalara Mukaddes Ýazgylaryň prinsipleri barada gözleg geçirmäge we Hudaýyň Sözi esasynda pikirlenmäge kömek etjek bolup çalyşýarmyň? Adam kartanyň kömegi bilen häzir nirededigini bilip, barmaly ýerine barýar. Şonuň ýaly-da, guramanyň bize beren gözleg gurallary ýolumyzy görmäge we ýaşaýyş ýolundan ýöremäge kömek edýär.
Köp ýygnak ýaşululary wagyzçylara «Garawul diňiniň» dekabr aýynda çykýan temalar hem-de «Ýehowanyň Güwäçileriniň elektron kitaphanasy» (rusça) arkaly gerekli makalalary tapmaga kömek edýärler. Şeýdip, dogan-uýalara Mukaddes Ýazgylaryň esasynda pikirlenmäge ýardam edýärler. Wagyzçylar diňe bir kynçylyklaryny çözmän, eýsem gözleg geçirmegi hem-de Ýehowanyň berýän edebiýatlary arkaly gündeki meselelerini çözmegi öwrenýärler. Şeýlelikde, olar «saýgarma ukyplaryny ýagşy bilen ýamany tanamaga öwrenişdirýärler» (Ýew. 5:14).
5 Başgalara derek karara gelmäň.
«Her kim öz ýüküni özi götermelidir» (GAL. 6:5).
Maslahata eýerjegini-eýermejegini adamyň özi çözýär. Ýehowa prinsiplerine eýermek babatda bize erkinlik berýär (Kan. tag. 30:19, 20). Käbir ýagdaýlary Mukaddes Ýazgylaryň birnäçe prinsipleri bilen çözüp bolýar, ýöne maslahat gözleýän adamyň özi belli bir karara gelmeli. Maslahat gözleýäniň soraýan meselesine ýa-da ýaşyna laýyklykda, özümize şeýle sorag berip bileris: «Şu meseläni men çözmelimi?» Käbir meseleleri ýygnak ýaşululary ýa-da ýaşlaryň ene-atasy çözse gowy bolar.
a «Ýehowanyň Güwäçileriniň elektron kitaphanasy» 39 dilde çykarylýar.
[8-nji sahypadaky surat/çarçuwa]
Maşgala okuwynda
Siz maşgala okuwynda ýaňy-ýakynda berlen soragyň jogabyny gözläp bilersiňizmi? Sorag berýäne jogap bermek üçin nähili makalalary we prinsipleri tapyp bilersiňiz? Aýdaly, bir dogan ýa uýa maşgala gurmak niýeti bilen duşuşmak barada maslahat soraýar. «Garawul diňiniň» dekabr aýynda çykýan sanyndaky temalarda «Öwrenilýän makalalar» hem-de «Mesihçi ýaşaýyş we häsiýet» diýen sözbaşylara seret. Şeýle-de «Ýehowanyň Güwäçileriniň elektron kitaphanasyndaky» (rusça) «Edebiýatlaryň indeksinde «Tanyşlyk döwri» hem-de «Nika» diýen sözbaşylara serediň.
[9-njy sahypadaky çarçuwa]
Biz Ýehowanyň guramasy arkaly iň gowy maslahatlary berip hem alyp bilýäris. Wagyzçy 12:11-de şeýle diýilýär: «Akyldaryň sözleri öküz taýagy, dana sözleri ýygnaýanlar kakylan çüý ýalydyr, olary Ýehowa berýändir». Tirkelen mallary ugrukdyrýan ujy ýiti taýak ýaly söýgi bilen berilýän paýhasly maslahatlar ak ýürekli adamlara dogry ýoly görkezýär. «Kakylan çüý» desgalary berk edişi ýaly, oýlanyp berlen maslahat, soňra ökünmez ýaly, gowy karara gelmäge kömek edýär. Paýhasly adamlar Ýehowanyň akyldarlygyny aýan edýän dana sözlerden lezzet alýarlar.
Biz maslahat berenimizde, Ýehowa Hudaýymyzyň göreldesine eýermeli. Biz maslahat soraýanlary höwes bilen diňleýäris we olara elimizden gelen kömegi berýäris. Biziň berýän maslahatymyz Mukaddes Ýazgylaryň prinsiplerine esaslanan bolsa, adamlara peýdaly bolar we ebedi ýaşaýşa gowuşmaga kömek eder.
-
-
«Eden işleriňiz üçin sylaglanarsyňyz»Garawul diňi — 2012 | 15 awgust
-
-
«Eden işleriňiz üçin sylaglanarsyňyz»
GOŞUNBAŞY Asa patyşa Ýahudanyň daglyk ýerinden kenar ýakasyndaky jülgä howlugyp aşak düşdi. Asa jülgäniň uzap gidýän ýerinde durup, demini dürsedi. Aşakda duşmanlaryň ägirt uly düşelgesi görünýärdi! Hebeşlileriň goşunynyň sany bir milliondy, Asanyňky bolsa 580 müňe golaýdy.
Asa uruş howpy abananda, ilki bilen näme ederkä? Ol serkerdelerine buýruk berermi? Goşunyny ruhlandyrarmy? Maşgalasyna hat ýazarmy? Ýok, şeýle kyn ýagdaýda Asa Hudaýa doga edýär.
Asanyň dogasyna we düşen ýagdaýyna seretmezden öň, Asanyň nähili adam bolandygyny bileliň. Ol näme üçin Ýehowa doga etdi? Asa Hudaýyň kömegine bil baglap bilermidi? Asa bilen bolan waka Ýehowanyň gullukçylarynyň edýän işlerini ýalkaýandygyny görkezýärmi?
ASANYŇ EDEN IŞLERI
Ysraýyl iki patyşalyga bölünip, 20 ýyl geçensoň, Ýahudada ýalan taňrylara sežde edilip başlandy. B. e. öň 977-nji ýylda Asa tagta çykanda, hatda patyşanyň kazylary hem kenganlylaryň hasyl taňrylaryna sežde edýärdi. Emma Mukaddes Ýazgylaryň Taryhlar kitabynda Asa patyşalyk eden döwründe ol «Hudaýyň öňünde gowy we dogry zatlary etdi diýilýär. Asa «ýat ýerli gurbanlyk sypalaryny ýumrup taşlady, dikme daşlaryny döwüp, Aşera butlaryny ýykdy» (2 Tar. 14:2, 3)a. Şeýle-de Asa diniň adyndan tebigy däl jynsy gatnaşyk edýän, ýagny «ybadathanada jelepçilik edýän erkek adamlary» Ýahudadan kowdy. Asa diňe şeýle hapa zatlardan arassalanmak bilen çäklenmän, eýsem, adamlara hem «ata-babalarynyň Hudaýy Ýehowany gözlemegi hem-de kanuny we tabşyryklary berjaý etmegi» buýurdy (1 Pat. 15:12, 13; 2 Tar. 14:4).
Ýehowa Asanyň hakyky seždä bolan yhlasy ýarady, şonuň üçin oňa ençeme ýyl parahatlyk berip sylaglady. Patyşa şeýle diýdi: «Biz Ýehowa Hudaýymyzy agtardyk. Ony gözländigimiz üçin, ol ähli tarapdan dynçlyk berdi». Halk bu mümkinçilikden peýdalanyp, Ýahuda patyşalygynda şäherler gurup başlady. Mukaddes Ýazgylarda: «Olar gurup başladylar we işi şowly boldy» diýilýär (2 Tar. 14:1, 6, 7).
SÖWEŞ MEÝDANYNDA
Biz Asanyň eden işlerine seredip, Mukaddes Ýazgylarda aýdylyşy ýaly, onuň örän uly ynsan goşunyna garşy duranda, doga edendigine geň galmaýarys. Asa iman bilen eden işlerini Hudaýyň sylaglaýandygyny bilýärdi. Patyşa Ýehowadan kömek sorap, goramagyny diledi. Ol Hudaýa we onuň kömegine bil baglasa, duşmany güýçli we örän köp bolsa-da, hiç zat edip bilmejegini bilýärdi. Bu söweş Ýehowanyň ady bilen bagly bolany üçin, Asa Hudaýyň adynyň hatyrasyna ýalbardy. Patyşa şeýle doga etdi: «Ýehowa Hudaýymyz bize kömek et, biz saňa bil baglaýarys we seniň adyň bilen bu uly märekä garşy çykdyk. Ýehowa, sen biziň Taňrymyz. Ölýän adamlara üstün çykmaga ýol berme» (2 Tar. 14:11). Başgaça aýdanyňda, ol hebeşliler Ýehowa seniň üstüňe hüjüm etdi. Ejiz adamlara seniň adyňy göterýänleri ýeňip, adyňy masgaralamaga ýol berme diýdi. Şol sebäpli «Ýehowa hebeşlileri Asanyň hem-de Ýahudanyň öňünde heläk etdi we hebeşliler gaçdy» (2 Tar. 14:12).
Şu günler Ýehowanyň halky köp garşylyklara duş gelýär. Biz olar bilen göni manyda däl-de, göçme manyda ýaragly söweşýäris. Emma biz Ýehowanyň ady bilen ruhy taýdan söweşýän ähli wepaly adamlary ýeňiş bilen sylaglajakdygyna ynanýarys. Biz giňden ýaýran ahlaksyzlyga, öz kemçiliklerimize garşy göreşip, maşgalamyzy erbet täsirden gorap söweşýäris. Biz nähili kynçylyklara duş gelsek-de, Asanyň dogasyndan ruhlanyp bileris. Oňa ýeňşi Ýehowa beripdi. Bu Hudaýa bil baglaýan ähli adamlaryň ýeňiş gazanyp bilýändigini görkezýär. Hiç bir ynsan güýji Ýehowanyň güýjüne garşy durup bilmez.
RUHLANDYRYJY SÖZLER WE DUÝDURYŞ
Asa söweşden gelensoň, Azariýa bilen duşuşdy. Bu pygamber ony ruhlandyrdy we duýduruş berdi. Ol: «Eý Asa, Ýahuda we Benýamin taýpalary, maňa gulak asyň! Siz Ýehowa bilen bolsaňyz, ol hem siziň bilen bolar. Eger ony gözleseňiz, ol özüni tapdyrar. Emma ony terk etseňiz, ol hem sizi terk eder... Mert boluň we eliňiz sowaşmasyn, çünki eden işleriňiz üçin sylaglanarsyňyz» (2 Tar. 15:1, 2, 7).
Bu sözler biziň imanymyzy berkidýär. Şeýle-de Ýehowa hemişe wepaly gulluk etsek, onuň biziň bilen boljakdygyny aňladýar. Biz ondan kömek sorap ýalbarsak, jogap berjekdigine ynanyp bileris. Azariýa «mert boluň» diýdi. Köplenç dogry iş etmek üçin örän mert bolmaly, ýöne Ýehowanyň kömegi bilen muny başararys.
Asa patyşa enesi Maaha «ýigrenji aşera butyny» ýasany üçin, ony «melike» adyndan mahrum edip, onuň butyny ýakdy (1 Pat. 15:13). Asa dogumly we mertlik bilen hereket edeni üçin ak pata aldy. Biz hem dogan-garyndaşlarymyz Hudaýa wepaly bolsa-da, bolmasa-da, Ýehowanyň tarapany berk tutmaly we dogry kadalaryny berjaý etmeli. Şonda Ýehowa wepalylygymyz üçin sylaglar.
Hudaýdan dänen demirgazyk patyşalygyndaky köp ysraýyllylar Ýehowanyň Asa bilen biledigini görüp, Ýahuda göçdüler. Bu Asanyň alan sylaglarynyň biridi. Ysraýyllylar Ýehowanyň gullukçylarynyň arasynda ýaşamak üçin öýlerini taşlap, arassa seždäni gymmat saýýandygyny görkezdiler. Asa we ähli ýehudylar «bütin ýüregi we jany bilen Ýehowany gözlemek üçin äht baglaşdy». Netijede näme boldy? Hudaý «olara özüni tapdyrdy we Ýehowa olara ähli tarapdan parahatlyk berdi» (2 Tar. 15:9—15). Dogrulygy söýýän adamlar Ýehowanyň arassa seždesini kabul edende, biz örän begenýäris!
Şeýle-de Azariýa pygamber duýduryş hem beripdi. Ol: «Ýehowany terk etseňiz, ol hem sizi terk eder» diýdi. Geliň, hiç haçan şeýle betbagtçylyga uçramalyň! (2 Pet. 2:20—22). Mukaddes Ýazgylarda Ýehowanyň Asa näme üçin şeýle duýduryş berendigi aýdylmaýar, emma ol ony äsgermezlik etdi.
«AKYLSYZLYK ETDIŇ»
Asa patyşa 36 ýyl höküm sürende, Ysraýylyň patyşasy Baaşa Ýehuda garşy çykdy. Baaşa adamlary Asa we arassa seždä wepaly bolmaz ýaly, Iýerusalimiň demirgazygyndan 8 km aralykda ýerleşýän Ramanyň araçägini berkidip başlady. Asa hebeşlilere garşy söweşende, öňküsi ýaly Hudaýyň kömegine bil baglaman, adamyň kömegine bil baglady. Asa Siriýa patyşasyna sowgat iberip, Ysraýylyň demirgazyk patyşalygyna hüjüm etmegi haýyş etdi. Siriýa Ysraýyla hüjüm edende, Baaşa Ramadan çekildi (2 Tar. 16:1—5).
Asanyň eden işi Ýehowa ýaramady şonuň üçin muny aýdar ýaly ýanyna Hanani pygamberi iberdi. Asa hebeşlilere Hudaýyň nähili garaýandygyny bilip, «bütin ýüregi bilen Ýehowa bil baglaýanlaryň bähbidi üçin güýjüni görkezer ýaly, Ýehowanyň bütin ýer ýüzüne ser salýandygyny» bilýärdi. Belki, Asa erbet maslahat berendirler ýa-da Baaşanyň we goşunynyň uly howp salýandygyna çynlakaý garaman, öz güýjüne bil baglan bolmaly. Nähili bolaýanda-da, ol ynsan gözi bilen garap, Ýehowa bil baglamady. Hanani pygamber: «bu sapar sen akylsyzlyk etdiň, indi saňa garşy söweşerler» diýdi (2 Tar. 16:7—9).
Asa Hanani pygambere gahary gelip, ony türmä basdy (2 Tar. 16:10). Asa şeýle pikir eden bolmaly: «Men Ýehowa ençeme ýyl wepaly gulluk edip, şeýle ýazgarylmaga mynasypmy?» Şondan soň ol aklyna aýlandymyka? Mukaddes Ýazgylarda bu barada aýdylmaýar.
Asa patyşalyk eden döwrüniň 36-njy ýylynda aýagy agyryp, erbet keselledi. Mukaddes Ýazgylarda: «Hatda kesellände-de, ol kömegi Ýehowadan däl-de, lukmanlardan gözledi» diýilýär. Şol wagt Asa Hudaý bilen gatnaşygyna hem biperwaý garady. Iň soňy ol şeýle ýagdaýda we garaýyşda hökümdarlyk edýän döwrüniň 41-nji ýylynda aradan çykdy (2 Tar. 16:12—14).
Muňa garamazdan, Asanyň eden ýalňyşlygyndan, gowy häsiýetleri we arassa sežde üçin eden yhlasly işleri köp bolan bolmaly. Sebäbi ol Ýehowa gulluk etmegini goýmady (1 Pat. 15:14). Biz mundan näme öwrenip bileris? Ýehowanyň öň bize nähili kömek edendigi hakynda oýlanyp, muny ýadymyzdan çykarmasak, täze synaglara duşanda, Ýehowadan kömek sorarys. Biz ençeme ýyl Hudaýa wepaly gulluk edenimiz üçin, Mukaddes Ýazgylara esaslanan maslahat gerek däl diýip pikir etmeli däl. Eden işlerimize garamazdan, ýalňyşlyk etsek, Ýehowa bizi düzeder. Biz maslahaty pesgöwünlik bilen kabul etsek, peýdaly bolar. Esasanam, biz gökdäki Atamyz bilen bolsak, ol hem biziň bilen bolar. Ýehowa bütin ýer ýüzündäki wepaly adamlara ser salýandyr. Ol gullukçylaryna güýç berip sylaglaýar. Ýehowa Asa güýç berişi ýaly, bize-de berýär.
[Çykgyt]
a «Aşera butlary» jynsy organlary we göwüsleri görkezilen aýaly aňladýardy, «dikme daşlary» bolsa erkek adamyň jynsy organyny aňladýardy.
[9-njy sahypadaky suratyň aşagyndaky sözler]
Ýehowa ruhy taýdan söweşýän wepaly gullukçylaryny sylaglaýar
[10-njy sahypadaky suratyň aşagyndaky sözler]
Ýehowanyň öňünde dogry iş etmek üçin mert bolmaly
-
-
«Olaryň artykmaç zady siziň ýetmeziňizi doldurar»Garawul diňi — 2012 | 15 noýabr
-
-
«Olaryň artykmaç zady siziň ýetmeziňizi doldurar»
BIZIŇ ERAMYZYŇ 49-njy ýylynda «ýygnagyň diregi hasaplanýan» Petrus, Ýakup we Ýahýa dagylar Pawlus resula hem-de onuň işdeşi Barnabasa başga milletlere wagyz etmegi tabşyrdyrlar. Şonda olar maddy taýdan horluk çekýän mesihçileriň aladasyny hem etmelidiler (Gal. 2:9, 10). Olar muny nädip etdiler?
Pawlusyň ýazan hatlarynda şu meselä üns berlendigini görse bolýar. Meselem, ol Korintosdaky mesihçilere şeýle sözleri ýazdy: «Mukaddesler üçin kömek ýygnama hakda, siz hem Galatýa ýygnaklaryna tabşyryşym ýaly ediň. Men baranymda, ýygnama zerurlygy bolmaz ýaly, siziň her biriňiz hepdäniň birinji güni öz ýagdaýyna görä, bir mukdar pul süýşürip, ýanynda saklasyn. Baranymda bolsa mynasyp gören adamlaryňyzy siziň gatanjyňyzy Iýerusalime gowşurar ýaly, hatlar bilen ýollaryn» (1 Kor. 16:1—3).
Korintoslylara ýazan ikinji hatynda Pawlus pul ýygnama işini ýene-de bir gezek belläp geçdi. Bu işiň maksady mesihçileriň «artykmaç» zadynyň başga dogan-uýalaryň «ýetmezini doldurmakdy» (2 Kor. 8:12—15).
B. e. takmynan 56-njy ýylynda Pawlus Rimdäki mesihçilere hat ýazanda, pul ýygnama işi tamamlanyp gelýärdi. Ol şeýle diýdi: «Häzir bolsa mukaddeslere gulluk etmek üçin, Iýerusalime barýaryn. Çünki Makedoniýa we Ahaýa ilaty Iýerusalimde bolan mukaddesler arasyndaky mätäçlere sadaka ibermegi maslahat bildiler» (Rim. 15:25, 26). Pawlus özüne tabşyrylan işi ýerine ýetirip, Iýerusalima dolananda, ony tussag edýärler. Şonda ol Rim hökümdary Felikse ýüzlenip, şeýle diýýär: «Men köp ýyldan soň milletime sadaka, gurbanlyk bermäge geldim» (Res. iş. 24:17).
Pawlusyň makedoniýalylara aýdan sözlerinden I asyrdaky mesihçileriň nähili ruhy bildirendigini aýdyň görse bolýar. Ol şeýle diýdi: «Olar bu haýyr işe... özleriniň gatnaşmagyny köp ýalbaryp, bizden haýyş etdiler». Pawlus resul Korintosdaky mesihçileri olaryň göreldesine eýermäge höweslendirdi. Ol: «Tukatlyk ýa mejburlyk bilen däl-de, her kim öz göwnünden çykaranyny bersin. Sebäbi Hudaý begenç bilen bereni söýýändir» diýdi. Mesihçileri şeýle jomartlygy bildirmäge näme höweslendiripdi? Olar diňe bir «mukaddesleriň ýetmezini doldurman, eýsem, Hudaýa edilýän şükürleri hem köpeltmek» islediler (2 Kor. 8:4; 9:7, 12). Biz hem şeýle jomartlygy bildirmegi maksat edinip bileris. Ýehowa Hudaý şeýle ajaýyp we hoşniýetli ruhy bildirýänleri hökman patalar. Onuň patasy bolsa, hakykatdan-da, baý edýär (Sül. tym. 10:22).
[9-njy sahypadaky çarçuwa]
KÄBIRLERI BÜTINDÜNÝÄ IŞI ÜÇIN MEÝLETIN SOWGAT BERÝÄRLER
Pawlus resulyň günlerindäki ýaly, şu gün hem köpler belli bir mukdarda «pul süýşürip», ony ýygnaklardaky «Bütindünýä wagyz işi üçin meýletin sowgat (Matta 24:14)» diýen guta atýarlar (1 Kor. 16:2). Ýygnaklar her aý berilýän bu meýletin pul sowgatlaryny Ýehowanyň Güwäçileriniň ýerli filialyna ýollaýarlar. Şeýle-de pul sowgatlaryny öz ýurduňyza gözegçilik edýän filiala hem ýollap bilersiňiz. Şeýle ýagdaýda pul sowgadyňyzy meýletin berýändigiňizi tassyklaýan gysgaça hat hem ýazmaly. Käbir ýurtlarda pul sowgatlary üçin döwlet tarapyndan salgyt salynýar.
MEÝLETIN SOWGAT BERMEGIŇ BAŞGA GÖRNÜŞLERI
Käbir ýurtlarda pul sowgady bilen birlikde bütindünýä işini goldamagyň başga-da mümkinçilikleri bar. Olaryň käbiri barada aşakda aýdylýar.
Gozgalmaýan emläk. Satyp bolýan gozgalmaýan emlägi gönüden-göni sowgat hökmünde filiala berse bolýar ýa-da emlägiň eýesi ömrüniň ahyryna çenli ondan peýdalanyp, soňra filiala geçiriler ýaly edip biler. Emlägi filiala sowgat bermek üçin resminamalary taýýarlamaga başlamankaňyz, filial bilen habarlaşmagyňyzy haýyş edýäris.
Wesýetnama. Emlägi ýa-da puly sowgat bereniňizde, wesýetnamany kanunda görkezilen tertibe görä ýazyp, filiala geçirse bolýar. Şeýle ýagdaýda wesýetnamanyň bir nusgasyny filiala ibermegiňizi haýyş edýäris.
-
-
REHIMDARLYKGarawul diňi — 2012 | 15 noýabr
-
-
REHIMDARLYK
Rehimdarlyk — bu ejir çekýän we betbagtçylyga uçran adama rehim edip, onuň ýüküni ýeňletmäge bolan güýçli islegdir. Rehimdarlyk diýip terjime edilen hamal ýewreý işligi «ýüregiň gyýylmak, haýpyň gelmek» diýmekligi aňladýar (Müs. çyk. 2:6; Mal. 3:17; Ýerem. 50:14). Oýkteýro diýen grek işligi «rehimdarlyk görkezmegi», at bolup gelýän oýktirmos sözi bolsa, ýürekden bildirilýän rehimdarlygy ýa-da duýgudaşlygy aňladýar (Rim. 9:15; 12:1; 2 Kor. 1:3; Flp. 2:1; Kol. 3:12; Ýew. 10:28). Splanhna (içki organlar) diýen grek sözi ýüregiýukalygy hem aňladyp bilýär (1 Ýahýa 3:17).
Rehimdarlyk bildirmekde Ýehowa iň ajaýyp görelde görkezdi. Muny ysraýyllylar bilen bolan wakalar aýdyň görkezýär. Ýehowa olaryň Müsürde çekýän ejirine diňe bir duýgudaşlyk bildirmän, eýsem, olary duşmanlaryň elinden halas etdi. Şeýle-de Ýehowa çölde olaryň söýgi bilen aladasyny edýärdi (Iş. 63:7—9). Ysraýyllylar Wada edilen diýara baransoň hem, olar ençeme gezek Ýehowa biwepalyk etdiler. Muňa garamazdan, Hudaý olaryň nalasyny eşidip, duşmanlarynyň elinden gaýta-gaýta halas edýärdi (Kaz. 2:11—19).
Emma ysraýyllylar, ahyrsoňy, hetden geçdiler we rehimdarlyk bildirilmekden mahrum boldular. Olar butparazlyk işlerine şeýle bir batdylar welin, hatda butlaryny Ýehowanyň ybadathanasynda goýup, ony hapaladylar. Halk pygamberleriň üstünden gülüp, Ýehowanyň sözüne äsgermezçilik etdi. Elbetde, indi Gudratygüýçli olara rehimdarlyk bildirip bilmez. Şeýlelikde, Hudaý olary Nebukadnesar patyşanyň eline tabşyryp, pygamberler arkaly öňünden aýdan hökümini ýerine ýetirdi (2 Tar. 36:15—17; Ýerem. 13:14; 21:7; Ezek. 5:11; 8:17, 18).
Rehimdarlyk bildirmek haçan ýerliksiz. Ýehowany tanaýan adamlaryň ählisi Ondan görelde alyp, rehimdar bolmaga çalyşýarlar (Efes. 4:32—5:1). Emma käbir ýagdaýda rehimdarlyk bildirmek ýerliksiz bolýar. Eger adamlar kesirlik bilen günä etseler we Ýehowanyň adyl ýollaryna bilgeşleýin garşy çyksalar, onda olara rehim etmek nädogry bolardy. Şeýle adamlar temmi berilmäge mynasypdyr (Kan. tag. 13:6—11; Ýew. 10:28).
Hudaýyň islegine garşy gelýän ýagdaýlarda adamlaryň täsirine düşüp, rehimdarlyk bildirilse, munuň netijesi erbet bolup biler. Muny Saul patyşanyň mysalyndan görse bolýar. Ysraýyllylar Müsürden çykanlarynda, olaryň üstüne sebäpsiz ýere ilki bolup amalekliler çozupdy. Şonuň üçin Ýehowa amaleklilere höküm çykarýar we muny ýerine ýetirmegi Saul patyşa tabşyrýar. Şeýle-de Hudaý olara rehim etmeli däldidigini aýdýar. Emma Saul gol astyndaky adamlaryň täsirine düşüp, Ýehowanyň tabşyrygyny doly ýerine ýetirmeýär. Şonda Ýehowa ondan ýüz öwürýär (1 Sam. 15:2—24). Ýehowanyň adyl ýollaryna minnetdarlygyny ösdürýän we Oňa wepalylygyny saklaýan adam Saul ýaly günä edip, Hudaýyň merhemetinden mahrum bolmaz.
-