Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Mesihçiler Hudaýyň Sözüne hormat goýýarlar
    Garawul diňi — 2012 | 15 ýanwar
    • 2. Sen näme üçin Hudaýyň Sözüne hormat goýýarsyň?

      2 Emma biz Mukaddes Ýazgylary öwrenip, diňe bir ýaşaýyş, ölüm we gelejek barada däl, eýsem, başga-da köp zatlary bildik. Biz Mukaddes Ýazgylaryň dünýäde iň peýdaly kitapdygyna düşündik. Onuň maslahatlary hemişe kömek edýär. Şol maslahatlara eýerýän adamlar agzybir we bagtly ýaşarlar (Zebur 1:1—3-nji aýatlary okaň). Mesihçiler Mukaddes Ýazgylary hemişe «adam sözi hökmünde däl-de, hakykatda bolşy ýaly, Hudaýyň sözi hökmünde kabul etdiler» (1 Sel. 2:13). Taryha göz aýlasak, Hudaýyň Sözüne, hakykatdanam, hormat goýýanlaryň we goýmaýanlaryň tapawutlanýandygyna göz ýetireris.

  • Durmuşda hakyky üstünligi gazanyň
    Garawul diňi — 2012 | 15 dekabr
    • 2 Eýsem, seniň pikiriňçe, hakyky üstünlik näme? Muny bilmek üçin, kimi durmuşda üstünlik gazandy diýip hasaplaýan bolsaň, ýagny kime guwanýan we çuňňur hormat goýýan bolsaň, şol adamlaryň adyny ýaz. Olar näme bilen tapawutlanýar? Olar atly-abraýlymy? Berjek jogabyň seniň ýüregiňi aýan eder. Bu seniň kararlaryňa we maksatlaryňa güýçli täsir edip biler (Luka 6:45).

  • «Sagyňda çäksiz hözirler bardyr»
    Garawul diňi — 2012 | 15 mart
    • Terjimehal

      «Sagyňda çäksiz hözirler bardyr»

      Lois Didur gürrüň berdi

      Siz durmuşyňyzda haçanam bolsa, bir karara gelip, soňra ökünipdiňizmi? 50 ýyl doly wagt gulluk edip, Ýehowanyň sagynda bolmakdan lezzet alyp, gaýga batanym asla ýadyma düşenok. Muňa göz ýetirer ýaly, geliň, durmuşym barada gürrüň bereýin.

      Men 1939-njy ýylda doguldym. Meniň üç gyz doganym we gyz jigim hem-de oglan jigim bardy. Biz Saskaçewan (Kanada) welaýatynyň daş ýerindäki obada önüp-ösdük. Sähra düzlügindäki fermada asuda ýaşaýardyk. Bir gezek Ýehowanyň Güwäçileri kakam bilen gürrüňdeş bolanda, men olardan Hudaýyň ady barmy diýip soradym. Olar bize Zebur 83:18-den Hudaýyň adynyň Ýehowadygyny görkezdiler. Şonda men Hudaý we onuň Sözi barada köpräk bilesim geldi.

      Şol ýyllar fermadaky çagalar oba mekdeplerinde 8-nji klasa çenli ähli sapaklary bir otagda okaýardylar. Mekdebe barmak üçin ençeme kilometr atly ýa-da pyýada ýöremeli bolýardy. Ýerli ýaşaýjylar mugallymlaryň aladasyny edýärdiler. Bir ýyl täze mugallym Jon Didura meniň ata-enemiň hem ýaşamaga jaý bermek gezegi geldi.

      Men bu ýaş ýigidiň hem Mukaddes Ýazgylar bilen gyzyklanýandygyny bilmeýärdim. Bir sapar men kakamyň goldaýan kommunizm we sosializm gurluşygyny öwdüm. Şonda Jon: «Hudaýdan başga hiç kimiň adamlaryň üstünden höküm sürmäge haky ýok» diýip, asuda jogap berdi. Bu gyzykly gürrüňlere öwrüldi.

      Jon 1931-nji ýylda doglany üçin urşuň kynçylyklary barada köp eşidipdi. 1950-nji ýylda Koreýada uruş başlanda, ol dürli dini ýolbaşçylardan: «Hristianlar urşa gatnaşsa bolýarmy?» diýip soraýardy. Olaryň hemmesi urşa gatnaşsa bolýar diýýärdiler. Soňra Jon Ýehowanyň Güwäçilerine-de şol soragy berdi. Olar Mukaddes Ýazgylaryň esasynda I asyrasyrda mesihçileriň urşa nähili garandyklaryny düşündirdiler. Jon 1955-nji ýylda suwda çokundyryldy. Indiki ýyl men hem suwda çokundyryldym. Biziň ikimizem Ýehowa gulluk etmek üçin bütin ömrümizi we güýjümizi bagyş etmek isleýärdik (Zeb. 37:3, 4). 1957-nji ýylyň iýul aýynda men Jon bilen durmuş gurdum.

      Ençeme ýyl toý tutan günümiz welaýat kongreslerine gabat geldi. Biz şol güni nika hormat goýýan müňlerçe adamlaryň arasynda bolýandygymyza begenýärdik. Biz 1958-nji ýylda ilkinji gezek halkara kongresinde bolduk. Şonda Saskaçewandan Nýu-Ýorka çenli bäş adam bolup maşynly gitdik. Bir hepdeläp gündizine maşynly ýöredik, gijesine bolsa palatkada ýatdyk. Bagtymyza, Betlehemde (Pensilwaniýa) tötänden duşan bir dogan bizi gije öýüne myhman aldy. Ol bizi güler ýüz bilen garşy aldy we suwa düşüp, Nýu-Ýorka arassaja gider ýaly, aladamyzy etdi. Bu uly kongresde Ýehowa gulluk etmegiň nähili lezzet berýändigine göz ýetirdik! Mezmurçy hem: «Sagyňda çäksiz hözirler bardyr» diýipdi (Zeb. 16:11).

      PIONER GULLUGY

      Bir ýyl geçensoň, biz 1959-njy ýylda pioner bolup gulluk etdik we Saskaçewanyň sähra düzlüginiň baýryň depesinde maşyna tirkelýän kiçijik jaýda ýaşadyk. Şol ýerden aňyrsyna göz ýetirip bolmaýan giňişlikler başlanýardy. Şonuň bir bölegi biziň wagyz etmeli ýerimizdi.

      Bir gün biz filialdan hat aldyk. Men bu haty alan badyma, şol wagt traktor bejerip duran Jonuň ýanyna bardym. Hatda bize Red-Leýk şäherinde (Ontario welaýaty) ýörite pioner bolup gulluk etmek teklip edilipdi. Biz onuň nirede ýerleşýänini bilmänsoň, kartadan gözläp başladyk.

      Bu ýer sähra düzlüginde gören zatlarymyzdan örän tapawutlanýardy! Bu ýerde biz aňyrsy-bärsi görünmeýän tokaýlary we altyn känlere golaý gurlan şäherçeleri gördük. Ilkinji gelen günümiz jaý gözlänimizde, bir gyzjagaz goňşusy bilen gürleşip duranymyzy eşidýär. Ol öýüne ylgap gitdi-de, ejesini getirdi. Ejesi hem bizi bir gije myhman aldy. Krowatymyz gum diwarly we polly podwalda ýerleşýärdi. Ertesi biz iki otagly togalak agaçdan edilen öýi kireýne aldyk. Jaýda suwam, mebelem ýokdy diňe demir peji bardy. Biz ulanylan zatlar satylýan dükandan gerekli zatlar alyp, jaýymyzy bezedik.

      Iň golaý ýygnak 200 km gowrak aralykda ýerleşýärdi. Altyn känlerinde işleýänleriň köpüsi ýewropalydy. Olar bizden ene dilinde Mukaddes Ýazgylary getirmegi haýyş edýärdi. Tizden biz 30 sany Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirdik. Alty aýdan kiçijik ýygnak döredi.

      Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirýän bir aýalyň äri ruhana jaň edip, onuň gelmegini we aýalyny dogry ýola salmagyny haýyş edýär. Ruhany bilen duşuşanymyzda, troisa (üç ýüzli taňry) hakyndaky taglymaty öwretmelidigimizi aýtdy. Gyzyklanýan aýal ruhanynyň aýdan sözlerini katolikleriň Mukaddes Ýazgylaryndan görkezmegini haýyş etdi. Ruhany Mukaddes Ýazgylary stoluň üstüne zyňyp goýberdi-de, hiç kime hiç zady subut etmäge borçly däl diýdi. Gaýtjak mahaly ukrainçe öý eýesine bulary kowuň-da, gaýdyp öýüňize salmaň diýdi. Ruhany Jonuň ukrainçe düşünýändigini bilmeýärdi!

      Tizden biz Red-Leýkden gitmeli bolduk, sebäbi Jon gözegçilik gullugy üçin okadylmalydy. Emma bir ýyla golaý wagt geçensoň, Jon welaýat kongresinde suwda çokundyrylýanlar üçin doklad bilen çykyş edende, şol aýalyň äri hem suwda çokundyrylýanlaryň arasyndady! Ol ruhanynyň özüni gödek alyp barşyny görüp, Mukaddes Ýazgylary öwrenmäge başlapdy.

      AÝLANÝAN GÖZEGÇILIK IŞI

      Aýlanýan gözegçilik işinde biz dürli maşgalalarda ýaşamaly bolýandygymyzy halaýardyk. Bizi öýüne myhman alan we bir maşgala ýaly gören dogan-uýalar bilen dostlaşdyk. Bir sapar biz gyşyna ýylydylmaýan ikinji gatdaky otagda ýaşadyk. Irden gartaşan uýanyň kiçijik peji ýakmak üçin ýuwaşjadan otagymyza girenini eşitdik. Soňra ol ýuwunar ýaly legen we ýyly suw getirdi. Onuň mähir bilen edýän aladasyndan men köp zady öwrendim.

      Gözegçilik gullugy maňa Ýehowa ýakynlaşmaga kömek etdi. Alberta welaýatynda gulluk edenimizde, etraplaryň birine uzak demirgazykda ýerleşýän bir şahtaçylaryň şäherjigi degişlidi. Onda ýekeje uýa ýaşaýardy. Ýehowanyň guramasy onuň nädip aladasyny edýärdi? Her alty aýdan biz bir hepdelik baryp, uly şäherlerdäki ýygnakda bolşy ýaly wagyz edýärdik, ýygnak duşuşygyny geçirýärdik. Bu bize Ýehowanyň her bir guzujygynyň aladasyny edýändigini ýatladýardy.

      Biz bile ýaşan dogan-uýalarymyz bilen gatnaşyk saklaýardyk. Bu maňa Jonuň eden sowgatlarynyň birini, ýagny hat ýazmak üçin kagyzly dürli reňkli gutujygy ýatladýar. Şol kagyzlarda dostlarymyza hat ýazmagy gowy görýärdik. Men şol gutujygy şu çaka çenli saklaýaryn.

      Biz Toronto şäherindäki ýygnaga baranymyzda, Kanadadaky Beýtelden bir dogan jaň edip, bizi filiala gulluk etmäge çagyrýandyklaryny aýtdy. Haçan jogap bermelidi? Mümkin bolsa, ertesi güni! Biz hem jogap berdik.

      BEÝTEL GULLUGY

      Ýehowanyň ynanýan gullugynyň her bir täze görnüşinden şatlanýardyk. Biz 1977-nji ýylda Beýtele gelende, şeýle şatlygy duýduk. Biz mesh edilen mesihçiler bilen bile gulluk edip, olaryň dürli häsiýetlerini däl, eýsem olaryň hem Hudaýyň Sözüni gymmat saýýandygyny gördük.

      Biz Beýteliň düzgün-tertibini gowy görýärdik. Meselem, egin-eşigimiz indi çemedanda däl-de, şkafda asylgy durýardy we diňe bir ýygnakda gulluk edýärdik. Şeýle-de Beýtelde edýän işimden başga-da, gelýän adamlar üçin ekskursiýa geçirmegi gowy görýärdim. Men Beýtelde nähili işler edilýändigini düşündirýärdim, soraglara jogap berýärdim we gelýän dogan-uýalaryň öwgüli sözlerini eşidýärdim.

      Aý aýlanyp, ýyllar geçdi. 1997-nji ýylda Jony filial komitetleriniň agzalary üçin geçirilýän mekdebe Pattersona (ştat Nýu-Ýork) çagyrdylar. Mekdepden soň bize Ukraina göçmek barada oýlanmagy teklip etdiler. Doganlar bize doga edip, oňaýly we oňaýsyz taraplarynyň ählisini ölçeşdirip görmegi maslahat berdiler. Biz agşam «bolýar» diýip jogap berjekdigimizi bilýärdik.

      UKRAINADA GULLUK EDÝÄRIS

      Biz 1992-nji ýylda Sankt-Peterburg, Russiýada, 1993-nji ýylda bolsa Kiýew, Ukrainada uly halkara kongresinde bolduk. Bize Gündogar Ýewropadan gelen doganlar örän ýarady. Biz Lwow şäherinde (Ukraina) köne bir jaýyň ikinji gatynda ýerleşdik. Otagymyzyň aýnasy kiçiräk bagly howla bakýardy. Howluda bir topar towuklar bilen gyzyl horaz gezmeläp ýöreýärdi. Biz özümizi edil Saskaçewandaky fermada ýaly duýýardyk. Bizden başga-da şol jaýda ýene-de 10 dogan-uýa ýaşaýardy. Biz her gün ir ertirden şäheriň içinden geçip, Beýtele işlemäge gidýärdik.

      Bize Ukraina diýseň, ýarady! Biz yzarlamalara, gadagan edilen döwre döz gelen, türmede oturan ençeme dogan-uýalaryň arasynda bolup, pesgöwünligi öwrendik. Bu doganlaryň berk imany gowşamady. Biz olary öwenimizde, olar: «Biz muny Ýehowa üçin etdik» diýýärdi. Olar hiç haçan özlerini terk edilen ýaly duýmandyrlar. Hatda şu günlerem olara minnetdarlyk bildirseňiz, olar: «Ýehowa sag bolsun» diýerler. Olar ähli ýagşy zatlaryň Ýehowadandygyny bilýärler.

      Ukrainada köp dogan-uýalar ýygnak duşuşyklaryna pyýada gidýändigi üçin ýolda biri-biri bilen gürrüňdeş bolmaga hem-de ruhlandyrmaga mümkinçilik bolýar. Käte olar bir sagat ýa-da köpräk wagt ýöremeli bolýar. Lwowda 50 ýygnak bar, olaryň 21-isi duşuşyklaryny Patyşalyk zallarynyň uly kompleksinde geçirýär. Ýekşenbe günleri dogan-uýalaryň ýygnak duşuşyklaryna ähli ýerden üýşýänini görüp, örän begenýärsiň.

      Biz mähirli alada edýän dogan-uýalaryň arasynda özümizi öýümizde ýaly duýduk. Haçan-da maňa olaryň diline düşünmek kyn bolanda, olar şu wagta çenli hem özüni örän sabyrly alyp barýarlar. Men muny olaryň ýagşy sözlerinden we ýüz-keşbinden duýýaryn.

      2003-nji ýylda Kiýewdäki halkara kongresinde bolan waka dogan-uýalaryň biri-birine ynanýandygyny görkezýär. Biz metroda gitjek bolup, platforma düşenimizde, bir kiçijik gyz ýanymyza gelip, ýuwaşjadan: «Men azaşdym. Men mamamy tapyp bilemok» diýdi. Ol plaketkalarymyzdan Güwäçilerdigimizi tanap, bize ýüz tutupdyr. Gyzjagaz aljyramady we aglamady. Ýanymyzda bolan etrap gözegçiniň aýaly gyzjagazy stadiona kongresiň ýitirilip, tapylan zatlar bölümine äkitdi. Tizden gyzjagaz mamasy bilen duşuşdy. Maňa bu gyzjagazyň ynamy örän täsir etdi, sebäbi ol müňlerçe adamlaryň arasynda kime ýüz tutmalydygyny bilipdi.

      2001-nji ýylyň maý aýynda köp ýurtlardan dogan-uýalar Ukrainada täze gurlan filialyň bagyş edilmegine geldiler. Ýekşenbe güni stadionda irden ýörite doklad okalandan soň, dogan-uýalar yzy üzülmeýän derýa kimin täze Beýtele ekskursiýa gitdiler. Bu ýatdan çykmajak waka boldy! Dogan-uýalaryň özüni tertipli we rahat alyp barşy mende uly täsir galdyrdy. Ýehowa şatlyk bilen gulluk edýändigime has-da minnetdarlygym artdy.

      GARAŞYLMADYK ÝAGDAÝ

      Biz 2004-nji ýylda Jonyň rak keseli bilen keselländigini bilip, Kanada bejergi almaga gitdik. Birinji himioterapiýa oňa agyr düşdi. Ol birnäçe hepde ýörite bejergi alynýan bölüme geçirildi. Bagtymyza, ol huşuna geldi. Jona gürlemek kyn bolsa-da, ony görmäge gelenlere hemişe minnetdardygyny gözlerinden bilip bolýardy.

      Emma Jon keselinden sagalman, şol ýylyň güýzünde aýryldy. Men göwrämiň ýarysyny ýitiren ýaly boldum. Jon bilen bile Ýehowa gulluk etmegi gowy görýärdik. Indi men näme ederkäm? Men Ukraina dolanmagy ýüregime düwdüm. Beýtel maşgalasy we gulluk eden ýygnagymyz meni söýgi bilen, gujak açyp garşy aldy. Men olara örän minnetdar.

      Biz hiç haçan gelen kararlarymyz üçin ökünmedik. Gowy adamlaryň arasynda ajaýyp durmuşy saýladyk. Men entek Ýehowanyň köp ýagşy işlerini görjekdigimi bilýärin we oňa ebedi gulluk etmegi umyt edýärin, sebäbi men Ýehowanyň «sagynda çäksiz hözirler» gördüm.

      [6-njy sahypadaky sitata]

      «Biz hiç haçan gelen kararlarymyz üçin ökünmedik»

      [3-nji sahypadaky surat]

      Jon bilen toý tutan günümiz

      [4-nji sahypadaky surat]

      Meniň Red-Leýkde ýörite pioner bolup gulluk eden wagtym

      [5-nji sahypadaky surat]

      Jon bilen Ukrainada, 2002 ý.

  • Biz «güýç berýän» Ýehowa bil baglamagy öwrendik
    Garawul diňi — 2012 | 15 iýun
    • Terjimehal

      Biz «güýç berýän» Ýehowa bil baglamagy öwrendik

      Oliwýe Randriýamora gürrüň berdi

      «Mätäçlik çekmegi-de, bolelin ýaşamagy-da bilýärin. Her hili ýagdaýda hem doklugyň, hem açlygyň... syryny öwrendim. Özümi güýçlendir- ýän Mesih arkaly her zady etmegi başarýaryn» (Flp. 4:12, 13).

      PAWLUS RESULYŇ şu sözleri uzak wagtlap meni we aýalym Ulini örän ruhlandyrýar. Biz Madagaskar adasynda Hudaýa gulluk edip, Pawlus resul ýaly Ýehowa doly bil baglamagyň «syryny» öwrendik.

      1982-nji ýylda Uliniň ejesi Ýehowanyň Güwäçileri bilen Mukaddes Ýazgylary öwrenip başlanda, men Uli bilen adaglydym. Soňra menem Mukaddes Ýazgylar okuwyna başladym, birazdan Uli hem maňa goşuldy. Biz 1983-nji ýylda toý tutduk, 1985-nji ýylda bolsa, suwda çokundyryldyk we derrew kömekçi pioner gullugyna başladyk. 1986-njy ýylyň iýul aýynda bolsa, pioner gullugyna başladyk.

      Biz 1987-nji ýylyň sentýabrynda ýörite pioner gullugyna başladyk. Biz birinji gezek Madagaskar adasynyň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän kiçijik şähere bellendik. Ol ýerde ýygnak ýokdy. Madagaskarda 18 sany esasy taýpa we dürli däp-dessurly ençeme tireler bar. Adanyň döwlet dili malagasi bolsa-da, başga-da ençeme dialektler bar. Biz şol şäheriň ilatynyň dialektini öwrenip, olara has çalt öwrenişdik.

      Ilki başda her dynç güni men doklad bilen çykyş edýärdim, Uli bolsa, soňunda minnetdarlyk bilen el çarpýardy. Ýygnakda ikimizden başga hiç kim ýokdy. Şeýle-de biz Teokratik gulluk mekdebini doly geçýärdik, şonda Uli biri bilen gürleşýän ýaly bolup çykyş edýärdi. Ýygnagymyza aýlanýan gözegçi gelip, Teokratik gulluk mekdebini doly geçirmegiň gerek däldigini mähirli maslahat berende, ýükümiz ýeňlän ýaly boldy!

      Poçta gowy işlemeýändigi üçin, bize aýda berilýän puly yzygider alyp bilmeýärdik. Şol sebäpli biz mätäçlikde bolmagyň nämedigini öwrendik. Bir sapar biziň 130 km uzaklykda giçiriljek etrap kongresine gitmäge pulumyz ýetmedi. Şonda bir dogan: «Ýehowa öz kynçylygyňyz barada gürrüň beriň. Siz onuň işini edýärsiňiz ahyryn» diýip maslahat berdi. Biz şonda doga edip, pyýada gitmekçi bolduk. Gitjek bolup durkak, bir dogan geldi-de, awtobusyň nyrhyny bize sowgat etdi!

      AÝLANÝAN GÖZEGÇILIK GULLUGY

      1991-nji ýylyň fewral aýynda meni aýlanýan gözegçi edip bellediler. Şol wagt ýygnagymyzda 9 sany wagyzçy bardy, olaryň üçüsi suwda çokundyrylandy, ýygnaga ortaça 50 adam gatnaşýardy. Okuw geçenimizden soň, biz paýtagtda, Antananariwada aýlanýan gözegçi bolup gulluk etdik. Bizi 1993-nji ýylda ýurduň gündogar tarapyna gulluk etmäge bellediler. Ol ýeriň ýaşaýşy şäheriňkiden örän tapawutlanýardy.

      Biz daş ýerlerde ýerleşýän ýygnaklara we toparlara barmak üçin, köplenç pyýada ýöreýärdik, käwagt gür tokaýly daglaryň içi bilen 145 km geçýärdik. Biz kän goş almaýardyk. Elbetde, her gezek surat görkezip, doklad bilen çykyş etmeli bolanymda, ýüküm agralýardy. Uli surat görkezýän enjamy göterýärdi, men bolsa 12 woltlyk maşyn akkumulýatoryny göterýärdim.

      Biz köplenç indiki ýygnaga barmak üçin, günde 40 kilometre golaý ýöreýärdik. Dag ýodalaryndan, palçykly ýerlerden ýöremeli bolýardyk we derýalardan geçýärdik. Käte, köçäniň gyrasynda ýatýardyk, emma köplenç biz ýatmaga jaý gözläp, oba barýardyk. Käwagt biz bir gije ýatmak üçin nätanyş adamlara ýüz tutmaly bolýardyk. Jaý tapanymyzdan soň, biz naharyň ugruna çykýardyk. Uli kimdir biriniň pitisini sorap alyp, ýakyndaky derýadan ýa kölden suw getirýärdi. Men bolsa palta alyp, nahar bişirer ýaly, odun çapýardym. Hemme zada wagt gerekdi. Käte biz diri towugy satyn alyp, özümiz soýup, arassalaýardyk.

      Nahar iýenimizden soň, suwa düşmek üçin suw daşaýardyk. Käte biz aşhanada ýatýardyk. Ýagyş ýaganda bolsa üstümize üçekden suw dammaz ýaly, diwara ýaplanyp ýatýardyk.

      Biz gije kimiň öýünde galsak, hemişe olara wagyz edýärdik. Barmaly ýerimize baranymyzda, mähirli we myhmansöýer dogan-uýalar örän begenýärdi. Olar ýürekden minnetdar bolany üçin ýolda duşan ähli kynçylyklarymyzy unudýardyk.

      Biz imandaşlarymyzyň öýünde galanymyzda, olara öý-işlerine kömekleşmegi gowy görýärdik. Şonda olaryň biz bilen wagyz eder ýaly, wagty bolýardy. Bizi myhman alan dogan-uýalaryň ýagdaýy bolmandygy sebäpli, olaryň üýtgeşik nahar bişirmegini ýa-da aýratyn şert döretmegini tama etmeýärdik.

      DAŞ ÝERDÄKI TOPARLARY IDEÝÄRIS

      Biz daş ýerdäki toparlara gitmegi gowy görýärdik, sebäbi yhlasly wagyz edýän dogan-uýalar bizi güler ýüz bilen garşy alýardy. Biziň biraz «dem-dynç almaga» hem wagtymyz bolmaýardy (Mar. 6:31). Bir sapar mesihçi är-aýal Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirmek üçin, bizi we 40 sany gyzyklanýan adamy öýüne çagyrdy. Uýamyz 20 sany okuwyny Uli bilen geçirdi. Doganymyz bolsa 20 sany okuwyny men bilen geçirdi. Bir okuwy geçip gutaran badymyza, beýlekisine başlaýardyk. Şol gün öýlän biraz dynç aldyk we ýygnak duşuşygyny geçirip, ýene-de okuwlarymyzy dowam etdik. Şeýdip, agşam sagat sekize çenli jan aýaman gulluk etdik!

      Biz başga bir topara baranymyzda, ählimiz irden sagat sekizlere golaýdaky oba gitdik. Biziň hemmämiz köne eşiklidik. Tokaýyň içinden uzak ýol ýöränimizden soň, şol ýere öýlän baryp ýetdik. Biz arassa eşik geýip, derrew öýden-öýe wagyz edip başladyk. Jaý azdy, wagyzçylar bolsa köpdi. Şol sebäpli 30 minutda hemme jaýlara aýlanyp, wagyz edip çykdyk. Soňra başga oba gitdik. Ol ýerde-de wagyz edip bolanymyzdan soň, öýümize gaýtdyk. Biz köp wagt sarp edip, tagalla etsek-de, birje sagat öýden-öýe wagyz edendigimiz üçin, ilkibada, birazajyk lapykeç bolduk. Emma ýerli dogan-uýalar muňa gynanman, gaýtam ruhlandylar.

      Tawiranambudaky bir daş topar dagyň depesinde diýen ýaly ýerleşýärdi. Ol ýerde biz bir otagly jaýda ýaşaýan mesihçi maşgalanyňka bardyk. Olaryň golaýyndaky bir kiçijik jaýda ýygnak geçirilýärdi. Birdenkä doganymyz, ýagny öý eýesi: «Doganlar!» diýip gygyrdy. Golaýdaky dagdan: «Näme?» diýlen ses eşidildi. Dogan ýene-de: «Aýlanýan gözegçi geldi!» diýip gygyrdy, dagdan: «Bolýar!» diýip jogap eşidildi. Bu habary çetde ýaşaýan adamlara hem ýetirdiler. Derrew adamlar ýygnanyşdy we ýygnak başlanda, 100-den gowrak adam gelipdi.

      ÝOLDAKY KYNÇYLYKLAR

      1996-njy ýylda Antananariwanyň merkezi daglyk etrapyna aýlanýan gözegçi edip bellediler. Biz bu gullugymyzda-da, özboluşly kynçylyklara duş geldik. Ol ýerde daş aralyga hemişe gatnaýan ulag ýokdy. Biz Antananariwa şäherinden 240 kilometrde ýerleşýän Benkanadaky (Besakaý) topara barmagy planlaşdyrdyk. Biz bir sürüji bilen gepleşip, uly bolmadyk ýük maşynda ýola düşdük. Şol maşynda başga-da 30 adam bardy, olaryň käbiri maşynyň içinde, birnäçesi ýokarsynda ýatyp, käbiri bolsa yzyndan asylyp gitdiler.

      Hemişekisi ýaly, maşynymyz döwüldi we biz pyýada gitmeli bolduk. Biz birnäçe sagat ýol ýöräp, halys ýadanymyzda, bir uly maşyn ýanymyzda saklandy. Sürüji maşynynyň adamdan we harytdan doludygyna garamazdan, bizi aldy. Biz dik durup gitdik. Bir derýa baryp ýetenimizde, onuň köprüsi bejerilýän ekeni. Biz ýene-de pyýadalap gitdik we birnäçe ýörite pioneriň ýaşaýan kiçijik obasyna bardyk. Köpri bejerilip, ulag ýöräp başlaýança, wagtymyzy boş geçirmez ýaly, şol ýerdäki dogan-uýalar bilen wagyz etdik.

      Maşyn gelýänçä, bir hepde geçdi we ýene-de ýola düşdük. Ýolda oý-çukurlar kändi. Köplenç dyz boýy suwa girip, maşyny iteklemeli bolýardyk, käte typyp ýykylýardyk. Biz daňa golaý, kiçijik oba baryp düşdük. Indi uly ýoldan ýöremän, pyýadalap tüwi meýdanynyň üstünden, guşaklygyňa gelýän hapa suwdan geçip, barmaly ýerimize bardyk.

      Ilkinji baran ýerimizde, tüwi meýdanynda işleýän adamlara wagyz edip, ýerli mesihçileriň nirede ýaşaýandygyny sorajakdyk. Şol işçileriň imandaşlarymyzdygyny bilenimizde, örän begendik!

      DOGAN-UÝALARY PIONER BOLMAGA HÖWESLENDIRDIK

      Biz birnäçe ýyldan dogan-uýalarymyzy pioner bolmaga höweslendirendigimiziň netijesini görüp, örän begendik. Meselem, bir ýygnaga baranymyzda, dokuz pioner bardy. Biz her bir pionere maksat edinmegi, ýagny wagyzçylara pioner bolmaga kömek etmegi maslahat berdik. Alty aýdan gelenimizde, pionerleriň sany kömelek ýaly köpelip 22 bolupdyr. Iki pioner uýa ýaşuly bolup gulluk edýän kakalaryny pioner bolmaga höweslendirýär. Bu ýaşuly doganlar hem üçünji ýaşula pioner bolmaga kömek edýär. Tizden üçünji ýaşuly ýörite pioner edip bellediler. Soňra ol aýaly bilen aýlanýan gözegçilik işine başlady. Iki ýaşuly näme etdikä? Biri aýlanýan gözegçi, beýlekisi bolsa Patyşalyk zallarynyň gurluşygynda meýletin işleýär.

      Biz ähli zady öz güýjümiz bilen däl-de, Ýehowanyň kömegi bilen edýändigimize, oňa her gün şükür edýäris. Dogrusyny aýtsak, biz käte ýadaýarys ýa-da keselleýäris, emma alýan bereketlerimiz barada oýlanyp, begenýäris. Ýehowa işini üstünlikli amala aşyrýar. Biz häzir ýörite pioner bolup, muňa az-kem goşant goşsak-da, şatlanýarys. Hawa, biz «güýç berýän» Ýehowa bil baglamagy öwrendik.

      [6-njy sahypadaky suratyň aşagyndaky sözler]

      Biz «güýç berýän» Ýehowa bil baglamagy öwrendik

      [4-nji sahypadaky suratlar/karta]

      Madagaskar dünýäde ululygy boýunça dördünji ada hasaplanýar. Topragy gyzyl bolandygy üçin, oňa Uly gyzyl ada hem diýilýär. Bu ýerde ençeme täsin ösümlikler bar

      [5-nji sahypadaky suratlar]

      Biz Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirmegi gowy görýäris

      [5-nji sahypadaky suratlar]

      Ýolda uly kynçylyklara duşduk

  • Olar Ekwadorda höwes bilen gulluk edýärler
    Garawul diňi — 2012 | 15 iýul
    • Olar Ekwadorda höwes bilen gulluk edýärler

      ITALIÝALY Bruno atly dogan kyn ýagdaýa düşüpdi. Ol orta mekdebi üstünlikli tamamlan badyna dogan-garyndaşlary we mugallymlary ýokary bilim almagy maslahat berýär. Mundan birnäçe ýyl öň, ol özüni Ýehowa bagyş edip, durmuşynda Hudaýyň islegini birinji orunda goýmagy wada beripdi. Şol sebäpli ol nähili karara geldi? Bruno şeýle gürrüň berýär: «Men Ýehowa doga edip, beren wadama görä, ony birinji orunda goýmak isleýändigimi aýtdym. Şeýle-de oňa gulluk edip, ýürekgysgynç däl-de, gyzykly ýaşamak isleýändigimi hem aýtdym».

      Birnäçe ýyldan Bruno Günorta Amerikadaky Ekwadora gitdi. Ol: «Ýehowa meniň dogalaryma isleýşim ýaly jogap berdi» diýdi. Bruno Ekwadora baranda, köpräk gulluk etmek üçin şol ýere göçen başga ýaş dogan-uýalar bilen hem tanyşdy.

      «ÝEHOWANY SYNAP GÖREN ÝAŞLAR»

      Bruno bütin dünýädäki müňlerçe ýaşlar ýaly Ýehowanyň: «Haýyş edýärin, meni synap görüň... seniň üçin gökleriň böwetlerini açyp, hiç zada mätäç bolmaz ýaly bol bereketler eçmerinmi?» diýen çakylygyny kabul etdi (Mal. 3:10). Olar Ýehowany söýýändigi üçin, wagyzçylaryň ýetmeýän ýurtlarynda gulluk eder ýaly, bar wagtyny, güýjüni we serişdesini sarp edip, «Ýehowany synap görmegi» ýüregine düwdüler.

      Şeýle ýaşlar täze ýere baranda, «hasylyň boldugyna, ýöne işçiniň azdygyna» derrew göz ýetirýärler (Mat. 9:37). Meselem, germaniýaly Ýaklen atly uýa Ekwadordaky filiala şeýle hat ýazdy: «Men Ekwadorda iki ýyldan gowrak gulluk etsem-de, eýýäm 13 sany Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirýärin, olaryň dördüsi yzygider ýygnak duşuşyklaryna barýarlar. Men muňa örän begenýärin!» Kanadaly Şantel atly uýa şeýle diýýär: «Men 2008-nji ýylda Ekwadoryň deňiz kenaryna göçdüm. Şol wagt ol ýerde bir ýygnak bardy. Häzir bolsa üç ýygnak bar we 30-dan gowrak pioner gulluk edýär. Köp adamlaryň ruhy taýdan ösüşini görüp, men örän ruhlanýaryn. Ýaňy-ýakynda bolsa, And daglarynyň 2 743 metr beýikliginde ýerleşýän şähere göçdüm. Şäheriň 75 müňden gowrak ýaşaýjysy bolsa-da, ol ýerde diňe bir ýygnak bar. Bu ýer hem örän hasylly! Men şatlyk bilen wagyz edýärin».

      KYNÇYLYKLAR

      Elbetde, daşary ýurtda wagyz edeniňde her hili kynçylyklara duşýarsyň. Käbir mesihçiler göçmezinden öň kynçylyklara uçrapdy. ABŞ-ly Kaýla uýa şeýle diýýär: «Men entek daşary ýurda gitmänkäm, käbir dogan-uýalaryň gowy niýet bilen aýdan sözleri meni ruhdan düşürdi. Olar näme üçin meniň daşary ýurtda pioner bolup gulluk edesim gelýänine düşünmeýärdi. Käte men: «Dogry karara geldimmikäm?» diýip oýlanýardym. Emma şonda-da Kaýla daşary ýurda gitmegi ýüregine düwdi». Ol şeýle diýýär: «Men Ýehowa köp doga edip, ruhy taýdan ýetişen dogan-uýalar bilen gürleşenimden soň, Ýehowanyň yhlasyma ak pata berýändigine düşündim».

      Meselem, käbirlerine täze dili öwrenmek kyn bolýar. Irlandiýaly Şabon atly uýa şeýle diýýär: «Maňa pikirimi aýtmak örän kyndy. Men sabyrly bolmagy, täze dili erjellik bilen öwrenmegi we ýalňyşanymda üstümden gülmegi öwrendim». Estoniýaly Anna şeýle diýýär: «Maňa ispan dilini öwrenmek, tropiki yssa, tozana, suwa düşer ýaly gyzgyn suwuň ýoklugyna öwrenişmekden kyn boldy. Käte meniň başymy alyp gidesim gelýärdi. Men eden ýalňyşlyklaryma däl-de, gazanan üstünliklerime üns bermegi öwrendim».

      Şeýle-de öýi küýsäp ruhdan düşýärsiň. ABŞ-ly Jonatan şeýle diýýär: «Men Ekwadora gelenimde, dogan-garyndaşlarymdan we dost-ýarlarymdan aýra düşenim sebäpli ýüregim gysýardy. Şonuň üçin men şahsy okuwa we wagza has köp üns berdim. Tizden wagyzda bolan gyzykly wakalar we ýygnakdaky täze dostlarym göwnümi göterdi».

      Ýene-de bir kynçylyk ýaşaýyş şertleri bolup bilýär. Ol ýeriň ýaşaýyş şertleri biziňkiden tapawutlanmagy mümkin. Kanadaly Bo şeýle gürrüň berýär: «Ýurduňda togy we suw akýan krany bolmalysy ýaly kabul edýärsiň. Emma bu ýerde suw bilen toguň haçan berlip-berilmejegini bilmeýärsiň». Ösýän ýurtlaryň köpüsinde adamlaryň garyp ýaşamagy, sowatsyzlygy we amatsyz ulag hem kynçylyk döredýär. Awstriýaly Ines atly uýa ýerli adamlaryň gowy häsiýetlerine üns berýär. Ol: «Adamlar myhmansöýer, ýumşak, mähirli we kiçigöwünli. Olaryň köpüsi Hudaý barada köpräk biljek bolup, höwes edýärler» diýýär.

      «HIÇ ZADA MÄTÄÇ BOLMAZ ÝALY EÇILEN BEREKETLER»

      Ýaş dogan-uýalar köp zatlardan geçip, Ekwadorda gulluk edýändigi üçin, Ýehowa olara isläninden hem «has ýokary zatlary» berdi (Efes. 3:20). Dogrudan-da, olar «hiç zada mätäç bolmaz ýaly bereketler eçildi» (Mal. 3:10). Olar alan bereketleri barada şeýle gürrüň berýär:

      Bruno: «Men Ekwadora gelenimde, Amazonkada gulluk edip başladym. Soňra Ekwadordaky filialyň gurluşyk işine kömek etdim. Häzir bolsa Beýtelde gulluk edýärin. Öň Italiýada wagtym Ýehowanyň islegini durmuşymda birinji orunda goýmagy ýüregime düwüpdim. Ýehowa hem ýüregimde beslän arzuwlarymy berjaý edip, durmuşymy gyzykly etdi».

      Bo: «Men Ekwadorda Ýehowa bilen has ýakyn dostlaşdym, çünki bütin gün Ýehowa gulluk edýärdim. Şeýle-de hemişe arzuw edişim ýaly, owadan ýerleri gördüm».

      Anna: «Men durmuşa çykmandygym üçin, missioner ýaly gulluk edip bilerin öýtmeýärdim. Emma indi munuň mümkindigine göz ýetirdim. Men şägirt taýýarlamak, Patyşalyk zallaryny gurmak we täze dost edinmek ýaly Ýehowanyň eçen bereketlerine şükür edýärin».

      Elke: «Men Awstriýada öýdekäm, köplenç Ýehowa iň bolmanda bir sany Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirmek barada doga edýärdim. Bu ýerde men 15 sany Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirýärin! Ruhy taýdan ösýän gyzyklanýan adamlaryň şadyýan ýüzlerini görüp, begenýärin».

      Joýel: «Nätanyş ýerde Ýehowa gulluk edip tejribeli bolýarsyň. Ýehowa has köp bil baglamagy öwrenýärsiň we edýän tagallaňa onuň nähili ak pata berýändigini görüp, örän tolgunýarsyň! Men ABŞ-dan gelen ilkinji ýylym gulluk edýän toparymda 6 wagyzçy bardy, häzir bolsa 21 wagyzçy bar. Ýatlama agşamyna 110 adam geldi».

      SEN NÄME EDERSIŇ?

      Ýaş dogan-uýalar, ýurduňyzda ýa-da daşary ýurtda wagyzçylaryň ýetmeýän ýerinde wagyz etmäge siziň mümkinçiligiňiz barmy?! Elbetde, şeýle wajyp karara gelmek üçin, öňünden planlaşdyrmaly. Şeýle-de Ýehowany we ýakynyňy güýçli söýmeli. Sizde şeýle söýgi we höwes bar bolsa, başga ýerlerde gulluk etmek üçin Ýehowa dyngysyz doga ediň. Galyberse-de, mesihçi ata-eneleriňize we ýygnak ýaşulularyna bu islegiňiz barada gürrüň beriň. Şonda siz hem şeýle gyzykly we kanagatlandyryjy mukaddes gullugyň bu görnüşine gatnaşyp bilerin diýen netijä gelersiňiz.

      [3-nji sahypadaky suratyň aşagyndaky sözler]

      «Men Ýehowa köp doga edip, ruhy taýdan ýetişen dogan-uýalar bilen gürleşenimden soň, Ýehowanyň yhlasyma ak pata berýändigine düşündim». (ABŞ-ly Kaýla)

      Başga ýerde gulluk etmäge nädip taýýarlyk görmeli?

      • Şahsy okuw geçmegi endik etmeli

      • 2011-nji ýylyň awgust aýynyň «Hudaýa gullugymyzyň» 4—6-njy sahypalaryna seret

      • Daşary ýurtda we başga ýerlerde gulluk etmek barada dogan-uýalar bilen gürleş

      • Şol ýurduň medeniýetini we taryhyny öwren

      • Dilini öwrenip başla

      [6-njy sahypadaky çarçuwa/surat]

      Daşary ýurtda gulluk edýänleriň käbiri özlerini eklemek üçin...

      • her ýyl birnäçe aý öz ýurdunda işleýärler

      • jaýyny we ş. m. zatlaryny kireýine berýärler

      • Internet arkaly işleýärler

      [4-nji we 5-nji sahypalardaky suratlar]

      1 Germaniýaly Ýaklen

      2 Italiýaly Bruno

      3 Kanadaly Bo

      4 Irlandiýaly Şabon

      5 ABŞ-ly Joýel

      6 ABŞ-ly Jonatan

      7 Estoniýaly Anna

      8 Awstriýaly Elke

      9 Kanadaly Şantel

      10 Awstriýaly Ines

  • Olar Braziliýada höwes bilen gulluk edýärler
    Garawul diňi — 2012 | 15 oktýabr
    • [3-nji sahypadaky surat]
      Olar Braziliýada höwes bilen gulluk edýärler

      OTUZ ýaşyndaky Rubiýa (1) atly uýa birnäçe ýyl mundan ozal Braziliýanyň günortasynda ýerleşýän kiçijik ýygnakda pioner bolup gulluk edýän Sandrany (2) görmäge gidýär. Şol ýerde bolan bir waka Rubiýa şeýle bir täsir edýär welin, bu onuň durmuşyny düýpgöter özgerdýär. Ol nähili waka? Geliň, muny Rubiýanyň özünden bileliň.

      «MEN ÖZ GULAGYMA YNANMADYM»

      [4-nji sahypadaky surat]

      «Sandra meni Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçýän bir aýalyň ýanyna alyp bardy. Sapak geçip otyrkak, ol aýal birdenkä şeýle diýdi: “Sandra, meniň işleýän ýerimde üç sany gyz Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçmek isleýär. Ýöne men olara nobata durmalydygyny aýtdym. Sebäbi men seniň köp adamlar bilen okuw geçýändigiňi we bir ýylyň dowamynda seniň asla wagtyň bolmajakdygyny bilýärin“. Men öz gulagyma ynanmadym. Ýehowa barada bilmek isleýän adamlar öz nobatyna garaşmalydylar! Meniň ýaşaýan ýerimde Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçmek isleýän adamyň ýekejesini-de tapmak kyn. Ol aýal bilen okuw geçip otyrkak, mende bu kiçijik şäherdäki adamlara kömek etmäge güýçli isleg döredi. Tiz wagtdan men uly şäherden gaýdyp, Sandranyň pioner bolup gulluk edýän ýerine göçüp geldim».

      Soňra näme boldy? Rubiýa şeýle gürrüň berýär: «Ol ýere göçüp baranyma iki aý bolanda, men 15 adam bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirýärdim. Isle ynanyň, isle ynanmaň, Sandra ýaly maňa-da okuw geçmek isleýän adamlar nobata durup başladylar!»

      GULLUGYNA TÄZEDEN SERETMÄGE HÖWES DÖREDI

      [4-nji sahypadaky surat]

      20 ýaşlaryndaky Diýego (3) atly dogan Braziliýanyň günortasynda ýerleşýän Prudentopolis şäherinde gulluk edýän birnäçe pioneri görmäge barýar. Bu gezelenç oňa güýçli täsir etdi we gullugyna täzeden seretmäge höweslendirdi. Ol şeýle gürrüň berýär: «Men öz ýygnagymda her aý bary-ýogy birnäçe sagat gulluk edýärdim. Men pionerlerde myhmançylykda bolanymda we olaryň gürrüň berýän wakalaryny diňlänimde, olaryň şatlykly gulluk edişleri bilen özümiň gulluga bolan garaýşymyň tapawudyny duýdum. Olaryň bagtly we şadyýan ýaşaýyşlaryny görüp, men öz durmuşymyň manyly bolmagyny isledim». Bu gezelençden soň, Diýego pioner gullugyna başlady.

      Eger siz hem Diýego ýaly ýaş Güwäçi bolup, wagyz işine we ýygnak duşuşyklaryny ýürekgysgynç hem-de adaty zat hökmünde garaýan bolsaňyz näme? Onda siz wagyzçylaryň ýetmeýän ýerinde gulluk edip, durmuşyňyzy şatlykdan doldurmak üçin gerekli özgerişikleri edip bilermisiňiz? Elbetde, amatly ýaşaýyşdan el çekmek pikiri sizi gorkuzmagy mümkin. Ýöne köp ýaşlar şeýle özgerişlikleri höwes bilen etdiler. Olar Ýehowa has köpräk gulluk etmek üçin, öz maksatlaryna we isleg-arzuwlaryna täzeden seretdiler. Geliň, indi Bruno bilen bolan waka seredeliň.

      SAZANDAMY ÝA-DA WAGYZÇY?

      [4-nji sahypadaky surat]

      Häzir 28 ýaşly Bruno (4) birnäçe ýyl mundan öň ady belli sazçylyk mekdebinde okaýardy we orkestriň dirižýory bolmak isleýärdi. Ol okuwda uly üstünlikler gazandy. Hatda ony birnäçe gezek simfoniki orkestrine dirižýorlyk etmäge çagyrdylar. Oňa abraýly gelejek garaşýardy. Emma Bruno şeýle gürrüň berýär: «Men durmuşymda nämedir bir zadyň ýetmeýändigini duýýardym. Men suwda çokundyryldym, ýöne özümi bütinleý Ýehowa bagyş etmändigime düşünýärdim, ine, şol-da meni biynjalyk edýärdi. Men Ýehowa doga edip, Oňa duýgularym barada aýdýardym. Şeýle-de ýygnakdaky tejribeli doganlar bilen gürrüňdeş bolýardym. Men ähli zady ölçerip, Hudaýa gulluk etmegi birinji orunda goýmagy ýüregime düwdüm we sazçylyk okuwyny taşlap, wagyzçylaryň ýetmeýän ýerinde gulluk etmegi maksat edindim». Onuň gelen kararynyň netijesi nähili boldy?

      Bruno San-Pauldan 260 kilometr uzaklykda ýerleşýän 7 000-e golaý ilatly kiçijik şähere, ýagny Guapiara göçüp gelýär. Bruno üçin bu uly özgerişlik bolýar. Ol şeýle gürrüň berýär: «Men holodilniksiz, telewizorsyz we Internetsiz kiçijik öýe göçüp geldim. Emma ol öýde mende öň hiç haçan bolmadyk zat bardy. Ol mellekli we bag-bakjaly öýdi!» Bruno kiçijik ýygnakda gulluk edýän döwri, hepdede bir gezek ýany bilen iýmit, suw hem-de edebiýatlary alyp, motosiklde oba ýerlerinde wagyz etmäge gidýärdi. Ol ýerdäki köp adamlar hoş habary hiç haçan eşitmändirler. Bruno şeýle ýatlaýar: «Men 18 sany Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirýärdim. Okuw geçýän adamlaryň durmuşynyň özgerýändigini görüp, men uly şatlyk tapýardym! Indi men öň durmuşymda nämäniň ýetmeýändigine düşündim — Hudaýyň Patyşalygyny birinji orunda goýsaň, uly kanagat tapyp bolýan ekeni. Eger men maddy zatlara kowalaşmagy maksat edinen bolsam, şeýle kanagat tapyp bilmezdim». Bruno Guapiarada öz zerurlyklaryny kanagatlandyrar ýaly nädip gazanç etdikä? Ol ýylgyryp, şeýle diýdi: «Gitarada saz çalmagy öwredýärdim». Hawa, oňa entegem sazanda diýse bolardy.

      «MEN GALMALY BOLDUM»

      [6-njy sahypadaky surat]

      Häzir 30 ýaşlaryndaky Marýana-da (5) Brunonyňky ýaly ýagdaýy başdan geçirdi. Ol aklawçy bolup işleýärdi. Oňa gowy hak tölense-de, durmuşdan kanagat tapmaýardy. Marýana şeýle diýýär: «Men özümi howanyň yzyndan ylgaýan ýaly duýýardym» (Wag. 1:17). Dogan-uýalaryň käbiri ony pioner gullugy barada oýlanmaga höweslendirdiler. Marýana bu teklip barada oýlanyp, joralary Býanka (6), Karolina (7) we Juliana (8) bilen öz öýlerinden müňlerçe kilometr uzaklykda Boliwiýanyň golaýynda ýerleşýän Barra-du-Burges şäherindäki ýygnaga kömek etmegi ýüregine düwdüler. Olar nähili üstünlik gazandy?

      [6-njy sahypadaky surat]

      Marýana şeýle gürrüň berýär: «Men ol ýerde üç aý galmakçydym. Emma öýe gaýtmaly bolanymda, 15 adam bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirýärdim. Elbetde, olara ruhy taýdan ösmäge kömek gerekdi. Şonuň üçin men olara öýe gaýtmalydygymy aýtmaga dözmedim. Men galmaly boldum». Şeýlelikde, dört uýa-da bir karara geldi. Marýananyň «täze işi» onuň durmuşyny manyly etdimi? Ol şeýle diýýär: «Men özümi bagtly duýýaryn, sebäbi adamlara durmuşyny özgertmäge kömek etmek üçin Ýehowa meni gural hökmünde ulanýar. Men wagtymy we güýjümi degerli zada sarp edýändigime örän begenýärin». Bu dört uýanyň duýgusyny Karolina şeýle beýan edýär: «Men gije başymy ýassyga goýanymda, özümi diýseň bagtly duýýaryn, sebäbi men özümi bütinleý Patyşalyk işine bagyş etdim. Men bar ünsümi Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçýän adamlara kömek etmäge gönükdirdim. Olaryň ruhy taýdan ösýändigini görmek, gör, nähili ajaýyp! Men: “Rebbiň ýagşylygyny dadyp görüň!“ diýen sözleriň hakykatdygyna göz ýetirýärin» (Zeb. 34:8).

      Dünýäniň dürli künjegindäki ýaş dogan-uýalaryň Patyşalyk baradaky hoş habary wagyz etmek üçin özlerini «meýletin» hödür edýändigini görende, Ýehowa diýseň begenýändir! (Zeb. 110:3; Sül. tym. 27:11). Şeýle yhlasly wagyzçylaryň ählisi Ýehowadan bol bereket alýarlar (Sül. tym. 10:22).

      «Biz hiç zada zar bolmadyk»

      [5-nji sahypadaky surat]

      Juan-Paulu hem onuň aýaly Noýemi wagyzçylaryň ýetmeýän ýerine gitmäge isleginiň bardygyny aýdanlarynda, olar ruhdan düşüriji sözleri eşitdiler. Ýygnakda käbirleri olara şeýle diýen bolmaly: «Siz kiçi şähere gidip, özüňizi maddy taýdan üpjün edip bilmersiňiz». «Size göçmek nämä gerek? Siziň öz ýygnagyňyzda hem iş köp ahyryn». Juan-Paulu şeýle diýýär: «Bu maslahatlar ýagşy niýet bilen berilse-de, olar bizi ruhdan düşürdi». Emma Juan-Paulu we Noýemi kömek gerek bolan ýerde birnäçe ýyl gulluk edip, gelen kararyndan el çekmändiklerine diýseň begenýärler. Juan-Paulu şeýle gürrüň berýär: «Şu ýere göçüp gelenimiz bäri biz hiç zada zar bolmadyk. Biziň iň gerekli zatlarymyz öňküden-de köpdi». Noýemi bolsa onuň sözüne goşulyp, şeýle diýýär: «Alan bereketlerimiz eden tagallamyza degýär».

      Kiçi şäherlerde iş tapmak örän kyn bolýar. Çet etraplara göçüp baranlar özlerini maddy taýdan nädip üpjün edip bilýär? Munuň üçin ugurtapyjylyk gerek. Käbirleri iňlis ýa-da başga dili öwredýärler, çagalara mekdep sapaklaryna taýýarlyk görmek üçin goşmaça sapak berýärler, tikin tikýärler, jaý reňkleýärler ýa-da ýarym gün işlär ýaly başga-da işleri ýerine ýetirýärler. Wagyzçylaryň ýetmeýän ýerlerinde gulluk edýän dogan-uýalaryň arasynda nähili meňzeşlik bar? Olaryň alan bereketleri çeken kynçylyklarynyň öwezini artygy bilen dolýar!

      Öýüňi küýsemek

      [6-njy sahypadaky surat]

      Týagu şeýle gürrüň berýär: «Täze ýygnaga geçenime köp wagt geçmänkä, meniň ýüregim gysyp başlady. Göçüp baran şäherimde bary-ýogy birnäçe wagyzçy bardy we göwün açmaga mümkinçilik ýok diýen ýalydy. Men öýümi küýsäp başladym. Men göwnümi göterer ýaly bir zatlary etmelidigime düşündim. Şol sebäpli men ýygnakdaky dogan-uýalar bilen has ýakyndan tanyşmak üçin tagalla edip başladym. Bu meniň göwnümi göterdi! Men täze dostlary tapyndym we özümi öýümde ýaly duýup, şatlanyp başladym».

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş