HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 1 MUSA 38, 39
Ýehowa Ýusuby hemişe goldaýardy
Ýusup agyr synaglara düşse-de, Ýehowa onuň «ähli işine bereket berýärdi». Şeýle-de Ýusup «zyndanyň başlygynyň hormatyny gazandy» (1Ms 39:2, 3, 21—23). Biz Ýusup bilen bolan wakadan näme öwrenip bilýäris?
Synaglaryň bolmagy Ýehowanyň bizden närazydygyny aňlatmaýar (Zb 34:19).
Ýehowanyň bize nähili bereket we ony nädip berýändigi hakda oýlanyp, minnetdar bolmaly (Flp 4:6, 7).
Ýehowanyň bizi goldajakdygyna ynanmaly (Zb 55:22).