Sen suwa çümdürilmäge eltýän ýoluň niresinde?
MESIHÇILERIŇ DURMUŞY
Ýehowa gulluk etmegi saýlaň
Sen ýaş wagyzçy ýa-da Mukaddes Kitap okuwyny geçýän bolsaň, suwa çümdürilmäge maksadyň barmy? Sen näme üçin suwa çümdürilmek isleýärsiň? Özüňi Hudaýa bagyş etmek we suwa çümdürilmek Ýehowa bilen aýratyn dostluga ýol açýar (Zb 91:1). Şeýle-de halas bolmaga mümkinçilik berýär (1Pe 3:21). Sen şu iki ädimi nädip ädip bilersiň?
Şu ýoluň hakykatdygyna ynamyňy berkit. Eger bir zada düşünmeseň, onda gözleg geçir (Rim 12:2). Nähili özgerişleri etmelidigiňi anykla we Ýehowany razy etmek üçin gerekli ädimleri ät (Nak 27:11; Efs 4:23, 24). Ýehowadan hemişe kömek sorap doga et. Ýehowanyň mukaddes ruhy arkaly seni berkitjekdigine we goldajakdygyna ynamly bol (1Pe 5:10, 11). Eger tagalla etseň, hökman gowy netije gazanarsyň. Ýehowa gulluk etmek, iň gowy durmuş ýoly! (Zb 16:11).
«SUWA ÇÜMDÜRILMÄGE ELTÝÄN ÝOL» DIÝEN WIDEONY GÖRÜP, ŞU SORAGLARA JOGAP BERIŇ:
Käbirleri suwa çümdürilmek üçin nämelerden geçmeli boldy?
Sen özüňi Ýehowa bagyş etmek üçin imanyňy nädip ösdürip bilersiň?
Käbirlerini suwa çümdürilmäge näme höweslendirdi?
Ýehowa gulluk etmegi saýlanlar nähili bereketleri alýar?
Özüňi Hudaýa bagyş etmek we suwa çümdürilmek nämäni aňladýar?