Hudaýdan gorkup, akyldar bol!
«Rebden gorkmak akyldarlygyň başlangyjydyr» (SÜLEÝMANYŇ TYMSALLARY 9:10).
1. Näme üçin köp adamlar Hudaýdan gorkmak diýen düşünjä düşünmeýärler?
ÖŇLER Hudaýdan gorkýan adamlary öwýärdiler. Häzir bolsa olary döwürden yza galan adam hasaplap, olara düşünmeýärler. Adamlar: «Eger Hudaý söýgi» bolsa, näme üçin ondan gorkmaly?» diýýärler. Olaryň köpüsi Hudaýdan gorkmak gorkudan ýaňa titremekdir öýdýär. Hudaýdan hakyky gorkynyň diňe bir duýgyny aňlatmaýandygyna, geliň seredeliň.
2, 3. Hudaýdan hakyky gorky nämäni aňladýar?
2 Mukaddes Ýazgylarda Hudaýdan gorkmak gowy häsiýet hasaplanylýar (Işaýa 11:3). Bu Hudaýa bolan uly hormat we ony närazy etmekden gorkmagy aňladýar (Zebur 115:11). Şeýle-de Hudaýyň ahlak kadalaryny kabul edip, şolar boýunça ýaşamagy we Ýehowanyň öňünde dogry işleri etmegi aňladýar. Bir sözlükde peýdaly gorky barada şeýle diýilýär: «Hudaýa bolan söýgi — bu özüňi paýhasly alyp barmaga we ähli erbetlikden gaça durmaga höweslendirýär». Mukaddes Ýazgylarda: «Rebden gorkmak akyldarlygyň başlangyjydyr» diýilýär (Süleýmanyň tymsallary 9:10).
3 Dogrudan-da, Hudaýdan gorkmak adamyň durmuşyna täsir edýär. Hudaýdan gorkýan adam diňe bir paýhasly däl, eýsem ol şadyýan, parahat, üstünlik gazanýan, uzak ýaşaýan, bil baglaýan, umyt edýän we ynanýan adam bolmaly (Zebur 2:11; Süleýmanyň tymsallary 1:7; 10:27; 14:26; 22:4; 23:17, 18; Resullaryň işleri 9:31). Hudaýdan gorkmak iman we söýgi bilen bagly. Aslynda, ol Ýehowa we adamlar bilen gatnaşygymyza täsir edýär (Kanunyň gaýtalanyşy 10:12; Eýýup 6:14; Ýewreýler 11:7). Hudaýdan gorkmaklyk, gökdäki Atamyzyň her birimiziň aladamyzy edip, ýazyklarymyzy geçýändigine berk ynanmaklygy aňladýar (Zebur 130:4). Diňe toba etmeýän günäkärler Hudaýdan elhenç gorkmalya (Ýewreýler 10:26—31).
Hudaýdan gorkmagy nädip öwrenmeli?
4. Hudaýdan gorkmaklygy nädip öwrenip bileris?
4 Paýhasly karara gelmek we Hudaýyň berekedini almak üçin Hudaýdan gorkmagy öwrenmeli (Kanunyň gaýtalanyşy 17:19). «Hudaýdan gorkmaklygy» nädip öwrenmeli? Mukaddes Ýazgylardaky hudaýhon erkek adamlaryň we aýallaryň mysallary «bize taglym üçin ýazylandyr» (Rimliler 15:4). Hudaýdan gorkmaklygyň, hakykatdanam, näme aňladýandygyna düşünmek üçin gadymy ysraýylly Dawut patyşanyň mysalyna seredeliň.
5. Dawut çopançylyk edýän döwri Hudaýdan gorkmaklygy nädip öwrendi?
5 Ysraýylyň ilkinji patyşasy Sauly Ýehowa terk edýär, sebäbi ol Hudaýdan zyýada adamlardan gorkýardy (1 Patyşalar 15:24—26). Dawut patyşa bolsa, Hudaý bilen ýakyn gatnaşykda bolup, hudaýhon adam hökmünde tanalýardy. Dawut ýetginjekkä atasynyň goýunlaryny bakýardy (1 Patyşalar 16:11). Çopançylyk edýän wagtlary gijelerine asmandaky ýyldyzlara syn edip, ol Hudaýdan gorkmaklygy öwrendi. Dawut Älemiň giňişliginiň diňe kiçijik bölegini görse-de, ol Hudaýyň hormata we seždä mynasypdygyna göz ýetirdi. Ol: «Gökleriňe, Seniň barmaklaryň işlerine, Seniň guran Aý we ýyldyzlaryňa seredenimde diýýärin. Sen adama üns berer ýaly, ol näme? Sen ony idär ýaly, ynsan ogly näme?» diýdi (Zebur 8:3, 4).
6. Dawut Ýehowanyň uludygyna göz ýetirende, özüni nähili duýdy?
6 Dawut ýyldyzly giň asmanyň ululygyna haýran galyp, özüniň nähili ujypsyzdygyny duýýardy. Ol Ýehowadan gorkman, gaýtam ony şeýle sözler bilen şöhratlandyrdy: «Gökler Hudaýyň şöhratyny yglan edýär, gök gümmezi Onuň elleriniň işinden habar berýär» diýdi (Zebur 19:1). Dawudyň Hudaýa hormat goýmagy ony Ýehowa ýakynlaşdyrdy we onuň kämil ýollaryny öwrenmäge höweslendirdi. «Çünki Sen ulusyň, ajaýyp işler edýän Sensiň, ýalňyz Hudaý Sensiň. Ýa Reb, ýoluňy maňa öwret, Seniň hakykatyňda gezeýin; adyňdan gorkar ýaly, ýüregimi ýeke Özüňe bagla» diýip, Dawut nagma aýdanda, özüni gör nähili duýandyr! (Zebur 86:10, 11).
7. Dawudyň Hudaýdan gorkmaklygy Golýaty ýeňmäge nädip kömek etdi?
7 Filistililer Ysraýyl ýurduna çozanda, boýy üç metre ýetýän Golýat atly pälwany ysraýyllylaryň üstünden gülüp, şeýle diýdi: «Araňyzda meniň bilen başa-baş söweşjek adam barmy? Eger-de ol ýeňse, biz siziň guluňyz bolarys» (1 Patyşalar 17:4—10). Şonda Saul bilen onuň tutuş goşuny gorksalar-da, Dawut gorkmady. Ol her bir güýçli adamdan gorkman, diňe Ýehowadan gorkmalydygyny bilýärdi. Dawut Golýata şeýle diýdi: «Men bolsa saňa garşy goşunlar Hudaýy Ýehowanyň ady bilen barýaryn... Ýygnananlaryň ählisi Ýehowanyň gylyç, naýza bilen halas etmeýändigini bilerler. Çünki, bu Ýehowanyň söweşi». Ol sapanyndan daş atyp, Ýehowanyň kömegi bilen Golýaty öldürýär (1 Patyşalar 17:45—47).
8. Mukaddes Ýazgylardaky hudaýhon adamlaryň göreldesinden biz näme öwrenýäris?
8 Biz hem kynçylyga duş gelenimizde ýa-da güýçli duşmanlar gorkuzanda Dawut ýaly näme etmeli? Dawut we beýleki Hudaýyň gullukçylary ýaly Hudaýdan gorksak, olara garşy durup bileris. Hudaýdan gorkmaklyk adamdan gorkmazlyga kömek edýär. Hudaýyň wepaly gullukçysy Nehemýa duşmanlaryndan gorkan ysraýyllylara şeýle diýdi: «Olardan gorkmaň. Ýehowanyň uludygyny we gorkunçdygyny unutmaň» (Nehemýa 4:14). Ýehowanyň goldamagy bilen Dawut, Nehemýa we beýleki wepaly gullukçylar Hudaýyň tabşyran işini ýerine ýetirip bildiler. Hudaýdan gorksak, bizem ýerine ýetirip bileris.
Hudaýdan gorksak, kynçylyklary ýeňeris
9. Dawut haýsy ýagdaýlarda Hudaýdan gorkýandygyny görkezdi?
9 Dawut Golýaty öldürenden soň, Ýehowa oňa ençeme ýeňişler berdi. Saul patyşa bolsa oňa göriplik etdi, ilki gaharlanyp, soňra mekirlik bilen, iň soňunda goşuny bilen yzarlap öldürjek boldy. Ýehowa Dawuda patyşa edip bellejekdigini aýtsa-da, ol birnäçe ýyl gizlenmeli, söweşmeli we Ýehowanyň bellän wagtyna garaşmaly boldy. Bularyň baryny başdan geçirip, Dawut hak Hudaýdan gorkýandygyny görkezdi (1 Patyşalar 18:9, 11, 17; 24:2).
10. Howp abananda, Dawut Hudaýdan gorkýandygyny nädip görkezdi?
10 Bir sapar Dawut Gef şäheriniň patyşasy Anhusyň öýüne pena gözläp bardy. Bir wagt ol ýerde filistili Golýat ýaşapdy (1 Patyşalar 21:10—15). Patyşanyň hyzmatkärleri Dawudy halkyň duşmany diýip ýamanladylar. Şeýle çykgynsyz ýagdaýda Dawut näme etdikä? Ol Ýehowa gyzgyn doga edýär (Zebur 56:1—4, 11—13). Dawut özüni ruhy keselli ýaly alyp barýar we halas bolýar, ýöne ol Ýehowanyň halas edendigine düşünýärdi. Çünki özüni şeýle alyp barmaga Hudaý kömek etdi. Dawut Ýehowa ýürekden ynanyp we bil baglap hudaýhondygyny görkezdi (Zebur 34:4—6, 9—11).
11. Dawut ýaly kyn ýagdaýa düşenimizde, Hudaýdan gorkýandygymyzy nädip görkezip bileris?
11 Dawut ýaly bizem kyn ýagdaýa düşenimizde, Hudaýyň kömek etjekdigine ynansak, Ýehowadan gorkýandygymyzy görkezeris. Dawut: «Ýoluňy Rebbe tabşyr, Oňa bil bagla; Ol dilegiňi ýerine ýetirer» diýdi (Zebur 37:5). Beýle diýmek aladaňy Ýehowa tabşyryp, özüň bolsa hiç zat etmezligi aňlatmaýar. Dawut Ýehowadan kömek diläp hiç zat etmän oturmady. Ol Ýehowanyň beren güýjüni we ukybyny ulanyp, kynçylygy çözmäge synanyşýardy. Dawut hem ynsan güýji bilen kynçylygy çözüp bilmejekdigini bilýärdi. Bizem şeýtmeli, elimizde baryny edenimizden soň, baryny Ýehowa tabşyrmaly. Köplenç hiç zat edip bilmejek ýagdaýymyzda, diňe Ýehowa bil baglamaly. Şeýde ýagdaýda biz Ýehowa bilen gatnaşygymyzyň nähilidigini we Hudaýdan gorkýandygymyzy görkezýäris. Biz Dawudyň: «Rebbiň syry Ondan gorkýanlara aýan edilýändir» diýen sözlerinden teselli tapyp bileris (Zebur 25:14).
12. Näme üçin biz dogalarymyza çynlakaý garamaly we nähili garaýyşdan gaça durmaly?
12 Biz edýän dogamyza we Hudaý bilen dostlugymyza çynlakaý garamaly. Ýehowa ýakynlaşmak üçin Hudaýyň «Özüni agtarýanlary sylaglajakdygyna iman etmeli» (Ýewreýler 11:6; Ýakup 1:5—8). Ol bize kömek edende bolsa, Pawlus resulyň maslahat berşi ýaly «minnetdar hem bolmaly» (Koloseliler 3:15, 17). Ýöne biz hiç haçan tejribeli mesh edilen mesihçiniň suratlandyran adamlaryna meňzemeli däl. Ol şeýle diýýär: «Olar Hudaýy «gökdäki hyzmatkäre» meňzedýär. Olar ony çagyranda islegini derrew ýerine ýetirmegine garaşýarlar. Isleýän zadyny alandan soň, onuň ýok bolmagyny isleýärler». Şeýle garaýyş adamyň Hudaýdan gorkmaýandygyny görkezýär.
Adamlaryň Hudaýdan gorkusy gowşanda
13. Dawut haçan Hudaýyň kanunyna gulak asmady?
13 Hasrat çekýän günlerinde, Dawut Hudaýyň kömegini duýup, Ýehowa bolan gorkusy we imany artdy (Zebur 31:22—24). Ýöne Dawudyň Hudaýdan üç sapar gorkusy gowşanda bolsa, erbet netije getirdi. Ilkinji gezek Dawut Ýehowanyň äht sandygyny Iýerusalime geçirende, Hudaýyň kanuny boýunça lewilileriň egninde geçirmelidi, emma ol arabada geçirdi. Sandyk arabadan agdaryljak wagty Oza ony saklajak bolup, sandyga elini degirende «Hudaýa ýaramaýan iş edeni üçin» Ýehowa ony öldürdi. Hawa, Oza agyr günä etse-de, bu Dawudyň Hudaýyň kanunyna gulak asmandygy sebäpli boldy. Hudaýdan gorkmaklyk onuň kanunyny berjaý etmekligi hem aňladýar (2 Patyşalar 6:2—9; Sanlar 4:15; 7:9).
14. Dawudyň ysraýyllylary sanamagy nämä eltdi?
14 Soňra Şeýtan Dawudy Ysraýyl halkynyň urşa gatnaşyp bilýän adamlaryny sanamaga iterdi (1 Taryhlar 21:1). Şeýtmek bilen Dawut Hudaýdan gorkusynyň gowşandygyny görkezdi, netijede, 70 000 ysraýylly öldürildi. Soňra Dawut Hudaýyň öňünde toba etse-de, onuň özi we halky ejir çekdi (2 Patyşalar 24:1—16).
15. Dawudyň zyna etmegine näme sebäp boldy?
15 Ýene-de bir sapar Dawudyň Hudaýdan gorkusy gowşanda, ol Uriýanyň aýaly Batşeba bilen zyna edip agyr günä etdi. Dawut zyna etmegiň ýa-da biriniň zadyna göz gyzdyrmagyň nädogrydygyna düşünýärdi (Çykyş 20:14, 17). Batşeba suwa düşýärkä, Dawudyň oňa seretmegi zyna etmegine sebäp bolýar. Eger Dawut şol wagt Hudaýdan gorkan bolsady, ol aýaldan gözüni sowup, pikirini başga zada gönükdirerdi. Dawudyň «seredip» durany sebäpli, onuň azgyn nebsi hudaýhonlygyndan üstün çykdy (Matta 5:28; 2 Patyşalar 11:1—4). Şol wagt Dawut durmuşynyň Ýehowa baglydygyny unutdy (Zebur 139:1—7).
16. Dawudyň eden günäsiniň soňy näme boldy?
16 Dawut Batşeba bilen zyna edensoň, olaryň ogly bolýar. Soňra Ýehowa Dawudyň günäsini paş etmek üçin onuň ýanyna Natan pygamberi ýollaýar. Dawut eden günäsini boýun alyp, Hudaýdan gorkup toba edýär. Ol Ýehowadan ony terk etmezligi ýa-da mukaddes ruhuny almazlygy dileýär (Zebur 51:7, 11). Ýehowa Dawudyň günäsini bagyşlap, berjek jezasyny ýeňilleşdirse-de, ony eden agyr günäsiniň netijesinden goramady. Dawudyň doglan ogly öldi we galan ömrüniň dowamynda maşgalasynda betbagtlyk boldy. Hudaýdan gorkmaklygyň gowşamagy gör, nähili agyr düşýär! (2 Patyşalar 12:10—14; 13:10—14; 15:14).
17. Günäniň nämä eltýändiginiň mysalyny gürrüň beriň.
17 Şu günlerem Hudaýdan gorky gowşanda, adamlaryň edýän ahlaksyzlygy durmuşyna zyýan ýetirýär. Bir ýaş aýal mesihçi äriniň daşary ýurtda işlän mahaly, oňa biwepalyk edenini eşidende, nähili agyr degenini göz öňüňe getir. Howsalaly ýagdaýa düşüp, ol elini ýüzüne tutup möňňürip aglady. Ärine aýalynyň hormatyny gazanmak we ynamyna girmek üçin näçe wagt we güýç gerek bolandyr? Hudaýdan gorksak, şeýle erbet zatlardan daşda bolmaga kömek eder (1 Korintoslylar 6:18).
Hudaýdan gorkmak günä etmekden saklaýar
18. Şeýtanyň maksady näme we ol nähili usullary ulanýar?
18 Şeýtan dünýädäki ahlagy tiz pese düşürýär, esasanam, ol mesihçileri azdyrjak bolup jan edýär. Ol biziň ýüregimize we aňymyza täsir etmek üçin görüş, eşidiş we syzyş duýgularymyzy ulanýar (Efesliler 4:17—19). Ahlaksyz suratlara, ýazgylara ýa-da adamlara birden gözüňiz düşende, siz näme edersiňiz?
19. Hudaýdan gorkmaklyk bir mesihçä günä etmezlige nädip kömek etdi?
19 Ýewropaly ýaşuly we lukman Andreniňb mysalyna seredeliň. Onuň aýaly we çagalary bardy. Ol keselhanada gije nobatçy bolan wagtlary, onuň bilen işleýän aýallar ýürek çekilen haty hemişe onuň ýassygyna berkidip goýardylar. Şeýtmek bilen, oňa jynsy gatnaşykda bolmagy hödürleýärdiler. Andre olaryň teklibini düýpgöter ret edip, ahlaksyzlykdan gaça durmak üçin hatda iş ýerini çalyşdy. Hudaýdan gorkmak paýhasly, Ýehowa hudaýhon adamlara köp bereket berýär. Häzir Andre öz ýurdundaky Ýehowanyň Güwäçileriniň filialynda ştatdan daşary işgär bolup işleýär.
20, 21. a) Hudaýdan gorkmaklyk bize günä etmezlige nädip kömek edýär? b) Indiki makalada nämä serederis?
20 Adam ünsüni erbet pikirlere jemlese, Ýehowa bilen dostlugyny Oňa ýaramaýan işlere çalşyp biler (Ýakup 1:14, 15). Eger-de biz Hudaýdan gorksak ahlagy bozýan erbet adamlardan, ýerlerden, işlerden we göwün açmalardan daşda bolarys (Süleýmanyň tymsallary 22:3). Nämeden geçmeli bolsagam, nähili oňaýsyz ýagdaýa düşsegem Hudaýyň merhemetini almak gowudyr (Matta 5:29, 30). Hudaýdan gorksak hiç haçan bilgeşleýin ahlaksyzlyk etmeris; pornografiýanyň ähli görnüşine seretmän, gözümizi «biderek zatlary görmekden sowarys». Biz şeýtsek, Ýehowanyň gorajakdygyny we gerekli zadymyzy berjekdigine ynanyp bileris (Zebur 84:11,119:37).
21 Dogrudanam, Hudaýdan gorksak we şoňa görä ýaşasak, hemişe paýhasly bolarys. Şeýle-de ol hakyky bagta ýetmäge kömek edýär (Zebur 34:9). Muňa indiki makalada serederis.
a Ýehowanyň Güwäçileriniň «Oýanyň!» atly žurnalynyň (rusça) 1998-nji ýylyň Türkmenbaşy (Ýanwar) aýynyň 8-ine çykan sanynda «Söýýän Hudaýdan gorkmalymy?» diýen makala seret.
b Ady üýtgedilen.
Siz nähili düşündirersiňiz?
• Hudaýdan gorkmak haýsy häsiýetler bilen bagly?
• Hudaýdan gorkmak adamdan gorkmazlyga nädip kömek edýär?
• Doga çynlakaý garaýandygymyzy nädip görkezip bileris?
• Hudaýdan gorkmak günä etmekden nädip saklaýar?