Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w06 1/8 sah. 26—30
  • Ýehowadan gorkýan nähili bagtly!

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýehowadan gorkýan nähili bagtly!
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2006
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Ýitirlen bagty gaýdyp berýär
  • Günä edeniňden, horluk çekeniň ýagşydyr
  • Hudaýdan gorky adamy bagtly edýär
  • «Ýehowanyň özi güýçlendirýär»
  • Gymmatly miras
  • Hudaýdan gorkup, akyldar bol!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2006
  • Ýehowadan gorkup, ýaşaýşyňa guwan
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2007
  • «Öz yradaňy berjaý etmegi maňa öwret»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
  • Ýehowanyň adyny bilelikde beýgeldeliň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2007
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2006
w06 1/8 sah. 26—30

Ýehowadan gorkýan nähili bagtly!

«Rebden gorkýan... nähili bagtly!» (ZEBUR 112:1).

1, 2. Ýehowadan gorkmaklygyň näme peýdasy bar?

BAGTLY bolmak aňsat däl. Hakyky bagta ýetmek üçin erbetlikden gaça durmaly, ýagşylyk etmeli we dogry karara gelmeli. Ýaradyjymyz Ýehowa, hakykat ýolundan ýöremegi öwretmek üçin, bize Mukaddes Ýazgylary berdi. Ýehowanyň görkezmesini gözläp, oňa eýersek we Hudaýdan gorkýandygymyzy görkezsek, ýaşaýşymyzdan kanagatlanyp bagtly bolarys (Zebur 23:1; Süleýmanyň tymsallary 14:26).

2 Şu makalada Mukaddes Ýazgylardaky we şu günlerdäki mysallara serederis. Şol mysallar arkaly Hudaýdan gorkmaklygyň erbet işlere garşy durmaga güýç we dogry işleri etmäge mertlik berýändigini göreris. Biz Dawudyň mysaly arkaly hudaýhonlygyň erbetlikden düzelmäge kömek edip, bagtly edýändigine göz ýetireris. Şeýle-de ata-eneleriň çagalaryna Hudaýdan gorkmaklygyň gymmatly mirasyny galdyryp biljekdigine serederis. Mukaddes Ýazgylarda: «Rebden gorkýan... nähili bagtly» diýilýär (Zebur 112:1).

Ýitirlen bagty gaýdyp berýär

3. Günä edenden soň, Dawuda düzelmäge näme kömek etdi?

3 Geçen makaladan bilşimiz ýaly, Dawut üç sapar Hudaýdan gorkman günä etdi. Ýöne ol soňra Ýehowanyň temmisine gulak asyp, hudaýhondygyny subut etdi. Onuň Hudaýa hormat goýmagy günäsini boýun alyp düzelmegine we Ýehowa bilen aragatnaşygyny berkitmägä kömek etdi. Dawudyň eden ýalňyşlyklary özüne we beýleki adamlara zyýan ýetirse-de, ol ýürekden toba edip, Ýehowanyň kömegini we merhemetini gazandy. Dawudyň mysaly agyr günä eden mesihçileri şu günler hem ruhlandyryp biler.

4. Hudaýdan gorkmaklyk ýene-de bagtly bolmaga nädip kömek edýär?

4 Sonýanyňa mysalyna seredeliň. Ol doly wagtly gullukçy bolsa-da, ýaramaz adamlar bilen dostlaşdy. Sonýa mesihçilere ýaraşmaýan işleri edenligi sebäpli, ýygnak gatnaşygyndan kesildi. Ol aklyna aýlananda, Ýehowa bilen aragatnaşygyny düzetmek üçin elinden gelenini edýär. Soňra ony ýene-de ýygnaga kabul edýärler. Sonýanyň Ýehowa gulluk etmek islegi hiç wagt gowşamandy. Şonuň üçin ol ýene-de pioner bolup gulluk etmegini dowam etdi. Ol soňra göreldeli dogana, ýygnak ýaşulusyna durmuşa çykyp, onuň bilen bile Ýehowa gulluk edýär. Sonýa hakykat ýolundan az wagtlaýyn sowulan hem bolsa gaty ökünýär. Ol Hudaýdan gorkup, yzyna dolanandygyna örän begenýär.

Günä edeniňden, horluk çekeniň ýagşydyr

5, 6. Nädip we näme üçin Dawut iki gezek Sauly öldürmedi. Düşündiriň.

5 Hudaýdan gorkmaklyk adamy günä etmekden saklasa gowy bolardy. Dawut bilen bolan bir waka seredeliň. Bir sapar Saul üç müň esgeri bilen Dawudy yzarlap ýörkä, ol Dawudyň we onuň adamlarynyň gizlenen gowagyna bardy. Adamlar Dawuda Sauly öldürmäge küşgürýärdiler. Ýehowa Dawuda el galdyrmaga rugsat berdimikä? Dawut assyrynlyk bilen baryp, onuň ýeňsiz donunyň gyrasyny kesip aldy. Onuň eden işi zelelsiz bolsa-da, hudaýhon Dawudyň wyždany ezýet berdi, çünki ol eden işine ökündi. Dawut: «Meniň hojaýynyma, Ýehowanyň bellänine şeýle etmäge, Ýehowa maňa ýol bermesin» diýip, gaharlanýan adamlaryny kowdyb (1 Patyşalar 24:1—7).

6 Soňra Saul gijesine esgerleri bilen meýdanda düşlände «Ýehowa olary süýji uka» gidirýär. Dawut we onuň batyrgaý ýegeni Abişaý düşelgäniň ortasynda ýatan Saulyň üstüne barýarlar. Abişaý Sauly öldürip, ondan dynjak bolýar. Dawut ony saklap: «Kim Ýehowanyň bellänine el göterip jezasyz galar?» diýdi (1 Patyşalar 26:9, 12).

7. Günä etmekden Dawudy näme saklady?

7 Näme üçin Dawut iki amatly pursat ýüze çykanda-da Sauly öldürmedi? Sebäbi ol Sauldan zyýada Ýehowadan gorkýardy. Dawut günä edeninden, Ýehowadan gorkup, horluk çekenini gowy görýärdi (Ýewreýler 11:25). Ol özüniň we halkynyň aladasyny Ýehowanyň etjekdigine berk ynanýardy. Dawut Ýehowa gulak assa we oňa bil baglasa bagtly boljakdygyny, köp bereketler aljakdygyny, emma Hudaýy äsgermezlik etse, onuň närazylygyny gazanjakdygyny bilýärdi (Zebur 65:4). Şeýle-de Dawut wagty gelende Hudaýyň özi Sauly aýryp, ony patyşalyk tagtyna geçirjekdigini bilýärdi (1 Patyşalar 26:10).

Hudaýdan gorky adamy bagtly edýär

8. Yzarlanan wagty Dawudyň özüni alyp barşy bize näme üçin gowy görelde?

8 Biziň mesihçi bolanymyz üçin, üstümizden gülmekleri, yzarlamaklary we başga-da synaglara duşmagymyz mümkin (Matta 24:9; 2 Petrus 3:3). Käwagt dogan-uýalaryň arasynda hem düşünişmezlik bolýar. Biz Ýehowanyň ähli zady görýändigini, dogamyzy eşidýändigini we kynçylyklary öz wagtynda islegine görä çözjekdigini bilýäris (Rimliler 12:17—21; Ýewreýler 4:16). Şonuň üçin biz duşmanlardan gorkman, Ýehowadan gorkup, onuň halas etjekdigine garaşýarys. Bizem Dawut ýaly öç almaly däl. Hudaýyň prinsiplerini hem horluk çekmezlik üçin bozmaly däl. Şeýtsek, biz ahyryndy bagtly bolarys. Nädip?

9. Yzarlamalara garamazdan, Hudaýdan gorkmagyň şatlyk berýändiginiň mysalyny gürrüň beriň.

9 Afrikada köp ýyldan bäri gulluk edýän missioner bir wakany ýatlap, şeýle gürrüň berýär: «Bir uýa ýetginjek gyzy bilen mesihçi bolany sebäpli, partbilet satyn almadylar. Şonuň üçin olary birnäçe erkek adamlar wagşylarça urup, soňra öýlerine goýberdiler. Şonda näme üçin urulandyklaryna düşünmän aglap barýan gyzyny ejesi köşeşdirjek boldy. Şol wagt olar gamgyn bolsa-da, olaryň ynsaby arassady. Soňra olar Hudaýa gulak asandyklaryna örän begendiler. Eger olar partbileti satyn alan bolsadylar, onda olary uran adamlar begenerdiler. Olara limonad berip, öýüne baryp ýetýänçäler, daş-töwereginde tans edip ugradardylar. Eger-de eneli-gyz Hudaýyň kanunyny bozan bolsady, onda dünýäde iň bagtsyz adamlaryň biri bolardylar. Hudaýdan gorkmak olary erbet duýgulardan gorady.

10, 11. Bir aýalyň Hudaýdan gorkmagy nähili gowy netije getirdi?

10 Hudaýdan gorkup, ýaşaýşa hormat goýmak hem adamy bagtly edýär. Meri üçünji çagasyna göwrelikä, lukman çagasyny aýyrtmagy maslahat berdi. Lukman oňa şeýle diýdi: «Siziň ýagdaýyňyz gaty agyr. Ýigrimi dört sagadyň içinde ýagdaýyňyz has agyrlaşsa ölmegiňiz mümkin. Şonda siziň çagaňyz hem öler. Ýagdaýyňyz nähili bolaýanda-da, çagaňyz sagdyn dogulmaz». Meri şol wagt Ýehowanyň Güwäçileri bilen Mukaddes Ýazgylary öwrenýärdi. Ýöne entek suwda çokundyrylmandy. Meri şeýle diýýär: «Men suwda çokundyrylmasamda, Ýehowa gulluk etmegi ýüregime berk düwdüm. Şonuň üçin soňy nähili bolsa-da, Hudaýa gulak asmak kararyna geldim» (Çykyş 21:22, 23).

11 Meri göwrelikä Mukaddes Ýazgylary öwrenmegi dowam edip, maşgalasynyň aladasyny etdi. Soňra onuň çagasy boldy. «Üçünji çagamy beýleki iki çagama garanyňda dogurmak kynrak bolsa-da, agyr zeleli bolmady» diýip, Meri gürrüň berýär. Meri Hudaýdan gorkup, ynsabyny arassa saklady. Tizden ol suwda çokundyryldy. Meriniň şol çagasy ulalyp, Ýehowadan gorkmagy öwrendi. Häzir ol Ýehowanyň Güwäçileriniň filiallaryň birinde gulluk edýär.

«Ýehowanyň özi güýçlendirýär»

12. Dawudyň Hudaýdan gorkmaklygy ony nädip güýçlendirdi?

12 Dawudyň Hudaýdan gorkmaklygy ony diňe erbet iş etmekden saklamady. Ol oňa kyn ýagdaýlarda aýgytly we paýhasly bolmaga kömek edýär. Dawut öz adamlary bilen bir ýyl we dört aý filistilileriň ýurdunda Sekelag şäherinde gizlenýär (1 Patyşalar 27:5—7). Şol wagtlar erkek adamlar şäherde ýokka, amelekliler şäheri oda berip, aýallaryny, çagalaryny we sürülerini ýesir alyp gidýärler. Dawut adamlary bilen şähere dolanyp gelende, bolan zatlary görüp, möňňürip aglaýarlar. Dawudyň adamlary gaharlanyp, Dawudy daşlajak boldular. Dawut gynansa-da tapdan düşmedi (Süleýmanyň tymsallary 24:10). Ol Hudaýdan gorkýandygy üçin Ýehowa doga etdi, şonda «Ýehowa ony güýçlendirdi». Hudaýyň kömegi bilen Dawut we onuň adamlary ameleklileriň yzyndan ýetip, bar zadyny alyp yzyna getirdiler (1 Patyşalar 30:1—20).

13, 14. Bir uýamyza dogry karara gelmäge Hudaýdan gorkmaklygy nädip kömek edýär?

13 Şu günlerem Hudaýyň gullukçylary Ýehowa bil baglamaly we aýgytly bolmaly ýagdaýlara duş gelýärler. Kristina bilen bolan bir waka seredeliň. Kristina ýaş wagtlary Ýehowanyň Güwäçileri bilen Mukaddes Ýazgylary öwrenýärdi. Ýöne ol pionino çalyp, konsertde çykyş etmegi arzuw edýärdi. Ol arzuwyna ýetip, şol ugurdan üstünlikler hem gazandy. Ol wagyz etmäge çekinýändigi sebäpli, suwda çokundyrylmakdan gorkýardy. Muňa seretmezden, Kristina Mukaddes Ýazgylar okuwyny okamaklygy dowam etdi. Ol Hudaýyň sözüniň täsirini duýup, Ýehowadan gorkmagy öwrendi. Ýehowa gullukçylaryndan bütin jany, düşünjesi we güýji bilen özüniň söýmegine garaşýandygyna Kristina düşündi (Markus 12:30). Bu ony özüni Ýehowa bagyş edip, suwda çokundyrylmaga höweslendirdi.

14 Kristina Ýehowadan ruhy taýdan ösmegine kömek sorady. Ol şeýle gürrüň berýär: «Men pianino çalyp, konsertde çykyş etmek üçin mydama ýolda bolmalydygymy we şertnama boýunça ýylda dört ýüz sany konsert bermelidigimi bilýärdim. Şol sebäpli men Ýehowa doly wagtly gulluk edip biler ýaly, özümi eklemek üçin mugallym bolup işlemegi ýüregime düwdüm». Şol wagt Kristina öz ýurdundaky uly konsert zallarynyň birinde birinji gezek çykyş etmelidi. Ol: «Meniň şu ilkinji we soňky çykyşym hem boldy» diýýär. Soňra Kristina ýygnakdaky ýaşulularyň birine durmuşa çykýar. Häzir olar Ýehowanyň Güwäçileriniň filiallarynyň birinde gulluk edýärler. Kristina dogry karara gelmäge Ýehowanyň kömek edendigine we oňa gulluk etmek üçin wagtyny hem güýjüni sarp edip bilýändigine diýseň begenýär.

Gymmatly miras

15. Dawut çagalaryna nämäni miras galdyrjak boldy we nämeler etdi?

15 Dawut pygamber: «Geliň, eý ogullarym, meni diňläň; men size Rebden gorkmagy öwredeýin» diýdi (Zebur 34:11). Dawut çagalaryna gymmatly mirasy galdyrmaga jan edip, ýagny Ýehowadan hakyky, peýdaly gorkuda bolmagy öwredýärdi. Ol aýdýan sözleri we özüni alyp barşy bilen Ýehowany gorkunç, ujypsyz günäleri üçin adamlary jezalandyrýan Hudaý ýaly görkezmedi. Dawut Hudaýy ýerdäki çagalaryny söýýän, aladasyny edýän we geçirimlik edýän Ata hökmünde tanatdy. Dawut şeýle sorag berýär: «Onuň hatalaryny kim aňyp biler? — soňra ol — ýalňyşlyklarymyzy kim hasaba alar?» diýip, Ýehowany mydama biziň ýalňyşlyklarymyzy gözlemeýändigine ynanýandygyny görkezip: «meni erbet işlerden gorap, päk sakla» diýýär. Dawut bar güýjüni sarp etse, sözleriniň we oý-pikirleriniň Ýehowa ýarajakdygyna ynanýardy (Zebur 19:12, 14, Byington [18:13, 15]).

16, 17. Ata-eneler çagalaryna Ýehowadan gorkmagy nädip öwredip bilerler?

16 Dawut ata-eneler üçin gowy görelde. Inisi bilen Ýehowanyň Güwäçileriniň filiallarynyň birinde gulluk edýän Ralf şeýle diýýär: «Ata-enemiz hakykat bize ýakymly bolar ýaly edip terbiýelediler. Biz kiçi bolsak-da, olar biziň bilen ýygnagyň işleri barada gürleşýärdiler. Olaryň gulluga bolan yhlaslaryny görüp, biziňem yhlasymyz artdy. Olar biziň Ýehowa gulluk etmekde, peýdaly işler edip biljekdigimize düşünmäge kömek etdiler. Biziň maşgalamyz birnäçe ýyl wagyzçylar ýetmeýän ýurtda ýaşap, täze ýygnaklaryň döremegine kömek etdi.

17 Bize dogry ýolda galmaga talap ediji düzgünler däl-de, Ýehowanyň ýagşy we aladamyzy edýän hakyky Hudaýdygyna ata-enemiziň ynanýandyklary kömek etdi. Olar Ýehowa barada has köp bilim almaga we oňa ýaranmaga jan edýärdiler. Biz ata-enemizden Ýehowany söýmegi we ondan hakykatdan gorkmagy öwrendik. Biz bir erbet iş edenimizde, Ýehowa indi bizi söýmeýär diýen pikir döremez ýaly, ata-enemiz özlerini paýhasly alyp barýardylar. Olar ganygyzmalyk ýagdaýynda-da, paýhassyz çäkleri goýmaýardylar. Olar biziň bilen gürleşip, ýalňyşyklarymyzy düşündirýärdiler. Käwagt ejemiziň gözýaşlary biziň ýüregimizi paralaýardy, emma gowy netije berýärdi. Ata-enemiziň aýdýan sözlerinden we özlerini alyp baryşlaryndan, Ýehowadan gorkmagyň peýdalydygyny, Ýehowanyň Güwäçisi bolmak kyn däl-de, gaýtam şatlyk berýändigini we bagtly edýändigini bildik (1 Ýahýa 5:3).

18. Hak Hudaýdan gorkmaklyk bize näme berýär?

18 «Dawudyň soňky sözlerinde» şeýle diýilýär: «Adamlaryň üstünden hökümdarlyk edýän adalatly, Hudaýdan gorkup hökümdarlyk etse, onda gün şöhle saçýan wagty dury asmanda daň ýagtylygy kimin bolar (2 Patyşalar 23:1, 3, 4). Dawudyň ogly hem-de mirasçysy Süleýman, şu sözleriň paýhaslydygyna düşünip, Ýehowadan: «gulak asýan ýüregi» we «ýagşylygy hem-de ýamanlygy saýgarmagy» sorady (3 Patyşalar 3:9). Sebäbi Süleýman Hudaýdan gorksa, akyldar we bagtly boljakdygyna düşünýärdi. Soňra ol Wagyzçy kitabyny şeýle sözler bilen jemledi: «Hakykatyny aýdanyňda, şuňa gulak asalyň: Hak Hudaýdan gorkup, onuň tabşyryklaryny berjaý et. Ine, ynsandan talap edilýän hem şol.Çünki hak Hudaý ýagşy bolsun, ýaman bolsun ýa-da gizlin bolsun, her bir işi höküm eder» (Wagyzçy 12:13, 14). Biz şu maslahata gulak assak, onda «pes göwünliligiň we Rebden gorkmagyň sylagy» diňe bir paýhasly hem-de bagtly etmän, «baýlyk, hormat we ýaşaýyş» hem berýändigine göz ýetireris (Süleýmanyň tymsallary 22:4).

19. Hudaýdan gorkmalydygyna düşünmek üçin biz näme etmeli?

19 Mukaddes Ýazgylardaky we şu günki gullukçylaryň mysallaryndan, Hudaýdan gorkmaklygyň Ýehowanyň gullukçylarynyň durmuşynda esasy orun eýeleýändigine göz ýetirdik. Şeýle gorky diňe gökdäki Atamyza ýaramaýan işleri etmekden saklaman, eýsem duşmanlara garşy durmaga, synaglara döz gelmäge hem-de kynçylyklary ýeňmäge güýç berip, mert bolmaga kömek edýär. Şonuň üçin, geliň, ýaşlaram, gartaşanlaram Mukaddes Ýazgylary dykkatly öwrenip, öwrenen zatlarymyz barada oýlanyp, hemişe ýürekden doga edip, Ýehowa ýakynlaşalyň. Şeýtmek bilen, biz «Hudaýy tanarys» we Hudaýdan hakykatdan gorkmalydygyna düşüneris (Süleýmanyň tymsallary 2:1—5).

a Ady üýtgedilen.

b Mümkin, şu waka Dawudy 57, 142-nji mezmurlary ýazmaga höweslendiren bolsa gerek.

Siz nähili düşündirersiňiz?

Hudaýdan gorkmak nädip:

• agyr günä edenimizde, Hudaýa dolanmaga kömek edýär?

• synaglary hem-de kynçylyklary başdan geçirenimizde bagtly edýär?

• Hudaýyň islegini berjaý etmek üçin güýçlendirýär?

• çagalarymyza gymmatly miras bolup biler?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş