13-NJI SAPAK
Dinler Hudaý barada ýalan zatlary öwredýär
Hudaý adamlary söýýär. Ýöne dinler Hudaýyň adyndan erbet işleri edýärler, Hudaý barada ýalan zatlary öwredýärler. Olar nähili ýalan zatlary öwredýärler? Hudaý muňa nähili garaýar? Ol ýalan dinleri näme eder?
1. Hudaý barada nähili ýalan zatlar öwredilýär?
Ýalan dinler «Hudaýyň açan hakykatyny däl-de, ýalan zatlary» öwredýärler (Rimliler 1:25). Mysal üçin, köp dinlerde Hudaýyň adyny tutmaly däl diýilýär. Emma Mukaddes Kitap Hudaýyň adyny tutmaga höweslendirýär (Rimliler 10:13, 14). Käbir dini ýolbaşçylar: «Hudaýsyz çöp başy gymyldamaz» diýip, kynçylyklary Hudaýdan görýärler. Olaryň öwredýän zatlary ýalan, Allatagala hiç haçan adamlara ýamanlyk etmeýär (Ýermeýanyň agysy 3:33-i oka). Şeýdip, ýalan dinlere uýýan adamlar Hudaýdan uzaklaşýarlar.
2. Dinler Hudaýyň adyny nädip garalaýar?
Ýehowa adamlary gowy görýär. Ýöne dini ýolbaşçylar adamlaryň aladasyny etmeýär, olar diňe özüni bilýärler. Mukaddes Kitapda olaryň «günäleri köpelip, göge ýetdi» diýilýär (Ylham 18:5). Asyrlarboýy dinler syýasata, uruşlara goşulyp, birgiden bigünä adamlaryň ganyna galdylar. Käbir dini ýolbaşçylar keýpi-sapa edip, adamlaryň hasabyna ýaşaýarlar. Olar Hudaý bilen dostlaşmagyň deregine, erbet işleri edip, ondan daşlaşýarlar. Şonuň üçin olar adamlara Hudaý bilen dostlaşmaga kömek edip bilmez (1 Ýahýa 4:8-i oka).
3. Hudaý ýalan dinlere nähili garaýar?
Ýalan dini ýolbaşçylaryň erbet işleri edýändigini göreniňde, gaharyň gelýändir. Onda Ýehowa Hudaýyň hasam gahary gelmezmi?! Allatagala adamlary söýýär, ýöne onuň dini ýolbaşçylara gahary gelýär, sebäbi olar ýalan zatlary öwredip, adamlaryň durmuşyny kynlaşdyrýarlar. Ol ýalan dinleri ýok etjekdigini we olaryň «hiç haçan bolmajakdygyny» söz berýär (Ylham 18:21). Tizden Hudaý ähli ýalan dinleri ýok eder (Ylham 18:8).
SÖHBETDEŞLIK
Ýalan dinleriň edýän erbet işleri we Hudaýyň olara garaýşy hakda bileliň. Biz ikiýüzli dini ýolbaşçylar sebäpli Ýehowadan daşlaşmaly däl.
4. Hudaý ähli dinlerden razymy?
Köp adamlar: «Haýsy dine uýsaňam, haýsy ýoldan ýöreseňem, hemmämiz bir Hudaýa ynanýarys» diýýärler. Ýöne hemme dinler Hudaýa ýakynlaşdyrýarmy? Matta 7:13, 14-nji aýatlary okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.
Mukaddes Kitaba görä, nähili ýol ebedi ýaşaýşa eltýär?
WIDEONY görüp, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.
Hudaý ähli dinlerden razymy?
5. Ýalan dinler Hudaýy zalym edip görkezýär
Dinler her dürli işleri edip, Hudaýy zalym edip görkezýärler. Esasanam, dini ýolbaşçylar uruşlara ak pata berýärler. Geliň, bir wideo göreliň. WIDEONY görüp, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.
Ikinji jahan urşunda buthanalar nähili zyýan ýetirdi?
Sen olaryň eden işlerine nähili garaýarsyň?
Ýahýa 13:34, 35 we 17:16-njy aýatlary okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.
Ýehowa dinleriň uruşlary goldamagyna nähili garaýar?
Dini ýolbaşçylar erbet işleri üçin Hudaýyň öňünde jogap bermeli bolarlar. Ýalan dinler Hudaýy nädip zalym edip görkezýär?
Ýalan dinler Hudaýy zalym edip görkezýär.
6. Hudaý adamlaryň ýalan dinden çykmagyny isleýär
Ylham 18:4-i okapa, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.
Hudaýyň adamlary ýalan dinden çykarmak isleýändigi saňa nähili täsir edýär?
7. Hak Hudaý barada öwrenmegiňi goýma
Dinlerde erbet işler edilýändigi üçin Hudaýy günäkärleseň, dogry bolarmy? Göz öňüne getir, ogly kakasyna gulak asman, öýünden gidýär, islänini edip ýaşaýar. Kakasy oglunyň bolup ýörşüni halamaýar. Oglunyň erbet ýola düşmegine näme üçin kakasy günäkär däl?
Ýalan dinlerde erbet işleriň edilýändigi üçin Ýehowany günäkärlemek we ol barada öwrenmegiňi bes etmek dogrumy?
ADAMLAR ŞEÝLE DIÝSE: «Diniň erbedi ýok, ählisem gowy zat öwredýär».
Senem şeýle pikir edýärsiňmi?
Hemme dinler gowy zat öwredýän bolsa, onda näme üçin Hudaý olardan razy däl?
ESASY PIKIRLER
Dinler Hudaý barada ýalan zatlary öwredip we erbet işleri edip, onuň adyny garalaýar. Hudaý ýalan dinleri ýok eder.
Gaýtalamak
Sen ýalan dinleriň öwredýän zatlaryna we edýän işlerine nähili garaýarsyň?
Ýehowa ýalan dinlere nähili garaýar?
Hudaý ýalan dinleri näme eder?
KÖPRÄK BILIŇ
Islendik dine uýup, Hudaýy razy edip bolýarmy?
«Dinleriň bary meňzeşmi? Olaryň hemmesi Hudaýa ýakynlaşdyrýarmy?» (Internet makala)
Ýehowa biziň näme üçin halky bilen sežde etmegimizi isleýär?
Bir ruhanynyň öz dininden göwni geçse-de, Hudaýy tanasy gelýärdi.
«Katolik dininden ýüz öwren ruhany» («Oýanyň!» fewral, 2015)
Dini ýolbaşçylar Hudaý barada ýalan zatlary öwredip, ony zalym, doňýürek edip görkezýärler.
«Hudaýy rehimsiz görkezýän ýalan zatlar» («Garawul diňi» 1 noýabr, 2013)
a Ylham kitabynda ýalan dinler aýala meňzedilýär, olara Beýik Wawilon diýilýär. Kitabyň soňundaky 1-nji goşmaça maglumata serediň.