Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • mwbr25 Mart sah. 1—12
  • «Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • «Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar
  • «Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar (2025)
  • Sözbaşylar
  • 3—9 MART
  • 10—16 MART
  • 17—23 MART
  • 24—30 MART
  • 31 MART—6 APREL
  • 7—13 APREL
  • 14—20 APREL
  • 21—27 APREL
  • 28 APREL—4 MAÝ
«Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar (2025)
mwbr25 Mart sah. 1—12

«Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar

© 2024 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania

3—9 MART

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR NAKYLLAR 3

Ýehowa doly bil baglaň

w11 15/11 sah. 6, abz. 2, 3

«Öz düşünjäňe daýanma»

2 Kynçylyklara uçranyňda, bir wajyp karara geleniňde ýa-da günäli höweslere garşy duranyňda, sen kime bil baglaýarsyň? Sen özüňe bil baglaýarmyň ýa-da «ýüküňi Rebbiň üstüne taşlaýarsyň»? (Zeb. 55:22). Zeburda «Rebbiň gözleri dogry adamlardadyr, gulaklary olaryň perýadyna açykdyr» diýilýär (Zeb. 34:15). Öz düşünjäňe daýanman, Ýehowa bütin ýüregiň bilen bil baglamak nähili wajyp! (Sül. tym. 3:5).

3 Biz Ýehowanyň talaplaryny ýerine ýetirip, oňa bütin ýüregimiz bilen bil baglaýandygymyzy görkezýäris. Biz oňa yzygiderli doga etsek, ol kömek eder we görkezme berer. Emma adamlaryň köpüsi Ýehowa bil baglamak kyndyr öýdýär. Meselem, Linn atly uýa Ýehowa doly bil baglamak üçin köp tagalla edendigini aýdýar. Näme üçin? Ol şeýle diýýär: «Men kakam bilen gatnaşmaýardym, ene mährini hem görmedim, sebäbi ol aladamy etmeýärdi. Şonuň üçin men öz günümi özüm görmegi çalt öwrendim». Şol sebäpli Linna kimdir birine bil baglamak kyndy. Käbir adamlar Ýehowa bil baglaman, ukybyna we tejribesine bil baglaýar. Mysal üçin, tejribeli ýaşuly ýygnakdaky meseläni çözende, Hudaýa doga etmän, has-da öz tejribesine bil baglamagy mümkin.

w19.11 sah. 15, abz. 4

Siziň «uly iman galkanyňyz» berkmi?

4 Bizem esgerler ýaly iman galkanymyzy barlap we abatlap dursak, hemişe söweşe taýýar bolarys. Biz ruhy söweşi alyp barýarys, duşmanlarymyz bolsa zalym ruhlar (Efes. 6:10—12). Hiç kim bize derek iman galkanymyzy berkidip bilmez. Biz synagda ýykylmaz ýaly, iman galkanymyzyň berkdigini nädip anyklap bileris? Ilki bilen, Hudaýdan kömek sorap doga etmeli. Soňra Mukaddes Kitaby okap, Hudaýyň isleýşi ýaly iman edýändigimizi barlamaly (Ýew. 4:12). Mukaddes Kitapda: «Ýehowa bütin ýüregiň bilen bil bagla, düşünjäňe daýanma» diýilýär (Nak. 3:5, 6). Ýaňy-ýakynda durmuşyňyzda bolan waka hakda oýlanyp görüň. Belki, siz pulsuzlykdan kösenensiňiz. Şonda Ýehowanyň Ýewreýler 13:5-däki: «Men seni terk etmerin, hiç wagt taşlamaryn» diýen wadasy ýadyňyza düşdümi? Şu aýat Ýehowanyň size kömek etjekdigine ynamyňyzy berkitdimi? Eger şeýle bolsa, siziň iman galkanyňyz berk diýse bolar.

be sah. 76, abz. 4

Ilerlemegiňizi dowam ediň

Durmuşda dürli ýagdaýlara uçran adam: «Men öň hem şeýle ýagdaýy başdan geçiripdim. Indi näme etmelidigimi bilýärin» diýip, pikir etmegi mümkin. Ýöne şeýle pikir etmek paýhaslymy? Süleýmanyň tymsallary 3:7-de: «Öz gözüňe akyldar görünme» diýilýär. Tejribeli adam käbir meseleleri çözende, köp zatlary göz öňüne tutup biler. Ýöne biz ruhy taýdan ilerleýän bolsak, onda toplan tejribämiz aň-düşünjämize we ýüregimize täsir eder. Şonda biz üstünlik gazanmak üçin Ýehowanyň patasyna mätäçdigimize düşüneris. Eger biz göwnüýetijilik bilen özümize bil baglaman, ähli ýagdaýda Ýehowanyň görkezmesini agtarsak, ruhy taýdan ilerleýändigimizi görkezeris. Ýehowa ýol bermese hiç bir zadyň bolmajakdygyna düşünmeklik hem ilerleýşimizi görkezer. Bu bize gökdäki Atamyz bilen dostlugymyzy berkitmäge kömek eder.

Dürdäne pikirler

w21.11 sah. 8, abz. 1, 2

Birek-birege wepaly söýgini bildireliň!

WEPALY SÖÝGINI bildirmek örän wajyp. Näme üçin? Mukaddes Kitapda şeýle diýilýär: «Wepaly söýgi we dogruçyllyk hemraň bolsun... Şonda Hudaýyň we adamlaryň öňünde ýagşy adyň bolar». «Wepaly söýgini bildirýän adam haýyr tapar». «Adalatly we wepaly söýgä baý adam ýaşaýşa... eýe bolar» (Nak. 3:3, 4, çykgyt; 11:17, çykgyt; 21:21, çykgyt).

2 Şu aýatlarda wepaly söýgini bildirmegiň üç sebäbi aýdylýar. Birinjiden, wepaly söýgini bildirsek, Ýehowanyň eý görýän perzentleri bolarys. Ikinjiden, wepaly söýgini bildirsek, özümizi bagtly duýarys, köp adamlar bilen dostlaşarys we ýürekden şatlanarys. Üçünjiden, wepaly söýgini bildirsek, biz bol bereketlere eýe bolarys we ýer ýüzünde boljak Jennetde ebedi ýaşarys. Hawa, Ýehowanyň «biri-biriňize wepaly söýgini bildiriň, rehimdar boluň» diýen maslahatyna eýersek görjegimiz gowy bolar (Zek. 7:9, çykgyt).

10—16 MART

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR NAKYLLAR 4

«Ýüregiňi gora»

w19.01 sah. 15, abz. 4

Ýüregiňizi goraň

4 Süleýmanyň tymsallary 4:23-de agzalýan «ýürek» adamyň içki dünýäsini aňladýar (Zebur 51:6-ny okaň). Başgaça aýdanyňda, «ýürek» bu biziň pikirlerimizi, duýgularymyzy we isleg-arzuwlarymyzy aňladýar. Bu söz biziň daşymyzdan däl-de, içimizden nähili adamdygymyzy görkezmek üçin ulanylýar.

w19.01 sah. 17, abz. 10, 11

Ýüregiňizi goraň

10 Eger biz ýüregimizi gorap saklamak islesek, onda howply ýagdaýlary öňünden görüp, derrew hereket ederis. Süleýmanyň tymsallary 4:23-däki «gora» diýen söz garawulyň işini ýadymyza salýar. Süleýman patyşanyň günlerinde garawullar şäheriň diwarynyň ýokarsynda durup, ýaşaýjylara abanýan howp barada duýdurýardylar. Bu bize Şeýtan pikirimizi zäherlemez ýaly, näme etmelidigimize düşünmäge kömek edýär.

11 Gadymy döwürde garawullar derwezebanlar bilen ýakyndan işleşýärdi (2 Şam. 18:24—26). Şeýdip, olar duşman gelen wagty şäheriň derwezeleriniň ýapyk durmagyna gözegçilik edýärdi (Neh. 7:1—3). Mukaddes Ýazgylara görä terbiýelenen ynsabymyz edil garawul ýaly, Şeýtanyň ýüregimizi eýelejek bolýandygyny, ýagny pikirimize, duýgymyza we isleg-arzuwymyza täsir etjek bolýandygyny öňünden duýdurýar. Ynsabymyz duýduryş berende, biz oňa gulak asmaly we göçme manydaky derwezämizi ýapmaly, ýagny howpdan goranmaly.

w19.01 sah. 18, abz. 14

Ýüregiňizi goraň

14 Ýüregimizi goramak üçin, biz diňe bir erbet zatlary ret etmän, gowy zatlaryň ýüregimize täsir etmegine ýol bermeli. Şäheriň diwaryny ýadymyza salalyň. Duşmanyň goşuny şähere girip bilmez ýaly, derwezeban onuň derwezelerini ýapyp goýýar. Ýöne başga wagt, meselem, iýmit ýa başga gerek-ýarak zatlar getirilende, ol şäheriň derwezelerini açýar. Eger derwezeler hemişe ýapyk dursa, onda şäheriň ýaşaýjylary açlykdan ölerdi. Edil şonuň ýaly, bizem Hudaýyň pikiriniň özümize täsir etmegine ýol bermek üçin ýüregimiziň gapylaryny açmaly.

w22.10 sah. 21, abz. 15

Allanyň akyldarlygy ýaň salýar

Ýüregiňizi goraň. Mukaddes Kitapda: «Ähli zatdan öňürti ýüregiňi gora, sebäbi ol ýaşaýşyň gözbaşydyr» diýilýär (Nak. 4:23). Biz ýüregimizi goramak üçin sagdyn iýmitlenmeli, beden maşkyny etmeli we erbet endikleri taşlamaly. Edil şonuň ýaly, göçme manydaky ýüregimizi goramak üçin her gün Hudaýyň Sözüni okamaly, ýygnaklara öňünden taýýarlanmaly, jogap bermeli we yhlasly wagyz etmeli. Şeýle-de aňymyzy zäherleýän ahlaksyz göwün açmalardan seresap bolmaly we ýaman ýaranlar bilen gatnaşmaly däl.

Dürdäne pikirler

w21.08 sah. 8, abz. 4

Ýehowa sabyrly garaşyň

4 Nakyllar 4:18-de: «Dogruçyllaryň ýodasy daň şapagy kimindir, ol süýr günortana çenli barha ýagtylýar» diýilýär. Şu aýatdan görnüşi ýaly, Ýehowa halkyna öz niýetini ýuwaş-ýuwaşdan aýan edýär. Şeýle-de adama gylyk-häsiýetini üýtgedip, Ýehowa bilen dostlaşmak üçin hem wagt gerek bolýar. Eger biz Mukaddes Kitaby we edebiýatlarymyzy okap, maslahatlaryny durmuşymyzda ulansak, ýagşy häsiýetleri ösdüreris, Hudaýy ýakyndan tanarys. Geliň, Isa pygamberiň gürrüň beren mysalyna seredeliň.

17—23 MART

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR NAKYLLAR 5

Ahlaksyz işlere baş goşmaň

w00 15/7 sah. 29, abz. 1

Ahlaksyz dünýäde arassa ynsaply boluň

Şu aýatda agzalýan aýala «ýat» ýa-da azgyn aýal diýilýär. Ol bal ýaly süýji gepläp, ýag ýaly ýakymly sözläp, adamy duzaga salýar. Köplenç şeýle sözler adamy ahlaksyzlygyň toruna düşürýär. Geliň, 27 ýaşly, owadan, kätip gyz Emi hakda gürrüň edeliň. Ol şeýle gürrüň berýär: «Işdeşim hemişe meniň aladamy edýärdi. Mümkinçilik döredigi, meni öwýärdi. Elbetde, ýakymly sözler gulaga hoş ýakýar. Emma onuň niýeti ýamandy, menden näme isleýändigini bilýärdim. Men onuň oýnatgysy bolasym gelmeýärdi». Hawa, adamyň hoş sözleri näme niýet bilen aýdýandygyna düşünmeseň, zäherli sözleri hem bal ýaly bolar. Erbet adamyň duzagyna düşmezlik üçin, ýagşy-ýamany saýgarmagy başarmaly.

w23.06 sah. 22, 23, abz. 9, 10

Hak Hudaýdan gorkýanlar bereket alar

9 Ahlaksyzlyk etmek nähili zyýan ýetirýär? «Akylsyz aýal» myhmanlaryna: «Ogurlanan suw süýjüdir» diýýär. Ogurlanan suw nämäni aňladýar? Mukaddes Kitapda är-aýalyň arasyndaky jynsy gatnaşyk sowuk suwdan ganmak bilen deňeşdirilýär (Nak. 5:15—18). Är-aýalyň arasyndaky jynsy gatnaşyk olaryň ikisine-de lezzet berýär we maşgala ojagyny berkidýär. Emma «ogurlanan suw» Hudaýyň öňünde günä hasaplanýar we döwletiň kanunyna-da garşy gelýär. Ahlaksyzlyk edýän adamlar ogrular ýaly haýasyz işleri gizlinlikde edýär. Onda ogurlanan suw haýsy manyda «süýji» bolup biler? Ahlaksyzlar ogrular ýaly edýän işini hiç kim görmeýär diýip pikir edýär, emma olar gaty ýalňyşýar. Sebäbi Ýehowa ähli zady görýär. Şeýle işleri edýän adamlaryň Hudaý bilen dostlugy bozulýar. Şonuň üçin ogurlanan suwa süýji däl-de, ajy diýse bolar (1 Kor. 6:9, 10). Emma ahlaksyzlyk etmek başga-da köp zyýan ýetirýär.

10 Ahlaksyzlyk edýänler masgara bolýar, özüni dereksiz duýýar, islemeseler-de göwreli bolýar we olaryň maşgala ojagy dargaýar. Akyldar adamlar akylsyz aýalyň köçesinden hem geçmeýär. Sebäbi akylsyz aýalyň myhmanlary ruhy taýdan heläkçilige uçraýar, ýagny olaryň Hudaý bilen dostlugy bozulýar. Şeýle-de olar jynsy gatnaşyk arkaly geçýän kesele ýolugyp, ýaş aradan çykýar (Nak. 7:23, 26). Şonuň üçin Nakyllar 9:18-de: «Aýalyň... myhmanlary mazara inýär» diýilýär. Onda näme üçin köp adamlar akylsyz aýalyň çakylygyny kabul edýär? (Nak. 9:13—18).

w15 15/6 sah. 15, 16, abz. 8—10

Bu dünýäde aýypsyz galalyň

8 Süleýmanyň tymsallary 5:8-de: «Ýoluňy ol (ahlaksyz) aýaldan uzaklaşdyr, öýüniň gapysyna golaý barma» diýip duýdurylýar. Süleýmanyň tymsallary 7-nji bapda bolsa, bu maslahata eýermedik bir ýaş ýigit barada gürrüň berilýär. Agşam düşüpdi. Ýigit ahlaksyz aýalyň öýüniň deňinden geçip, köçäniň çatrygyna ýetende, ýarym-ýalaňaç ahlaksyz aýal onuň ýanyna barýar. Ol ýigidi gujaklap ogşaýar. Ol mähirli sözleri bilen onda güýçli höwes döredýär welin, ýigit özüne erk edip bilmerin öýdýär. Şeýlelikde, ol ahlaksyzlyga baş goşýar. Belki-de, ýaş ýigit ýola düşende ol aýalyň ýanyna barmak barada pikirem eden däldir. Ol ýaş bolany üçin paýhassyz hereket etdi. Nähili bolaýanda-da, ol eden etmişiniň miwesini ormalydy. Ýaş ýigit şol köçä sowulmadyk bolsa, howply ýagdaýa uçramazdy! (Sül. tym. 7:6—27).

9 Ýaş ýigit ýaly bizem paýhassyzlyk edip, erbet höwesleriň toruna düşüp bilerismi? Meselem, telewizoryň käbir kanallarynda gijelerine ahlaksyz zatlar görkezilýär. Biz kanallary eýläk-beýläk geçirip dursak näme bolar? Ýa-da biz Internetde güýmenip otursak, hat ýazyşylýan, habarlaşylýan saýtlarynda we sahypalarynda çykýan ahlaksyz suratlaryň, teklipleriň üstünden barsak näme? Olar bizde erbet höwesleri döretse, aýypsyz galyp bilerismi?

10 Mukaddes Ýazgylarda başga jynsly adam bilen özüňi nädip alyp barmalydygy barada maslahat berilýär (1 Timoteos 5:2-ni okaň). Bu maslahata eýerýän adam näz-kereşme etmeýär. Emma käbirleri näzli bakyşyň, sözleriň we hereketleriň hiç hili zyýany ýokdur öýdýärler. Şeýle adamlar jynsy gatnaşyk etmeýäris diýip özüni aklaýarlar. Ýöne näz-kereşme ahlaksyz pikirlere we günä işlere iterýär. Şeýle ýagdaý geçmişde-de, şu günlerem boldy.

Dürdäne pikirler

lff sapak 41, abz. 1

Mukaddes Kitapda jynsy gatnaşyk barada näme diýilýär?

Ýehowa är-aýala jynsy gatnaşyk etmek islegini berdi. Hudaý olaryň diňe bir çaga dünýä indermän, biri-birine ysnyşyp, mähir bildirip ýaşamagyny isleýär. Şonuň üçin Mukaddes Kitapda-da: «Ýaşlygyňda öýlenen aýalyň bilen şatlan» diýilýär (Nakyllar 5:18, 19). Ýehowa är-aýalyň biri-birine wepaly bolmagyny talap edýär. Ýanýoldaşyna ikilik edýän adamlary ýigrenýär (Ýewreýler 13:4-i oka).

24—30 MART

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR NAKYLLAR 6

Garynjalardan näme öwrenip bilýäris?

it «Garynjalar»

Garynjalar

«Dogabitdi akyldarlyk». Garynjalar «akyldarlygy» ylym-bilim we düşünje bilen gazanmadylar. Ýaradan olara instinkt, ýagny dogabitdi ukyp berdi. Mukaddes Kitapda garynjalaryň «tomusda azygyny ýygnaýandygy, hasyl döwri iýjegini toplaýandygy» aýdylýar (Nak 6:8). Palestinada «daýhan garynjalarynyň» topary köp duş gelýär (Messor semirufus). Gyş paslynda däne tapmak kyn bolýar. Şol sebäpli garynjalar gyşynyň aladasyny edip, bahar we tomus aýlary köp däne ýygnaýar. Şeýdip, olaryň iýere zady bolýar. Dänäniň köp ýerinde, däne saklanýan ammarlaryň golaýynda we ş. m. ýerlerde garynjalara köp duş gelse bolýar. Ýagyş ýagyp garynjalaryň ýygnan däneleri ezilende, işçi garynjalar däneleri hininden çykaryp güneşde guradýar. Garynjalar hinindäki däneler gögermez ýaly, olaryň nişlerini dişläp aýyrýarlar. «Daýhan garynjalarynyň» hinini tapmak gaty aňsat. Hiniň nirededigini garynjalaryň ýörän ýodajygyndan we däne gabyklaryndan bilip bolýar.

Olardan näme öwrense bolýar? Ýokarda gürrüň berilýän zatlar şu aýadyň hakykatdygyny tassyklaýar: «Eý ýalta, bar, garynja seret! Işleýşine syn etseň, paýhasly bolarsyň» (Nak 6:6). Garynjalaryň dogabitdi ukyby, gyş üçin azyk ýygnamagy geň galdyrýar. Şeýle-de olaryň zähmetsöýerligi, özündenem iki esse agyr zatlary götermegi we ş. m. işleri etmegi örän täsin. Olar ähli böwetleri böwsüp geçýärler. Garynjalar birnäçe sapar ýykylsalar-da kert gaýalara çykmaga gorkmaýar. Tertip-düzgünli hereket edýän täsin garynjalar hinini arassa saklaýar we biri-biriniň aladasyny edýär. Olar ýaralanan ýa-da ýadan garynjalara hinine barmaga kömek edýär.

w09 15/4 sah. 16, abz. 8, 9

Ýehowanyň akyldarlygy onuň ýaradan zatlaryndan görünýär

8 Käbir barlag geçirijileriň aýtmagyna görä, bir adama azyndan iki ýüz müň garynja düşýär. Olaryň ählisi ýeriň üstünde we aşagynda zähmet çekýär. Garynjalar maşgala bolup ýaşaýar we üç topara bölünýär: ene, erkek we işçi garynja. Olaryň hemmesi özüçe maşgala zerurlyklarynyň aladasyny edýär. Günorta Amerika ýaprak kesýän garynjasyna ussat bagban diýilýär. Bu kiçijik mör-möjek köp hasyl almak üçin, bagyndaky kömelege dökün dökýär, göçürip ekýär we kesýär. Barlag geçirijiler bu ussat «bagbanyň» maşgalasyna näçe iýmit gerek bolsa, şonça-da zähmet çekýändigini aýdýarlar.

9 Biz garynjalardan bir zady öwrenip bileris. Biz bir maksada ýetmek islesek, garynjalardan tagalla etmegi öwrenmeli. Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Eý ýalta, garynja bar; onuň ýollaryna seret-de, akyldar bol. Ol ýolbaşçysy, gözegçisi we baştutany ýok hem bolsa, tomus öz iýmitini üpjün edýär, orakda öz azygyny ýygnaýar» (Sül. tym. 6:6—8). Ýehowa we ussasy Isa zähmetsöýer. Isa: «Meniň Atam henize çenli işläp ýör, Men hem işleýärin» diýdi (Ýahýa 5:17).

Dürdäne pikirler

ijwbq 114, abz. 2

Mukaddes Kitapda «ölüme eltýän ýedi günä» diýen düşünje barmy?

Nakyllar 6:16-da: «Şu alty zady Reb ýigrenýändir, ýedi zat Onuň janyna ýigrenjidir» diýilýär. Emma Nakyllar 6:17—19-njy aýatlarda hemme günäler agzalmaýar. Ol ýerde diňe ähli nädogry işleri, ýagny ýerliksiz pikirleri, sözleri we hereketleri öz içine alýan esasy günäler agzalýar.

31 MART—6 APREL

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR NAKYLLAR 7

Seresap boluň, duzaga düşäýmäň!

w24.07 sah. 16, abz. 8, 9

Synaga düşmez ýaly oýa boluň

8 Synaga düşmez ýaly näme etmeli? Nakyllar 7-nji bapda ýaş ýigit barada gürrüň edilýär. Ol azgyn aýal bilen ahlaksyzlyk edýär. Nakyllar 7:22-de ýigidiň «şol bada» ahlaksyz aýalyň yzyna düşendigi aýdylýar. Aýatda «şol bada» diýen jümle ýigidiň azgyn aýala tötänden duşup, süýji sözlerine derrew yrlandygyny görkezýär. Emma baby tutuşlygyna okasaň, ýigidiň ahlaksyz aýala duşmak üçin birnäçe ädim ädendigine göz ýetirýärsiň.

9 Ýaş ýigit näme üçin günäniň duzagyna düşdi? Gün ýaşyp, garaňky düşüpdi. Ýigit ahlaksyz «aýalyň öýüne golaý çatryga bardy» (Nakyllar 7:8, 9-njy aýatlary okaň). Ol aýalyň öýüne tarap howlugyp başlady. Ýigit aýaly görende yzyna dolanyp bilerdi, emma ol beýle etmedi. Aýal ýigidi gujaklap öpdi, ýigit bolsa hiç hili garşylyk görkezmedi. Soňra aýal: «Parahatlyk gurbanlyklaryny berdim» diýip, süýji sözler bilen ýigidiň göwnüni awlady. Ýigit: «Gurbanlyk beren bolsa, ýagşy niýetli aýal ekeni» diýip, pikir eden bolmaly (Nakyllar 7:13, 14, 21-nji aýatlary okaň). Ýigit seresap bolan bolsady, aýalyň duzagyna düşmezdi we agyr günä etmezdi.

w15 15/6 sah. 16, abz. 8

Bu dünýäde aýypsyz galalyň

8 Süleýmanyň tymsallary 5:8-de: «Ýoluňy ol (ahlaksyz) aýaldan uzaklaşdyr, öýüniň gapysyna golaý barma» diýip duýdurylýar. Süleýmanyň tymsallary 7-nji bapda bolsa, bu maslahata eýermedik bir ýaş ýigit barada gürrüň berilýär. Agşam düşüpdi. Ýigit ahlaksyz aýalyň öýüniň deňinden geçip, köçäniň çatrygyna ýetende, ýarym-ýalaňaç ahlaksyz aýal onuň ýanyna barýar. Ol ýigidi gujaklap ogşaýar. Ol mähirli sözleri bilen onda güýçli höwes döredýär welin, ýigit özüne erk edip bilmerin öýdýär. Şeýlelikde, ol ahlaksyzlyga baş goşýar. Belki-de, ýaş ýigit ýola düşende ol aýalyň ýanyna barmak barada pikirem eden däldir. Ol ýaş bolany üçin paýhassyz hereket etdi. Nähili bolaýanda-da, ol eden etmişiniň miwesini ormalydy. Ýaş ýigit şol köçä sowulmadyk bolsa, howply ýagdaýa uçramazdy! (Sül. tym. 7:6—27).

w23.06 sah. 23, abz. 10

Hak Hudaýdan gorkýanlar bereket alar

10 Ahlaksyzlyk edýänler masgara bolýar, özüni dereksiz duýýar, islemeseler-de göwreli bolýar we olaryň maşgala ojagy dargaýar. Akyldar adamlar akylsyz aýalyň köçesinden hem geçmeýär. Sebäbi akylsyz aýalyň myhmanlary ruhy taýdan heläkçilige uçraýar, ýagny olaryň Hudaý bilen dostlugy bozulýar. Şeýle-de olar jynsy gatnaşyk arkaly geçýän kesele ýolugyp, ýaş aradan çykýar (Nak. 7:23, 26). Şonuň üçin Nakyllar 9:18-de: «Aýalyň... myhmanlary mazara inýär» diýilýär. Onda näme üçin köp adamlar akylsyz aýalyň çakylygyny kabul edýär? (Nak. 9:13—18).

Dürdäne pikirler

w24.07 sah. 16, abz. 11

Synaga düşmez ýaly oýa boluň

Biz näme sapak edinmeli? Mesihçi günä eltýän her bir ädimden gaça durmaly. Süleýman patyşa ýigit baradaky wakany gürrüň berip: «Ahlaksyz aýalyň... ýodalaryna aýak basaýma» diýip duýdurdy (Nak. 7:25). Şeýle-de ol: «Azgyn aýaldan... uzakda dur, gapysynyň deňinden hem geçme» diýip maslahat berdi (Nak. 5:3, 8). Gadyrly dogan-uýalar, öz ejiz tarapyňyzy biliň, günä tarap ýekeje ädim hem ätmäň. Siz Mukaddes Kitapda käbir zatlar ýazgarylmaýar diýip, özüňizi aldamaň, ejiz tarapyňyzy göz öňünde tutup, özüňizi goraň (Mat. 5:29, 30).

7—13 APREL

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR NAKYLLAR 8

Akyldarlygyň Gözbaşyny diňläň

cf sah. 131, abz. 7

«Atamy söýýärin»

7 22-nji aýatda akyldarlyk şeýle diýýär: «Men Ýehowanyň ýaradanlarynyň birinjisi, gadymky eserleriniň ilkinjisi». Aýatda diňe bir akyldarlyk hakda gürrüň edilmeýär. Ýehowa ebedilik Hudaý, ol hemişe akyldar Alla. Şol sebäpli onuň akyldarlygynyň başlangyjy ýokdur (Zebur 90:2). Emma Hudaýyň Ogly «ýaradylan zatlaryň ilkinjisidir» (Koloslylar 1:15). Ol ýaradylandy we Ýehowanyň ýaradan zatlarynyň ilkinjisidi. Nakyllar kitabyndan görnüşi ýaly, Ogul gök we Ýer ýaradylmanka bardy. Ol Sözdi. Diýmek, onuň aýdýan her bir sözi Ýehowanyň akyldardygyny aýan edýärdi (Ýahýa 1:1).

ijwbq 160, abz. 8, 9

Isa pygambere näme üçin Hudaýyň Ogly diýilýär?

▪ Onuň gökde beýik orny bardy. Isa doga edende öz orny hakda şeýle diýdi: «Atam, dünýä ýaradylmanka... alan şöhratymy indi maňa gaýtaryp ber» (Ýahýa 17:5).

▪ Ol Atasyna ähli zady ýaratmaga kömek etdi. Isa «ökde ussa kimin» Hudaý bilen zähmet çekdi (Nakyllar 8:30). Mukaddes Kitapda Isa barada şeýle diýilýär: «Gökdäki we ýerdäki ähli zatlar... ol arkaly ýaradyldy» (Koloslylar 1:16).

w09 15/4 sah. 31, abz. 14

Dawutdan we Süleýmandan uly bolan Isa hormat goýuň

14 Süleýmandan has akyldar diňe bir adamyň bolandygy şübhesiz. Ol Isa Mesihdi. Isa özüniň «Süleýmandan-da uludygyny» aýtdy (Mat. 12:42). Isa «ebedi ýaşaýyş sözlerini» aýdýardy (Ýahýa 6:68). Meselem, Isanyň Dagdaky wagzy Süleýmanyň käbir tymsallaryndaky prinsiplere çuňňur düşünmäge kömek edýär. Süleýman Ýehowanyň gullukçylaryny bagtly edýän käbir zatlar barada aýtdy (Sül. tym. 3:13; 8:32, 33; 14:21; 16:20). Isa hakyky bagtyň Ýehowa sežde etmek we Hudaýyň wadasynyň berjaý bolmagy bilen baglydygyny nygtady. Ol: «Ruhy garyplar bagtlydyr, çünki Gökleriň Patyşalygy olaryňkydyr» diýdi (Mat. 5:3). Isanyň taglymatyndaky prinsiplere eýerýän adamlar «ýaşaýşyň gözbaşy» bolan Ýehowa ýakynlaşýarlar (Zeb. 36:9; Sül. tym. 22:11; Mat. 5:8). Isa «Hudaýyň akyldarlygynyň» nusgasy (1 Kor. 1:24, 30). Mesihi Patyşa hökmünde, onda «akyldarlygyň ruhy» bar (Iş. 11:2).

Dürdäne pikirler

w22.10 sah. 18, 19, abz. 1, 2

Allanyň akyldarlygy ýaň salýar

▪ DÜNÝÄNIŇ dürli künjeginde ýaşaýan dogan-uýalar adamlara wagyz edýärler we edebiýat teklip edýärler. Belki, sizem wagyz edeniňizde edebiýat teklip edip görensiňiz. Şonda siz «Nakyllar» kitabynda aýdylýan «akyldarlyk köçelerde gygyrýar» diýen sözleriň dogrudygyna göz ýetirensiňiz (Nakyllar 1:20, 21-nji aýatlary okaň). Akyldar bolmak üçin Mukaddes Kitaby we edebiýatlary okamaly. Olarda Ýehowanyň «akyldarlygy» barada ýazylan. Ýehowanyň akyldarlygy adamy ebedi ýaşaýşa eltýär. Adamlar edebiýatlary alsalar begenýäris, emma käbiri olary almaýarlar we Mukaddes Kitapda ýazylan zatlar bilen ylalaşmaýarlar. Käbirleri bolsa üstümizden gülýärler. Olar Mukaddes Kitaby könelişen hasaplaýarlar. Käbirleri bolsa Mukaddes Kitabyň ýokary ahlak kadalary boýunça ýaşamaýarlar. Olara eýerip ýaşaýanlary öte dogruçyl hasaplaýarlar. Ýehowa şonda-da hemme adamlara akyldarlygyny berýär. Nädip?

2 Akyldar Hudaý Ýehowany tanamak üçin Mukaddes Kitaby okamaly. Köp adam Mukaddes Kitaby öz ene dilinde okap bilýärler. Ondaky aýatlar edebiýatlar arkaly düşündirilýär. Edebiýatlar 1 000-den gowrak dile terjime edilýär. Mukaddes Kitaby we edebiýatlary okap, maslahatlaryna eýerýän adamlar bereket alýarlar. Emma köp adamlar Ýehowanyň akyldarlyk sözlerini diňlemeýär. Gaýtam edenini edip ýaşaýar we adamlaryň berýän maslahatyny diňleýär. Olar hatda Mukaddes Kitabyň kada-kanunlaryna eýerýänleriň üstünden gülýärler. Şu makalada olaryň näme üçin şeýle edýändigini bileris. Ilki bilen, Ýehowanyň akyldarlygyna nädip eýerip biljekdigimiz barada gürrüň edeliň.

14—20 APREL

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR NAKYLLAR 9

Ile gülki bolman, akylly-başly boluň

w22.02 sah. 9, abz. 4

Maslahata gulak asyň

4 Käte dogan-uýalar, sen ýok, men ýok, bize maslahat berýär. Şonda maslahata eýermek kyn bolýar. Hatda olardan öýkeleýäris (Nesihat 7:9-y okaň). Elbetde, biz bikämildigimize düşünýäris, emma biri ýalňyşymyzy aýtsa agyr degýär. Biz özümizi aklap başlaýarys, maslahat beren adamyň niýetine şübhelenýäris. Maslahatyň berliş äheňini halamaýarys. Biz: «Onuň maslahat bermäge haky barmy? Özüni oňarsyn» diýip, maslahat beren adamy ýazgaryp başlaýarys. Netijede, biz onuň maslahatyny diňlemeýäris we gulagymyza hoş ýakýan maslahaty başgalardan soraýarys.

w22.02 sah. 12, abz. 12—14

Maslahata gulak asyň

12 Pesgöwünli bolmaly. Biz bikämil bolandygymyz üçin käte akmaklyk edýäris. Eýýup pygamber hem oýlanman gepläpdi. Soňra ol garaýşyny üýtgetdi we Ýehowanyň berekedini aldy. Eýýup pesgöwünli bolandygy üçin özünden ençeme ýaş kiçi Alyhuwyň maslahatyna eýerdi (Eýp. 32:6, 7). Eger pesgöwünli bolsak maslahat bize degişli däl ýaly görünse-de ýa-da maslahaty berýän bizden kiçi bolsa-da, oňa höwes bilen gulak asarys. Kanadada ýaşaýan ýaşuly: «Biri maslahat bermese, ýalňyşyňy görmek we öz üstüňde işlemek kyn bolýar» diýýär. Biz mukaddes ruhuň miwesini ösdürmek, ökde wagyzçy we mugallym bolmak islesek, berilýän maslahata höwes bilen eýermeli (Zebur 141:5-i okaň).

13 Berilýän maslahata Hudaýyň söýgüsi hökmünde garamaly. Ýehowa bize hemişe ýagşylyk isleýär (Nak. 4:20—22). Ol Mukaddes Kitap, edebiýatlar, imany berk dogan-uýalar arkaly maslahat berip, söýýändigini görkezýär we «has-da peýdaly terbiýe» berýär (Ýew. 12:9, 10).

14 Maslahatyň berliş äheňine däl-de, özüne üns bermeli. Elbetde, biz maslahaty ýumşaklyk bilen bermeli (Gal. 6:1). Emma käte bize gödeklik bilen maslahat bermekleri mümkin. Şonda maslahatyň berliş äheňine däl-de, özüne üns bersek gowy bolar. Biz şu soraglar hakda oýlanyp bileris: dogan gödeklik bilen maslahat beren hem bolsa, belki, onuň aýdýanynyň jany bardyr? Men doganyň gödeklik bilen aýdan sözüne üns bermegiň deregine, maslahatyna eýersem gowy bolmazmy? Biz Ýehowanyň dogan-uýalar arkaly berýän ähli maslahatyna eýersek paýhasly bolarys (Nak. 15:31).

w01 15/5 sah. 30, abz. 1, 2

Akyldarlyk ömrüňi uzaldýar

Akyldar adamyň maslahaty kabul edişi, ýaňsylaýjydan düýbünden tapawutlanýar. Süleýman patyşa: «Akylly adama käýe, seni gowy görer. Akylly adama öwüt-ündew ber, has-da akylly bolar» diýdi (Nakyllar 9:8b, 9a). Akyldar adam şu sözler bilen razylaşýar: «Temmi berlende adam başda begenmän, gynanýandyr, ýöne terbiýe alan adam dogruçyl bolup, parahat ýaşaýandyr» (Ýewreýler 12:11). Elbetde, maslahaty kabul etmek aňsat däl. Emma maslahat bizi has-da akyldar edýär. Onda maslahat berene gaýtargy bermek ýa-da özüňi aklamak nämä gerek?!

Akyldar Süleýman patyşa sözüni şeýle dowam edýär: «Dogruçyl adama öwret, düşünjesi artar» (Nakyllar 9:9b). Okamak, öwrenmek hiç haçan giç däldir, akyldarlyk bolsa hemmelere gerek. Garrylyk çagynda Ýehowany tanaýan we özüni Oňa bagyş edýän adamlary görüp, örän begenýäris. Geliň, hemişe öwrenmäge taýýar bolalyň we akyl-paýhasly bolmaga jan edeliň!

w01 15/5 sah. 30, abz. 5

Akyldarlyk ömrüňi uzaldýar

Akyldar bolmaly ýa-da ýok, her kimiň özi çözýär. Bu babatda Süleýman patyşa-da şeýle nygtap geçýär: «Akyldar bolsaň, özüň peýda taparsyň, ýaňsylaýjy bolsaň, özüň zyýan çekersiň» (Nakyllar 9:12). Eger adam akyl-paýhasly bolsa, onuň özi köp peýda gazanar, ýaňsylaýjynyň bolsa görjegi görgi bolar. Biz näme eksek, şony-da orarys. Geliň, «akyldarlygy diňläliň»! (Nakyllar 2:2).

Dürdäne pikirler

w23.06 sah. 22, 23, abz. 9, 10

Hak Hudaýdan gorkýanlar bereket alar

9 Ahlaksyzlyk etmek nähili zyýan ýetirýär? «Akylsyz aýal» myhmanlaryna: «Ogurlanan suw süýjüdir» diýýär. Ogurlanan suw nämäni aňladýar? Mukaddes Kitapda är-aýalyň arasyndaky jynsy gatnaşyk sowuk suwdan ganmak bilen deňeşdirilýär (Nak. 5:15—18). Är-aýalyň arasyndaky jynsy gatnaşyk olaryň ikisine-de lezzet berýär we maşgala ojagyny berkidýär. Emma «ogurlanan suw» Hudaýyň öňünde günä hasaplanýar we döwletiň kanunyna-da garşy gelýär. Ahlaksyzlyk edýän adamlar ogrular ýaly haýasyz işleri gizlinlikde edýär. Onda ogurlanan suw haýsy manyda «süýji» bolup biler? Ahlaksyzlar ogrular ýaly edýän işini hiç kim görmeýär diýip pikir edýär, emma olar gaty ýalňyşýar. Sebäbi Ýehowa ähli zady görýär. Şeýle işleri edýän adamlaryň Hudaý bilen dostlugy bozulýar. Şonuň üçin ogurlanan suwa süýji däl-de, ajy diýse bolar (1 Kor. 6:9, 10). Emma ahlaksyzlyk etmek başga-da köp zyýan ýetirýär.

10 Ahlaksyzlyk edýänler masgara bolýar, özüni dereksiz duýýar, islemeseler-de göwreli bolýar we olaryň maşgala ojagy dargaýar. Akyldar adamlar akylsyz aýalyň köçesinden hem geçmeýär. Sebäbi akylsyz aýalyň myhmanlary ruhy taýdan heläkçilige uçraýar, ýagny olaryň Hudaý bilen dostlugy bozulýar. Şeýle-de olar jynsy gatnaşyk arkaly geçýän kesele ýolugyp, ýaş aradan çykýar (Nak. 7:23, 26). Şonuň üçin Nakyllar 9:18-de: «Aýalyň... myhmanlary mazara inýär» diýilýär. Onda näme üçin köp adamlar akylsyz aýalyň çakylygyny kabul edýär? (Nak. 9:13—18).

21—27 APREL

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR NAKYLLAR 10

Baý bolmak nämäni aňladýar?

w01 15/7 sah. 25, abz. 1—3

Dogruçyl adam bereket alar

Dogruçyl adam başga-da köp bereketleri alýar. «Ýalta eller garyp düşürýär, işeňňir gollar baý edýär. Tomsuna orak orýan ogul düşünjelidir, hasyl döwri ýatýan ogul bolsa masgara bolýar» (Nakyllar 10:4, 5).

Süleýman patyşanyň sözleri, esasan-da, daýhanlara degişli. Hasyl ýygnamak — dynç almagyň wagty däl. Hasyl ýygnalýan döwri haýal-ýagallyk etmän, daň atandan tä gün batýança ýeňiňi çermäp işlemeli.

Isa pygamber hasyl ýygnamagy adamlara wagyz etmek we şägirt taýýarlamak işi bilen deňeşdirdi. Ol şägirtlerine: «Hasyl bol, ýöne işçi az. Şonuň üçin hasyl ýygnamaga işçi iberer ýaly, hasyl Eýesine ýalbaryň» diýdi (Matta 9:35—38). 2 000-nji ýylda Isa Mesihiň ýatlama agşamyna 14 milliondan gowrak adam gatnaşdy. Şol gün Ýehowanyň Şaýatlarynyň sanyndan iki esse köp adam geldi. «Ekin meýdanyna serediň, hasyl eýýäm ýetişipdir» (Ýahýa 4:35). Mesihçiler Hudaýa hasyl ýygnamaga «işçi iber» diýip doga edýärler we şägirt taýýarlamak işine yhlasly gatnaşýarlar (Matta 28:19, 20). Ýehowa hem olara ak pata berdi. 2 000-nji ýylyň dowamynda 280 000-den gowrak adam suwa çümdürildi. Indi olar Hudaýyň Sözüni adamlara öwretmek üçin jan edýär. Geliň, hasyl ýygymyna, ýagny şägirt taýýarlamak işine yhlasly gatnaşyp şatlanalyň!

w21.08 sah. 6, abz. 17

Ýehowanyň perzendi boluň!

17 Baýlyga däl-de, Ýehowa bil baglaň. Biz Hudaýyň Patyşalygyny we adalatly kanunlaryny hemişe birinji orunda goýmaly. Şonda Ýehowa iýjegimizi, geýjegimizi ýetirer (Zeb. 55:22; Mat. 6:33). Ýöne biz «baýlyk adamy goraýar we bagtly edýär» diýen ýalan düşünjä ynanmaly däl. Biz diňe Ýehowanyň islegini ýerine ýetirsek, kalbymyz rahat bolar (Flp. 4:6, 7). Belki, biziň köp zatlary satyn almaga ýagdaýymyz bardyr. Emma olary ulanmaga we abat saklamaga ýeterlik wagtymyz hem-de güýjümiz bolarmy? Ýa-da satyn aljak zadymyzy janymyzdan hem eý görerismi? Biz Ýehowanyň wajyp iş tabşyrandygyny unutmaly däl. Biz ünsümizi hiç zada sowman, Ýehowanyň tabşyrygyny ýürekden ýerine ýetirmeli. Biz I asyrdaky baý ýigide meňzemek islemeýäris. Ol mal-mülkünden geçip bilmändigi üçin, Ýehowanyň ogly bolup bilmedi (Mar. 10:17—22).

it «Bereket»

Bereket

Ýehowa adamlara bereket berýär. «Ýehowanyň berekedi baý edýär, üstüne dert-alada goşmaýar» (Nak 10:22). Ýehowa kimi dogruçyl hasaplasa, şoňa-da bereket berýär, ony goraýar, goldaýar, görkezme berýär, tutan işini ugruna edýär we gerek-ýarak zatlaryny ýetirýär. Şeýle bereketler adamlara hemişe peýda getirýär.

Dürdäne pikirler

w06 15/5 sah. 30, abz. 18

Aýypsyzlykda gezýänler şadyýan

18 Hudaýyň halky «Ýehowanyň berekedini» alýany üçin, ruhy taýdan gülläp ösýär. Mukaddes Ýazgylaryň aýtmagyna görä, «ol oňa hysyrdy [dert, TD] garmaýandygyna» biz ynanýarys (Süleýmanyň tymsallary 10:22). Onda näme üçin Ýehowanyň wepaly gullukçylary synaglary başdan geçirip, horluk çekýärkä? Kynçylyklaryň we synaglaryň üç sebäbi bar. 1) Günälerimiz sebäpli (Barlyk 6:5; 8:21; Ýakup 1:14, 15). 2) Şeýtan we onuň jynlary sebäpli (Efesliler 6:11, 12) 3) Erbet dünýä sebäpli (Ýahýa 15:19). Ýehowa synaglara ýol berse-de, özi synamaýar. «Ähli oňat, kämil sowgat ýokardan, nurlar Atasyndan inýändigi» hak (Ýakup 1:17). Ýehowa berekedine dert garmaýar.

28 APREL—4 MAÝ

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR NAKYLLAR 11

Diliňi dişle!

w02 15/5 sah. 26, abz. 4

Dogruçyl adam wepaly bolýar

Wepaly, dogruçyl adamlar hem, zalym adamlar hem başgalara täsir edýär. «Hudaýsyz adam dili bilen goňşusyny heläk edýär, dogruçyl adam bilimi bilen halas bolýar» (Nakyllar 11:9). Töhmet, gybat, kemsidiji sözler we boş gürrüňler adama zyýan ýetirýär. Munuň bilen hemmeler razylaşsa gerek?! Dogruçyl adam bolsa arassa, manyly we sylag-hormatly gepleýär. Şeýle adam paýhasly bolýar we töhmet atýanyň pyssy-pujurlygyny bilýär.

w02 15/5 sah. 27 abz. 2, 3

Dogruçyl adam wepaly bolýar

Hudaýyň hakykat ýolunda ýöreýänler parahatlygy saklaýar, adamlara ýagşylyk etmegi öwredýär we olaryň işiniň ugruna bolmagynyň aladasyny edýär. Şonda «şäher gülleýär» we at-owazasy arşa galýar. Töhmet we göwnedegiji sözleri aýdýan adamlar parahatlygy bozýar, agzalalyk hem nägilelik döredýär we ş. m zalymlyk edýär. Şeýle işleri jogapkärli borçlary ýerine ýetirýän adamlar etse, köplere zyýan ýetirýär. Şonda şäherde tertipsizlik, parahorlyk gülläp ösýär, ahlak kadalary we ykdysady ýagdaýy pese düşýär.

Nakyllar 11:11-de agzalýan prinsip Ýehowanyň halkyna-da degişli. Şol şäherdäki imany berk, dogruçyl adamlar wepaly, şadyýan, yhlasly bolýar we biri-birini goldaýar. Şeýdip, olar Ýehowany şöhratlandyrýar, Ýehowa-da olara bereket berýär we halkyň imany gün-günden berkeýär. Käbir adamlar ýygnakda edilýän işlerden kemçilik tapýar, nägilelik bildirýär we tankytlaýar. Olar «zäherli kök» ýaly ösüp, başgalary hem zäherleýär (Ýewreýler 12:15). Şeýle adamlar köplenç wezipä we at-abraýa kowalaşýar. Olar ýygnak ýaşululary we dogan-uýalar adalatsyzlyk edýär, başga milletli adamlary ala tutýar diýip, gep-gürrüň edýär. Şeýdip, olar ýygnakda bölünişik döredýär. Biz olary diňlemegiň deregine, Hudaýa berk iman edip, ýygnakda agzybirligiň we parahatlygyň gülläp ösmegine goşant goşmaly.

w20.03 sah. 22, abz. 12, 13

Haçan geplemeli?

12 Siz syr saklaýan dogan-uýalara duşsaňyz näme edersiňiz? Aýdaly, wagyz işi gadagan edilen ýurtda ýaşaýan dogan ýa-da uýa bilen tanyşýarsyňyz. Şonda siz nädip wagyz edilýändigi barada jikme-jik sorarsyňyzmy? Elbetde, siziň niýetiňiz gowudyr. Şol ýurtda ýaşaýan dogan-uýalary gowy görýänsiňiz we olaryň ýagdaýy hakda bilesiňiz gelýändir. Şeýle-de olaryň duş gelýän kynçylyklaryny ýekän-ýekän sanap, Hudaýa doga-dileg edesiňiz gelýändir. Emma biz dilimizi «jylawlap», geplemeli däldigine düşünmeli. Eger biz syr saklaýan dogany ýa-da uýany soraga tutup ýüregine düşsek, hem olary, hem şol ýurtda ýaşaýan dogan-uýalary söýmeýändigimizi görkezeris. Sebäbi olar hakda maglumatlaryň ýaýramagy howply ýagdaýa salyp biler. Elbetde, biziň hiç birimiz wagyz işi gadagan edilen ýurtda ýaşaýan dogan-uýalary kyn ýagdaýa salmak islemeýäris. Olaryň özleri-de nädip wagyz edilýändigi, ýygnak duşuşyklarynyň ýa-da beýleki ruhy çäreleriň nähili geçirilýändigi hakda jikme-jik gürrüň bermek islemeýärler.

13 Ýaşulular syr saklamak meselesinde Nakyllar 11:13-däki (okaň) maslahata eýermeli. Esasanam, öýlenen ýaşululara syr saklamak has-da kyn bolup biler. Sebäbi är-aýal hemişe pikirlerini, duýgularyny, gaýgy-aladasyny gürrüň berip, biri-biri bilen ýakyn dost bolýarlar. Ýöne ýaşulular ýygnakdaky dogan-uýalaryň syryny aýalyna gürrüň bermeli däl. Eger ol gürrüň berse, dogan-uýalaryň ynamyndan gaçar we abraýdan düşer. Ýygnagyň aladasyny etmäge bellenen gözegçi doganlar «iki sözli» bolmaly däl (1 Tim. 3:8, çykgyt). Ol mekir ýa-da gybatçy bolmaly däl. Eger ýaşuly aýalyny söýýän bolsa, bilinmeli däl zatlary gürrüň berip, aýalynyň egnine agyr ýük atmaz.

Dürdäne pikirler

w18.11 sah. 30, abz. 4—6

Mähirlilik sözde we hereketde görkezilýän häsiýet

Mukaddes Ýazgylarda: «Merhemetli adam öz janyna ýagşylyk edýändir» diýilýär (Sül. tym. 11:17). Mähirli adam başgalary özüne çekýär. Netijede, onuň özüne-de mähirli garaýarlar. Isa: «Haýsy ölçeg bilen ölçeseňiz, size-de şeýle ölçeg bilen gaýtarylar» diýdi (Luka 6:38). Mähirli adama gowy dostlary tapmak we dostlugyny saklamak aňsat bolýar.

Pawlus resul Efesdäki mesihçileri «bir-birine mähirli we rehim-şepagatly bolmaga... biri-birini ýürekden bagyşlamaga» höweslendirdi (Efes. 4:32). Mesihçiler mähirli we biri-birini goldamaga taýyn bolsa, bu tutuş ýygnaga peýda getirer. Şeýle mesihçiler hiç haçan göwnedegiji, tankytlaýjy ýa-da ýaňsylaýjy sözleri aýtmaýarlar. Olar gybat etmegiň deregine, dilini başgalary abatlamak üçin ulanmaga jan edýärler (Sül. tym. 12:18). Netijede, tutuş ýygnak ruhy taýdan berkeýär.

Hawa, mähirlilik sözde we hereketde görkezilýän häsiýet. Biz mähirli bolsak, mähriban we jomart Hudaýymyz Ýehowanyň göreldesine eýereris (Efes. 5:1). Bu bolsa dogan-uýalar bilen agzybirligimizi hasam berkider we adamlary arassa seždä goşulmaga höweslendirer. Şonuň üçin, geliň, hemişe mähirli adam hökmünde tanalmaga jan edeliň!

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş