-
Ýeftah söz berýärMukaddes Kitapdan sapaklarym
-
-
36-NJY SAPAK
Ýeftah söz berýär
Ysraýyllar ýene Ýehowa gulak asmadylar. Olar butlara sežde edip başladylar. Bir gezek ammonlar ysraýyllaryň üstüne çozdy. Şonda butlar ysraýyllara kömek edip bilmedi. Ammonlar köp ýyllap ysraýyllara azar berdi. Ysraýyllaryň ýagdaýy erbetdi. Şonuň üçin olar Ýehowa: «Biz günä etdik. Bizi duşmanlarymyzdan halas et» diýip ýalbardylar. Ysraýyllar butlaryny döwüp ýok etdiler. Soňra ýene Ýehowa sežde edip başladylar. Ýehowa hem ysraýyllara kömek etmek isledi.
Ýehowa Ýeftah atly bir adamy saýlady. Ol güýçli we ökde esgerdi. Ýeftah ammonlar bilen söweşmelidi. Ol Ýehowa şeýle diýýär: «Duşmanlarymy ýeňmäge kömek et. Öýüme gelenimde öňümden kim birinji çyksa, ony saňa bererin. Ol seniň öýüňde gulluk eder. Saňa söz berýärin». Ýehowa Ýeftahyň dilegine jogap berdi. Oňa ammonlary ýeňmäge kömek etdi.
Söweş gutaransoň, Ýeftah öýüne geldi. Onuň öňünden gyzy çykdy. Ýeftahyň başga çagasy ýokdy. Gyzy tans edip, deprek kakyp kakasyny garşy aldy. Şonda Ýeftahyň Ýehowa beren sözi ýadyna düşdi. Ol: «Wah, gyzym! Sen ýüregimi para-para etdiň. Sen indi Şilodaky çadyrda gulluk etmeli bolarsyň. Men Ýehowa söz berdim» diýdi. Gyzy: «Kakam jan, Ýehowa söz beren bolsaň, sözüňde-de durmaly bolarsyň. Ýöne gitmänkäm, joralarym bilen iki aý dagda bolaýyn» diýdi. Şeýdip, Ýeftahyň gyzy çadyrda bütin ömrüne Ýehowa gulluk etdi. Her ýyl joralary ony görmäge Şilo barýardy.
«Kim ogluny ýa gyzyny menden has gowy görse, şägirdim bolmaga mynasyp däldir» (Matta 10:37).
-
-
Ýehowa Şamuwel bilen gepleşdiMukaddes Kitapdan sapaklarym
-
-
37-NJI SAPAK
Ýehowa Şamuwel bilen gepleşdi
Baş ruhany Alynyň iki ogly bardy. Olaryň ady Hopny bilen Pinehas. Olar çadyrda ruhany bolup gulluk edýärdi. Ýöne Ýehowa gulak asmaýardy, adamlara ýamanlyk edýärdi. Halk Ýehowa gurbanlyk getirende, malyň iň gowy ýerini özlerine alýardy. Aly ogullarynyň edýän işini görýärdi. Olara hiç zat diýmeýärdi. Ýöne Ýehowa olaryň erbet işlerine göz ýummady.
Şamuwel çaga bolsa-da, Ýehowa gulak asýardy. Ony begendirip ýaşaýardy. Ol Hopny bilen Pinehas ýaly erbet işleri etmeýärdi. Bir gezek Şamuwel uklap ýatyrdy. Ol biriniň sesini eşidýär. Ol Aly ruhany çagyrýandyr öýdýär. Ylgap onuň ýanyna barýar-da: «Atam, meni çagyrdyňmy?» diýýär. Aly ruhany: «Ýok, oglum, men seni çagyrmadym. Bar, ýatyber» diýýär. Şamuwel hem geçip ýatýar. Ol ikinji gezek şol sesi eşidýär. Ýöne ýene ony Aly çagyrmandyr. Şamuwel üçünji gezek hem şol sesi eşidýär. Şonda Aly ony Ýehowanyň çagyrandygyna düşünýär. Aly Şamuwele şeýle diýýär: «Ol seni ýene çagyrsa: „Ýehowa aýdyber. Guluň seni diňleýär“ diý».
Şamuwel ýene ýerine geçip ýatýar. Şonda Ýehowa: «Şamuwel, Şamuwel» diýip, ony çagyrýar. Ol: «Ýehowa aýdyber, guluň seni diňleýär» diýýär. Ýehowa: «Aly ruhana aýt, men oňa, maşgalasyna temmi bererin. Onuň ogullary çadyrymda erbet işleri edýär. Ýöne Aly olara temmi bermedi» diýýär. Şamuwel ir bilen turýar. Ol hemişekisi ýaly çadyryň gapylaryny açýar. Şamuwel Ýehowaň aýdan zatlaryny Ala aýtmaga gorkýardy. Ýöne Aly: «Oglum, Ýehowa saňa näme diýdi? Hemmesini bolşy ýaly aýt» diýýär. Şamuwel hem ähli zady gürrüň berýär.
Şamuwel ösüp ulalýardy. Ýehowa ony gowy görýärdi. Hemişe oňa kömek edýärdi. Ýehowa Şamuweli pygamber we serdar edip belledi. Muny Ysraýylda hemmeler eşitdi.
«Ýaşlyk günleriňde Beýik Ýaradany ýatla» (Nesihat 12:1).
-