130-NJY AÝDYM
Geçirimli bolalyň
Çap edilen görnüşi
1. Mähriban Ýehowa
Ýaşaýşa açdy gapy.
Söýgüli Ogluny berdi,
Kesdi ölüm tanapy.
Akýürekli adamlaryň
Ýah günäsini geçer.
Isanyň gany arkaly
Bütinleý tämiz eder.
2. Geçirimli bolsak,
Ýah bolar geçirimli.
Bir-biregi bagyşlalyň,
Bolalyň has rehimli.
Doganlar bilen oňşalyň,
Etmäliň öýke-kine.
Söýeliň, hormat goýalyň,
Olaryň her birine.
3. Rehimli adamlar
Meňzemeli Hudaýa.
Gahar-gazaba ýol bermän,
Düşünmeli ýagdaýa.
Rehimli bolsak elmydam,
Gepläris tankytlaman.
Gökdäki Atamyz ýaly,
Bagyşlarys ýadaman.
(Serediň: Mat. 6:12; Efes. 4:32; Kol. 3:13)