Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w22 Iýun sah. 2—7
  • Ýehowa geçirimli Hudaý

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýehowa geçirimli Hudaý
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2022
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • ÝEHOWA BAGYŞLAMAGA TAÝYN
  • GEÇIRIMLI ÝEHOWA HUDAÝA TAÝ GELJEK ÝOKDUR!
  • ÝEHOWA KIMLERI BAGYŞLAÝAR?
  • ÝEHOWANYŇ BAGYŞLANDYGYNA ŞÜBHELENMÄŇ
  • Ýehowanyň bagyşlaýandygyna ynanyň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2025
  • Hudaý meni bagyşlarmy?
    Mukaddes Kitaba degişli soraglaryň jogaby
  • Ýehowa geçirimli adamlara bereket berýär
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2022
  • Geçirimli Ýehowa Hudaýa taý geljek ýokdur!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2025
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2022
w22 Iýun sah. 2—7

24-NJI MAKALA

Ýehowa geçirimli Hudaý

«Ýehowa, sen ýagşy, geçirimli, özüňi çagyrýanlardan wepaly söýgiňi gaýgyrmaýarsyň» (Zeb. 86:5).

42-NJI AÝDYM Hudaýyň bendesiniň dilegi

MAZMUNYa

1. Nesihat 7:20-de Süleýman patyşa näme diýdi?

SÜLEÝMAN PATYŞA: «Dünýäde diňe ýagşylyk edip, asla günä etmeýän dogruçyl adam ýok» diýdi (Nes. 7:20). Nähili ýerlikli aýdylan sözler! Biziň ählimiz bikämil (1 Ýah. 1:8). Şol sebäpli her birimiz adamlaryň bagyşlamagyna we Allatagalanyň günämizi geçmegine mätäç.

2. Dostuňyz sizi bagyşlanda özüňizi nähili duýduňyz?

2 Siz dostuňyzyň göwnüne degip gördüňizmi? Şonda dostuňyzyň öýkesini ýazmak we ýaraşmak üçin ötünç soransyňyz. Dostuňyz sizi bagyşlanda ýüregiňiz giňäp gidendir we özüňizi dünýäde iň bagtly adam hasaplansyňyz.

3. Makalada näme hakda gürrüň ederis?

3 Biziň ählimiz Ýehowa bilen dostlaşmak isleýäris, emma aýdýan sözlerimiz we edýän işlerimiz bilen käte Ony gynandyrýarys. Ýehowanyň bizi bagyşlamak isleýändigine näme üçin ynamly bolup bileris? Adamlaryň biri-birini bagyşlamagy bilen Ýehowanyň geçirimliliginiň arasynda nähili tapawut bar? Allatagala kimleri bagyşlaýar?

ÝEHOWA BAGYŞLAMAGA TAÝYN

4. Ýehowanyň geçirimli Hudaýdygyna näme üçin ynamly bolup bileris?

4 Mukaddes Kitapda Ýehowanyň geçirimli Hudaýdygy hakda ençeme sapar agzalýar. Ýehowa Sinaý dagynda Musa pygamber bilen perişdesi arkaly gepleşdi. Perişde şeýle diýdi: «Ýehowa, Ýehowa rehimdar, mähirli, giň göwünli, wepaly söýgä baý, sözünde durýan, müňlerçe adama wepaly söýgüsini bildirýän, etmişi, ýazygy we günäni bagyşlaýan Hudaýdyr» (2 Mus. 34:6, 7). Hawa, Ýehowa mähirli, rehimdar Hudaý! Ol toba edýän adamlary ýürekden bagyşlaýar (Neh. 9:17; Zeb. 86:15).

Uýanyň gapdalynda Zebur 103:13, 14-nji aýatlardaky sözler ýazylan: «Ol nähili ýaradylandygymyzy bilýär». Uýanyň daş-töwereginde çagalykdan bäri düşen suratlary bar.

Ýehowa her bir adamy gowy tanaýar (5-nji abzasa serediň).

5. Zebur 103:13, 14-nji aýatlara görä, Ýehowa näme edýär we näme üçin?

5 Älem-jahany ýaradan Ýehowa her bir adamy gowy tanaýar. Ol her bir adamyň häsiýetini, niýetini we oý-pikirini bilýär (Zeb. 139:15—17). Ýehowa bikämilligiň adamlara nesilden-nesle geçip gelýändigine düşünýär. Ol adamlaryň başdan geçiren kynçylyklaryny bilýär we ýagdaýyna gowy düşünýär. Şol sebäpli ol adamlara rehimdarlyk bildirýär we toba edýänleri bagyşlaýar (Zeb. 78:39; Zebur 103:13, 14-nji aýatlary okaň).

6. Ýehowa adamlaryň günäsini geçmek üçin näme etdi?

6 Biz Ýehowanyň geçirimli Hudaýdygyna şübhelenmän bileris. Allatagala Adam ata arkaly onuň ähli nesline günäniň we ölümiň miras geçendigini bilýär (Rim. 5:12). Şol sebäpli hiç bir adam özüni we başgalary günäniň gulçulygyndan azat edip bilmez (Zeb. 49:7—9). Emma söýgüden doly Ýehowa adamlary günäden halas etmek isleýär. Ýahýa 3:16-da aýdylyşy ýaly, Ýehowa biziň üçin ýeke-täk Ogluny gurban berdi (Mat. 20:28; Rim. 5:19). Isa pygamber adamlary günäden azat etmek üçin şirin janyny gurban etdi (Ýew. 2:9). Söwer Oglunyň ejir çekip ölşini görende, Ýehowanyň ýüregi para-para bolandyr. Hawa, Ýehowa adamlaryň günäsini geçmek islemeýän bolsa ýeke-täk Ogluny gurban bermezdi.

7. Ýehowanyň geçirimliligini subut edýän wakalary gürrüň beriň.

7 Mukaddes Kitapda Ýehowanyň geçirimli Hudaýdygyny subut edýän ençeme wakalar bar (Efes. 4:32). Ýehowanyň Manaşa patyşany bagyşlandygy ýadyňyza düşýärmi? Ol agyr günäleri edýär. Meselem, butlara sežde edýär, çagalaryny ýalan taňrylara gurban berýär. Ol hatda Hudaýyň ybadathanasynda oýma but dikýär. Mukaddes Kitapda: «Manaşa Ýehowanyň öňünde köp erbet işleri edip, Hudaýyň göwnüne degdi» diýilýär (2 Tar. 33:2—7). Ýöne Manaşa toba edýär. Ýehowa ony bagyşlaýar we patyşalygyny gaýtaryp berýär (2 Tar. 33:12, 13). Dawut patyşa-da Ýehowanyň öňünde agyr günäleri etdi. Ol ahlaksyzlyk etdi, bigünä gan dökdi. Emma Dawut patyşa ýürekden toba edýär, Ýehowa hem ony bagyşlaýar (2 Şam. 12:9, 10, 13, 14). Görşümiz ýaly, Ýehowanyň geçirimli Hudaýdygyna şek-şübhe ýok. Geliň, indi adamlaryň biri-birini bagyşlamagy bilen Ýehowanyň geçirimliliginiň arasynda nähili tapawudyň bardygy hakda gürrüň edeliň.

GEÇIRIMLI ÝEHOWA HUDAÝA TAÝ GELJEK ÝOKDUR!

8. Ýehowa Hudaýa näme üçin adalatly Kazy diýse bolar?

8 Ýehowa «ýer ýüzüniň Kazysy» (1 Mus. 18:25). Kanuny gowy bilýän kazy adalatly höküm çykarýar. Mukaddes Kitapda Ýehowanyň «Kanun çykaryjydygy» aýdylýar (Işa. 33:22). Şonuň üçin Ýehowanyň adalatly Kazydygyna şübhelenmän bileris. Nämäniň dogrudygyny we nämäniň nädogrudygyny hiç kim Ýehowa ýaly saýgaryp bilmez. Kazy adalatly höküm çykarmak üçin ýene näme etmeli? Ol ähli subutnamalary we delilleri ýekän-ýekän derňemeli. Ýehowa bolsa ähli zady görýär. Şonuň üçin oňa taý geljek ýok.

9. Ýehowa günä eden adamy bagyşlanda nämeleri göz öňünde tutýar?

9 Ýehowa bikämil kazylardan tapawutlylykda diňe bir görýän we eşidýän zatlaryna görä höküm çykarmaýar (1 Mus. 18:20, 21; Zeb. 90:8). Ol adamlaryň alan terbiýesini, medeniýetini, önüp-ösen ýerini, duýgusyny we oý-pikirini göz öňünde tutýar. Ýehowa adamyň ýüregini görýär we onuň niýetini, isleg-arzuwyny bilýär. Ol şu zatlaryň hemmesini göz öňünde tutup günä eden adamy bagyşlaýar. Hawa, Ýehowa ähli zady görýär (Ýew. 4:13).

Dagyň gapdalynda 5 Musa 32:4-nji aýatdaky sözler ýazylan: «Ol Arkadagdyr, işleri kämil».

Ýehowa adalatly, adamlary ala tutmaýar, para almaýar (10-njy abzasa serediň).

10. Ýehowanyň adalatly höküm çykarýandygyna näme üçin şübhelenmän bileris? (5 Musa 32:4).

10 Ýehowa hemişe adalatly höküm çykarýar. Ol höküm çykaranda adamlary ala tutmaýar we ýüz görmeýär. Ol adamyň boý-syratyna, baýlygyna, at-abraýyna, ukyp-başarnygyna seretmeýär (1 Şam. 16:7; Ýak. 2:1—4). Ýehowa para almaýar we hiç kim ony adalatsyz höküm çykarmaga mejbur edip bilmeýär (2 Tar. 19:7). Ýehowa ganygyzmalyk edip ýowuz höküm çykarmaýar ýa-da ýüregiýukalyk edip günäli işlere göz ýummaýar (2 Mus. 34:7). Biz ähli zady görýän we bilýän akyldar Ýehowa Hudaýyň adalatly höküm çykarýandygyna şübhelenmän bileris (5 Musa 32:4-i okaň).

11. Ýehowanyň geçirimliligi bilen adamlaryň bagyşlamagynyň arasynda nähili tapawut bar?

11 Töwrady ýazan adamlar diňe Ýehowanyň günäkäri doly bagyşlaýandygyna düşünýärdiler. Bir kitapda aýdylmagyna görä, Töwratda «Hudaýyň adamlary bagyşlaýandygy hakda gürrüň edilende ýörite bir söz ulanypdyrlar. Adamlaryň biri-birini bagyşlaýandyklary hakda aýdylanda bolsa şol söz däl-de, başga bir söz ulanylypdyr». Diýmek, diňe Ýehowa toba edýän günäkäri doly bagyşlap bilýär. Ýehowanyň bagyşlan adamlary özüni nähili duýýarlar?

12, 13. a) Ýehowanyň bagyşlan adamlary özüni nähili duýýar? b) Ýehowa nädip bagyşlaýar?

12 Ýehowa bizi bagyşlanda özümizi bagtly duýýarys, kalbymyz rahat we ynsabymyz arassa bolýar. Hawa, şeýle duýgulary Ýehowanyň bagyşlan adamlary duýan bolsalar gerek! (Res. 3:19). Ýehowa bagyşlandan soň eden günälerimizi hiç haçan ýatlamaýar we bizi dosty hasaplaýar.

13 Ýehowa adamy bagyşlandan soň günäsini ýatladyp durmaýar, käýemeýär we temmi bermeýär (Işa. 43:25; Ýer. 31:34). Mukaddes Kitapda Ýehowa barada şeýle diýilýär: «Gündogaryň günbatardan uzak bolşy ýaly, günälerimizi şonça-da daşlaşdyrýar»b (Zeb. 103:12). Ýehowanyň geçirimliligi hakda oýlananymyzda ýürekden minnetdar bolýarys we hormat goýýarys (Zeb. 130:4). Ol kimlere rehimdarlyk edýär?

ÝEHOWA KIMLERI BAGYŞLAÝAR?

14. Ýehowanyň geçirimli Hudaýdygy barada nämeleri bildiňiz?

14 Bikämil adamlar dürli-dürli ýalňyşlyklary edýärler. Emma Ýehowa adamy eden günäsine görä bagyşlamaýar. Ol Ýaradan, Kanun çykaryjy we Kazy bolandygy üçin kimleri bagyşlamalydygyny gowy bilýär. Ýehowa günäkäri bagyşlanda ýene nämeleri göz öňünde tutýar?

15. Ýehowa bagyşlanda nämäni göz öňünde tutýar? (Luka 12:47, 48).

15 Birinjiden, Ýehowa adamyň bilgeşleýin ýa-da bilmän günä edendigini göz öňünde tutýar. Isa pygamber hem munuň şeýledigini düşündiripdi (Luka 12:47, 48-nji aýatlary okaň). Bilgeşleýin erbet işleri edýän we Ýehowany gynandyrýan adam agyr günä edýär. Belki, Ýehowa şeýle adamy bagyşlamaz (Mar. 3:29; Ýah. 9:41). Käte biz bilip hem ýalňyşlyk goýberýäris. Onda Ýehowa bizi asla bagyşlamazmy? Elbetde, bagyşlar! Ýehowa ýene bir zady göz öňünde tutýar.

Doganyň gapdalynda Işaýa 55:7-nji aýatdaky sözler ýazylan: «Ýehowa... doly bagyşlar». Dogan aňyrky suratda ruhdan düşüp, gamgyn bolup otyr. Bärki suratda bolsa özüni bagtly duýýar.

Ýehowa ýürekden toba edýän adamy bagyşlaýar (16, 17-nji abzaslara serediň).

16. Toba etmek nämäni aňladýar we biz näme üçin toba etmeli?

16 Ikinjiden, Ýehowa günäkäriň ýürekden toba edýändigini göz öňünde tutup bagyşlaýar. Toba etmek nämäni aňladýar? Toba etmek pikiriňi, garaýşyňy ýa-da niýetiňi üýtgetmegi aňladýar. Toba edýän adam eden erbet işine ökünýär we Mukaddes Kitabyň kada-kanunlaryna eýerip bilmändigine gynanýar. Ol eden günäsinden hem beter Ýehowa bilen dostlugynyň bozulandygyna gynanýar. Manaşa bilen Dawut patyşalar agyr günä etdiler, emma toba edendikleri üçin Ýehowa olary bagyşlady (1 Pat. 14:8). Hawa, Ýehowa diňe ýürekden toba edýän adamlary bagyşlaýar. Ýürekden toba etmek üçin eden günäňe puşman etmek ýeterlik däl. Biz düzelmek üçin aýgytly ädimleri ätmeli, sebäbi Ýehowa toba edýändigimizi iş ýüzünde görkezmegimizi isleýärc.

17. Erbet ýoldan dönmek näme aňladýar we näme üçin günälerimizi gaýtalamaly däl? (Işaýa 55:7).

17 Üçünjiden, Ýehowa günäkäriň ýaman ýoldan dönmegini isleýär. Günäkär erbet işini goýup, Ýehowany razy edip ýaşamaly (Işaýa 55:7-ni okaň). Ol garaýşyny üýtgedip, Ýehowanyňky ýaly pikirlenmeli (Rim. 12:2; Efes. 4:23). Erbet işlerini goýmagy we nädogry pikirini üýtgetmegi ýüregine berk düwmeli (Kol. 3:7—10). Ýehowa Isa Mesihiň töleg gurbanyna iman edýän adamlaryň günälerini bagyşlaýar. Erbet ýoldan dönmek üçin tagalla edýän adamlaryň günälerini Oglunyň gany arkaly ýuwýar (1 Ýah. 1:7).

ÝEHOWANYŇ BAGYŞLANDYGYNA ŞÜBHELENMÄŇ

18. Geçirimli Ýehowa Hudaý barada nämeleri bildik?

18 Geliň, makalada öwrenen zatlarymyzy gaýtalalyň. Ýehowa örän geçirimli Hudaý. Näme üçin şeýle diýse bolar? Birinjiden, Ýehowa bagyşlamaga hemişe taýyn. Ikinjiden, ol bizi gowy tanaýar, ýüregimizi görýär, biziň toba edýändigimizi ýa-da etmeýändigimizi bilýär. Üçünjiden, Ýehowa bizi bagyşlandan soň günälerimizi ýatlamaýar. Şeýlelikde, biz özümizi bagtly duýýarys, ynsabymyz arassa we kalbymyz rahat bolýar.

19. Bikämillik sebäpli käte günä etsek näme üçin ruhdan düşmeli däl?

19 Biz bikämillik sebäpli käte günä etmegimiz mümkin. «Mukaddes Kitaba düşünmek» (rus.) kitabynda şeýle diýilýär: «Ýehowa rehimdar Hudaý. Ol wepaly bendeleriniň ejizdigini bilýär. Şol sebäpli bikämil adamlar goýberýän ýalňyşlyklary sebäpli hemişe özlerini günäkärläp ýörmeli däl (Zeb. 103:8—14; 130:3). Biz Hudaýyň kada-kanunlaryna görä ýaşamak üçin elimizde baryny etsek bagtly bolarys (Flp. 4:4—6; 1 Ýah. 3:19—22)» (it-U «Toba etmek» abz. 7). Gör, nähili ruhlandyryjy sözler!

20. Indiki makalada haýsy soraglaryň jogabyny bileris?

20 Ýehowanyň ýürekden toba edýän adamlary bagyşlamaga taýyndygyny bilmek göwnüňi göterýär. Geçirimli Ýehowa Hudaýyň göreldesine eýermek üçin näme etmeli? Ýehowanyň geçirimliligi bilen adamlaryň biri-birini bagyşlaýşynyň arasynda nähili meňzeşlik we tapawut bar? Muny bilmek näme üçin wajyp? Indiki makalada şu soraglaryň jogabyny bileris.

ŞU AÝATLARDAN GEÇIRIMLI ÝEHOWA HUDAÝ BARADA NÄMELERI BILDIK?

  • Zebur 103:13, 14

  • 5 Musa 32:4

  • Işaýa 55:7

45-NJI AÝDYM Ýüregimiň oý-pikirleri

a Mukaddes Kitapda Ýehowanyň toba edýän ähli adamlary ýürekden bagyşlamak isleýändigi aýdylýar. Käte biz özümizi öte günäkärläp, Ýehowanyň bagyşlandygyna ynanyp bilmeýäris. Şu makala ýürekden toba edýän adamlary Hudaýyň bagyşlaýandygyna düşünmäge kömek eder.

b «Ýehowa ýakynlaşyň» (rus.) kitabynyň 26-njy babynyň 9-njy abzasyny okap bilersiňiz.

c DÜŞÜNDIRILIŞ: «toba edýän» adam garaýşyny üýtgedýär, ýagşy işi edip bilmändigine ýa-da erbet iş edendigine ökünýär. Adam toba edýändigini iş ýüzünde görkezmeli we erbet ýoldan dönmeli.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş