Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • ijwbq bap 23
  • Hudaýyň Patyşalygy nämeleri eder?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Hudaýyň Patyşalygy nämeleri eder?
  • Mukaddes Kitaba degişli soraglaryň jogaby
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Mukaddes Kitabyň jogaby
  • Hudaýyň Patyşalygy näme eder?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Köpçülik üçin) — 2020
  • Hudaýyň berjek ajaýyp täze dünýäsi
    Hudaý biz barada alada edýärmikä?
  • Hudaýyň dostlary Jennetde ýaşarlar
    Sen Hudaýyň dosty bolup bilersiň!
  • Patyşalyk «hiç haçan ýok bolmaz»
    Ýalňyz hak Hudaýa sežde ediň
Başgalary
Mukaddes Kitaba degişli soraglaryň jogaby
ijwbq bap 23
A Paradise scene

Hudaýyň Patyşalygy nämeleri eder?

Mukaddes Kitabyň jogaby

Hudaýyň Patyşalygy ynsan hökümetleriniň ählisini ýok edip, bütin ýeriň üstünden höküm sürer (Danyýar 2:44; Ylham 16:14). Şonda Hudaýyň Patyşalygy...

  • Biziň ählimize zyýan ýetirýän zalym we özdiýenli adamlary ýok eder. «Erbetler... ýurtdan kesilip taşlanar, dönükler kökleri bilen ondan sogrular» (Nakyllar 2:22).

  • Uruşlaryň soňuna çykar. Hudaý «ýeriň ujuna çenli uruşlary togtadar» (Zebur 46:9).

  • Ýer ýüzüne abadançylyk we parahatlyk getirer. «Her kes öz üzüm, injir baglarynyň saýasynda oturar, olary hiç kim gorkuzmaz» (Mika 4:4).

  • Ýer ýüzüni Jennete öwrer. «Çöl-beýewan we gury ýer şatlanar, çöl guwanyp, nerkes kimin güllär» (Işaýa 35:1).

  • Her bir adama öz halaýan işini berer. Hudaýyň «saýlanlary öz elleriniň işlerinden lezzet alar. Olar biderek zähmet çekmezler» (Işaýa 65:21—23).

  • Keselçiligi aýrar. «Ilatyň hijisi: „Men syrkaw“ diýmez» (Işaýa 33:24).

  • Bizi garrylykdan azat eder. «Goý, onuň teni çaganyňky kimin täzelensin, Ol ýaşlyk döwrüne dolanyp barsyn» (Eýýup 33:25).

  • Ölüleri direlder. «Gabyrda ýatanlaryň ählisiniň onuň (Isanyň) sesini eşitjek wagty ýetip gelýär» (Ýahýa 5:28, 29).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş