Agzybir är-aýal uçarman bilen kömekçisine meňzeýär
ÄR-AÝALLARA
2. Agzybirlik
NÄME?
Är-aýaly uçarmanlara meňzetse bolýar. Kynçylyk dörände uçarmanlaryň hersi öz başyna däl-de, bilelikde hereket edýärler. Şonuň ýaly maşgalada kynçylyk dörände är-aýal özbaşdak hereket etmän, bir-biri bilen maslahatlaşyp çözmeli.
MUKADDES KITAPDAKY MASLAHAT: «Olar iki däl, bir beden» (Matta 19:6).
«Maşgalada diňe bir adamyň sözi ýöremeli däl. Är-aýal bagtly bolmak islese, biri-birini diňläp, agzybir bolmaly» (Kadyr).
NÄME ÜÇIN WAJYP?
Är-aýal agzybir bolmasa, maşgaladaky kynçylygy çözjek bolman, hersi öz aýdanyny etdirjek bolýar. Şeýle är-aýal peşeden pil ýasap, uly dawa turuzýar.
«Agzybirlik — maşgalanyň diregi. Ärim bilen maslahatlaşman, ähli zady özümçe etsem, onda biz är-aýal däl-de, bir öýden girip çykýan ýat adam ýaly bolardyk» (Arzygül).
NÄME EDIP BILERSIŇIZ?
ÖZÜŇIZI BARLAŇ
«Men gazandym. Meniň pulum» diýýänmi?
«Şundan bizar boldum, ýeke özüm arkaýyn dynç alaýyn-la» diýýänmi?
Ýanýoldaşymyň dogan-garyndaşlary bilen gatnaşmajak bolup her zat edýänmi?
GEPLEŞIŇ
Nämeleri maslahatlaşyp edýäris?
Nämeleri maslahatlaşyp etmek kyn bolýar?
Agzybir bolar ýaly ýene näme edip bileris?
MASLAHAT
Är-aýal biri-birine garşy oýnaýan tennisçi däl-de, bir toparda oýnaýan tennisçiler ýaly bolmaly. Ýeňiş gazanar ýaly näme edip bilersiňiz?
Munuň üçin «men ýeňerin» diýmän, «biz ýeňeris» diýiň.
«Meniňki dogry, seniňki ýalňyş diýip subut etjek bolman, maşgalada parahatlygy we agzybirligi saklaň. Şeýtseňiz, ýeňersiňiz» (Emir).
MUKADDES KITAPDAKY MASLAHAT: «Diňe öz peýdaňyzy däl-de, başgalaryň hem peýdasyny gözläň» (Filipililer 2:3, 4).