Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • dg 1-nji böl. sah. 3
  • Hudaý biz barada alada edýärmikä?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Hudaý biz barada alada edýärmikä?
  • Hudaý biz barada alada edýärmikä?
  • Meňzeş maglumat
  • Hudaý horluklara näme üçin ýol berýär?
    Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?
  • Horluksyz ýer ýüzi
    Hudaý biz barada alada edýärmikä?
  • Horluklara çydamagyň bize berýän peýdasy
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2007
  • 5. Jebir-jepasyz ýaşaýyş bolarmy?
    Oýanyň! — 2020
Başgalary
Hudaý biz barada alada edýärmikä?
dg 1-nji böl. sah. 3

1-nji bölüm

Hudaý biz barada alada edýärmikä?

1, 2. Adamlar Hudaý barada nähili sorag berýärler we şeýle soraglar näme üçin ýüze çykýar?

«BIZ barada alada edýän Hudaý bar bolsa, onda horluklara näme üçin ýol berýärkä?» diýip, belki, özüňden soransyň. Biziň hemmämiz, megerem, horluk çekendiris ýa-da horluk çekýän adamlaryň bardygyny bilýändiris.

2 Hawa, bütin taryhyň dowamynda adamlar uruş, zalymlyk, jenaýatçylyk, adalatsyzlyk, garyplyk, keselçilik we ýakynyň ölümi sebäpli ýüreginde agyryny hem-de gam-gussany göterip gelýär. Diňe XX asyrda bolan uruşlarda 100 milliondan gowrak adam heläk boldy. Ýüzlerçe million adam bolsa, ýa öýsüz-öwzarsyz galdy, ýa-da ýaralandy. Şu günler şeýle elhenç wakalar bolýar welin, köp adamlaryň gaýgysy we agysy artyp, özlerini umytsyz duýýarlar.

3, 4. Hudaýyň horluklara ýol bermegi barada köp adamlar näme pikir edýär?

3 Käbir adamlar gaharlanyp: «Hudaý bar bolaýanda-da, biz barada asla alada edenok» diýýärler. Olar Hudaý asla ýok diýmegi mümkin. Mysal üçin, Birinji Jahan urşunda ejir çeken bir adamyň dostlary we maşgalasy milletparazlyk sebäpli heläk boldy. Ol şeýle sorag berýär: «Bize Hudaý gerek wagty ol nirededi?» Ikinji Jahan urşunda faşistler millionlarça adamy öldüren mahaly diri galan bir adam horlukdan ýaňa gynanyp, şeýle diýdi: «Eger-de diliňiziň ujuny ýüregime degrip bilsediňiz, zäherlenerdiňiz».

4 Şeýlelikde, mähirli Hudaýyň ýamanlyga näme üçin ýol berýändigine köp adamlar düşünenok. Olar Hudaýyň biz barada alada edýänine, hatda onuň bardygyna-da şübhelenýärler. Olaryň köpüsi horluklar hemişe bolmalydyr öýdýärler.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş