7-nji bölüm
Pitne nämä eltdi?
1—3. Hudaýyň beren duýduryşynyň dogrudygyny wagt nädip subut etdi?
HUDAÝYŇ höküm sürmäge haky baradaky jedelli mesele babatda aýdaňda, adamlaryň ençeme asyrlap Hudaýdan garaşsyz höküm sürmegi nämä eltdi? Adamlar Hudaýdan has oňat höküm sürýändigini subut edip bildilermi? Eger-de adamlaryň edýän rehimsizligine seretsek, subut edip bilmändigi görünýär.
2 Adam ata bilen How ene Hudaýyň hökümdarlygyndan ýüz öwrüp, betbagtçylyga uçradylar. Olar öz başyna we bütin adamzat maşgalasynyň başyna horluklary indirdi. Olar özünden başga hiç kimi aýyplap bilmez. Hudaýyň Sözi şeýle diýýär: «Ýöne olar Onuň öňünde azdylar, olar ýazyklary boýunça Onuň çagalary däl» (Kanunyň gaýtalanyşy 32:5).
3 Eger-de Adam ata bilen How ene Hudaýyň golastyndan çyksalar, ahyrsoňy öljekdigini Ýehowa duýdurypdy. Şol duýduryşyň dogrulygyny taryh görkezdi (Barlyk 2:17; 3:19). Adam ata bilen How ene Hudaýyň golastyndan çykdylar, şonuň üçin hem wagtyň geçmegi bilen ölüp ýok boldular.
4. Biz näme üçin kämilsiz bolup dogulýarys, keselleýäris we ölýäris?
4 Rimliler 5:12-de olaryň nesline näme boljakdygy şeýle düşündirilýär: «Bir adam arkaly günäniň we günä arkaly ölümiň dünýä girişi ýaly, ölüm hem ähli adamlara geçdi». Hawa, Adam ata bilen How ene Hudaýyň hökümdarlygyna garşy çykyp, kämilsiz hem günäli boldular. Genetikanyň kanunyna laýyklykda, olar nesline diňe öz kämilsizligini berip bilýärdiler. Şol sebäpli-de biziň hemmämiz kämilsiz bolup dogulýarys, keselleýäris we ölýäris.
5, 6. Adamlaryň parahatçylygy we abadançylygy döretmekdäki tagallalary babatda taryh näme görkezdi?
5 Köp asyrlar geçdi. Hökümetler çalyşdy. Hökümetiň her hili görnüşlerini ulanyp gördüler. Ýöne ynsan maşgalasynyň başyna betbagtçylyklar yzly-yzyna indi durdy. Adamlar alty müň ýylyň dowamynda bütin dünýäde parahatçylygy, adalaty we abadançylygy döredip, şu wagta çenli mähirli, rehimli hem-de hyzmatdaşlyga taýyn bolmagy öwrenerdiler.
6 Aslynda, ähli zat tersine boldy. Adamlaryň döreden hiç bir hökümeti ähli adamlara parahatçylyk we abadançylyk berip bilmedi. Diňe XX asyrda Holokost döwri [faşistler tutuş milleti gyranda] millionlarça adam gyryldy we uruşlarda 100 milliondan gowrak adam öldürildi. Biziň döwrümizde ýigrenç hem syýasy agzalalyk sebäpli sansyz-sajaksyz adamy gynadylar, wagşylarça öldürdiler we türmä basdylar.
Häzirki ýagdaý
7. Adamzat maşgalasyndaky häzirki ýagdaýy nähili suratlandyrsa bolar?
7 Şeýle-de adamzat maşgalasyndaky häzirki ýagdaýa göz aýlap gör. Jenaýatçylyk hem zorluk gitdigiçe köpelýär. Neşe maddalaryny ulanmak edil ýokanç kesel ýaly ýaýraýar. Jynsy gatnaşyklar arkaly geçýän ýokanç keseller gyrgynçylyk ýaly. Köp adamlara SPID (AIDS) keseli ýokuşyp ölýärler. Her ýyl millionlarça adam açlykdan we keselçilikden ölse-de, beýleki adamlaryň uly baýlygy bar. Adamlar ýeri hapalap zaýaladylar. Köp ýerde maşgalalar bozulýar we ahlak gymmatlyklary pese düşýär. Hakykatdan-da, häzirki durmuş «bu dünýäniň taňrysy» — ýigrenji Şeýtanyň höküm sürýändigini görkezýär. Onuň höküm sürýän dünýäsi barlyşyksyz, rehimsiz hem-de bütinleý zaýalandy (2 Korintoslylar 4:4).
8. Adamlaryň gazanan üstünliklerine biz näme üçin hakyky ösüş diýip bilmeris?
8 Adamlar ylymda we ykdysadyýetde uly üstünlik gazanyp biler ýaly, Hudaý olara ýeterlik wagt berdi. Ýaý bilen peýkamly okuň deregine, pulemýotyň, tankyň, reaktiw bombalaýjy uçaryň hem-de reaktiw-ýadro ýaraglarynyň peýda bolmagyna hakyky ösüş diýse bolarmy? Adamlar kosmosa uçmagy öwrenseler-de, olar ýerde birek-birek bilen agzybir ýaşap bilenok. Muňa ösüş diýip bolarmy? Adamlar agşamyna, käbir ýerlerde hatda gündizine-de daşaryk çykmaga gorkýarlar. Eýsem, muňa ösüş diýip bolarmy?
Wagt nämäni görkezdi
9, 10. a) Geçen asyrlar nämäni aýdyň görkezdi? b) Hudaý näme üçin erkinligi yzyna almady?
9 Asyrlaryň dowamynda bolup geçen wakalar adamlaryň Hudaýsyz öz ädimine ugur görkezmegi başarmajagyny görkezdi. Adamlaryň iýmitsiz, suwsuz we howasyz ýaşap bilmeýşi ýaly, Hudaýsyz hem ýaşap bilmez. Hemme zat göz-görtele: iýmite, suwa we howa bagly ýaradylyşymyz ýaly, Ýaradyjynyň ýolbaşçylygyna hem bagly ýaradyldyk.
10 Hudaý erbetlige ýol berip, erkinligi ýalňyş ulansaň, nähili erbet netijelere getirjegini hemişelik görkezdi. Erkinlik gymmatly sowgat bolany üçin Hudaý ony adamlaryň elinden yzyna alman, gaýtam ýalňyş ulansaň, näme boljagyny görkezdi. «Ädimlerine ugur görkezmek, ýöräp barýan adamyň ygtyýarynda däl» diýip, Hudaýyň sözi hakykaty aýdýar. Ol başga-da hakykat sözlerini aýdýar: «Adamyň adama agalyk etmegi onuň zyýanynadyr» (Ýeremiýa 10:23; Wagyzçy 8:9).
11. Haýsy ynsan hökümeti horluklary aradan aýryp bildi?
11 Hudaý adamlara alty müň ýyl höküm sürmäge ýol bermek bilen, olaryň horluklaryň soňuna çykyp bilmejegini örän oňat subut etdi. Adamlar muny hiç haçan başaryp bilmediler. Mysal üçin, Ysraýylda ýaşan Süleýman patyşanyň akyldarlygy, baýlygy we güýç-kuwwaty bolsa-da, ynsan hökümdarlygynyň pajygaly netijelerini aradan aýryp bilmedi (Wagyzçy 4:1—3). Şoňa meňzeşlikde, häzirki döwürde dünýäniň ýurt baştutanlarynda iň täze tehnikasy bolsa-da, horluklaryň soňuna çykyp bilenok. Gaýtam, tersine boldy. Taryhyň görkezişi ýaly, adamlar Hudaýdan garaşsyz ýaşap, horluklaryň soňuna çykmagyň deregine, ony has-da köpeltdiler.
Hudaýyň öňden görüjiligi
12—14. Hudaýyň horluklara ýol bermegi bilen nähili ebedi peýda getirer?
12 Hudaýyň horluklara ýol bermegi bize köp kynçylyk getirdi. Ýöne wagtyň geçmegi bilen munuň oňat netije berjegini Hudaý öňünden gördi. Hudaýyň bu garaýşy ýaradan zatlaryna birnäçe ýyllyk ýa birnäçe müňýyllyk däl-de, millionlarça ýyllyk, hatda ebedilik peýda getirer.
13 Geljekde şeýle ýagdaý ýüze çykyp, kimdir biri erkinligi ýalňyş ulansa we Hudaýyň edýän işleriniň dogrulygy hakda şübhe döretse, onda şol pitneçä aýdan zatlaryny subut etmäge wagt bermek gerek bolmaz. Pitneçilere müňlerçe ýyl mümkinçilik berip, Hudaý muny kanuny mysal hökmünde älemiň islendik künjeginde hemişe ulanyp biler.
14 Ýehowanyň erbetlige we horluga häzire çenli ýol bermegi bilen, hiç bir zadyň Hudaýsyz üstünlik gazanmajagy ýeterlik subut edildi. Adamlaryň we ruhlaryň hiç hili özbaşdak maksatlarynyň ebedilik peýda getirmejegi gepsiz-gürrüňsiz görnüp durar. Diýmek, islendik pitneçini derrew ýok etmäge Hudaýyň doly hukugy bolar (Zebur 145:20; Rimliler 3:4).
[15-nji sahypadaky surat]
Adam ata bilen How ene Hudaýdan garaşsyzlygy saýlanyndan soň, garrap öldüler
[16-njy sahypadaky surat]
Hudaýdan garaşsyz ynsan hökümdarlygy heläkçilige eltdi
[16-njy sahypadaky surat]
U.S. Coast Guard photo