Mukaddes Ýazgylaryň kitaby 50 — Filipililer
Ýazan: Pawlus
Ýazylan ýeri: Rim
Ýazylan wagty: b. e. tak. 60-61 ý.
PAWLUS RESUL gören görnüşinde hoş habary wagyz etmek üçin Makedoniýa gitmäge çakylyk alýar. Pawlus hem-de onuň ýoldaşlary Luka, Silas we ýaş Timoteos çakylygy derrew kabul edýärler. Şeýlelikde, olar Kiçi Aziýadaky Troasdan gämi bilen Neapolise gidýärler we daglyk geçelgäniň üsti bilen deňizden takmynan 15 kilometrlikde ýerleşýän Filipi şäherine tarap ugraýarlar. Luka oňa «Makedoniýa welaýatynyň birinji şäheri» diýýär (Res. iş. 16:12). Ol şäheriň ady makedoniýanyň patyşasy Filipi II (Isgender Zülkarneýiniň atasynyň) hatyrasyna dakylypdyr. Ol b. e. öň 356-njy ýylda şäheri basyp alypdy. Soňra şäheri rimliler basyp alýar. B. e. öň 42-nji ýylda Filipi şäheriniň eteginde aýgytly söweş bolýar. Bu söweş soňy bilen Kaýsar Awgust adyny alan Oktawiana häkimiýetini berkitmäge kömek etdi. Ol şol ýeňşiň şanyna Filipi şäherini Rim koloniýasy edýär.
2 Pawlus täze şähere gelende, adatça, ilki bilen, ýehudylara wagyz edýärdi. Emma ol b. e. 50-nji ýylynda Filipä ilkinji sapar gelende, şäherde ýehudylaryň azdygyna, ähtimal, sinagogasynyň-da ýokdugyna göz ýetirýär, çünki olar Hudaýa doga etmek üçin şäherden çykyp, derýanyň kenarynda ýygnanýardylar. Pawlusyň wagzy çalt miwe berýär: ilkinjileriň hatarynda ýehudy dinine geçen Lidiýa atly söwdagär aýal Mesih baradaky hakykaty kabul edýär. Lidiýa Pawlusa we onuň ýoldaşlaryna öýünde galar ýaly ýalbarýar. Luka Lidiýanyň sözlerini: «Geliň-de, öýümde galyň» diýip, ýazýar. Emma tizden yzarlamalar başlanýar. Pawlusy we Silasy taýaklap, zyndana salýarlar. Olar tussaghanada otyrkalar, ýer titreýär. Şondan soň türmeçi öý-içerisi bilen Pawlusy we Silasy diňläp, iman edýärler. Ertesi gün Pawlusy we Silasy boşadýarlar. Olar hem Lidiýanyň öýünde doganlary görüp, olary ruhlandyrandan soň şäheri terk edýärler. Filipidäki ýygnagyň uly kynçylyklar bilen döreýşi Pawlusyň berk ýadynda galypdy (Res. iş. 16:9—40).
3 Birnäçe ýyldan üçünji missioner syýahatynda, Pawlus ýene-de Filipidäki ýygnagyň habaryny almaga barýar. Ol ýerdäki ýygnagyň döredilenine 10 ýyl töweregi wagt geçipdi. Filipidäki doganlaryň mähirli söýgüsi Pawlusy Hudaýyň ylhamy bilen hat ýazmaga höweslendirýär. Bu hat Pawlusyň söýgüli ýygnagynyň ady bilen Mukaddes Ýazgylara girýär.
4 Birinji aýatda aýdylyşy ýaly, Mukaddes Ýazgylaryň teswirçileriniň bu haty Pawlusyň ýazandygyny boýun almaga esaslary bar. Polikarp (b. e. 69?—155?) filipililere ýazan hatynda Pawlusyň ýazan haty barada hem agzap geçýär. Mundan başga-da, Mukaddes Ýazgylaryň irki teswirçileri Ignatiý, Lionly Irineý, Tertullian we Isgenderiýaly Kliment hem bu kitaba Pawlusyň haty hökmünde salgylanýarlar. Şeýle-de b. e. II asyry bilen senelenýän Muratoriniň parçasynda we beýleki irki kanonlarda oňa salgylanylýar. Çaklama görä, takmynan b. e. 200-nji ýyly bilen senelenýän Çester Bittiniň No.2 (P46) papirusynda bolsa, Filipililere hat Pawlusyň beýleki sekiz haty bilen bile berlipdir.
5 Hatyň ýazylan ýerini we wagtyny anyk kesgitläp bolýar. Pawlus bu haty ýazanda, rim imperatorynyň şahsy garawul esgerleriniň goragy astynda tussaglykda saklanýardy we mesihi işler bilen işjeň meşgullanýardy. Ol hatynyň soňunda kaýsaryň içerisindäki imanlylardan salam aýdýar. Bularyň bary hatyň Rimde ýazylandygyny tassyklaýar (Flp. 1:7, 13, 14; 4:22; Res. iş. 28:30, 31).
6 Eýsem, hat haçan ýazyldyka? Göräýmäge, Pawlus haty ýazýança Rimde ep-esli wagt ýaşan bolmaly, sebäbi onuň mesihçi hökmünde tussaglykdadygy hakda kaýsaryň tutuş köşgüni saklaýan esgerlere we başga-da köp adamlara belli bolupdyr. Şeýle-de Epafroditiň Filipiden (1 000 kilometr töweregi) Pawlusa sowgat getirmegi, Epafroditiň Rimde keselländigi barada habaryň Filipä barmagy we şol sebäpli duýgudaşlyk bildirmegiň Filipiden Rime ýetmegi üçin wagt gerekdi (Flp. 2:25—30; 4:18). Pawlus Rimde ilkinji sapar takmynan b. e. 59—61-nji ýyllary tussag astyna alynýar. Diýmek, ol haty b. e. 60-njy ýa-da 61-nji ýylynda, ýagny Rime gelen wagtyndan birki ýyl geçensoň ýazypdyr.
7 Çaga dogurjak aýalyň burgusy kimin ezýetler çekip, Pawlus hakykat sözi arkaly Filipidäki ruhy çagalaryna ýaşaýyş berdi; olar hem Pawlusy mähirli söýýärdiler we oňa jomartlyk bilen ähli gerekli zatlary berip, syýahatlarynda hem-de kynçylyklarynda telim sapar goldapdylar; Ýehowa bolsa Pawlusa missionerlik işiniň başynda Makedoniýada köp bereketler berýär. Netijede, Pawlus bilen Filipidäki doganlary birek-birege bolan söýgi berk baglanyşdyrýardy. Olar tüýs ýürekden sowgat iberip, Epafroditiň saglygy hakda alada edýändigini görkezdiler we Rimde hoş habaryň ýaýraýşy barada gyzyklanýardylar. Bu bolsa Pawlusy olary ruhlandyrmak üçin mähirli we gyzgyn hat ýazmaga höweslendirýär.
PEÝDASY
12 Biz üçin Filipililer kitaby biçak peýdalydyr! Elbetde, biz hem Ýehowany razy edip, Filipidäki ýygnak ýaly mesihi gözegçilerden öwgüli sözler eşitmek isleýäris. Munuň üçin filipilileriň ajaýyp göreldesine eýermeli we Pawlusyň söýgi bilen aýdan öwüt-nesihatlaryna gulak asmaly. Filipililer ýaly jomart bolup, biz hem doganlara kynçylyklarynda kömek etmeli hem-de hoş habary goramaga we kanun taýdan tassyklamaga gatnaşmaly (Flp. 1:3—7). Mundan beýläk-de, «bir ruhda berk durup, Hoş Habara bolan iman üçin bir jan bolup göreşmeli» we erbet hem azgyn nesliň arasynda «yşyk kimin ýalpyldamaly». Şeýle etsek hem-de hormatly zatlar hakda oýlansak, bizem Pawlusyň «guwanjy we başynyň täji» bolan filipililer ýaly doganlaryň guwanjy bolarys (Flp. 1:27; 2:15; 4:1, 8).
13 Pawlus: «Menden görelde almakda birleşiň» diýip ýazýar. Nämede görelde almaly? Meselem, ol her ýagdaýda baryna kaýyl bolýardy. Pawlus mätäçlik çekse-de, bolelin ýaşasa-da, ýagdaýa hüňürdisiz öwrenişýärdi, sebäbi Hudaýa gullugyny şadyýan hem yhlasly dowam etdirmek isleýärdi. Wepaly doganlary söýmek babatda-da hemmeler Pawlusdan görelde almaly. Ol Timoteosyň we Epafroditiň gullugy hakda, gör, nähili söýgi hem mähir bilen gürrüň berdi! Pawlus filipililere «meniň küýseýän söýgüli doganlarym, guwanjym we başymyň täji» diýip, olary nähili gowy görüpdir! (Flp. 3:17; 4:1, 11, 12; 2:19—30).
14 Pawlusdan ýene nämede görelde alyp bileris? «Pellehana tarap ylgamaly»! Hormatly zatlar barada oýlanýanlaryň ählisi Ýehowanyň gökdäki we ýerdäki guramasy bilen içgin gyzyklanýarlar. Ol ýerde «her dil Ata Hudaýyň şöhraty üçin Isa Mesihiň Rebdigini ykrar edýär». Filipililere berlen ajaýyp öwütler Hudaýyň Patyşalygy arkaly ebedi ýaşamaga umyt edýänleriň ählisini şol maksada ýetmäge höweslendirýär. Filipililere hat ilkinji nobatda «watany gökler» bolanlar we «bedeniniň [Mesihiň] şöhratly bedenine meňzemäge» sabyrsyzlyk bilen garaşýanlar üçin ýazylypdyr. Goý, olaryň ählisi Pawlusdan görelde alyp, «yzdaky zatlary unudyp, öňdäkilere el uzatsynlar» we «arşa tarap çakylygyň baýragyna mynasyp bolmak üçin», ýagny gökdäki Patyşalykdaky şöhratly miras üçin ylgasynlar! (Flp. 4:8; 2:10, 11; 3:13, 14, 20, 21).