Mukaddes Ýazgylaryň kitaby 43 — Ýahýa
Ýazan: Ýahýa resul
Ýazylan ýeri: Efesos ýa-da onuň golaýy
Ýazylan wagty: b. e. tak. 98 ý.
Öz içine alýan wagty: b. e. 29—33 ý (sözbaşy hasaba almasaň)
BIRINJI ASYRYŇ mesihçileri Mattanyň, Markusyň we Lukanyň Hoş habarlaryny 30 ýyldan gowrak bäri ulanýardylar we olary mukaddes ruh arkaly ýazylan kitap hökmünde gymmat saýýardylar. Isa bilen gulluk eden şägirtleriň sany I asyryň ahyrynda azalypdy. Şol sebäpli şeýle sowallar ýüze çykan bolmaly: «Isa barada aýdylman galan zat barmyka? Kimdir biri öz ýatlamalaryna esaslanyp, onuň gullugy hakda başga-da wajyp zatlary gürrüň berip bilermi?» Hawa, gürrüň berip biler. Goja Ýahýa Isanyň ýakyn dostudy. Ol Ýahýa Çokundyryjynyň Hudaýyň Guzusy bilen tanyşdyran ilkinji şägirtlerindendi we Reb ony özi bilen gulluk etmäge çagyran ilkinji dört şägirdiniň biri bolmaly (Ýahýa 1:35—39; Mar. 1:16—20). Ol Isanyň bütin gullugynyň dowamynda ýakyn dosty bolupdyr we «Isanyň gowy görýän» şägirdidi. Soňky Pasha baýramynda bolsa, saçak başynda Isanyň döşüne ýaplanyp ýatyrdy (Ýahýa 13:23; Mat. 17:1; Mar. 5:37; 14:33). Ol Isanyň aýylganç ölüminiň şaýady boldy. Şonda Isa oňa ejesi hakda alada etmegi tabşyrypdy. Isanyň direlendigi hakda habary eşidip, muňa göz ýetirmek üçin mazara tarap ylgap gidenlerinde, Petrusy ozup geçen hem Ýahýady (Ýahýa 19:26, 27; 20:2—4).
2 Ýahýa ýetmiş ýyl yhlasly gulluk edip, ägirt uly tejribe toplapdy we Patmos adasynda ýeke özi tussuglykdaka, görnüşler alyp, olar hakda köp oýlanypdy. Indi bolsa uzak wagtlap ýüreginde göterip ýören zatlaryny ýazmaga taýýardy. Kitaby okan her bir adamyň «Isanyň Hudaýyň Ogly Mesihdigine iman etmegi we iman edip, Onuň ady bilen ýaşaýşa gowuşmagy» üçin mukaddes ruh Ýahýa şol gymmatly, möhüm sözleri ýada salmaga hem-de ýazmaga kömek etdi (Ýahýa 20:31).
3 II asyryň başynda ýaşan mesihçiler kitaby Ýahýanyň ýazandygyny ykrar edipdirler hem-de onuň ylhamly Ýazgylaryň ýygyndysyna girýändigine gürrüňsiz ynanypdyrlar. II asyryň soňunda we III asyryň başynda ýaşap geçen Aleksandriýaly Klement, Lionly Irineý, Tertullian we Origen kitaby Ýahýanyň ýazandygyna güwä geçýärler. Şeýle-de ony Ýahýanyň ýazandygyna degişli deliller kitabyň özünde-de köp. Kitaby ýehudylaryň däp-dessurlaryna we ýurduna belet ýehudy ýazan bolmaly (Ýahýa 2:6; 4:5; 5:2; 10:22, 23). Ondaky käbir jikme-jiklikleri diňe sanlyja adamlar bilýärdi. Diýmek, Hoş habary ýazan diňe bir resul däl-de, eýsem, aýratyn ýagdaýlarda Isanyň ýanynda bolan üç ýakyn dostunyň, ýagny Petrusyň, Ýakubyň we Ýahýanyň biridi (Mat. 17:1; Mar. 5:37; 14:33). Kitaby Ýakup (Zebedeýiň ogly) ýazdy diýip bilmeris, sebäbi ony Hirodes Agrippa I b. e. 44-nji ýylynda gynap öldürtdi, şonda bu kitap entek ýazylmandy (Res. iş. 12:2). Kitaby Petrus hem ýazdy diýip bilmeris, sebäbi ol Ýahýa 21:20—24-nji aýatlarda ýazyjy bilen bile agzalýar.
4 Şu jemleýji aýatlarda oňa «Isanyň gowy görýän şägirdi» diýilýär. Şu we şuňa meňzeş sözler kitapda birnäçe sapar ulanylsa-da, Ýahýa resulyň ady hiç agzalmaýar. Isa ol hakda: «Men özüm gelýänçäm, onuň galmagyny isleýän bolsam, saňa näme?» diýýär (Ýahýa 21:20, 22). Şu sözlerden ugur alsak, şol agzalan şägirt Petrusdan we beýleki resullardan uzak ýaşamalydy. Hawa, aýdylanlaryň bary Ýahýa resula gabat gelip dur. Ýahýa resul Isanyň gelmegi hakda Ylham kitabynda ýazylan görnüşi alyp, ajaýyp pygamberligi şeýle sözler bilen tamamlamagy hem gyzyklydyr: «Omyn! Gel, ýa Reb Isa!» (Ylh. 22:20).
5 Ýahýanyň ýazan kitaplarynda anyk maglumat berilmese-de, aýdyşlaryna görä, Ýahýa Hoş habary Patmos adasyndan tussaglykdan gelende ýazypdyr (Ylh. 1:9). Rim imperatory Nerwa (b. e. 96—98 ý.) özünden öňki Domisianyň hökümdarlygynyň soňky ýyllarynda sürgün edilenleri boşadypdyr. Ýahýa takmynan b. e. 98-nji ýylynda Hoş habary ýazyp, soňra Traýan imperatoryň hökümdarlygynyň üçünji ýylynda, ýagny b. e. 100-nji ýylynda Efesosda aradan çykypdyr.
6 Kitabyň Efesosda ýa-da onuň töwereginde ýazylandygy babatda taryhçy Ýewsewiý (takmynan b. e. 260—342 ý.) Irineýiň sözlerini getirýär: «Rebbiň döşüne ýaplanyp ýatan şägirdi Ýahýa hem Aziýanyň Efesos şäherinde ýaşan döwri hoş habar ýazdy»a. Kitabyň Palestinanyň çäginden daşarda ýazylandygyny Isanyň telim sapar garşydaşlaryna «fariseýler», «baş ruhanylar» däl-de, «ýehudylar» diýip ýüzlenmegi hem tassyklaýar (Ýahýa 1:19; 12:9). Onsoňam, Jelile kölüniň rimçe ady (Tiberiýa köli diýlip) tutulýar (Ýahýa 6:1; 21:1). Ýahýa ýehudy dällere ýehudylaryň baýramçylyklaryny düşündirýär (Ýahýa 6:4; 7:2; 11:55). Ýahýanyň sürgünlikde bolan Patmos adasy Efesosyň golaýyndady. Onuň Efesosdaky we Kiçi Aziýadaky ýygnaklaryň ýagdaýyny gowy bilýändigi Ylham kitabynyň 2—3-nji baplaryndan görünýär.
7 XX asyrda Ýahýanyň Hoş habarynyň ynama mynasypdygyny tassyklaýan möhüm golýazmalar tapyldy. Olaryň biri Ýahýanyň Hoş habarynyň Müsürde tapylan parçasy. Häzir ol Raýlendziň papirusy 457 (P52) ady bilen bellidir. Onda Ýahýa 18:31—33, 37, 38-nji aýatlary ýazylypdyr. Ol golýazma Angliýanyň Mançester şäherinde Jon Raýlendziň kitaphanasynda saklanýarb. Merhum jenap Frederik Kenonyň «Mukaddes Ýazgylar we häzirki zaman ylym» atly kitabynda (1949 ý., sah. 21) aýtmagyna görä, şol golýazma Ýahýanyň Hoş habaryny I asyryň aýagynda ýazylandygy barada adaty tassyklaýar: «Parça kiçeňräk bolsa-da, Hoş habaryň golýazmasynyň takmynan b. e. 130—150-nji ýyllarynda tapylan ýerinde, ýagny şol wagty Rim welaýaty bolan Müsüriň töwereginde ulanylandygyna ynamly delil bar. Eger bu kitabyň ýazylan ýerinden başga ýerlere ýaýramagy üçin gysga wagt gerek bolan bolsa-da, onda bu bizi adat bolan senä, ýagny I asyryň soňky onýyllygyna eltýär. Diýmek, bu adatyň ygtybarlydygyna şek-şübhe galmaýar».
8 Ýahýanyň Hoş habary ajaýyp giriş sözler bilen başlanýar. Onda «ozal-başda Hudaý bilen bolan» we ähli zatlar şol arkaly ýaradylan Söz barada aýdylýar (Ýahýa 1:2, TD). Ýahýa Ata bilen Ogluň mähirli gatnaşyklary hakda gürrüň berip, Isanyň eden işlerini we sözlerini çeper beýan edýär, Hudaýyň beýik guramasynda hemmeleri birikdirýän joşgunly söýgini bolsa, aýratyn belläp geçýär. Isanyň ýerdäki ýaşaýşy hakdaky bu kitap b. e. 29—33-nji ýyllaryny öz içine alýar hem-de Isanyň gatnaşan dört Pashasyny agzap geçýär. Bu bolsa Isanyň üç ýarym ýyl gulluk edendigini ýene bir gezek subut edýär. Şol Pashalaryň üçüsi hakda gös-göni aýdylýar (Ýahýa 2:13; 6:4; 12:1; 13:1). Olaryň birine bolsa «ýehudylaryň baýramy» diýilýär, ýöne şonuň öň ýanynda Isa «oraga ýene dört aý bar» diýipdi. Diýmek, bu Pasha baýramy bolmaly, sebäbi ol orak döwrüniň başynda başlanýardy (Ýahýa 4:35; 5:1)c.
9 «Ýahýanyň hoş habarynda» goşmaça maglumat örän köp. Ondaky ýazylanlaryň 92 göterimi beýleki üç Hoş habaryň hiç birinde ýok. Muňa garamazdan, Ýahýa kitabyny şeýle sözler bilen jemleýär: «Isanyň başga-da eden işleri gaty köpdür; olar birin-birin ýazylsa, onda, ýazylan kitaplar dünýä sygmaz diýip pikir edýärin. Omyn!» (Ýahýa 21:25).
PEÝDASY
30 Ýahýanyň gönümelligi Mesih bolan Sözüň keşbini örän täsirli suratlandyrýar, ýakyn dostuň mähirli beýanyny bolsa, has-da ynandyryjy berýär. Şonuň üçin «Ýahýanyň Hoş habary» bize Hudaýyň mesh edilen Oglunyň sözleri we işleri hakda aýdyň düşünje berýär. Ýahýanyň sadaçyl ýazmagy we söz baýlygynyň azlygy, onuň «okuwsyz, garamaýak» adamdygyny görkezýär, ýöne şonda-da onuň sözlerinde ägirt uly güýç bar (Res. iş. 4:13). Ata bilen Ogluň gyzgyn söýgüsi hem-de olar bilen birligiň berýän şatlygy we bagty hakda gürrüň berende, Ýahýanyň hoş habary has-da gözelleşýär. Ýahýa «söýgi» we «söýmek» sözlerini beýleki hoş habarçylaryň üçüsinden-de has köp ulanýar.
31 Söz bilen Ata Hudaýyň gatnaşygy ozal-başdan nähili oňat bolupdyr! Hudaýyň öňden görüjiligi bilen, «Söz jan-ten bolup aramyzda ýaşady; biz Onuň şöhratyny, Atasynyň ýalňyz oglunyň merhemetden, hakykatdan doly şöhratyny gördük» (Ýahýa 1:14). Ýahýanyň Hoş habarynda başdan-aýak Isa Hudaýa tabyn bolup, kemsiz gulak asyp, Onuň islegini berjaý etmegiň wajypdygyny belläp geçýär (Ýahýa 4:34; 5:19, 30; 7:16; 10:29, 30; 11:41, 42; 12:27, 49, 50; 14:10). Şol ýakyn gatnaşygy Ýahýanyň 17-nji babynda ýazylan täsirli doga has-da oňat beýan edýär. Isa Atasyna tabşyrylan işi berjaý edendigini aýdyp: «Eý Ata, dünýä döremezden öň huzuryňda Maňa bolan şöhrat bilen indi Meni huzuryňda şöhratlandyr» diýýär (Ýahýa 17:5).
32 Isanyň şägirtleri bilen gatnaşygy barada näme diýse bolar? Hudaýyň onuň şägirtlerine we ähli adamzada diňe Isa arkaly bereket berýändigi ençeme gezek aýdylýar. Onda Isanyň bu roly çuňňur düşündirilýär (Ýahýa 14:13, 14; 15:16; 16:23, 24). Isa barada «Hudaýyň guzusy», «ýaşaýyş çöregi», «dünýäniň nury», «gowy çopan», «direliş-de, ýaşaýyş-da», «ýol, hakykat we ýaşaýyş», «hakyky üzüm agajy» diýilýär (Ýahýa 1:29; 6:35; 8:12; 10:11; 11:25; 14:6; 15:1). «Hakyky üzüm agajy» hakdaky tymsaly arkaly bolsa, Isa diňe bir hakyky şägirtleri bilen däl-de, eýsem, Atasy bilen ajaýyp birligi mälim edýär. Olar köp miwe bermegi bilen Atasyny şöhratlandyrarlar. «Atamyň Meni söýşi ýaly, Men-de sizi söýdüm, Meniň söýgimde galyň» diýip, Isa maslahat berýär (Ýahýa 15:9).
33 Isa ähli şägirtleri hem-de «olaryň sözi bilen Oňa iman etjekler» hakda Ýehowa doga edip, olaryň özi we Atasy bilen bir bolmagyny hem-de hakykat sözi bilen mukaddes edilmegini tüýs ýürekden dileýär! Aslynda, Isanyň gullugynyň baş maksadyny Atasyna eden dogasynyň soňky sözleri oňat düşündirýär: «Seniň Maňa bolan söýgiň olarda bolsun, Men-de olarda bolaýyn diýip, adyňy olara bildirdim we bildirerin» (Ýahýa 17:20, 26).
34 Isa şägirtlerini dünýäde galdyrsa-da, olary kömekçisiz, ýagny «Hakykat Ruhuny» bermän goýmakçy däldi. Mundan başga-da, olara dünýä nähili garamalydygy we «nuruň ogullary» hökmünde galmalydygy barada gerekli maslahatlary berdi (Ýahýa 14:16, 17; 3:19—21; 12:36). Isa olara şeýle diýdi: «Meniň sözümi tutsaňyz, hakykatdan, Meniň şägirtlerim bolarsyňyz». Ýöne garaňkylygyň ogullaryna welin: «Siziň ataňyz iblis, siz ataňyzyň dilegini berjaý etmek isleýärsiňiz... Ol... hakykatda durmaýardy, çünki onda hakykat ýok» diýdi. Şonuň üçin, geliň, hemişe hakykatda berk duralyň, «Ata ruhda, hakykatda sežde edeliň» hem-de Isanyň: «Mert boluň; Men dünýäni ýeňendirin» diýen sözlerinden ruhlanalyň (Ýahýa 8:31, 32, 44; 4:23; 16:33).
35 Bularyň bary Hudaýyň Patyşalygy bilen hem baglanyşyklydyr. Isany höküm edýärkäler, ol şeýle diýdi: «Meniň patyşalygym bu dünýäden däl; patyşalygym bu dünýäden bolan bolsa, onda hyzmatkärlerim Meni ýehudylaryň eline berdirmejek bolup göreşerdiler, ýöne Meniň patyşalygym bu ýerden däl» diýdi. Soňra bolsa, Pilatusyň sowalyna jogap berip: «Meniň patyşadygymy özüň aýdýarsyň. Men hakykata güwälik etmek üçin doguldym, şonuň üçin hem dünýä geldim. Hakykatyň tarapdary bolan her bir kişi Meniň sesimi eşider» diýdi (Ýahýa 18:36, 37). Hakykatdan-da, şu sözlere gulak asyp, Patyşa bilen «Hudaýyň Patyşalygyna girmek» üçin «gaýtadan doglanlar» nähili bagtly! Patyşa Çopanyň sesini eşidip, ýaşaýşa gowuşýan «başga goýunlar» nähili bagtly! Hawa, Ýahýanyň Hoş habary üçin ýürekden minnetdar bolup bileris, sebäbi ol «Isanyň Hudaýyň Ogly Mesihdigine iman etmegimiz we iman edip, Onuň ady bilen ýaşaýşa gowuşmagyňyz üçin ýazyldy» (Ýahýa 3:3, 5; 10:16; 20:31).
[Çykgytlar]
a «The Ecclesiastical History», Eusebius, V, VIII, 4.
b «Ýazgylara düşünmek» (iňl.), jilt 1, sah. 323.
c «Ýazgylara düşünmek» (iňl.), jilt 2, sah. 57, 58.