Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w12 15/8 sah. 30
  • Ýadyňyzdamy?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýadyňyzdamy?
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
  • Meňzeş maglumat
  • Ýehowa Şimşona güýç berdi
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Iň güýçli adam
    Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • Şimşon serdar ýaly Ýehowa bil baglaň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2023
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
w12 15/8 sah. 30

Ýadyňyzdamy?

Siz «Garawul diňi» žurnalynyň soňky sanlaryny ünsli okadyňyzmy? Onda aşakdaky soraglara jogap bermäge synanyşyň.

Şimşonyň güýji saçyndamydy?

Şimşonyň güýji saçynda däldi. Onuň saçy nezir hökmünde Hudaý bilen aýratyn dostlugynyň alamatydy. Delile onuň saçyny kesende, bu dostluga täsir etdi (15. 4. sahypa 9).

Ynsan ýüregine meňzeşlikde göçme manydaky ýürege haýsy üç zat gowy täsir edip biler?

1. Iýmitlenmek. Ýüregimizi ýokumly maddalar bilen üpjün edişimiz ýaly, göçme manydaky ýüregimizi hem sagdyn ruhy iýmit bilen iýmitlendirmeli. 2. Türgenleşmek. Yhlasly wagyz etsek, biziň ruhy ýüregimiz sagdyn bolar. 3. Gatnaşýan adamlarymyz. Eger aladamyzy edýän imandaşlarymyz bilen gatnaşsak, ýüregimize kän agram düşmez (15. 4. sahypa 16).

Isa näme üçin şägirtlerine «özüňizi fariseýleriň hamyrmaýasyndan» goraň diýdi?

Isa fariseýleriň garaýyşlaryny we taglymatlaryny göz öňünde tutupdy. Sebäbi olaryň taglymatlary adamlara erbet täsir edýärdi we howpludy. Şol sebäpli Isa olary ýazgardy (15. 5. sahypa 28).

Aradan çykan mesihçi üçin doklad okalanda Zebur 116:15-i näme üçin ulanmaly däl?

Bu aýatda şeýle diýilýär: «Takwalarynyň ölümi Rebbiň nazarynda gymmatdyr». Bu sözler ähli wepaly gullukçylarynyň janyny Hudaýyň örän gymmat saýýandygyny görkezýär. Ol gullukçylarynyň topar hökmünde ölmegine ýol bermez (15. 5. sahypa 22).

Kitap paýlaýanlar diýip kimlere aýdylýardy?

Şu günler pioner bolup gulluk edýän dogan-uýalara 1931-nji ýyldan öň «kitap paýlaýanlar» diýilýärdi (15. 5. sahypa 31).

Isa suwda çokundyrylyp, özüni nämä bagyş etdi?

Isa suwda çokundyrylyp, özüni hoş habary wagyz etmäge we Ýehowany şöhratlandyrmaga bagyş etdi (15. 6. sahypa 23).

Daniýel 2:44-de agzalýan «patyşalyklaryň ählisi» kimleri aňladýar?

Olara diňe heýkeliň böleklerini aňladýan patyşalyklar, ýagny hökümetler degişli (15. 6. sahypa 17).

Mukaddes Ýazgylardaky pygamberlige görä, ýedinji Iňlis-Amerikan dünýä şalygy haçan höküm sürüp başlady?

Birinji jahan urşy döwründe Britaniýa bilen ABŞ birleşdi. Şonda olar bilelikde höküm sürüp başlady (15. 6. sahypa 19).

Hudaýyň kanunyna «ýakyndan seretmek» nämäni aňladýar?

«Ýakyndan seretmek» diýen jümle tagalla etmegi aňladýar. Biz Hudaýyň kanunynyň aňymyza, ýüregimize täsir etmegini islesek, Mukaddes Ýazgylary ünsli we yzygiderli okamak hem-de okan zatlarymyzyň üstünde çuňňur oýlanmak üçin tagalla etmeli (1 Tim. 4:15) (15. 7. sahypa 9).

Iblisiň haýsy duzaklaryndan seresap bolmaly?

Erk edilmeýän dilden, gorky we adamlaryň täsirinden, özüňi çendenaşa günäkärlemekden, baýlyga kowalaşmakdan hem-de zynadan gaça durmaly (15. 8. sahypa 20—29).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş