Okyjylaryň sowallary
Mesihçi Ýehowanyň Şaýady bolmadyk dogan-garyndaşynyň ýa-da tanşynyň toýuna gatnaşyp bilermi?
Nika toýy — şatlykly waka. Her bir mesihçi durmuş gurýanlaryň toý dabarasyna gatnaşmak isleýär. Kämillik ýaşyna ýetmedik ýaşlar toý çakylygyny kabul etmezden öň, ata-enesinden rugsat almaly (Efes. 6:1—3). Emma mesihçi uýamyzyň Ýehowa gulluk etmeýän ýanýoldaşy nika gyýylyş dabarasyna gitmegi teklip etse näme? Ähtimal, uýamyzyň ynsaby şol dabara barmaga ýol berer. Ýöne ol ondaky çärelere gatnaşmazlygy ýüregine düwer.
Nika toýuna barmalymy ýa-da barmaly däldigini her kimiň özi çözýär. Emma mesihçi bu meselede Ýehowanyň öňünde jogapkärdigini unutmaly däl. Şol sebäpli mesihçi Ýehowanyň Şaýady bolmadyk adamyň nika toýuna gitmek babatda belli bir karara gelmeli bolanda, Mukaddes Ýazgylaryň käbir prinsiplerini göz öňünde tutmaly.
Mesihçiler, esasan, Hudaýyň göwnünden turmaga çalyşmaly. Isa şeýle diýdi: «Hudaý Ruhdur, Oňa sežde edýänler ruhda, hakykatda sežde etmelidir» (Ýahýa 4:24). Şol sebäpli Ýehowanyň Şaýatlary Mukaddes Ýazgylara garşy gelýän dini däp-dessurlara, doga-dileglere we baýramçylyklara gatnaşmaýarlar (2 Kor. 6:14—17).
Mesihçi gelýän kararynyň başgalara nähili täsir etjekdigini-de göz öňünde tutmaly. Eger siz toýa barsaňyz, dogan-garyndaşlaryňyz ondaky käbir çärelere gatnaşmaýandygyňyz üçin gaty görmezmi? Şeýle-de gelýän kararymyzyň imandaşlarymyza nähili täsir etjekdigini göz öňünde tutmaly (Rim. 14:13). Eger siz ýa-da siziň maşgala agzalaryňyz Ýehowanyň Şaýady bolmadyk adamyň nika toýuna gatnaşmagy nädogry hasaplamasaňyz-da, bu siziň mesihçi dogan-uýalaryňyza nähili täsir eder? Bu olaryň ynsabyna zyýan ýetirmezmi?
Ýehowanyň Şaýady bolmadyk adamyň nikalaşmak dabarasyna gatnaşanyňda käbir kynçylyklaryň döremegi mümkin. Eger senden toýda ýigidiň ýa-da gyzyň şaýady bolmagy haýyş etseler näme? Ýa-da Ýehowa gulluk etmeýän ýanýoldaşyň toý dabarasyna seniň doly gatnaşmagyňy islese näme? Nikalaşmak dabarasy döwlet işgärleri tarapyndan geçirilende, ol köplenç din bilen baglanyşykly bolmaýar.
Nikalaşmak dabarasyny dini ýolbaşçy geçirýän bolsa hem kynçylyklar döräp biler. Mukaddes Ýazgylara görä terbiýelenen ynsabyňyza we dini ynançlaryňyza garşy gelýän zatlardan ýa-da toý dabarasynda başgalary oňaýsyz ýagdaýa salmakdan gaça durmak üçin, belki, siz toýa asla gitmezligi ýüregiňize düwersiňiz (Sül. tym. 22:3). Eger siz toýuň haýsy çärelerine gatnaşyp biljekdigiňizi ýa-da bilmejekdigiňizi Mukaddes Ýazgylaryň esasynda ýakynlaryňyza öňünden düşündirseňiz, siz özüňizi hem-de olary oňaýsyz ýagdaýa düşürmersiňiz.
Käbir mesihçiler ähli ýagdaýlary göz öňünde tutup, Ýehowanyň Şaýady bolmadyk adamyň toýuna doly gatnaşmasa-da, oňa barmagy ýüregine düwmegi mümkin. Emma mesihçi toýda Hudaýyň prinsiplerini bozmaga iterýän ýagdaýlara duşjakdygyny bilse, onda ol toýda şatlanman, gaýtam, lapykeç boljakdygyna düşünmeli. Eger mesihçi nikalaşmak dabarasyna däl-de, ondan soňky çärelere barmak islese, onda ol «baryny Hudaýyň şöhraty üçin etmegi» ýüregine düwmeli (1 Kor. 10:31). Şeýle ýagdaýlarda karara gelnende, «her kim öz ýüküni özi götermäge» jogapkärdir (Gal. 6:5). Siz nähili karara gelseňiz-de, Ýehowanyň öňünde päk ynsabyňy saklamagyň has wajypdygyny unutmaň.