Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w18 Maý sah. 32
  • Bol hasyl ýygymy

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Bol hasyl ýygymy
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2018
  • Meňzeş maglumat
  • Hoş habary wagyz etmegiň usullary
    Ýehowanyň islegini ýerine ýetirýän gurama
  • Seniň wagyz etmäge uçastogyň barmy?
    Hudaýa gullugymyz — 2006
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2018
w18 Maý sah. 32
2012-nji ýylda Ukrainanyň Nižnýaýa Apşa şäherinde geçirilen welaýat kongresi

Ukrainanyň Nižnýaýa Apşa şäherinde geçirilen welaýat kongresi, 2012-nji ýyl

Bol hasyl ýygymy

ISA soňky günlerde «hasylyň bol» boljakdygyny we şägirtleriniň muňa şatlanjakdygyny pygamberlik etdi (Mat. 9:37; 24:14). Geliň, Isanyň sözleriniň Ukrainanyň Zakarpatýa welaýatynda nädip ýerine ýetýändigine seredeliň. Bu welaýatyň bary-ýogy üç obasynda 50 sany ýygnak we 5 müň 400-den gowrak wagyzçy bara. Dogrudan-da, bu üç obada her 4 adamdan 1-i Ýehowanyň Şaýady!

Bu ýeriň ýaşaýjylary barada näme diýse bolar? Wasiliý atly ýerli dogan şeýle diýýär: «Adamlar Mukaddes Ýazgylara hormat goýýar, adalaty gymmat saýýar, maşgala gatnaşyklary berk we birek-birege ýürekden kömek edýärler. Elbetde, olar biziň ynançlarymyz bilen hemişe ylalaşmaýar. Ýöne Hudaýyň Sözünden bir zat görkezseňiz, olar höwes bilen diňlär».

Bu ýerde wagyzçylaryň sany köp bolansoň, dogan-uýalar dürli kynçylyklara-da uçraýar. Meselem, bir ýygnakda 134 wagyzçy bar, emma şol ýerde bary-ýogy 50 hojalyk ýaşaýar. Wagyzçylar bu kynçylyga nädip hötde gelýärler?

Dogan-uýalaryň köpüsi wagyzçylaryň az ýerine gidip, wagyz edýärler. 90 ýaşly Ýonaş atly doganymyz şeýle diýýär: «Ýygnagymyzda her wagyzça 2 hojalykdan düşýär. Men köplenç obada wagyz edýärin. Saglygym erbetleşmänkä, men takmynan 160 kilometr uzaklykda ýerleşýän hiç bir ýygnaga degişli bolmadyk ýerlere gidip, wenger dilinde wagyz edýärdim». Dogrudan-da, dogan-uýalar başga ýygnaklara kömek etmek üçin köp zatdan geçmeli bolýarlar. Ýonaş dogan: «Men otla ýetişmek üçin daňdan sagat 4-de turýardym we soňky otly bilen yzyma gaýdar ýaly, agşamara sagat 6-a çenli wagyz edýärdim» diýýär. Bu onuň eden tagallasyna degdimi? Ol şeýle diýýär: «Men gullugyň bu görnüşinden köp şatlyk tapýardym. Meniň uzakda ýaşaýan adamlara hakykaty bilmäge kömek etmäge mümkinçiligim boldy».

Elbetde, her bir dogan-uýa şeýle uzak ýerlere gidip wagyz edip bilmeýär. Emma ähli wagyzçylar, şol sanda gartaşan dogan-uýalaram ýaşaýan ýerinde hoş habary birkemsiz wagyz etmek üçin elinde baryny edýär. 2017-nji ýylda bu üç obada gulluk edýän dogan-uýalaryň agzybirlikde Ýatlama agşamyny geçirmäge mümkinçiligi boldy. Ýatlama agşamyna gatnaşanlaryň sany şol ýerdäki wagyzçylardan iki esse köpdi, ýagny tutuş ilatyň ýarysyna barabardy. Dogrudan-da, biz nirede gulluk etsek-de, «Halypamyzyň işinde» edilmeli iş köp (1 Kor. 15:58).

a Obalaryň atlary: Glubokiý Potok, Sredneýe Wodýanoýe we Nižnýaýa Apşa.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş