Sowally bukja
◼ Ýygnak duşuşyklarynda her kim hemmäniň öwrenmegine nädip ýardam edip biler? (Kan. tag. 31:12)
Ähli dogan-uýalar Ýehowa we onuň ýygnak duşuşyklaryna hormat goýýany üçin, ýygnaga irräk gelip, öwrenmäge taýýarlanýar. Olar öňki hatarlarda oturyp, yzky hatarlary çagaly we käwagt gijä galýan dogan-uýalara goýýar. Ýygnak başlamazdan öň diňleýjileriň ünsüni sowmaz ýaly, el telefonyny we beýleki elektron enjamlary öçürmeli. Ýygnaga gatnaşýanlaryň ählisi biri-birine hormat goýsalar, özüniň we başgalaryň ünsüni sowmaz (Wag. 5:1; Flp. 2:4).
Ýygnaga täze adamlar gelende, olary tanaýan dogan-uýalar bile oturmagy teklip edip biler. Bu esasanam, olaryň kiçi çagalary bolsa kömek eder. Maşgala üçin ýygnak duşuşyklaryna gelmek täzelik bolup biler. Şonuň üçin olara yzky hatarda oturmak amatly bolar, sebäbi başgalaryň ünsüni sowman, çagalarynyň aladasyny etmek üçin zaldan çykyp biler (Sül. tym. 22:6, 15). Ata-eneler çagalary goh etmez ýaly, olar bilen bile başga otagda oturmaly däl. Şeýle-de olar çagalarynyň aladasyny etmek we köşeşdirmek üçin zaldan çyksalar we soňra ýene-de zala girseler gowy bolar.
Hudaýyň öýünde tertip-düzgüni saklamaga hyzmatçy doganlar kömek edýär. Olar ýygnaga irräk gelip, maşgalalara we käwagt gijä galýan doganlara ýer tapmaga kömek edýär. Hyzmatçy doganlar sypaýy bolmagy unutmaýar we başgalaryň ünsüni sowman doganlara ýer tapmaga kömek edýär. Ýygnakda tertip-düzgün bozulanda, olar özlerini paýhasly alyp barýar. Çaga başgalaryň ünsüni sowanda, hyzmatçy doganlar sypaýylyk bilen kömek edýär.
Ýygnak duşuşyklaryna gatnaşýanlaryň hemmesi Ýehowa we onuň parahat we adalatly täze dünýäsi barada bilim almaga ýardam edip biler (Ýew. 10:24, 25).