Hödürleriň nusgasy
Iýul aýynyň ilkinji şenbe güni Mukaddes Ýazgylar okuwyny başlamak
«Dünýäde ähli adamlar diýen ýaly uzak we bagtly ýaşamak isleýär. Biz bir sorag barada pikiriňizi bilesimiz gelýär. Siziň pikiriňizçe, hi bir wagt ylym we medisina bize ebedi ýaşaýyş berip bilermi? (Jogap bersin). Şu taýda ýazylanlara üns beriň». «Garawul diňi» (rus.) žurnalynyň 1-nji iýulda çykan sanynyň soňky sahypasyndaky birinji soragyň aşagyndaky maglumata we getirilen aýatlaryň azyndan birine serediň. Žurnaly hödürläp, ikilenç ideg etmek üçin sorag beriň.
Bellik: Şu hödüri 6-njy iýulda wagyz duşuşygynda sahnalaşdyrmaly.
«Garawul diňi», 1-nji iýul
«Adamlaryň köpüsi öz dinim bar diýýär. Emma käbir adamlar hiç hili dine ynanmaýar. Siz dine nähili garaýarsyňyz? (Jogap bersin). Isa pygamber nädip dine baha bermelidigini aýtdy (Luka 6:44a-ny oka). Bu žurnalda diniň käbir erbet miweleri barada aýdylýar. Şeýle-de «hiç bir dine ynanmaly dälmi?» diýen soraga jogap berilýär».
«Oýanyň!», iýul
«Biz adamlar bilen biynjalyk edýän mesele, ýagny adalatsyzlyk barada gürrüňedýäris. Käbir adamlar adalatsyzlyga garşy göreşýärler. Siziň pikiriňizçe, adamlaryň adalatsyzlyga garşy göreşmegi, ýagdaýy üýtgedermi? (Jogap bersin). Ýer ýüzünde hakyky özgerişikleriň boljakdygy barada Mukaddes Ýazgylarda näme diýilýändigine üns beriň (Matta 6:9, 10-njy aýatlary oka). Bu žurnalda «adalatsyzlyga garşy göreşmek ýerliklimi?» diýen soraga jogap berilýär».
«Hudaýyň hoş habary!»
«Biz köçäňizdäki adamlar bilen gürrüňdeş bolup, Mukaddes Ýazgylar esasynda pikir alyşýarys. Gürrüňdeş bolýan adamlaryň köpüsi: «Söýgüden doly Hudaý näme üçin ýer ýüzünde köp horluklara ýol berýärkä?» diýip biynjalyklanýar. Siziň pikiriňizçe, başda Hudaý ýer ýüzünde horluklaryň bolmagyny isledimikä?» (Jogap bersin). 5-nji sapagy açyp, ilkinji iki abzasy we kursiw bilen ýazylan aýatlary okap, pikir alyş. Broşýurany hödür edip, goýy ýazylan indiki soraga seretmek üçin ikilenç idege gürleş.