Wagyz üçin teklip
◼ «Siz nähili pikir edýärsiňiz bütin dünýäde bir hökümet bolarmyka?» (Jogap bersin). Soňra şu pikirleri ara alyp maslahatlaşyp, azyndan bir aýady okaň: «Tizden bütin dünýäniň üstünden höküm sürjek hökümet adamlaryň aladasyny eder. Şu günler käbir adamlar baý ýaşasa-da, köp adamlar garyplykdan horluk çekýär. Dünýäniň üstünden höküm sürjek hökümet adamlaryň ähli zerurlyklaryny kanagatlandyrar. Siziň pikiriňizçe, şeýle hökümeti adamlar döredip bilermikä? (jogap bersin) (Ýermeýa 10:23). Taryhdan bilşimiz ýaly, hökümetler raýatlarynyň, esasanam, garyp adamlaryň aladasyny etmedi. Käbir hökümetler bolsa, halkyny ezdi (Wagyz kitaby 4:1; 8:9). Ýöne Gudratygüýçli Allatagalla ähli hökümetleri aýryp, bir hökümetiň boljakdygyny wada berýär. Onuň hökümdary, hakykatdanam, adamlaryň aladasyny eder (Işaýa 11:4; Danyýel 2:44)». Ikilenç idege gepleşiň.
◼ Ikilenç idegde: «Hudaýyň Patyşalygy nämeleri eder?» diýen soragy beriň (jogap bersin). Soňra şu pikirleri ara alyp maslahatlaşyp, azyndan bir aýady okaň: «Ýehowa Hudaý ogly Isa Mesihi Patyşa edip belledi (Luka 1:31—33). Isa ýer ýüzünde ýaşanda adamlaryň aladasyny edýärdi. Ol Patyşa hökmünde ähli milletleri agzybir edip, horluk çekýän adamlara kömek eder (Zebur 72:8, 12—14). Ähli adamlar Isany Patyşa hökmünde kabul edýärmi? Ýok, muňa garamazdan, Hudaý sabyrly garaşýar (2 Petrus 3:9). Ol adamlara Isany Patyşa hökmünde kabul etmäge mümkinçilik berýär. Tizden Isa erbet adamlary ýok eder we ýer ýüzünde parahat hem howpsuz ýaşaýyş bolar (Mika 4:3, 4)». «Mukaddes Ýazgylar öwredýär?» kitabynyň 8-nji babyna esaslanyp, gürrüňdeşligi dowam ediň.