Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • wp21 No. 2 sah. 10—12
  • Täze dünýäde ýaşamak üçin näme etmeli?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Täze dünýäde ýaşamak üçin näme etmeli?
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Köpçülik üçin) — 2021
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • HALAS BOLMAK ÜÇIN «HUDAÝ... HAKDA BILIM ALMALY»
  • MUKADDES KITABY HER GÜN OKAŇ
  • HUDAÝA DOGA-DILEG EDIŇ
  • Sen Hudaýyň täze dünýäsinde ýaşap bilersiň
    Beýik Mugallymdan öwreniň
  • Bize ebedi ýaşaýyş garaşýar
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2022
  • Täze dünýä ýetip gelýär!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Köpçülik üçin) — 2021
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Köpçülik üçin) — 2021
wp21 No. 2 sah. 10—12

Täze dünýäde ýaşamak üçin näme etmeli?

Biz Allatagalanyň tizden erbet adamlary ýok etjekdigini we ähli kynçylyklary aýyrjakdygyny bildik. Biz muňa doly ynanyp bileris, sebäbi Mukaddes Kitapda şeýle diýilýär:

«Dünýä we onuň höwesleri geçip gider» (1 ÝAHÝA 2:17).

Biz hudaýhon adamlaryň halas boljakdygyna ynamly bolup bileris, sebäbi aýadyň dowamynda şeýle diýilýär:

«Hudaýyň islegini berjaý edýän adam ebedi ýaşar».

Diýmek, halas bolmak üçin Hudaýyň islegini ýerine ýetirmeli. Hudaýyň bizden näme isleýändigini bilmek üçin, Ony gowy tanamaly.

HALAS BOLMAK ÜÇIN «HUDAÝ... HAKDA BILIM ALMALY»

Surat: 1) Şepagat uýasy hassahanada otyr. Ol ýadaw we aladaly görünýär. 2) Ol arakesmede naharhana gelýär we işgäriniň ýylgyryp žurnal okap oturanyny görýär. 3) Işgäri oňa Mukaddes Kitapdan aýat okap berýär we jw.org kartoçkasyny berýär.

Mukaddes Kitapda: «Ebedi ýaşaýşy almak üçin... ýeke-täk hak Hudaý... hakda bilim almaly» diýilýär (Ýahýa 17:3). Diýmek, ahyrzamanda halas bolmak we ebedi ýaşamak üçin Hudaýy ýakyndan tanamaly. Munuň üçin diňe bir Hudaýyň bardygyna ynanmak ýeterlikli däl. Biz Allatagala bilen dostlaşmaly. Meselem, biz biri bilen köp gürrüňdeş bolsak, ony gowy tanaýarys we jana-jan dost bolýarys. Hudaý bilen hem dostlaşmak üçin wagt tapmaly. Geliň, Mukaddes Kitapdaky hakykatlara seredeliň. Olar bize Hudaý bilen dostlaşmaga kömek eder.

Mukaddes Kitapdaky hakykatlar

Şepagat uýasy öýünde jw.org saýtyna girýär.

Hudaý biziň Jennetde ýaşamagymyzy isleýär.

Hudaý Adam ata bilen How enäni ýaratdy we olar bagtly ýaşar ýaly owadan Erem bagyny berdi. Olar tut ýaly sagdyndy we ebedi ýaşamalydy. Emma olar Hudaýyň ýönekeýje tabşyrygyna gulak asmadylar. Şeýdip, Hudaý bilen dostlugyny bozdular we ebedi ýaşaýyşdan mahrum boldular.

Biz horluklaryň sebäbini bilýäris.

Adam ata Hudaýa gulak asmandygy üçin günä etdi we öldi. Şeýle-de ol bütin nesliniň hem ölümine sebäp boldy. Mukaddes Kitapda: «Bir adam arkaly günä we günä arkaly ölüm peýda boldy. Ölüm hem ähli adamlara geçdi» diýilýär (Rimliler 5:12). Ene-atanyň keseliniň çagasyna geçişi ýaly, Adam ata hem çagalaryna bikämillik geçirdi. Şol sebäpli biz garraýarys we ölýäris.

Allatagala bizi ölümden halas etmek isleýär.

Mukaddes Kitapda şeýle diýilýär: «Hudaý adamlary şeýle güýçli söýýär welin, olar üçin ýeke-täk Ogluny berdi, sebäbi Hudaý Ogluna iman eden her bir adamyň heläk bolman, ebedi ýaşaýşa gowuşmagyny isleýär» (Ýahýa 3:16)a. Hudaý bizi ölümden halas etmek üçin, Isa pygamberi ýer ýüzüne iberdi we ol biziň üçin janyny gurban etdi. Hindistanda ýaşaýan 86 ýaşly bir adam şeýle diýdi: «Ýehowab meni örän söýýän ekeni, sebäbi meniň üçin Ogluny gurban etdi. Indi men ebedi ýaşaýşa umyt edýärin».

Biz Allanyň ýagşylyklaryna minnetdar bolmagy öwrenýäris.

Mukaddes Kitapda Hudaýa minnetdar bolmak üçin, Onuň «tabşyryklaryny berjaý etmelidigi» aýdylýar (1 Ýahýa 2:3). Ýehowa bize hakyky bagtyň açaryny berýär (Işaýa 48:17, 18). Ol biziň ejir çekmegimizi islemeýär. Eger Allatagalanyň öwüt-ündewine gulak assak, diňe 70-80 ýyl däl, eýsem ebedilik bagtly ýaşarys.

MUKADDES KITABY HER GÜN OKAŇ

Şepagat uýasy arakesmede Mukaddes Kitaby okaýar we asmana seredip oýlanýar.

Hudaýa ýürekden doga-dileg etsek we Ony razy edip ýaşasak, ahyrzamanda halas bolarys

Adam wagtly-wagtynda iýip-içmese, kesellemegi we ölmegi mümkin. Emma Mukaddes Kitapda: «Adam diňe çörek bilen däl, Ýehowanyň agzyndan çykýan her bir söz bilen hem ýaşaýandyr» diýilýär (Matta 4:4).

Biz Ýehowanyň islegini bilmek üçin Mukaddes Kitaby okamaly. Eger Mukaddes Kitaby her gün okasak, Hudaýyň geçmişde, şu günler eden işlerini bileris we adamlara gelejekde berjek bereketleri hakda öwreneris.

HUDAÝA DOGA-DILEG EDIŇ

Käbir adamlar Allany razy edip ýaşamak isleýärler, emma olara haram işlerden el çekmek kyn bolýar. Eger olar Ýehowa Hudaýa doga etseler, Onuň ýigrenýän işlerini etmezler.

Geliň, aziýaly bir aýal hakda gürrüň edeliň. Ol ahlaksyzlyk edýärdi. Ol Mukaddes Kitapdan sapak geçip başlanda, Hudaýyň «ahlaksyzlykdan gaçyň» diýen tabşyrygyny okaýar (1 Korinfliler 6:18). Ol durmuşyny üýtgetmek üçin doga-dileg edip, Hudaýdan kömek soraýar. Käte oňa özüne erk etmek kyn düşýär. Ol şeýle diýýär: «Aňyma ahlaksyz pikirler gelende, Hudaýdan güýç sorap doga edýärin, sebäbi öz güýjüm bilen ýeňip bilmejegime düşünýärin. Doga-dileg edenimde, Ýehowanyň goldawyny duýýaryn». Şu günler millionlarça adamlar Mukaddes Kitapdan sapak geçýärler. Olar durmuşyny üýtgedýärler we Allatagalany razy edip ýaşaýarlar (Filipililer 4:13).

Hudaý bilen dostlaşmak üçin bir ädim ätsek, Ol bize tarap on ädim äder (Galatýalylar 4:9; Zebur 25:14). Hudaý bilen ýakyndan dostlaşsak, Onuň wada beren Jennetinde ýaşarys. Täze dünýäde ýaşaýyş nähili bolar? Indiki makalada şu hakda gürrüň ederis.

a Allatagala Isa pygamberi ýaratdy, şonuň üçin oňa Hudaýyň Ogly diýilýär. Köpräk bilmek üçin «Isa pygambere näme üçin Hudaýyň Ogly diýilýär?» diýen makalany okaň. JW.ORG saýtynyň TAGLYMATLAR > MUKADDES KITABA DEGIŞLI SORAGLARYŇ JOGABY diýen ýerine giriň.

b Mukaddes Kitapda Allatagalanyň adynyň Ýehowadygy aýdylýar.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş