Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • wp21 No. 2 sah. 7—9
  • Ahyrzaman haçan geler?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ahyrzaman haçan geler?
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Köpçülik üçin) — 2021
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • MUKADDES KITAPDA AHYRZAMAN HAKDA NÄME AÝDYLÝANDYGYNY BILELIŇ
  • ALAMATLAR
  • «SOŇKY GÜNLER»
  • TIZDEN ÝER ÝÜZI JENNET BOLAR
  • Biz «soňky günlerde» ýaşaýarys
    Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?
  • «Soňky günlerde» ýaşaýandygymyzy nireden bilýäris
    Hudaý biz barada alada edýärmikä?
  • Jennet ýakynda!
    Sen Hudaýyň dosty bolup bilersiň!
  • «Dünýäniň soňunda» nämeler bolar?
    Mukaddes Kitaba degişli soraglaryň jogaby
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Köpçülik üçin) — 2021
wp21 No. 2 sah. 7—9
Isa pygamber resullaryna soňky günleriň alamatlaryny düşündirýär.

Ahyrzaman haçan geler?

Mukaddes Kitaba görä, ahyrzamanda Ýer şary we hudaýhon adamlar däl-de, zalym adamlar hem-de erbetlik ýok ediler. Muny geçen makalada bilipdik. Mukaddes Kitapda ahyrzamanyň haçan geljekdigi barada aýdylýarmy?

MUKADDES KITAPDA AHYRZAMAN HAKDA NÄME AÝDYLÝANDYGYNY BILELIŇ

«Oýa boluň, sebäbi şol güni we sagady bilmeýärsiňiz» (MATTA 25:13).

«Hüşgär boluň, oýa boluň! Sebäbi bellenen wagty bilmeýärsiňiz» (MARKUS 13:33).

Şu aýatlardan görnüşi ýaly, hiç kim ahyrzamanyň haçan boljakdygyny bilmeýär. Emma Allatagala ol «güni» we «sagady» eýýäm belledi (Matta 24:36). Onda ahyrzaman duýdansyz gelermi? Ýok! Hudaýyň pygamberi dünýäniň soňunyň golaýdygyny görkezýän alamatlary aýtdy.

ALAMATLAR

Mukaddes Kitapda «ahyrzamanyň alamatlary» hakda şeýle diýilýär: «Millet-millete, patyşalyk-patyşalyga garşy çykar. Aýry-aýry ýerlerde açlyklar bolar, ýer titrär» (Matta 24:3, 7, AP). Şeýle-de Hudaýyň Sözünde «gyrgynçylygyň», ýagny keselçiligiň hem boljakdygy aýdylýar (Luka 21:11). Siz şu alamatlaryň ýerine ýetýändigini görýäňizmi?

Uruş, açlyk, keselçilik we ýertitreme sebäpli adamlar ejir çekýärler. Meselem, 2004-nji ýylda Hindi ummanynda ýer titreýär. Şonda sunami turup, takmynan 225 000 adam ölýär. Koronawirus keseli (COVID-19) sebäpli üç ýylyň içinde alty million dokuz ýüz müňe golaý adam aradan çykdy. Bütin ýer ýüzünde bolýan wakalar ahyrzamanyň golaýdygyny görkezýär.

«SOŇKY GÜNLER»

Mukaddes Kitapda ahyrzamanyň öň ýanyndaky döwre «soňky günler» diýilýär (2 Petrus 3:3, 4). 2 Timoteos 3:1—5-nji aýatlarda «soňky günlerde» adamlaryň gylyk-häsiýetiniň erbetleşjekdigi aýdylýar («Ahyrzamanyň öň ýany» diýen çarçuwa serediň). Siz özüni bilýän, açgöz, zalym we gadyr bilmez adamlary tanaýaňyzmy? Adamlaryň gün-günden erbetleşmegi ahyrzamanyň golaýdygyny görkezýär.

Soňky günler näçe wagt dowam eder? Mukaddes Kitapda soňky günleriň az wagt dowam etjekdigi we «ýer ýüzüni dargadýanlary» Hudaýyň ýok etjekdigi aýdylýar (Ylham 11:15—18; 12:12).

Uruş

Esgerler uruşda duşmanlaryna garşy ok atýarlar.
  • 2007-nji ýylda uruşlar we terrorçylyk sebäpli 60 000 adam, 2017-nji ýylda bolsa 120 000 adam öldi.

Keselçilik

Garry adam hassahanada ýatyr.
  • Ýüregagyry, beýnä gan inme, öýken keselleri, täze doglan çagalarda bolýan (neonatal) keseller, aşgazan we içege ýollarynda döreýän keseller, rak, inçekesel sebäpli köp adamlar aradan çykýar.

Açlyk

Aç gyzjagaz elinde jamjagazy saklap otyr.
  • 2021-njy ýylyň hasabatyna görä, bütin dünýäde ýaşaýan adamlaryň 9,8 göterimi açlykdan kösenýär. Bäş ýaşa çenli çagalaryň üçden biri açlykdan we ýarym açlykdan ejir çekýär.

Bütindünýä wagyz işi

Ýehowanyň Şaýatlary bir adama wagyz edip durlar.
  • Sekiz ýarym milliondan gowurak Ýehowanyň Şaýatlary bütin dünýäde wagyz edýärler. Olar 240 ýurtda müňden gowurak dilde Mukaddes Kitaba esaslanan edebiýatlary paýlaýarlar.

TIZDEN ÝER ÝÜZI JENNET BOLAR

Allatagala zalym dünýäni ýok etjek gününi we sagadyny belledi (Matta 24:36). Emma ol «hemmeleriň... halas bolmagyny isleýär» (2 Petrus 3:9). Hudaý adamlaryň Mukaddes Kitabyň kada-kanunlaryny öwrenmegine we şolar boýunça ýaşamagyna sabyrly garaşýar. Alla biziň ahyrzamandan sag-aman geçip, ýer ýüzünde boljak Jennetde bagtly ýaşamagymyzy isleýär.

Mukaddes Kitapda aýdylmagyna görä, ahyrzamanyň öň ýanynda bütin ýer ýüzünde wagyz edilmeli. Allanyň emri bilen bütin ýer ýüzünde akýürekli adamlara wagyz edilýär we tälim berilýär. Mukaddes Kitapda: «Patyşalyk baradaky bu Hoş habar... dünýäniň ähli ýerinde wagyz ediler; ahyrzamana şonda geler» diýilýär (Matta 24:14, AP). Hawa, Ýehowanyň Şaýatlary adamlara Hudaýyň hoş habaryny wagyz etmek we tälim bermek üçin milliardlarça sagat sarp edýärler.

Tizden ahyrzaman geler we ynsan hökümetleri ýok ediler. Emma Allatagala bizi penasynda aman saklar. Biz ýer ýüzünde boljak Jennetde bagtly ýaşarys. Täze dünýäde ýaşamak üçin näme etmeli? Indiki makalada şu soragyň jogabyny bileris.

AHYRZAMANYŇ ÖŇ ÝANY

«Soňky günlerde juda kyn döwür bolar. Sebäbi adamlar özüni bilýän, pula gyzan, öwünjeň, tekepbir, Hudaýa dil ýetirýän, ene-atasyna gulak asmaýan, gadyr bilmez, biwepa, dogan-garyndaşlaryny söýmeýän, eglişik etmeýän, töhmet atýan, özüne erk etmeýän, zalym, ýagşylygy ýigrenýän, dönük, özdiýenli, ulumsy, Hudaýy däl-de, keýpi-sapany söýýän, Hudaýyň ýolunda ýörän bolup, şoňa görä ýaşamaýan adamlar bolar» (2 Timoteos 3:1—5).

Mukaddes Kitap gelejege umyt berýär

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş