Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • wp22 No. 1 sah. 6—7
  • 1 | Ala tutmaň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • 1 | Ala tutmaň
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Köpçülik üçin) — 2022
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Mukaddes Kitabyň maslahaty:
  • Düşündirilişi:
  • Peýdasy:
  • 3 | Pikiriňizi üýtgediň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Köpçülik üçin) — 2022
  • Ýigrenji nädip köki bilen sogurmaly?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Köpçülik üçin) — 2022
  • Adamlar näme üçin biri-birini ýigrenýär?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Köpçülik üçin) — 2022
  • Biz ýigrenji aýryp bileris!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Köpçülik üçin) — 2022
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Köpçülik üçin) — 2022
wp22 No. 1 sah. 6—7
Garaýagyz adamyň elinde akýagyz adamyň ýylgyryp düşen suraty bar, akýagyz adamyň elinde bolsa garaýagyz adamyň ýylgyryp düşen suraty bar. Olaryň arka tarapynda gaharjaň adamlaryň suratlary bar.

ÝIGRENJI NÄDIP KÖKI BILEN SOGURMALY?

1 | Ala tutmaň

Mukaddes Kitabyň maslahaty:

«Hudaý hiç kimi ala tutmaýan eken. Hudaý özünden gorkup, dogruçyl ýaşaýan islendik milletli adamdan razydyr» (RESULLAR 10:34, 35).

Düşündirilişi:

Ýehowaa Hudaý adamyň milletine, medeniýetine, tire-taýpasyna, akýagyz ýa-da garaýagyzdygyna seredip baha bermeýär. Gaýtam ol biziň içki dünýämize, ýagny oý-pikirimize, isleg-arzuwlarymyza üns berýär. Mukaddes Kitapda: «Adam daş keşbe seredýär, Ýehowa ýürege seredýär» diýilýär (1 Şamuwel 16:7).

Peýdasy:

Biz adamlaryň ýüregini görüp bilmeýäris, ýöne hak Hudaýdan adamlary ala tutmazlygy öwrenip bilýäris. Biz hemme adamlary bir aýakdan sürmeli däl. Eger siz bir milleti ýa-da tire-taýpany halamasaňyz, Hudaýa doga-dileg edip, olara bolan ýigrenji köki bilen sogrup aýyrmak üçin kömek soraň (Zebur 139:23, 24). Ýehowadan ak ýürekden kömek sorasaňyz, ol siziň dilegleriňizi eşider we jogap berer (1 Petrus 3:12).

a Ýehowa hak Hudaýyň ady (Zebur 83:18).

«Men öň akýagyz adamlar bilen bir saçakda gülşüp-degşip oturyp görmändim ... Häzir men bütin dünýäde agzybir ýaşaýan halkyň agzasy» (TITUS).

Bolan waka. TITUS

Ýigrenjini aýryp bildi

Titus.

Titus hökümete garşy gozgalaň turuzýan toparyň agzasydy. Olar hökümetiň çykaran käbir kanunyna garşy çykýarlar, sebäbi özlerine milletparazlyk edilen ýaly duýýarlar. Titus şeýle gürrüň berýär: «Biz garaýagyz adamlaryň äsgerilmeýän, girmäge rugsat berilmeýän ýerlerine, ýagny myhmanhanalara, naharhanalara baryp uruşýardyk. Men akýagyz adamlary şeýle bir ýigrenýärdim welin, aýal-erkek diýmän hemmesi bilen uruşýardym. Diýenime ýok diýäýseler-ä, ýere pylçaýardym».

Titus Ýehowanyň Şaýatlary bilen Mukaddes Kitapdan okuw geçip başlansoň durmuşyny üýtgedýär. Mukaddes Kitap onuň ýüregine güýçli täsir edýär. Esasanam, gelejekde ölümiň, hasratyň, agynyň we agyrynyň bolmajakdygy baradaky sözler onuň durmuşyny üýtgedýär (Ylham 21:3, 4).

Titusa başda ýüregindäki ýigrenji aýyrmak aňsat bolmady. Ol: «Maňa garaýşymy, özümi alyp barşymy üýtgetmek kyn boldy» diýýär. Ýöne oňa Resullar 10:34, 35-däki Hudaýyň hiç kimi ala tutmaýandygy hakdaky sözler üýtgemäge kömek etdi.

Soňra Titus şeýle gürrüň berýär: «Ýehowanyň Şaýatlary dürli milletden, tire-taýpadan, akýagyz ýa garaýagyz bolsa-da, biri-birini ýürekden söýýärler. Şeýle söýgini görüp olaryň hakyky dine uýýandygyna düşündim. Bir gezek meni akýagyz dogan-uýalar myhmançylyga çagyrdy. Şol wagt heniz Ýehowanyň Şaýady hem däldim. Olaryň meni myhmançylyga çagyranyna geň galdym. Men öň akýagyz adamlar bilen bir saçakda gülşüp-degşip oturyp görmändim. Hamala şu zatlar huşumda däl-de, düýşümde bolup geçýän ýalydy. Häzir men bütin dünýäde agzybir ýaşaýan halkyň agzasy».

Titusyň terjimehalyny 2009-njy ýylyň 1-nji awgustynda çykan «Garawul diňi» žurnalynyň 28, 29-njy sahypalaryndan okap bilersiňiz.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş