TERJIMEHAL
Ýehowanyň penasynda asuda ýaşadym
DURMUŞYM hakda soranlarynda: «Men Ýehowanyň elindäki çemedan» diýen sözler bilen gürrüňe başlaýaryn. Sebäbi men Ýehowa we onuň guramasy nirä iberse, goşumy arkama atyp gitmäge taýyndym. Men ençeme kyn ýumuşlary ýerine ýetirdim, hatda ölümiň bäri ýanyndan gaýtdym. Ýöne Ýehowa bil baglaýan adamyň asuda we parahat ýaşaýandygyna göz ýetirdim.
HAK HUDAÝY TANADYM WE BIL BAGLAMAGY ÖWRENDIM
Men 1948-nji ýylda Nigeriýanyň günorta-günbatarynda ýerleşýän obada dünýä indim. Şol wagtlar kakamyň inisi Mustafa we agam Wahabi suwa çümdürilip Ýehowanyň Şaýady boldy. Dokuz ýaşymdakam kakam aradan çykdy. Men köp agladym, kakamy göresim gelýärdi. Şonda agam Wahabi kakamyň direljekdigini aýdyp, maňa göwünlik berdi. Men Mukaddes Kitapdan okuw geçip başladym we 1963-nji ýylda suwa çümdürildim. Soňra üç doganym hem suwa çümdürildi.
1965-nji ýylda Lagosda ýaşaýan agam Wilsonyň ýanyna göçdüm we Igbobi ýygnagyndaky pioner dogan-uýalar bilen dostlaşdym. Olar Ýehowa şatlanyp, yhlasly gulluk edýärdi. Menem olaryň göreldesine eýerip, 1968-nji ýylda pioner gullugyna başladym.
Beýtelde gulluk edýän Albert Olugbebi ýaşlary ýygnap gürrüňdeş boldy we bizi demirgazyk Nigeriýada ýörite pioner bolup gulluk etmäge höweslendirdi. Doganyň aýdan sözleri häzirem gulagymda ýaňlanyp dur. Ol şeýle diýdi: «Ýaşlar, siz gujur-gaýratly, Ýehowa köpräk gulluk ediň. Size köp işler garaşýar». Menem Işaýa pygamber ýaly: «Men giderin! Meni iber!» diýdim-de, arza ýazdym (Işa. 6:8).
1968-nji ýylyň maý aýynda meni demirgazyk Nigeriýadaky Kano şäherine ýörite pioner edip bellediler. Şol döwri Biafra urşy (1967—1970) möwç urýardy. Raýatlyk urşy sebäpli demirgazykdaky köp adamlar ejir çekipdi, aradan çykypdy. Indi bolsa Nigeriýanyň gündogarynda-da raýatlyk urşy başlady. Bir dogan ýagşy niýet bilen maňa Kano şäherine gitmezligi maslahat berdi. Şonda men: «Aladaň üçin sag bol! Ýöne Ýehowa meni şol ýere iberýän bolsa, Ol meni hökman gorar» diýip jogap berdim.
URUŞ BOLAN ÝERLERDE HOŞ HABARY WAGYZ EDÝÄRIN
Kano şäheri gözgyny ýagdaýdady. Raýatlyk urşunyň yzlary şäherde mese-mälim görünýärdi. Köçelerde ölen adamlaryň jesetleri ýatyrdy. Wagza çykanymyzda olaryň deňinden geçip gitmeli bolýardyk. Kano şäherinde birnäçe ýygnak bardy, ýöne uruş sebäpli köp dogan-uýalar başga ýerlere gaçyp gidipdi. Biz Kano baranymyzda, ol ýerde bary-ýogy 15 wagyzçy bardy. Olar gorkýardy we ruhdan düşüpdi, emma alty sany ýörite pioneriň gelendigine örän begendiler. Biz dogan-uýalary ruhlandyrdyk, göwnüni galkyndyrdyk, ýygnak duşuşyklaryny we wagyz gullugyny ýola goýduk. Şeýlelikde, filiala yzygiderli wagyz hasabaty tabşyryldy we edebiýatlar sargyt edildi.
Biz hausa dilini öwrenip başladyk. Ýerli halka ene dilinde wagyz edenimizde, olar bizi höwes bilen diňlediler. Ýöne şol ýerdäki dini ýolbaşçylar wagyz edýändigimizi halamaýardylar. Şonuň üçin biz seresap bolýardyk. Men bir dogan bilen wagyz edip ýörkäm, eli pyçakly adam üstümize topuldy. Şonda biz ökjäni göterdik. Biz şeýle bir gaty ylgadyk welin, ol yzymyzdan ýetip bilmedi. Hawa, nähili kyn ýagdaýlara duş gelsegem, Ýehowanyň «saýasynda arkaýyn ýaşadyk» we dogan-uýalaryň sany gün-günden artýardy (Zeb. 4:8). Häzir Kano şäherinde 11 ýygnak we 500-den gowrak wagyzçy bar.
NIGERDÄKI GARŞYLYKLAR
Nigeriň Niameý şäherinde ýörite pioner bolup gulluk edýärin
Kanoda birnäçe aý gulluk etdim. 1968-nji ýylyň awgust aýynda meni we iki ýörite pioner dogany Niger Respublikasynyň paýtagty Niameýe iberdiler. Günbatar Afrikadaky Niger döwleti ýer ýüzündäki iň yssy ýurtlaryň biri eken. Biz jokrama yssa öwrenişmeli bolduk we döwlet dili bolan fransuz dilini öwrenmeli bolduk. Ýehowa bizi goldaýardy. Paýtagtda sanlyja wagyzçy bardy. Biz olar bilen her gün wagza çykardyk we adamlara «Ebedi ýaşaýşa eltýän hakykat» diýen kitaby hödürlärdik. Okap bilýän adamlar kitaby höwes bilen alardylar. Hatda käbirleri kitap almak üçin ýörite öýümize gelerdiler.
Niger Respublikasynyň döwlet işgärleri Ýehowanyň Şaýatlaryny halamaýardylar. Muňa garamazdan, 1969-njy ýylyň iýul aýynda ilkinji sapar etrap kongresini geçirdik. Oňa 20-ä golaý adam geldi. Şeýle-de kongresde iki dogan suwa çümdürilmelidi. Ýöne kongresiň birinji gününde polisiýa işgärleri gelip, ýörite pionerleri we etrap gözegçisini polisiýa bölümine alyp gitdiler. Polisiýa işgärleri bizi sorag edenlerinden soňra ertesi ýene-de gelmelidigini tabşyryp öýümize goýberdiler. Biz meseläniň ula ýazjakdygyny aňyp, bir öýde suwa çümdüriljekler üçin nutuk bilen çykyş etdik we iki dogany gizlinlikde derýada suwa çümdürdik.
Birnäçe hepdeden soňra Içeri işler ministrligi maňa we bäş ýörite pioner dogana iki günüň içinde öz hasabymyza ýurdy terk etmegi tabşyrdy. Biz olara derrew gulak asdyk we ýola düşdük. Şeýlelikde, Nigeriýanyň filialyna bardyk we bize täze borç berdiler.
Meni Nigeriýanyň Orisunbare obasynda gulluk etmäge bellediler. Ol ýerde birnäçe wagyzçy bardy. Men şol obada alty aý hezil edip wagyz etdim. Soňra doganlar maňa ýene Niger döwletinde gulluk etmelidigimi aýtdylar. Men birbada aňk-taňk boldum. Ýöne gorkmadym, sebäbi Nigerdäki köne dostlarymy görjekdigime begenýärdim.
Men Niameý şäherine bardym. Ertesi güni nigeriýaly söwdagär adama duşdum. Ol meniň Ýehowanyň Şaýadydygymy bilýän ekeni we Mukaddes Kitapdan birnäçe sowallary berdi. Şeýlelikde, biz Mukaddes Kitap okuwyna başladyk. Ol çilim çekýärdi we köp içýärdi. Emma erbet endiklerini goýmak üçin köp göreşdi. Soňra ol suwa çümdürildi. Men Nigeriň obadyr şäherlerine aýlanyp wagyz etdim. Adamlaryň ýuwaş-ýuwaşdan hoş habara seslenýändigine begenýärdim. Men ilkinji sapar Nigere baranymda, ol ýerde 31 sany Ýehowanyň Şaýady bardy. Gaýdanymda bolsa olaryň sany 69 ýetdi.
«BIZ GWINEÝADA WAGYZ IŞINIŇ NÄDIP ALNYP BARYLÝANDYGYNDAN BIHABAR»
1977-nji ýylyň dekabr aýynda meni Nigeriýa üç hepdelik okuwa çagyrdylar. Okuw tamamlanandan soňra filial komitetiniň koordinatory Malkom Waýgo Sierra Leone filialyndaky doganlardan gelen haty okap berdi. Olara sagdyn, sallah, iňlis we fransuz dilini bilýän dogan gerekdi. Doganlar ony Gwineýa döwletine etrap gözegçisi edip bellemekçidiler. Waýgo dogan maňa şeýle diýdi: «Biz saňa şu borç üçin tälim berdik. Ýöne bu borç aňsat däl. Şonuň üçin karara gelmezden öň gowuja oýlan». Şonda men: «Ýehowa meni iberýän bolsa gitmäge taýyn» diýdim.
Men Sierra Leone bardym we filial komitetiniň agzalary bilen duşuşdym. Olaryň biri maňa: «Biz Gwineýada wagyz işiniň nädip alnyp barylýandygyndan bihabar» diýdi. Gwineýa döwleti Sierra Leone filialyna degişlidi. Gwineýadaky syýasy ýagdaýlar sebäpli dogan-uýalar bilen habarlaşyp bolmaýardy. Filial birnäçe sapar doganlary ol ýere iberjek boldy, emma başa barmady. Olar maňa: «Gwineýa döwletiniň paýtagty Konakri şäherine bar we ol ýerde ýaşamak üçin rugsat hatyny aljak bol» diýdiler.
«Ýehowa meni iberýän bolsa gitmäge taýyn»
Men Konakri şäherine bardym we Nigeriýanyň ilçisi bilen duşuşdym. Men oňa Gwineýa wagyz etmek üçin gelendigimi aýtdym. Emma ol: «Türmede çüýremek islemeseň, Nigeriýa dolan. Şol ýerde wagyz et» diýdi. Men bolsa Gwineýada wagyz etmegi ýüregime düwendigimi aýtdym. Şonda ilçi Gwineýanyň Içeri işler ministrligine maňa kömek etmegi haýyş edip hat ýazdy. Olaram maňa kömek etdiler.
Men biraz wagtdan Sierra Leone dolandym we filial komitetiniň agzalaryna Içeri işler ministrliginiň rugsat hatyny berendigini aýtdym. Doganlar örän begendiler we Ýehowanyň ak pata berýändigine minnetdar boldular.
Sierra Leonede etrap gözegçisi bolup gulluk edýärin
Men 1978—1989-njy ýyllar aralygynda Gwineýada we Sierra Leonede etrap gözegçisi bolup gulluk etdim. Liberiýada bolsa etrap gözegçisiniň kömekçisi bolup gulluk etdim. Başda men ýygy-ýygydan keselleýärdim. Käte bolsa çet ýerlere wagyz etmäge gidenimde ýaraman galýardym. Emma doganlar meni tizden-tiz hassahana getirmek üçin jan edýärdiler.
Bir sapar men gyzzyrma (malýariýa) keseline uçradym we içegelerimde soguljan gurçugy hem bardy. Men ýerimden galyp bilmän ýatdym. Hatda doganlar meni jaýlamak hakda gürrüň edipdirler. Muny keselimden gutulanymdan soň eşitdim. Ölüm bilen ýüzbe-ýüz bolsam-da, borjumy goýmak hakda pikirem etmedim. Gaýtam Ýehowanyň ölüm ýassygynda ýatan adamy aýaga galdyrýandygyna we asuda ýaşadýandygyna göz ýetirdim.
GELNIM BILEN ÝEHOWA BIL BAGLAÝARYS
Toý tutan günümiz (1988)
1988-nji ýylda Dorka atly pesgöwünli, imany berk pioner uýa bilen tanyşdym. Biz toý tutduk we bileje etrap gözegçisi bolup gulluk etdik. Dorka mähirli we gaýratly gelindi. Biz bir ýygnakdan beýleki ýygnaga gitmek üçin 25 km ýoly pyýada geçerdik, goşumyz hem agyrdy. Käte bolsa çet ýerdäki ýygnaklara barmak üçin ulagda gitmeli bolduk. Ýollar bolsa palçykly we akanak-çukanakdy.
Dorka mert gelindi. Ol krokodilden doly derýalardan geçmäge-de gorkmazdy. Bir sapar biz bäş günlük ýol ýöredik. Şonda biz derýadan geçmeli bolduk, emma köpri döwlen eken. Biz derýadan gaýykly geçdik. Derýanyň kenaryna ýakynlanymyzda Dorka gaýykdan düşjek boldy welin, aýagy typyp suwa ýykyldy. Biziň ikimizem ýüzüp bilmeýärdik. Derýada krokodiller köpdi. Ýöne dadymyza oglanlar ýetişäýdi. Olar suwa girip, Dorkany halas etdiler. Şu waka hiç göz öňümizden gidenokdy, hatda gijelerine düýşümize-de girýärdi. Emma biz borjumyzdan el çekmedik.
Ýahgift bilen Erik Ýehowanyň sowgady
1992-nji ýylda aýalym göwreli boldy. Biz muňa garaşmadyk. Şonda biz: «Ýörite pioner gullugyny tamamlamaly bolarysmy?» diýip pikir etdik. Soňra bolsa: «Çagalar Ýehowanyň sowgady» diýdik. Şonuň üçin gyzymyza Ýahgift (iňlis dilinde «Ýahyň sowgady» diýmegi aňladýar) diýip at dakdyk. Dört ýyldan oglumyz dünýä indi, adyna Erik dakdyk. Çagalarymyzyň gelen kararlary bizi örän begendirdi. Gyzymyz Konakri şäherindäki terjimeçiler bölüminde birnäçe wagt gulluk etdi. Oglumyz bolsa ýygnak hyzmatçysy bolup gulluk edýär.
Biz çagalarymyza terbiýe bermelidik. Şonuň üçin ikimizem ýörite pioner bolup bilmejekdigimize düşünýärdik. Dorka ýörite pioner gullugyny goýdy, emma pioner bolup gulluk edýärdi. Men bolsa Ýehowanyň ýagşylygy bilen ýörite pioner gullugymy dowam etdim. Çagalarymyz ulalyp kämillik ýaşyna ýetende, Dorka ýene-de ýörite pioner gullugyna başlady. Häzir bolsa ikimizem Konakri şäherinde missioner bolup gulluk edýäris.
ÝEHOWA WEPALY BENDELERINI GORAÝAR
Hawa, Ýehowa meni nirä iberse, ikirjiňlenmän gitdim. Ýehowa aýalym ikimizi penasynda saklady we köp bereketleri berdi. Meniň baýlyga däl-de, Ýehowa bil baglandygym üçin kalbym rahatdy, gaýgy-aladam ýokdy. Dorka ikimiz diňe «Halasgär Hudaý» Ýehowanyň asudalykda ýaşadýandygyna göz ýetirdik (1 Tar. 16:35). Men Ýehowanyň wepaly bendesiniň «janyny düwünçege düwlen hazyna deý goraýandygyna» ynanýaryn (1 Şam. 25:29).