50-NJI MAKALA
135-NJI AÝDYM Ýehowa: «Oglum, paýhasly bol» diýýär
Ene-atalar, çagalaryňyzyň imanyny berkidiň
«Hudaýyň ýagşy, halaýan we kämil isleginiň nämedigine düşüniň» (Rim. 12:2).
ESASY PIKIR
Çagalaryňyz bilen Hudaý we Mukaddes Kitap esasynda gürrüň edip, olaryň imanyny berkitmäge kömek edýän maslahatlary biliň.
1, 2. Çagalaryňyz ynanýan zatlary barada sorag berende näme edip bilersiňiz?
HER BIR ene-ata çaga terbiýe bermegiň aňsat däldigine gowy düşünýän bolsa gerek. Eger siziňem çagalaryňyz bar bolsa, onda olaryň Hudaýa imanyny berkitmek üçin jan edýänsiňiz. Ýehowa-da muny görüp begenýär (5 Mus. 6:6, 7). Ýöne çagalar ulaldygy saýyn, ynanýan zatlary barada her dürli soraglary berýändir. Meselem, olar: «Mukaddes Kitapda näme üçin käbir zatlary etmeli däl diýilýär?» diýýändir. Çagalaryňyz şeýle soraglary berse alada edýänsiňiz.
2 Belki-de, siz: «Çagamyň Hudaýa imany gowşadymyka ýa-da Mukaddes Kitaba ynanmaýarmyka?» diýip biynjalyk bolýansyňyz. Gadyrly ene-atalar, alada etmäň! Çagalar ulaldygyça Hudaýa imanyny berkitmek üçin şeýle soraglary bermeli (1 Kor. 13:11). Çagalaryňyz sorag berende olaryň özlerine oýlanmagy öwrediň we Hudaýyň Sözüne imanyny berkidiň.
3. Makalada näme barada gürrüň ederis?
3 Makalada şu soraglaryň jogabyny bileris: ene-atalar çagalarynyň Hudaýa we Mukaddes Kitaba imanyny nädip berkidip biler? Mukaddes Kitapdaky kada-kanunlar boýunça ýaşamagyň peýdalydygyny nädip düşündirip biler? Çagalaryna ynanýan zatlary barada gürrüň bermegi nädip öwredip biler? Şeýle-de makalada çagalaryň sorag bermeginiň peýdaly taraplaryny bileris we ene-atalar üçin peýdaly maslahatlara serederis.
ÇAGALARYŇ IMANYNY BERKIDIŇ
4. Çagalaryň nähili soraglary bermegi mümkin we näme üçin?
4 Iman nesilden-nesle geçýän zat däl. Şonuň üçin çagalaryňyz hudaýhon bolup dünýä iner öýtmäň. Çagalaryňyz şeýle diýmegi mümkin: «Hudaýyň bardygyny nireden bileýin? Mukaddes Kitapda aýdylýan zatlar dogrumyka? Oňa ynansa bolýarmyka?» Çagalaryňyz şeýle soraglary berse gorkmaň, gaýtam begeniň. Mukaddes Kitapda hem «her bir zadyň dogry ýa nädogrudygyny barlamak» maslahat berilýär (Rim. 12:1; 1 Sel. 5:21). Ene-atalar, çagalaryňyzyň imanyny berkitmäge size näme kömek edip biler?
5. Çagalara Mukaddes Kitabyň Hudaýyň sözüdigine ynanmaga nädip kömek etmeli? (Rimliler 12:2).
5 Subutnamalary tapmagy öwrediň (Rimliler 12:2-ni okaň). Olara soraglarynyň jogabyny «Ýehowanyň Şaýatlarynyň edebiýatlarynyň indeksinden» we «Ýehowanyň Şaýatlarynyň edebiýatlary boýunça gollanmasyndan» tapmagy öwrediň. Meselem, olary «Mukaddes Kitap» bölüminiň, «Hudaýyň ylhamy bilen ýazylan» diýen ýerindäki makalalary okamaga höweslendiriň. Çagalaryňyz şol makalalary okap, Mukaddes Kitabyň diňe bir gowy kitap däl-de, Hudaýyň sözüdigine göz ýetirerler (1 Sel. 2:13). Şeýle-de olar edebiýatlarymyzdan gadymy Ninewiýa şäheri barada gözleg geçirip bilerler. Öňler alymlar Ninewiýa diýen şäher asla bolmandyr diýýärdiler. Ýöne 1850-nji ýyllarda geçirilen gazuw agtaryş işleriniň netijesinde Ninewiýa diýen şäheriň bolandygyna göz ýetirdiler. Şu subutnama Mukaddes Kitapda ýazylan zatlaryň dogrudygyny görkezýär (Sep. 2:13—15). Çagalaryňyz Ninewiýa hakdaky pygamberligiň ýerine ýetişini 2021-nji ýylyň noýabrynda çykan «Garawul diňi» žurnalynyň «Şuny bilýäňizmi?» diýen makalasyndan okap biler. Olar edebiýatlarymyz bilen ylmy çeşmeleri deňeşdirseler, Mukaddes Kitabyň Hudaýyň sözüdigine şübhelenmezler.
6. Siz çagalaryňyzy oýlanmaga nädip höweslendirip bilersiňiz? Mysal getiriň. (Surata serediň).
6 Oýlanmaga höweslendiriň. Ene-atalar çagalaryna Mukaddes Kitap we Hudaý barada dürli ýollar bilen öwredip biler. Munuň üçin olar çagalaryny muzeýe, botanika bagyna we Ýehowanyň Şaýatlarynyň filialyna gezelenje alyp gidip biler. Aýdaly, siz çagalaryňyzy muzeýe alyp gidýärsiňiz. Siz olara Mukaddes Kitabyň dogrudygyny görkezýän taryhy wakalary gürrüň berip bilersiňiz ýa-da gadymy tapyndylary görkezip bilersiňiz. Siz çagalaryňyza «Mowap daşy» barada gürrüň berdiňizmi? Onuň ýüzünde Hudaýyň ady ýazylan. Bu gadymy tapyndy 3 000 ýyldan bäri bar. Ol Fransiýanyň Luwr muzeýinde saklanýar. Eger siziň muzeýe gitmäge mümkinçiligiňiz bolmasa, onda internetden çagalaryňyza «Mowap daşynyň» suratyny görkezip bilersiňiz. Baş edaradaky «Mukaddes Kitap we Hudaýyň ady» diýen muzeýde hem «Mowap daşynyň» göçürmesi bar. Daşyň ýüzünde Mowap patyşasy Meşanyň ysraýyllara garşy çykandygy ýazylan. Mukaddes Kitapda hem bu barada aýdylýar (2 Pat. 3:4, 5). Çagalaryňyz şu subutnamalary öz gözi bilen görse, Mukaddes Kitabyň dogrudygyna ynanar (2 Taryh 9:6-ny deňeşdiriň).
Siz çagalaryňyza muzeýdäki zatlary görkezip, olary oýlanmaga höweslendirýärsiňizmi? (6-njy abzasa serediň).
7, 8. a) Tebigatda duş gelýän täsin şekiller nämäni subut edýär? Mysal getiriň. (Surata serediň). b) Çagalara Beýik Ýaradana iman etmäge haýsy soraglar kömek eder?
7 Täsin tebigat barada oýlanmaga höweslendiriň. Dag-düzlere dynç almaga gideniňizde, tebigatda köp duş gelýän täsin şekillere çagalaryňyzyň ünsüni çekiň. Şonda çagalaryňyz şol zatlaryň öz-özünden döremändigine, olary hökman biriniň ýaradandygyna düşüner. Meselem, tebigatda spiral görnüşli şekiller köp duş gelýär. Alymlar ony ençeme ýyldan bäri öwrenýär. Nikola Femili atly biofizik şol bir görnüşli spirallaryň tebigatda dürli-dürli ýerlerde duş gelýändigini aýdýar. Haýran galdyrýan ýeri, şol spirallaryň sanlary hem gabat gelýär. Oňa ylymda Fibonaçiniň sanlary diýilýär. Spiral görnüşdäki şekilleri käbir galaktikalarda, balykgulakda, ýapraklarda we günebakarda görse bolýara.
8 Çagalaryňyz mekdepde tebigatda duş gelýän başga-da şekilleri öwrenýändir. Meselem, gar tozgalarynyň şekili fraktal görnüşde bolýar. Özüne meňzeş şekillerden düzülen görnüşe fraktal diýilýär. Tebigatda fraktal görnüşindäki zatlar köp ýerde duş gelýär. Şeýle owadan şekiller öz-özünden döredimi ýa-da olary biri ýaratdy? Eger çagalaryňyz şeýle soraglar barada oýlansa, ähli zady Hudaýyň ýaradandygyna iman eder (Ýew. 3:4). Çagalaryňyz ulaldygy saýyn, olara Hudaýyň kada-kanunlary boýunça ýaşamagyň peýdalydygyny düşündiriň. Munuň üçin olara şeýle sorag beriň: «Eger bizi Allatagala ýaradan bolsa, bagtly bolmak üçin gerekli maslahaty hem bermezmi?» Soňra olara peýdaly maslahatlary Mukaddes Kitapdan tapyp bolýandygyny aýdyň.
NASA, ESA, and the Hubble Heritage (STScl/AURA)-ESA/Hubble Collaboration
Tebigatda duş gelýän täsin şekilleri kim ýaratdy? (7, 8-nji abzaslara serediň).
HUDAÝYŇ KADA-KANUNLARYNYŇ PEÝDALYDYGYNY DÜŞÜNDIRIŇ
9. Çagalar nähili sorag berip biler we näme üçin?
9 Käte çagalaryňyz Hudaýyň ýazgarýan zatlary barada sorag berip: «Ýehowa näme üçin şuny etme diýýär?» diýmegi mümkin. Çagalaryňyz şu soragy Mukaddes Kitapdaky kada-kanunlar bilen ylalaşmaýandygy üçin berýärmi ýa-da deň-duşlaryna ynanýan zatlaryny düşündirip bilmeýärmi? Nähili bolaýanda-da, çagalaryňyza Mukaddes Kitapdaky kada-kanunlaryň peýdalydygyny düşündiriň. Munuň üçin olar bilen «Ebedi ýaşaň!» kitabyndan sapak geçiňb.
10. Çagalaryňyza Ýehowa bilen dostlaşmaga nädip kömek edip bilersiňiz?
10 Ýehowa bilen dostlaşmaga kömek ediň. Çagalaryňyz bilen sapak geçeniňizde «Ebedi ýaşaň!» kitabyndaky soraglar we suratlar arkaly olaryň pikirini biljek boluň (Nak. 20:5). Aýdaly, siz çagaňyz bilen 8-nji sapagy öwrenýärsiňiz. Şol sapakda Ýehowa aladamyzy edýän, goraýan dosta meňzedilýär. Siz 1 Ýahýa 5:3-i okanyňyzdan soň, çagalaryňyza şeýle soragy beriň: «Eger Ýehowa iň gowy dostumyz bolsa, bize zyýan ýetirjek zady talap edermi?» Ýönekeýje soraglar çagaňyza Ýehowanyň bizi hemişe söýýändigine we peýdaly maslahat berýändigine düşünmäge kömek eder (Işa. 48:17, 18).
11. Çagalaryňyza Mukaddes Kitabyň kada-kanunlarynyň peýdalydygyny nädip düşündirip bilersiňiz? (Nakyllar 2:10, 11).
11 Mukaddes Kitabyň kada-kanunlarynyň peýdalydygyny düşündiriň. Her günki aýady okanyňyzda Mukaddes Kitapdaky maslahatlaryň maşgalaňyza nädip kömek edendigi barada gürrüň ediň. Meselem, zähmetsöýer, dogruçyl adamlaryň gaýgy-aladasyz, rahat ýaşaýandygyny aýdyň (Ýew. 13:18). Şeýle-de olara Mukaddes Kitabyň prinsipleri boýunça ýaşasak sagdyn, şadyýan we bagtly boljakdygymyzy düşündiriň (Nak. 14:29, 30). Şonda çagalaryňyz Mukaddes Kitapdaky maslahatlaryň peýdalydygyna göz ýetirer (Nakyllar 2:10, 11-nji aýatlary okaň).
12. Stiw ogluna Mukaddes Kitabyň kada-kanunlarynyň peýdalydygyny nädip düşündirýär?
12 Fransiýada ýaşaýan Stiw bilen aýaly ogly Itana Ýehowanyň adamlary söýýändigi üçin kanun berýändigini düşündirýärler. Olar ogluna şeýle soraglary berýärler: «Ýehowa näme üçin biziň kada-kanunlaryna gulak asmagymyzy isleýär? Şol kada-kanunlar Onuň söýýändigini nädip subut edýär? Eger kada-kanunlara eýermesek näme bolar?» Şol soraglar Itana Ýehowanyň peýdaly zatlary öwredýändigine düşünmäge kömek etdi. Stiw şeýle diýýär: «Biz oglumyza Mukaddes Kitapdaky maslahatlaryň ynsan akyldarlygyndan müň esse gowudygyna düşünmäge kömek edesimiz gelýär».
13. Çagalara Mukaddes Kitabyň prinsiplerine eýermegi nädip öwretmeli? Mysal getiriň.
13 Mukaddes Kitabyň prinsiplerine eýermegi öwrediň. Aýdaly, çagaňyza mekdepde bir eseri okamagy tabşyrýarlar. Şol eseriň gahrymany ahlaksyzlyk we zalymlyk edýär. Kitapda onuň şol hereketleri gowy zat ýaly edip görkezilýär. Siz mümkinçilikden peýdalanyp, çagaňyza Ýehowanyň şol işleri halamaýandygy hakda oýlanmaga kömek ediň (Nak. 22:24, 25; 1 Kor. 15:33; Flp. 4:8). Şonda ol mugallym sapagy soranda garaýşyny we ynanýan zatlaryny mertlik bilen aýdyp biler.
IMANY HAKDA GÜRRÜŇ BERMEGI ÖWREDIŇ
14. Çagalar mekdepde haýsy tema barada gürrüň etmäge çekinýär we näme üçin?
14 Käte ýaşlar özüniň Ýehowanyň Şaýadydygyny aýtmaga we ynanýan zatlary barada gürrüň bermäge çekinýärler. Ewolýusiýa barada tema geläýse dagy, olaryň dili tutulýar. Näme üçin? Sebäbi mugallymlar ewolýusiýa taglymatynyň dogrudygyny şeýle bir ynamly aýdýarlar welin, çagalar näme diýip, näme goýjagyny bilmeýär. Ene-atalar, çagalaryňyza Mukaddes Kitapdan öwrenen zatlarynyň dogrudygyna şübhelenmez ýaly nädip kömek edip bilersiňiz?
15. Ýaşlara Beýik Ýaradana imanyny berkitmäge näme kömek eder?
15 Beýik Ýaradana imanyny berkidiň. Çagalaryňyz ýaradylyş barada hakykaty bilýändigine utanmaly däl (2 Tim. 1:8). Hatda köp alymlaram ýaşaýşyň öz-özünden döremändigi bilen ylalaşýarlar. Olar: «Çylşyrymly öýjükleriň, akylyňy haýran edýän zatlaryň öz-özünden döremegi mümkin däl» diýýärler. Şonuň üçin bütin dünýädäki mekdeplerde ewolýusiýa taglymaty öwredilse-de, alymlar oňa ynanmaýarlar. Çagalaryňyz Beýik Ýaradana imanyny berkitmek üçin, dogan-uýalardan: «Älem-jahany Allatagalanyň ýaradandygyna sizi näme ynandyrýar?» diýip sorap bilerc.
16. Ene-atalar çagalaryna ynanýan zatlaryny gürrüň bermegi nädip öwredip biler? (1 Petrus 3:15; surata serediň).
16 Ynanýan zatlaryny gürrüň bermegi öwrediň (1 Petrus 3:15-i okaň). Siz çagaňyz bilen jw.org saýtyndaky «Ýaşlaryň sowallary. Ýaradylyşmy ýa-da ewolýusiýa taglymaty?» diýen makalalary okap bilersiňiz. Soňra haýsy pikir arkaly Ýaradyjynyň bardygyny subut edip bolýandygy hakda gürrüň ediň. Çagaňyza klasdaşlary bilen jedelleşmeli däldigini ýatladyň. Eger klasdaşlarynyň biri gyzyklansa, ýönekeýje subutnamalary getirip düşündirmegi öwrediň. Aýdaly, klasdaşlarynyň biri: «Men diňe görýän zatlaryma ynanýan, Hudaýy bolsa hiç haçan görmedim» diýýär. Şonda çagaňyz şeýle jogap berip biler: «Mysal üçin, sen tokaýyň içinden geçip barýarsyň. Daş-töweregiňde-de adam-gara ýok. Birdenem öňüňden owadan jaý çykýar. Şonda sen: „Bäh, jaý öz-özünden gurlaýypdyr“ diýmersiň-ä?! Eger jaýyň ussasy bar bolsa, onda älem-jahanyň hem Ýaradyjysy bolaýmaly».
Klasdaşlaryňyza subutnamalar getirip düşündiriň (16, 17-nji abzaslara serediň)d.
17. Ene-atalar çagalaryny ynanýan zatlary barada aýtmaga nädip höweslendirip biler? Mysal getiriň.
17 Imany hakda gürrüň bermäge höweslendiriň (Rim. 10:10). Muny saz guralyny çalmagy öwrenmek bilen deňeşdirse bolýar. Başda siz aňsat sazlary çalarsyňyz. Ýöne wagtyň geçmegi bilen ökdeleşip, kyn sazlary hem çalyp başlarsyňyz. Edil şonuň ýaly, çagaňyzam başda ýönekeýje teklipleri aýtmagy öwrenip biler. Meselem, ol klasdaşyna şeýle diýip biler: «Bilýäňmi, inženerler köp zady tebigatdan görüp ýasaýarlar. Men saňa bir gyzykly wideo görkezjekdim». Soňra ol klasdaşyna «Öz-özünden döredimi ýa-da ýaradyldy?» diýen wideolaryň birini görkezensoň, şeýle diýip biler: «Eger tebigatdan göçürip ony-muny ýasaýan adamlary öwüp, arşa galdyrýan bolsalar, onda tebigatyň özüni ýaradan hak Hudaýy has-da şöhratlandyrmaly dälmi?» Belki-de, şonda klasdaşy gyzyklanyp, Ýehowa barada köpräk bilesi geler.
ÇAGALARYŇ IMANYNY HER GÜN BERKIDIŇ
18. Çagalaryň hak Hudaýa imanyny mundan beýläk nädip berkitmeli?
18 Daş-töweregimizde Ýehowa iman etmeýän adamlar gaty köp (2 Pet. 3:3). Ene-atalar, şonuň üçin çagalaryňyz bilen Ýehowanyň kada-kanunlarynyň peýdalydygyny görkezýän temalary öwreniň. Ýehowanyň ýaradan täsin zatlary barada gürrüň berip, olaryň imanyny berkidiň we oýlanmak ukybyny ösdüriň. Şeýle-de ýerine ýeten pygamberlikler hakda gürrüň ediň. Çagalaryňyz bilen Hudaýa doga ediň, aýratynlykda hem olar üçin doga ediň. Şonda Ýehowanyň kömegi bilen çagalaryňyzyň imanyny berkidip bilersiňiz (2 Tar. 15:7).
133-NJI AÝDYM Ýehowa ýaşlykdan gulluk ediň
a Köpräk bilmek üçin «Täsin ýaradylan zatlar Hudaýy şöhratlandyrýar» (rus.) diýen wideony görüň.
b Eger çagaňyz «Ebedi ýaşaň!» kitabyny geçip gutaran bolsa, onda kitabyň 3, 4-nji bölümlerindäki Mukaddes Kitabyň kada-kanunlary baradaky käbir sapaklary gaýtadan geçip bilersiňiz.
c 2006-njy ýylyň sentýabrynda çykan «Oýanyň!» žurnalynyň (rus.) «Biz näme üçin Ýaradana ynanmaly?» diýen makalasyny we «Ýaşaýşyň gelip çykyşy baradaky bäş sorag» (rus.) diýen broşýurany okap bilersiňiz. Şeýle-de «Ýaşaýşyň gelip çykyşy baradaky garaýyşlar» diýen bölümdäki wideolary görüp bilersiňiz.
d SURATYŇ BEÝANY: ýaş dogan dron bilen gyzyklanýan klasdaşyna «Öz-özünden döredimi ýa-da ýaradyldy?» diýen wideolaryň birini görkezýär.