Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w24 Dekabr sah. 31
  • Ýadyňyzdamy?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýadyňyzdamy?
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2024
  • Meňzeş maglumat
  • Okyjylaryň sowallary
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2024
  • Ýadyňyzdamy?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2015
  • Ýadyňyzdamy?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2017
  • Siz duýduryşa gulak asýarsyňyzmy?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2024
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2024
w24 Dekabr sah. 31

Ýadyňyzdamy?

2024-nji ýylyň «Garawul diňi» žurnalyna esaslanan aşakdaky soraglara jogap berip bilersiňizmi?

Ýehowa gelin-gyzlara hormat goýmakda nähili görelde görkezdi?

Ýehowa ala tutmaýar, ol erkek adamyň imanyny berk, aýal maşgalanyň imanyny gowşak hasaplamaýar. Ýehowa gelin-gyzlary ünsli diňleýär, ýürekden aladasyny edýär. Şeýle-de gelin-gyzlara iş tabşyrýar (w24.01 sah. 15, 16).

Biz Pawlus resulyň Efesliler 5:7-däki«şeýle adamlar bilen gatnaşmaň» diýen maslahatyna nädip eýerip bileris?

Pawlus resul Ýehowanyň ahlak kadalary boýunça ýaşamaýan adamlar bilen dostlaşmazlygy maslahat berdi. Biz sosial ulgamlaryny ulananymyzda seresap bolmaly. Sebäbi biz diňe bir gatnaşýan adamlarymyz bilen däl-de, sosial ulgamlary arkaly hem dostlaşyp bilýäris (w24.03 sah. 22, 23).

Biz nähili gep-gürrüňleri diňlemeli däl?

Dogan-uýalar bir wakanyň çyndygyny ýa ýalandygyny bilmän gürrüň berende, elektron poçta nätanyş adamlardan ýalan maglumatlar gelende ýa-da imandan dänenler özüni tanatman hakykat bilen gyzyklanýan ýaly bolup gepleşende, olary diňlemeli däl (w24.04 sah. 12).

Biz Ýehowanyň Tupanda heläk bolan adamlara, Sodom we Gomorranyň ilatyna, Süleýman patyşa gelejekde çykarjak hökümi barada nämeleri bilýäris we nämeleri bilmeýäris?

Biz: «Ýehowa olary ebedilik ýok etdi» diýip anyk aýdyp bilmeýäris. Emma biz Ýehowanyň rehimdar Hudaýdygyny we ähli ýagdaýlary göz öňünde tutýandygyny bilýäris (w24.05 sah. 3, 4).

Ýehowa «Arkadag» diýilmegi bizi nämä ynandyrýar? (5 Mus. 32:4).

Ýehowa penamyz, bizi goraýar. Ol ynamdar Hudaý, beren sözünde hemişe durýar. Şeýle-de ol üýtgemeýän Hudaý. Ýagdaý üýtgese-de, onuň häsiýeti we niýeti üýtgemeýär (w24.06 sah. 26—28).

Täze ýygnaga öwrenişmek üçin näme etmeli?

Ýehowa bil baglaň, ol geçmişde wepaly bendelerini goldaýşy ýaly size-de kömek eder. Täze ýygnagy öňki ýygnagyňyz bilen deňeşdirmäň. Yhlasly boluň, täze ýygnakda özüňizi çetde tutmaň. Täze dostlary tutunyň (w24.07 sah. 26—28).

Matta 25-nji bapda ýazylan üç mysaldan näme öwrenýäris?

Goýunlar we geçiler baradaky mysaldan wepaly bolmagy, paýhasly we akylsyz gyzlar baradaky mysaldan taýýar we oýa bolmagy, batman mysaldan bolsa yhlasly we zähmetsöýer bolmagy öwrenýäris (w24.09 sah. 20—24).

Iýerusalimdäki ybadathananyň minarasy näçe metrdi?

Käbir gadymy golýazmalarda 2 Taryh 3:4-däki minaranyň beýikliginiň «120 tirsekdigi» (53 metr) ýazylan. Başga ynamdar çeşmelerde bolsa minaranyň beýikliginiň «20 tirsekdigi» (9 metr) ýazylan. Eger Iýerusalimdäki ybadathananyň diwarlarynyň inini göz öňüne tutsak, minaranyň beýikligi 120 tirsek däl-de, 20 tirsek bolmaly (w24.10 sah. 31).

Hyzmatçynyň «bir aýaly bolmaly» diýlende näme göz öňünde tutulýar? (1 Tim. 3:12).

Hyzmatçynyň diňe bir aýaly bolmaly, ahlaksyzlykdan gaça durmaly. Onsoňam, dogan başga gelin-gyzlar bilen göz-gaş kakyşmaly däl (w24.11 sah. 19).

Ýahýa 6:53-däki we Isanyň Ýatlama agşamynda aýdan sözleri näme üçin meňzeş däl diýse bolýar?

Ýahýa 6:53-de Isa bedenini iýmelidigini we ganyny içmelidigini aýtdy. Isa şu sözleri b. e. 32-nji ýylynda Jelilede ýehudylara aýdypdy. Isa Ýatlama agşamyny bolsa şondan bir ýyl geçensoň Iýerusalimde girizipdi. Ol Ýatlama agşamynda özi bilen bile gökde höküm sürjeklere ýüzlenipdi (w24.12 sah. 10, 11).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş