Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • ijwbq bap 77
  • Direliş näme?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Direliş näme?
  • Mukaddes Kitaba degişli soraglaryň jogaby
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Mukaddes Kitabyň jogaby
  • Ölen dogan-garyndaşlarymyz üçin hakyky umyt
    Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?
  • Isanyň direlişi bize nähili täsir edýär?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2014
  • Direlişiň boljakdygyna ýürekden ynanýarys!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2020
Mukaddes Kitaba degişli soraglaryň jogaby
ijwbq bap 77
Gelejekde ýer ýüzünde boljak Jennetde adamlar direlen dogan-garyndaşlaryny we dost-ýarlaryny garşy alarlar

Direliş näme?

Mukaddes Kitabyň jogaby

Mukaddes Kitapdaky «direliş» sözi grek dilindäki «anastasis» diýen sözden gelip çykyp, «turmagy» ýa-da «ýeriňden galmagy» aňladýar. Adam direlende, ölüm ukusyndan turup, ýene-de ýaşap başlaýar (1 Korinfliler 15:12, 13).

Ýewreý ýazgylarynda, ýagny Töwrat, Zebur we Pygamberler ýazgylarynda-da direliş barada bellenip geçilýär. Mysal üçin, Hudaý Hoşeýa pygamberiň üsti bilen: «Men ölüler dünýäsiniň gazabyndan gutarmaýynmy olary? Olary ölümden halas etmäýinmi?» diýdi (Hoşeýa 13:14; Eýýup 14:13—15; Işaýa 26:19; Danyýar 12:2, 13).

Adamlar nirede direler? Käbir adamlar Isa Mesih bilen bile patyşa bolup höküm sürmek üçin gökde direlýärler (2 Korinfliler 5:1; Ylham 5:9, 10). Mukaddes Kitapda muňa «birinji direliş» ýa-da «ilkinji direliş» diýilýär. Bu bolsa ýene-de bir direlişiň boljakdygyny görkezýär (Ylham 20:6; Filipililer 3:11). Şol direliş ýer ýüzünde bolar. Şonda ummasyz köp adam direlip, bolelinlikde ýaşar (Zebur 37:29).

Adamlar nädip direler? Hudaý Isa pygambere ölen adamlary direltmäge ygtyýar berdi (Ýahýa 11:25). Isa «gabyrda ýatanlaryň ählisini» öňki häsiýetleri, daş keşbi we ýatlamalary bilen gaýtadan direlder (Ýahýa 5:28, 29). Gökde direlen adamlaryň ruhy bedeni, ýerde direlenleriň bolsa tut ýaly sagdyn bedeni bolar (Işaýa 33:24; 35:5, 6; 1 Korinfliler 15:42—44, 50).

Kimler direler? Mukaddes Kitapda «hem dogrularyň, hem erbetleriň direljekdigi» aýdylýar (Resullar 24:15). Dogrulara Nuh, Sara, Ybraýym ýaly Hudaýa wepaly adamlar degişlidir (1 Musa 6:9; Ýewreýler 11:11; Ýakup 2:21). Erbetlere bolsa Hudaýyň kada-kanunlary hakda öwrenmäge hem-de olara eýermäge mümkinçiligi bolmansoň, şol dogry talaplar boýunça ýaşamadyk adamlar degişlidir.

Emma halys ýoldan çykyp, düzelmek islemeýän adamlar direldilmez. Şeýle adamlar ölende, hemişelik ýok edilip, direlmäge umydy bolmaýar (Matta 23:33; Ýewreýler 10:26, 27).

Direliş haçan bolar? Mukaddes Kitapda gökdäki direlişiň Isa Mesihiň gelen döwri boljakdygy pygamberlik edilipdi. Bu döwür 1914-nji ýylda başlandy (1 Korinfliler 15:21—23). Ýerdäki direliş bolsa Isa Mesihiň Müňýyllyk hökümdarlygynda bütin ýer ýüzi Jennete öwrülende bolar (Luka 23:43; Ylham 20:6, 12, 13).

Direlişiň boljakdygyna näme üçin ynansa bolýar? Mukaddes Kitapda 9 sany direliş hakda jikme-jik beýan edilip, olary öz gözi bilen gören adamlaryň bolandygy aýdylýar (1 Patyşalar 17:17—24; 2 Patyşalar 4:32—37; 13:20, 21; Luka 7:11—17; 8:40—56; Ýahýa 11:38—44; Resullar 9:36—42; 20:7—12; 1 Korinfliler 15:3—6). Isa pygamberiň Lazar atly bir adamy direldişi hasam üýtgeşikdi. Lazaryň ölenine dört gün geçenem bolsa, Isa ony birgiden märekäniň öňünde gudrat bilen direltdi (Ýahýa 11:39, 42). Isa garşy çykan adamlar hem muny inkär edip bilmediler. Ine, şol sebäpli-de, olar Isanam, Lazaram öldürmek üçin dil düwüşdiler (Ýahýa 11:47, 53; 12:9—11).

Mukaddes Kitapda agzalýan 3 direliş: dul aýalyň çagasy, Hudaýa wepaly bolan aýal we Isanyň dosty Lazar

Mukaddes Kitapda Hudaýyň ölen adamlary direltmek isleýändigi hem-de muny etmäge güýjüniň ýetýändigi aýdylýar. Hudaýyň çäksiz ýatkeşligi bar. Şol sebäpli ol her bir adam bilen bagly aýratynlyklary jikme-jik ýadynda saklaýar. Hudaý olaryň ählisini gudratly güýji bilen direlder (Eýýup 37:23; Matta 10:30; Luka 20:37, 38). Hawa, Hudaýyň ölen adamlary direltmäge güýjem ýetýär, muny etmäge islegem bar! Mukaddes Kitapda gelejekde boljak direliş beýan edilip, Hudaý barada şeýle diýilýär: «Öz eliňiň ýaradanyny küýsärsiň» (Eýýup 14:15).

Direliş baradaky nädogry garaýyşlar

Ýalňyş düşünje: Direliş — bu jan bilen bedeniň birikmegi.

Hakykat: Mukaddes Kitapda aýdylmagyna görä, jan — bu adam ölenden soň ondan çykyp ýaşaýan bir zat däl-de, adamyň özüni aňladýar (1 Musa 2:7, çykgyt; Hyzkyl 18:4). Adam direlende, onuň jany bilen bedeni birikmeýär-de, ol täzeden diri jan bolýar.

Ýalňyş düşünje: Käbir adamlar direldilip, soňra dessine ýok ediler.

Hakykat: Mukaddes Kitapda: «Erbet iş edenler höküm üçin direler» diýilýär (Ýahýa 5:29). Emma bu höküm olaryň öňki etmişlerine däl-de, direlenden soň etjek işlerine esaslanyp çykarylar. Isa pygamber: «Ölen adamlar Hudaýyň Oglunyň sesini eşider... Ony diňläp, gulak asan adamlar ýaşarlar» diýdi (Ýahýa 5:25). Hawa, direlenden soň öwrenjek zatlaryny «diňläp, gulak asan adamlaryň» ady ýaşaýyş kitabyna ýazylar (Ylham 20:12, 13).

Ýalňyş düşünje: Adam ýene-de şol öňki bedeninde direlýär.

Hakykat: Adam ölensoň, onuň bedeni çüýräp, topraga öwrülýär (Nesihat 3:19, 20).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş