Zebur
Aýdymçylaryň ýolbaşçysyna. Dawudyň aýdymy.
2 Ýürek arzuwlaryny hasyl edýärsiň+,
Agzyndan çykan dilegini kabul edýärsiň. (Sela)
4 Ol senden uzak ömür diledi, dilegini eşitdiň+,
Ömrüni uzaltdyň, ebedi ýaşatdyň.
5 Sen ýeňiş bereniňde, ol has-da beýgelýär+,
Şan-şöhraty we abraýy artýar.
8 Duşmanlaryňy eliň bilen tutarsyň,
Sag goluň bilen ýakasyndan ýapyşarsyň.
9 Bellän wagtyňda gelersiň, olary peje atarsyň.
Ýehowa gazaplanyp ýok eder, ot olary ýalmap ýuwudar+.
10 Olaryň nesli, tohum-tiji ýer ýüzünden,
Ynsan ogullarynyň arasyndan ýok ediler.
12 Ýaýyňy çekersiň, nyşana alarsyň,
Olar yzyna seretmän gaçarlar+.
13 Eý Ýehowa, aýaga gal, güýjüňi görkez!
Gudratyňy wasp edip, aýdym aýdarys.