Hoşeýa
Ysraýyl öýi, eşitdim-eşitmedim diýmäň!
Patyşanyň köşgündäkiler, gulak asyň!
Siz Mispada gurlan duzak,
Taboryň+ üstüne atylan tor bolduňyz.
Şonuň üçinem höküm edilersiňiz.
2 Gozgalaňçylar köp gan dökdüler.
Men olara duýdurypdym.
3 Men Efraýymy tanaýaryn.
Ysraýyl menden gizlenip bilmez.
Efraýym, sen zyna etdiň.
Ysraýyl öz-özüni haram etdi+.
4 Olar edýän işleri üçin Hudaýa dolanyp bilmeýärler.
Sebäbi olaryň pikiri ahlaksyzlykdan doly+.
Olar Ýehowany tanamaýarlar.
5 Tekepbir ysraýyl öz aýybyny özi açdy+.
Ysraýyl we Efraýym günä edip büdrediler,
Ýahuda hem olar bilen bile ýykyldy+.
6 Olar mal-garasyny alyp, Ýehowany gözlediler,
Ýöne tapyp bilmediler.
Hudaý olary taşlap gitdi+.
Olar bir aýyň içinde mülki bilen bile ýok bolarlar.
8 Gibeýada we Ramada+ söweş surnaýyny çalyň!+
„Benýamin, yzyňdan gideris!“ diýip,
Beýtawende+ gygyrsynlar.
9 Eý Efraýym, höküm güni gorkunç ýagdaýa düşersiň+.
Men boljak zatlary ysraýyl taýpalaryna aýdaryn.
10 Ýahudanyň hanlary araçägini süýşürýän adama meňzeýär+.
Gaharymy suw kimin olaryň üstüne dökerin.
11 Efraýym ezildi, hökümden ýaňa ýer bilen ýegsan edildi.
Sebäbi ol duşmanynyň yzyna düşmegi ýüregine düwdi+.
12 Men Efraýyma güýe düşürdim,
Ýahuda öýüni çüýretdim.
13 Efraýym kesellände, Ýahuda ýara çykanda,
Efraýym Assiriýa+ gitdi,
Çaparyny beýik patyşanyň ýanyna ýollady.
Emma ol seni sagaldyp bilmedi,
Derdiňe derman bolmady.
14 Men Efraýym üçin şir kimin,
Ýahuda üçin güýçli arslan kimin bolaryn.
15 Men mekanyma giderin,
Olar jezasyny çekýänçä dolanmaryn.