17 Ýehowa Hudaýyňyzyň tabşyryşy ýaly, şol ýerdäki hetleri, amorlary, kenganlary, perizleri, hiwileri we ýabuslary+ bütinleý ýok ediň. 18 Ýogsam olar taňrylary üçin edýän nejis işlerini size-de öwredip, Ýehowa Hudaýyňyza garşy günä etdirerler+.
2 Ahaz 20 ýaşynda patyşa bolup, Iýerusalimde 16 ýyl höküm sürdi. Ol atasy Dawut ýaly, Ýehowa Hudaýynyň öňünde dogry işleri etmedi+. 3 Gaýtam Ysraýyl patyşalarynyň ýolundan ýöräp+, Ýehowanyň ýurtdan kowup çykaran halklarynyň nejis işlerine baş goşdy+, hatda ogluny hem otda ýakyp gurban berdi+.
21Manaşa+ 12 ýaşynda patyşa bolup, Iýerusalimde 55 ýyl höküm sürdi+. Ejesiniň ady Hepzybady. 2 Manaşa Ýehowanyň ýurtdan kowup çykaran halklarynyň nejis işlerine baş goşup, Ýehowanyň öňünde erbet işleri etdi+.