-
4 Musa 21:23, 24Mukaddes Kitap
-
-
23 Emma Sihon ysraýyllara ýurdunyň içinden geçmäge rugsat bermedi. Gaýtam goşunyny ýygnap, ysraýyllar bilen söweşmek üçin çöle çykdy. Ol Ýahaza baryp, ysraýyllara hüjüm etdi+. 24 Ysraýyllar bolsa Sihony gylyçdan geçirip+, ýurduny+ Arnondan+ tä ammonlaryň golaýyndaky Ýaboga+ çenli basyp aldylar. Ýöne Ýazerden+ aňryk geçmediler, sebäbi Ýazer ammonlaryň serhedinde+ ýerleşýärdi.
-
-
5 Musa 3:16, 17Mukaddes Kitap
-
-
16 Rubenlere we gadlara+ bolsa Gileaddan başlap, Arnon jülgesine çenli aralygy berdim. Jülgäniň ortasy olaryň serhedi hasaplanýar. Şeýle-de ammonlaryň serhedindäki Ýabok jülgesine çenli aralygy, 17 Arabany, Iordany we onuň serhedine çenli aralygy, Kinneretden Araba deňzine, ýagny gündogardaky Pisganyň eteginde ýerleşýän Duz deňzine* çenli aralygy berdim+.
-