-
5 Musa 16:14Mukaddes Kitap
-
-
14 Baýramçylykda siz bilen ogul-gyzlaryňyz, gul-gyrnaklaryňyz, şäheriňizde ýaşaýan lewiler, gelmişekler, ýetimler we dul aýallar hem şatlansyn+.
-
-
Ýermeýa 33:10, 11Mukaddes Kitap
-
-
10 Ýehowa şeýle diýýär: „Siziň: „Haraba öwrüler, ol ýerde ne adam, ne mal-gara galar“ diýen ýurduňyzda, Ýahuda galalarynda, boşap galan, ilatsyz, mal-garasyz Iýerusalimiň köçelerinde 11 şatlyk we gülki sesi+, ýigit bilen gelniň sesi eşidiler. Adamlar: „Serkerdebaşy Ýehowa şükür ediň, sebäbi Ýehowa ýagşydyr+, wepaly söýgüsi* ebedidir!“+ diýerler.
Olar Ýehowanyň öýünde şükür gurbanlyklaryny bererler+. Sebäbi men ýesirleri watanyna getirerin. Olaryň ýagdaýy öňküsi ýaly bolar“. Muny Ýehowa aýdýar».
-