- 
	                        
            
            Işaýa 2:2, 3Mukaddes Kitap
- 
                            - 
                                        Ýehowanyň öýüniň duran dagy, Ähli daglardan belentde durar+. Ol baýyrlardan hem beýik bolar, Ähli halklar oňa tarap eňerler+. 3 Köp milletler gelip, şeýle diýerler: «Geliň, Ýehowanyň dagyna çykalyň, Ýakubyň Hudaýynyň öýüne baralyň+. Ol bize ýollaryny öwreder, Biz onuň ýodalaryndan ýöräris»+. Sebäbi kanun Siondan, Ýehowanyň sözi Iýerusalimden çykar+. 
 
- 
                                        
- 
	                        
            
            Işaýa 56:6, 7Mukaddes Kitap
- 
                            - 
                                        Onuň guly bolmak isleýän, Sabat gününi berjaý edýän, ony haram etmeýän, Ähtimi berk saklaýan, Ýehowa gulluk we sežde etmek isleýän keseki adamlary 7 Mukaddes dagyma alyp gelerin+, Doga edilýän öýüme getirip begendirerin. Gurbanlyk ojagynda* beren gurbanlyklaryny, Ýakma gurbanlyklaryny kabul ederin. Sebäbi meniň öýüme halklaryň doga-dileg öýi diýler»+. 
 
- 
                                        
- 
	                        
            
            Mikaý 4:1, 2Mukaddes Kitap
- 
                            - 
                                        Ýehowanyň öýüniň duran dagy+, Ähli daglardan belentde durar, Ol baýyrlardan hem beýik bolar, Ähli halklar oňa tarap eňerler+. 2 Köp milletler gelip, şeýle diýerler: «Geliň, Ýehowanyň dagyna çykalyň, Ýakubyň Hudaýynyň öýüne baralyň+. Ol bize öz ýollaryny öwreder, Biz onuň ýodalaryndan ýöräris». Sebäbi kanun Siondan, Ýehowanyň sözi Iýerusalimden çykar. 
 
- 
                                        
- 
	                        
            
            Zekerýa 8:22, 23Mukaddes Kitap
- 
                            - 
                                        22 Köp adamlar, güýçli halklar Serkerdebaşy Ýehowany gözlemäge Iýerusalime geler+, Ýehowadan rehim dilär“. 23 Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: „Şol günler ähli halklardan we dillerden+ on adam geler. Olar ýehudynyň donundan ýapyşyp, berk ýapyşyp, şeýle diýer: „Biz siziň bilen gitjek+, sebäbi Hudaýyň siziň bilendigini eşitdik“»+. 
 
-