-
Zebur 22:27Mukaddes Kitap
-
-
27 Tutuş zemin Ýehowany ýatlap dolanar,
Tire-taýpalar tagzym ederler+.
-
-
Işaýa 2:2, 3Mukaddes Kitap
-
-
Ýehowanyň öýüniň duran dagy,
Ähli daglardan belentde durar+.
Ol baýyrlardan hem beýik bolar,
Ähli halklar oňa tarap eňerler+.
3 Köp milletler gelip, şeýle diýerler:
«Geliň, Ýehowanyň dagyna çykalyň,
Ýakubyň Hudaýynyň öýüne baralyň+.
Ol bize ýollaryny öwreder,
Biz onuň ýodalaryndan ýöräris»+.
Sebäbi kanun Siondan,
Ýehowanyň sözi Iýerusalimden çykar+.
-
-
Zekerýa 8:22, 23Mukaddes Kitap
-
-
22 Köp adamlar, güýçli halklar Serkerdebaşy Ýehowany gözlemäge Iýerusalime geler+, Ýehowadan rehim dilär“.
23 Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: „Şol günler ähli halklardan we dillerden+ on adam geler. Olar ýehudynyň donundan ýapyşyp, berk ýapyşyp, şeýle diýer: „Biz siziň bilen gitjek+, sebäbi Hudaýyň siziň bilendigini eşitdik“»+.
-