Ester
4 Mordekaý+ bolan wakany+ eşidip, ýakasyny ýyrtdy we jul* geýip, başyndan kül sowurdy. Soňra şäher merkezine bardy we ses edip, zaryn-zaryn aglady. 2 Ol köşgüň derwezesine baryp durdy, sebäbi jul geýnen adam köşgüň derwezesinden girip bilmeýärdi. 3 Ähli welaýatlarda+ ýaşaýan ýehudylar patyşanyň permanyny eşidip, agyz beklediler+, aglaşyp ýas tutdular, jul geýip, kül üstünde oturdylar+. 4 Esteriň kenizleri we agtalary* ähli zady gürrüň berende, ol örän biynjalyk boldy. Soňra ol Mordekaýa egin-eşik iberip, juluny çykarmagy haýyş etdi, emma Mordekaý razylaşmady. 5 Şonda Ester Hatak agtany çagyrdy. Hatagy Esteriň hyzmatyna patyşanyň özi belläpdi. Ester ony Mordekaýyň ýanyna iberip, ähli zady jikme-jik soramagy tabşyrdy.
6 Hatak köşk derwezesiniň öňündäki şäher meýdançasynda* oturan Mordekaýyň ýanyna bardy. 7 Mordekaý başyna düşen ýagdaýy gürrüň berdi we Hamanyň ýehudylary gyrmak üçin+ gazna beren puly+ barada aýtdy. 8 Şeýle-de Mordekaý ýehudylary gyrmak hakda Şuşanda* çykan permanyň nusgasyny berdi+. Hatak permany Estere görkezip düşündirmelidi+. Onsoňam, Mordekaý Estere patyşanyň huzuryna baryp, ondan öz halkyna rehim etmegi sorap, ýalbarmagy tabşyrdy.
9 Hatak Esteriň ýanyna gelip, Mordekaýyň aýdanlaryny gürrüň berdi. 10 Ester hem Hatagyň üsti bilen Mordekaýa+ şeýle habar ýollady: 11 «Patyşanyň içki howlusyna+ çakylyksyz gelen aýal-erkekler öldürilmeli diýen kanun bar. Patyşa altyn hasasyny kime uzatsa, diňe şol adam diri galýar+. Muny patyşanyň ähli hyzmatkärlerem, welaýatlarynda ýaşaýan adamlaram bilýär. Men bolsa 30 günden bäri patyşanyň ýanyna çagyrylmadym».
12 Esteriň aýdanlaryny Mordekaýa habar berdiler. 13 Ol hem Estere şeýle diýdi: «Patyşanyň maşgalasy bolanyň üçin, ýehudylardan diňe özüň halas bolaryn öýtme. 14 Şeýle ýagdaýda dymsaň, ýehudylara gutulyş hem kömek başga ýerden geler+, emma sen we dogan-garyndaşlaryň ýok bolup gider. Kim bilýär, belki, sen halkyňy halas etmek üçin patyşanyň aýaly bolansyň»+.
15 Ester Mordekaýa: 16 «Şuşandaky ähli ýehudylary ýygna, meniň üçin agyz bekläň+. Üç gije-gündiz+ hiç zat iýip içmäň. Menem kenizlerim bilen agyz beklärin. Soňra kanuny bozýanam bolsam, patyşanyň ýanyna giderin, ölmeli bolsam ölerin!» diýip jogap berdi. 17 Mordekaý ähli zady Esteriň aýdyşy ýaly etdi.