Ýermeýa
4 Ýehowa şeýle diýýär: «Maňa dolan, eý Ysraýyl!
Eger maňa dolansaň,
Nejis butlaryňy huzurymdan aýyrsaň,
Sergezdan bolup ýörmersiň+.
2 Eger hakykatda, adyllykda, dogrulykda,
„Ýehowa diri şaýatdyr!“ diýip ant içseň,
Halklar Alladan bereket alarlar.
Onuň işlerine buýsanarlar»+.
3 Ýehowa Iýerusalim we ýahuda halkyna şeýle diýýär:
«Mellegiňizi sürüň,
Tikenekleriň arasyna tohum sepmäň+.
4 Eý ýahuda halky, Iýerusalim ilaty!
Ýüregiňizi sünnetläň,
Ýehowa üçin sünnetleniň!+
Ýogsam zalym işleriňiz üçin gaharym ot kimin tutaşar,
Gazap odumy hiç kim söndürip bilmez»+.
5 Ýahudada jar çekiň, Iýerusalimde yglan ediň,
Batly gygyryň, bütin ýurtda surnaý çalyň!+
Gygyryp şeýle diýiň: «Jem boluň,
Galalara gaçyň!+
6 Siona gidýän ýol belgisini goýuň,
Boş durmaň, gaçybatalga gözläň».
Men demirgazykdan betbagtçylyk+,
Uly gyrgynçylyk getirerin.
Ol ýurduňyzy gorkunç hala salmak üçin çykdy.
Şäherleriňiz weýran bolar, hiç kim galmaz+.
9 Ýehowa şeýle diýýär: «Şol gün patyşanyň-da,
Han-begleriň-de ýüregi howsala düşer+,
Ruhanylar gorkarlar, pygamberler aňk bolarlar»+.
10 Şonda men: «Älemiň Hökümdary Ýehowa! Sen: „Parahat ýaşarsyňyz!“+ diýip, halkyňy we Iýerusalimi aldadyň+. Ine, gylyç bokurdagymyza direlip dur» diýdim.
11 Şonda halka we Iýerusalime şeýle diýerler:
«Baýyrlardan gyzgyn ýel,
Halkymyň gyzynyň* üstüne öwser.
Ol ýel bugdaý sowurmak ýa-da arassalamak üçin öwüsmez.
12 Güýçli ýel meniň emrim bilen öwser,
Indi olara garşy hökümlerimi yglan ederin.
13 Duşman gara bulutlar kimin,
Söweş arabalary apy-tupan kimin geler+.
Olaryň atlary bürgütlerden ýyndamdyr+.
Waý halymyza, indi heläk bolarys!
14 Ýüregiňi erbetlikden tämizle,
Eý Iýerusalim, şonda halas bolarsyň+.
Haçana çenli erbetlik hakda pikirlenjek?
15 Dandan ses eşidiler+,
Efraýym daglarynda betbagtçylyk habary yglan ediler.
16 Muny halklara jar çekiň,
Iýerusalim iline habar beriň».
17 Ekin meýdanyny goraýan daýhanlar ýaly,
Onuň daş-töweregini gabarlar+.
Sebäbi ol gozgalaň turuzdy+ — muny Ýehowa aýdýar.
18 Saýlan ýollaryňa, eden işleriňe görä jeza alarsyň,
Başyňa uly betbagtçylyk iner+,
Sebäbi dönüklik ýüregiňde kök urandyr».
19 Wah janym*, wah janym!
Köňlüm gan aglaýar,
Ýüregim para-para bolýar!
20 Yzly-yzyna betbagtçylyk habary geldi,
Bütin ýurt weýran boldy.
Çadyrlarym göz açyp-ýumasy salymda ýykyldy,
Matalary bir demde ýyrtyldy+.
21 Siona gidýän ýol belgisi haçana çenli durar?
Haçana çenli surnaý çalnar?+
22 «Akylsyz halkym+
Maňa hormat goýmaýar.
Olar akmak, düşünjesiz çaga kimindir.
Erbetlik etmäge ökdedir,
Ýagşylyk etmegi başarýan däldir».
23 Ýurda seretdim, boşluk we gum-guklukdy+.
Asmana bakdym, tüm-garaňkylykdy+.
24 Seretdim, daglar titredi,
Depeler sandyrady+.
25 Seretdim, janly-jemende ýokdy,
Asman guşlarynyň birem ýokdy+.
26 Ýene seretdim, bag-bakjalar çöle öwrülipdir,
Şäherleri weýran bolupdyr+.
Ýehowa bularyň baryny
Gahar-gazap bilen etdi.
27 Ýehowa şeýle diýýär: «Tutuş ýurt haraba döner+,
Emma ony doly ýok etmerin.
29 Atlylaryň, ýaýçylaryň sesinden
Şäheriň ähli halky gaçar+.
Olar jeňňellerde gizlener,
Gaýalaryň arasynda bukular+.
Şäherler boşap galar,
Olarda hiç kim ýaşamaz».
30 Sen weýran edildiň, indi näme edersiň?
Gyrmyzy köýnek geýerdiň,
Altyn şaý-sepler dakynardyň,
Gözüňe sürme çalardyň.
31 Men Sion gyzynyň sesini eşitdim.
Ol burgusy tutýan aýal ýaly zaryn-zaryn aglaýardy,
Ilkinji çagasyny dogurýan gelin ýaly zordan dem alýardy.
Ol ellerini uzadyp+:
«Waý halyma! Ganhorlardan bizar boldum!» diýdi.