Ýermeýa
22 Ýehowa şeýle diýýär: «Ýahuda patyşasynyň köşgüne gidip şeýle diý: 2 „Eý Dawudyň tagtynda oturan Ýahuda patyşasy, hyzmatkärleri we derwezelerden girýän halky, Ýehowanyň sözüni eşidiň! 3 Ýehowa şeýle diýýär: „Adalatly we dogruçyl boluň. Talaňçylaryň eline düşen adamy halas ediň, gelmişege adalatsyzlyk etmäň, ýetimi we dul aýaly ezmäň+. Şäherde bigünä gany dökmäň+. 4 Eger tabşyrygy ýürekden berjaý etseňiz, şonda Dawudyň tagtynda oturan patyşalar+ atly we söweş arabaly, hyzmatkärleri hem halky bilen köşgüň derwezelerinden girerler“+.
5 Ýehowa şeýle diýýär: „Men öz adymdan ant içýärin, siz meni diňlemeseňiz, köşk harabaçylyga öwrüler“+.
6 Ýehowa Ýahuda patyşasynyň köşgi barada şeýle diýýär:
„Sen meniň üçin Gilead ýaly,
Liwan dagynyň depesi kiminsiň.
Indi seni çöle öwrerin,
Ähli şäherleriň ilatsyz galar+.
7 Üstüňe çozjak garakçylary,
Ýaragly garakçylary men getirerin+.
Olar iň owadan kedr agaçlaryňy kesip,
Oda taşlarlar+.
8 Köp milletler şäheriň deňinden geçenlerinde: „Ýehowa näme üçin beýik şäheri weýran etdikä?“ diýerler+. 9 Şonda olara: „Halk Ýehowa Hudaýa beren ähtini bozdy, ýat taňrylara sežde etdi, gulluk etdi“ diýerler“+.
10 Dünýäden öten patyşa üçin aglamaň,
Onuň üçin ýas tutmaň.
Sürgün edilen üçin zar-zar aglaň,
Sebäbi ol yzyna dolanmaz, dogduk mekanyny görmez.
11 Ýahudanyň patyşasy Ýoşyýanyň+ ogly Şalum*+ kakasynyň ýerine tagta geçdi we şäherden äkidildi. Ýehowa ol hakda şeýle diýýär: „Ol hiç haçan yzyna dolanmaz. 12 Sürgün edilen ýurdunda öler, watanyny hiç haçan görmez“+.
13 Öýüni haram gazanç bilen salanyň,
Adalatsyzlyk bilen ýokarky otaglaryny guranyň,
Goňşusyna hak tölemän,
Gul ýaly işledýäniň gününe waý!+
14 Sen: „Penjireli, ýokarky otaglary giň,
Kaşaň jaý salaryn.
Diwarlaryny kedr agajy bilen bezärin,
Gyrmyzy reňke boýaryn“ diýýärsiň.
15 Beýlekilerden has köp kedr agaçlaryny ulandym diýip,
Uzak höküm sürerin öýdýärmiň?
16 Ol ejizleriň hem garyplaryň hakyny alyp bererdi,
Ähli işleri ugruna bolardy.
Ýehowa şeýle diýýär:
„Meni tanaýan adam ýagşy işleri etmeli dälmi?
17 Emma seniň gözüň bolsa haram gazanja dikilipdir.
Ýüregiň bigünä gan dökmäge,
Ýalan sözlemäge we adamlary talamaga ýykgyndyr“.
18 Ýehowa Ýahuda patyşasy Ýoşyýanyň ogly Ýehoýakym+ barada şeýle diýýär:
„Olar biri-birine: „Waý, doganym!
Waý, aýal doganym!“ diýip, onuň üçin aglamazlar.
Olar „Waý, hojaýynym!
Waý, hökümdarym!“ diýip, onuň üçin ýas tutmazlar.
21 Asuda döwürde seniň bilen gepleşdim.
Emma sen: „Gulak asmaryn“ diýdiň+.
Sen ýaşlygyňdan bäri diýenimi etmeýärsiň,
Meniň sözlerimi diňlemeýärsiň+.
22 Çopanlaryň baryny şemal äkider+,
Oýnaşlaryň sürgün ediler.
Başyňa heläkçilik inendigi üçin masgara bolarsyň,
Utanja galarsyň.
23 Sen Liwanda+ mesgen tutup,
Kedr agaçlaryň+ arasynda höwürtge ýasan hem bolsaň,
Çaga dogurýan aýal ýaly dert çekersiň+,
Burgyňa çydaman zaryn-zaryn aglarsyň».
24 Ýehowa şeýle diýýär: «„Ýahuda patyşasy Ýehoýakymyň+ ogly Konyýa!*+ Men diri şaýatdyryn! Sen sag elimdäki möhürli ýüzük bolsaň-da, çykaryp taşlaryn. 25 Janyň kastyna çykanlar, gorkunç duşmanlar, Wawilon patyşasy Nawuhodonosor* we haldeýler seni ele salarlar+. 26 Men seni-de, ejeňi-de ýat ýurda taşlaryn, siz şol ýerde ölersiňiz. 27 Siz watanyňyzy küýseseňiz-de, hiç haçan dolanmarsyňyz+.
28 Konyýa derde ýaramaz, döwük gap dälmi?
Il-günüň taşlan küýzesi dälmi?
Ol çagalary bilen ýat ýurda taşlanmadymy?“+
29 Ýer ýüzüniň halky*, Ýehowanyň sözüni eşidiň!
30 Ýehowa şeýle diýýär: „Onuň zürýatsyz galandygyny,
Ömürboýy işi oňmadyk adam bolandygyny ýazyň.
Onuň neslinden Dawudyň tagtynda hiç kim oturmaz,
Ýahudada hiç haçan höküm sürmez“»+.