Ýewreýler
3 Göge çagyrylan mukaddes doganlar+, Isa hakda oýlanyň. Siz Isany resul we baş ruhany hökmünde kabul etdiňiz+. 2 Musanyň Hudaýyň bütin öýüne wepaly bolşy ýaly+, Isa hem Hudaýa wepalydy+. 3 Öýi guranyň öýden has köp abraýa eýe bolşy ýaly, Isa hem Musadan has köp şan-şöhrata mynasyp boldy+. 4 Elbetde, öýi ussa gurýar, ýöne ähli zady Hudaý ýaratdy. 5 Musa Hudaýyň tutuş öýüne wepaly hyzmat edip, gelejekde mälim ediljek zatlary suratlandyrdy*. 6 Mesih hem Atasynyň öýünde wepaly oguldyr+. Eger biz hem soňuna çenli umydymyza berk ýapyşyp, oňa şatlansak, ol hakda çekinmän* gürrüň bersek, Hudaýyň öýi bolarys+.
7 Mukaddes ruh şeýle diýýär+: «Şu gün siz onuň sesini eşitseňiz, 8 onda ýüregiňizi gatadyp, ata-babalaryňyz ýaly gaharyny getirmäň, çöldäki ýaly synamaň+. 9 Ata-babalaryňyz 40 ýyllap çölde eden işlerimi görseler-de, meni synapdylar+. 10 Şonuň üçin men tutuş nesli ýigrenip: „Olar hemişe öz bilenini edýär, ýollarymdan ýöremek islemeýär“ diýdim. 11 Şonda men gaharlanyp: „Olar meniň bilen dynç almaz“ diýip ant içipdim»+.
12 Doganlar, seresap boluň! Ýüregiňizde zalymlyk we imansyzlyk ornaşyp, Biribardan daşlaşaýmaň+. 13 Häzir «şu gün»+ diýilýän wagt, şonuň üçin her gün biri-biriňizi ruhlandyryň. Günäniň aldawyna düşüp, ýüregiňizi gatatmaň. 14 Eger biz başdaky ynamy soňuna çenli berk saklasak, Mesih bilen bile bolarys+. 15 Sebäbi Hudaý: «Şu gün siz onuň sesini eşitseňiz, onda ýüregiňizi gatadyp, ata-babalaryňyz ýaly gaharyny getirmäň»+ diýipdi.
16 Hudaýyň sesini eşidip, gaharyny getiren kim? Eýsem Musa bilen Müsürden çykanlaryň ählisi Hudaýyň gaharyny getirmedimi?+ 17 Onsoňam, Hudaý 40 ýyllap kimi ýigrendi?+ Eýsem jesetleri çölde galan günäkärleri dälmi?+ 18 «Meniň bilen dynç almaz» diýip, Hudaý kim hakda ant içipdi? Eýsem gulak asmadyk adamlar hakda dälmi? 19 Görşümiz ýaly, olar imansyzlygy üçin Hudaý bilen dynç alyp bilmediler+.