Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • dg 3-nji böl. sah. 4—9
  • Hudaýyň bardygyny nädip bilmeli

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Hudaýyň bardygyny nädip bilmeli
  • Hudaý biz barada alada edýärmikä?
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Biziň haýbatly älemimiz
  • Ýeriň deňsiz-taýsyz edip ýasalmagy
  • Täsin janly öýjük
  • Biziň täsin beýnimiz
  • Deňi-taýy bolmadyk gan aýlanyş
  • Beýleki gudratlar
  • Iň ökde gurluşykçy
  • Biz «täsin tärde ýaradylan»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2007
Hudaý biz barada alada edýärmikä?
dg 3-nji böl. sah. 4—9

3-nji bölüm

Hudaýyň bardygyny nädip bilmeli

1, 2. Hudaýyň bardygyny bilmäge bize haýsy düzgün kömek edýär?

HUDAÝYŇ bardygyny bilmegiň bir ýoly: ýasalan zadyň ýasaýjysy bolmaly diýen düzgüne eýermeli. Ýasalan zat näçe çylşyrymly bolsa, ýasaýjysy şonça-da ussat bolmaly.

2 Meselem, öýüňe göz aýlap gör. Stollaryň, stullaryň, gap-gaçlaryň, tabak-çemçeleriň we naharhanadaky beýleki zatlaryň ählisiniň ussasy bolmaly. Diwaryň, poluň we potologyň hem ussasy bolmaly. Ýöne bu zatlary ýasamak onçakly kyn däl. Şeýle ýönekeý zatlaryň ýasaýjysy bar bolsa, onda çylşyrymly zatlaryň has paýhasly ussasy bolmaly diýsek, akyla laýyk bolmazmy?

Biziň haýbatly älemimiz

3, 4. Hudaýyň bardygyny bilmäge bize älem nädip kömek edýär?

3 Sagady ussa ýasaýar. Eýsem, örän çylşyrymly Gün sistemasy hakynda näme aýdyp bolar? Planetalar asyrlar boýy Günüň daşyndan örän takyklyk bilen aýlanýarlar ahyryn! Akmaýanyň Ýoly diýen haýbatly galaktika barada näme aýtsa bolar? Şol galaktikada biz ýaşaýarys we onuň içinde 100 milliarddan gowrak ýyldyz bar! Hi bir wagt gijesine Akmaýanyň Ýoluny synlap gördüňmi? Seni geň galdyrdymy? Onda Akmaýanyň Ýoluna meňzeş milliardlarça galaktikany öz içine alýan ägirt uly älem hakda oýlanyp gör? Onsoňam, asman jisimleri asyrlar boýy şeýle dogry hereket edýärler welin, ony dogry sagat bilen deňeşdirýärler.

4 Ýönekeýje sagady bir ussa ýasan bolsa, onda örän çylşyrymly hem haýbatly älemiň ýasaýjysy we ýaradyjysy hökman bolaýmaly. Ine, şonuň üçin hem, Mukaddes Ýazgylar bize «gözüňizi asmana galdyryň we serediň» diýýär, soňra bolsa: «Olaryň baryny kim ýaratdy?» diýip soraýar. Jogap berip: «Ol [Hudaý] olaryň barynyň adyny tutýar: kuwwatynyň köplügi we uly güýji sebäpli Onuň ýanynda olaryň hiç biri hatardan çykanok» diýýär (Işaýa 40:26). Şeýlelikde, älem göze görünmän dolandyrýan paýhasly güýjüň, ýagny Hudaýyň kömegi bilen peýda boldy.

Ýeriň deňsiz-taýsyz edip ýasalmagy

5—7. Haýsy deliller Ýeriň Ýasaýjysynyň bardygyny görkezýär?

5 Alymlar Ýeri näçe öwrendigiçe, adamlaryň ýaşamagy üçin onuň deňsiz-taýsyz edip ýaradylandygyna göz ýetirýärler. Ýer şary Günden ýeterlik ýagtylyk we ýylylyk almak üçin gerekli uzaklykda ýerleşýär. Bir ýylyň dowamynda ol Günüň daşyndan gerekli ýapgyt bilen doly aýlanýar welin, Ýeriň köp künjeginde dürli pasyllar bolýar. Şeýle-de, Ýer her 24 sagat öz okunyň daşyndan doly aýlanyp, ýagtylygy we garaňkylygy yzygiderli berip durýar. Onuň atmosferasynda zerur gaz garyndylary bar, şonuň üçin biz dem alyp bilýäris we olar bizi kosmosdan gelýän radiasiýadan goraýar. Onsoňam, onda ir-iýmiş ýetişdirmek üçin örän möhüm toprak we suw bar.

6 Şu zatlar bolmasa, ýaşaýyş bolmazdy. Bu zatlaryň ählisi tötänlikde peýda boldumyka? «Science News» («Ylmy täzelikler») atly neşirde şeýle diýilýär: «Şeýle üýtgeşik we takyk şertleriň tötänlikden peýda bolmagy asla mümkin däl». Hawa, olar tötänlikden peýda bolup bilmezdi. Olaryň belli bir maksatly ajaýyp Ýasaýjysy bolmaly.

7 Sen bir owadan öýe girip, onuň içinde bol iýmit görseň, içi ýylja bolsa, howasy oňat çalşyp durýan bolsa, oňat suw geçirijileri bar bolsa, sen näme pikir ederdiň? Bu zatlar öz-özünden peýda boldy diýermidiň? Ýok, sen hökman bir paýhasly adam muny planlaşdyryp, alada bilen gurandyr diýerdiň. Ýer hem ýaşaýjylarynyň islegini kanagatlandyrmak üçin hut şeýle planlaşdyrylyp, alada bilen ýaradyldy. Ol islendik öýden çylşyrymly we has oňat üpjün edilen.

8. Ýer baradaky ýene-de haýsy deliller Hudaýyň biz hakda söýgi bilen alada edýändigini görkezýär?

8 Durmuşy bezeýän köp zatlar hakda oýlanyp gör. Atyr ysly her hili owadan güllere seret, olar adamlary begendirýär. Onsoňam, her dürli tagamly iýmitler bar. Birgiden ajaýyp tokaýlar, daglar, köller we ýaradylan beýleki zatlar bar. Durmuşymyzy has-da bezeýän Günüň batyşy hakda näme aýdyp bilersiň? Haýwanat dünýäsine näme diýersiň? Eýsem, güjükleriň, pişijekleriň we beýleki haýwan çagalarynyň garagolja oýunlaryny we eýjejik hereketlerini görüp, haýran galamyzokmy näme? Şeýlelikde, ýaşaýyş üçin zerur bolmasa-da, tebigatyň sowgatlary bizi begendirýär. Bu mysallaryň görkezişi ýaly, ýer ýüzi adamlar üçin söýgi hem alada bilen ýasalypdyr, adamlaryň ýöne bir ýaşaman, gaýtam durmuşa begenip ýaşamaklary üçin ýaradylypdyr.

9. Ýeri kim ýaratdy we näme maksat bilen?

9 Şonuň üçin, Mukaddes Ýazgylary ýazan bir pygamber Ýehowa Hudaýa: «Sen gögi we ýeri ýaratdyň» diýdi. Şol pygamber ýaly paýhasly netijä gelmek üçin bu zatlaryň ählisini Berýäni kabul etmeli. Näme maksat bilen? Sebäbi Hudaý «ýeri ýasady we ýaratdy. Ol ony berkarar etdi, biderek ýere ýaratmady: Ol ony ýaşaýyş üçin ýaratdy» diýýär (Işaýa 37:16; 45:18).

Täsin janly öýjük

10, 11. Janly öýjügiň näme täsinligi bar?

10 Janly organizmler hakda näme aýdyp bolar? Eýsem, olaryň ýaradyjysy bolmaly dälmi näme? Meselem, janly öýjügiň birnäçe täsin aýratynlyklaryna seredip geçeliň. «Evolution: A Theory in Crisis» («Ewolýusiýa: teoriýa kyn ýagdaýda») atly kitabynda Maýkl Denton atly molekulýar biologiýa boýunça alym şeýle diýýär: «Ýer ýüzündäki ähli häzirki janly gurluşlaryň hatda iň ýönekeýjesi, meselem, bakteriýanyň öýjügi, juda çylşyrymly. Bakteriýanyň hatda iň ownuk öýjügi örän kiçi... aslynda, kiçijik hakyky fabrige meňzeş bolup, içinde çylşyrymly molekulýar gurluşlaryň kämil ýasalan müňlerçe bölejigi... adamyň ýasanlaryndan has çylşyrymly. Janly zatlaryň arasynda asla meňzeşi ýok».

11 Her öýjügiň genetiki kody hakda ol şeýle diýýär: «DNK-nyň maglumaty saklamak ukyby belli bolan islendik gurluşyň ukybyndan has ýokary; ol şeýle bir saz işleýär welin, adam ýaly diýseň çylşyrymly organizmi kesgitlemek üçin zerur tutuş maglumatyň agramy bir gramyň birnäçe milliarddan bir bölegine deňdir... Molekulýar janly gurluşyň ýeserligi we çylşyrymlylygy bilen deňeşdirseň, biziň [oýlap tapan] iň ökde zatlarymyz-da gödek bolup görünýär. Biz özümiziň ähmiýetsizdigimizi duýýarys».

12. Bir alym öýjügiň gelip çykyşy hakda näme diýdi?

12 Denton şeýle dowam edýär: «Iň ýönekeý öýjükleriň belli görnüşleri-de diýseň çylşyrymly welin, şeýle zadyň tötänlikde durnuksyzlyk bilen duýdansyz emele gelmegi mümkin däl». Ony ýasan we ýaradan hökman bolaýmaly.

Biziň täsin beýnimiz

13, 14. Beýni näme üçin janly öýjükden has-da täsin?

13 Soňra ol alym şeýle diýýär: «Çylşyrymlylyk hakda aýdaňda, süýdemdirijileriň beýnisi bilen deňeşdirseň, öýjük hiç zat bolup galýar. Adamyň beýnisi takmynan on milliard neýrondan durýar. Her neýron takmynan on müňden ýüz müňe çenli baglaýjy süýümleri çykarýar. Olar hem beýnidäki beýleki neýronlar bilen baglanyşýarlar. Umuman alaňda, adamyň beýnisindäki ähli baglaýjylaryň sany takmynan müň trilliona deňdir».

14 Denton dowam edip, şeýle diýýär: «Eger-de beýnide baglaýjylaryň diňe ýüzden bir bölegi tertipli guralan bolsa-da, ondaky baglaýjylar Ýeriň aragatnaşyk ulgamyndaky baglaýjylaryň ählisiniň sanyndan has köp bolardy». Soňra ol şeýle soraýar: «Haýsydyr bir tötänleýin ýagdaý şeýle gurluşy ýygnap bilerdimi?» Ýok diýen jogap dogry bolsa gerek. Beýnini aladaçyl Ýasaýjy we Ýaradyjy döreden bolmaly.

15. Beýni hakda beýleki alymlar näme diýýärler?

15 Adamyň beýnisi bilen deňeşdireňde, hatda iň ökde kompýuterler hem ýönekeýje bolup görünýär. Morton Hant atly ylmy ýazyjy şeýle diýdi: «Biziň ýadymyzda häzirki zaman uly gözleg-barlag kompýuteriňkiden birnäçe milliard esse köp maglumat bar». Şonuň üçin d-r Robert J. Waýt atly neýrohirurg şeýle netijä gelýär: «Men beýni bilen akylyň arasyndaky täsin arabaglanyşygy ýasan we ösdüren Ýokary Akyl ýok diýip biljek däl... Men bu zatlaryň ählisiniň paýhasly gözbaşynyň bardygyna ynanmaga mejbur boldum, Kimdir biri bularyň hemmesini herekete getiripdir». Şeýle hem, şol Kimdir biri alada edýän bolmaly.

Deňi-taýy bolmadyk gan aýlanyş

16—18. a) Gan aýlanyşyň näme üçin deňi-taýy ýok? b) Biz nähili netijä gelmeli?

16 Deňi-taýy bolmadyk gan aýlanyşa seredeliň. Ol ýokumly maddalary we kislorody daşaýar, ýokanç kesellerden goraýar. Gan aýlanyşyň esasy bölegini tutýan gyzyl gan öýjükler hakda «ABC’s of the Human Body» («Ynsan bedeniniň elipbiýi») atly kitap şeýle diýýär: «Ganyň bir damjasynda 250 milliondan gowrak gan öýjükleri bar... Megerem, bedende olaryň 25 trilliony bardyr. Bu bolsa dört sany tennis meýdançasynyň üstüni örtmek üçin ýeterlikdir... Her sekuntda 3 million täze öýjük çalşyp durýar».

17 Deňi-taýy bolmadyk gan aýlanyşyň beýleki bir bölegi bolan ak gan öýjükleri hakda şol neşir bize şeýle diýýär: «Gyzyl gan öýjükleriniň bir görnüşi bar, ýöne ak gan öýjükleriniň bolsa köp görnüşleri bar, olaryň her görnüşi bedene dürli ýollar bilen göreşmäge kömek edýär. Meselem, bir görnüşi öli öýjükleri ýok edýär. Beýleki görnüşleri wiruslara garşy antitelalary öndürýär, del maddalary zyýansyzlandyrýar, ýa-da bakteriýalary iýip siňdirýärler».

18 Nähili täsin hem oňat gurlupdyr! Elbetde, oňat düzülen we goraýan zadyň hökman örän paýhasly hem aladaçyl guramaçysy — Hudaý bolaýmaly.

Beýleki gudratlar

19. Gözüň gurluşy bilen adamlaryň ýasan enjamyny deňeşdirip bolarmy?

19 Ynsan bedeninde başga-da köp gudratlar bar. Olaryň biri göz. Ol şeýle ajaýyp ýasalypdyr welin, hiç bir kamera onuň bilen bäsleşip bilmez. Robert Ýastrow atly astronom şeýle diýýär: «Göz ýasalan bolsa gerek; hiç bir teleskop ýasaýjysy muny has oňat ýasap bilmezdi». «Popular Photography» («Halk suraty») şeýle diýýär: «Adamyň gözi wideokameranyň görýän zatlaryndan has ownuk zatlary görýär. Ol üç ölçegde, örän giň meýdany ýoýman, hereket etmän görýär... Wideokamerany adamyň gözi bilen deňeşdirip bolmaz. Has dogrusy, adamyň gözi — bu, emeli aňly, maglumaty seljerip bilýän, çalt işleýän we iş tertipli örän öňde baryjy superkompýuterdir. Şonuň üçinem, göz adamlaryň ýasan islendik enjamyndan, kompýuterinden we kamerasyndan has ýokarda durýar».

20. Ynsan bedeniniň başga-da nähili täsinlikleri bar?

20 Meselem, biz oýlanmasak-da bedeniň ähli çylşyrymly organlary özara işleýärler. Aýdalyň, biz her hili naharlar iýýäris we suw içýäris, bedenimiz bolsa ony siňdirip güýç alýar. Şol dürli önümleri alyp, maşynyň benzin guýulýan bakyna salyp gör, şol maşyn uzaga gidermikä?! Şeýle-de, çaganyň dogulmagy, edil ene-atasyna meňzeş eýjejik bäbegiň dünýä inmegi — bary-ýogy dokuz aýda bolup geçýär! Sanlyja ýaşyndaky çaganyň çylşyrymly gepleşik dilini öwrenip bilşine näme diýjek?!

21. Bedeniň täsinliklerini görüp, paýhasly adamlar näme diýýärler?

21 Hawa, ynsan bedenindäki köp sanly geň, çylşyrymly organlar bizi haýran galdyrýar. Hiç bir inžener şuňa meňzeş edip ýasap bilmez. Olar duýdansyz tötänlikden peýda boldumyka? Beýle däldigi düşnükli. Gaýtam, ynsan bedeniniň ähli täsinliklerine seredip, paýhasly adamlar mezmurçynyň sözlerini gaýtalaýarlar: «Saňa şükür ederin, çünki men gaty gorkunç we täsin tärde ýaradylypdyryn; Seniň işleriň ajaýyp» (Zebur 139:14).

Iň ökde gurluşykçy

22, 23. a) Ýaradyjynyň bardygyna näme üçin ynanyp bilýäris? b) Mukaddes Ýazgylarda Hudaý hakda nähili adalatly sözler bar?

22 Injilde şeýle diýilýär: «Her öý biri tarapyndan ýasalýar, Hudaý bolsa bar zady ýasandyr» (Ýewreýler 3:4). Eger-de her bir öýi, hatda ýönekeý öýi hem gurluşykçy guran bolsa, diýmek, has çylşyrymly älemiň we ýer ýüzündäki dürli ýaşaýşyň hem gurluşykçysy bolaýmaly. Onda uçary, telewizory we kompýuteri oýlap tapan adamlaryň bardygyna ynanýan bolsak, bu zatlaryň ählisini ýasamak üçin beýnini beren Biriniň bardygyna-da ynanmaly dälmi näme?

23 Mukaddes Ýazgylar şeýle gurluşykçynyň bardygyny aýdyp, Ýehowa «Hudaý... gögi we onuň giňişligini ýaradan, ýeri önümleri bilen ýazan, ondaky halka dem berýän we onda ýöreýänlere ruh berýän» diýýär (Işaýa 42:5). Injil şeýle adalatly sözleri aýdýar: «Eý Rebbimiz, Hudaýymyz! Sen şöhraty, hormaty hem gudraty almaga mynasypsyň. Çünki hemme zady Sen ýaratdyň. Ählisi Seniň islegiň bilen döredi, ýaradyldy» (Ylham 4:11).

24. Biz Hudaýyň bardygyny nädip bilýäris?

24 Hawa, biz Hudaýyň bardygyny ýaradan zatlaryndan bilýäris. «Onuň göze görünmeýän zatlary, ýagny ebedi gudraty, Hudaýlygy dünýä döredilenden bäri ýaradylan zatlar bilen düşünilýär, görülýär» (Rimliler 1:20).

25, 26. Bir zady erbetlige ulansalar, näme üçin onuň ýasaýjysynyň ýokdugyny aňlatmaýar?

25 Eger-de bir zady erbetlige ulansalar, bu onuň ýasaýjysynyň ýokdugyny aňlatmaýar. Uçary howa gämisi hökmünde parahatçylyk üçin ulanyp bolýar. Ýöne ony bombalaýjy uçar hökmünde weýrançylyk üçin hem ulanyp bolýar. Eger-de ony adam öldürmek üçin ulansalar, bu onuň ýasaýjysynyň ýokdugyny aňlatmaýar.

26 Diýmek, adamlar köplenç erbetlik etseler-de, olaryň Ýaradyjysynyň hem Hudaýyň ýokdugyny aňlatmaýar. Mukaddes Ýazgylar şeýle diýýär: «Nähili akylsyzlyk! Küýzegäri toýun hasaplap bolarmy? Şekil berlen bir zat şekil beren barada: «Ol meni ýasamady?» Surat suratça: «ol düşünmeýär» diýermi?» (Işaýa 29:16).

27. Horluklar baradaky soraga näme üçin diňe Hudaý jogap berip biler?

27 Ýaradyjy çylşyrymly zatlary ýaradyp, akyldarlygyny görkezdi. Hudaý Ýeri ýaşamak üçin ýaradyp, biziň bedenimizi we akylymyzy şeýle täsin ýasap, şatlanmak üçin köp gowy zatlary berip, biz hakda alada etdi. Hudaý horluklara näme üçin ýol berýändigini we gelejekde horluklary näme etjekdigini hem düşündirip, biz barada akyldarlyk bilen alada eder.

[5-nji sahypadaky surat]

Ýeriň gorag atmosferasy bar, ol aladaçyl Hudaýyň biz üçin ýasan deňsiz-taýsyz öýi

[6-njy sahypadaky surat]

Ýer ýüzi söýgi hem alada bilen ýaradylypdyr welin, biz şatlanyp ýaşap bilýäris

[7-nji sahypadaky surat]

«Beýnide Ýerdäki aragatnaşyk ulgamynyň baglaýjylaryndan has köp baglaýjy bar» (molekulýar biologiýa boýunça alym)

[8-nji sahypadaky surat]

«Göz ýasalan bolsa gerek. Hiç bir teleskop ýasaýjysy muny has oňat ýasap bilmezdi» (astronom)

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş