Işaýa
2 Ýehowanyň ruhy üstüne iner+,
Ol akyl-paýhasly+, düşünjeli bolar,
Gowy maslahatlary berer, güýç-kuwwatly bolar+,
Bilimi köp bolar, Ýehowa çuňňur hormat goýar.
3 Ol höwes bilen Ýehowa hormat goýar*+.
Gözüniň görenine görä höküm çykarmaz,
Gulagynyň eşidenine görä käýinç bermez+.
4 Ol garyp-gasarlara adalatly kazylyk eder,
Ýumşaklaryň aladasyny edip, ýüzgörmän käýär.
7 Sygyr aýy bilen otlar,
Olaryň çagalary bile ýatar,
Arslan öküz kimin gök ot* iýer+.
8 Çagajyk kepjebaşyň hininiň agzynda oýnar,
Oglanjyk elini zäherli ýylanyň hinine sokar.
9 Olar hiç hili zyýan ýetirmez+,
Mukaddes dagymda zeper ýetirmez+.
Deňziň suwdan doluşy deý,
Ýer ýüzi Ýehowa hakdaky bilimden dolar+.
10 Şol gün Ýessäniň köki+ halklar üçin bellik kimin bolar+,
Milletler ondan maslahat sorar+.
Onuň öýi şan-şöhratdan dolar.
11 Şol gün Ýehowa halkynyň aman galanlaryny Assiriýadan+, Müsürden+, Patrosdan+, Kuşdan*+, Elamdan+, Şyngardan*, Hamatdan we deňiz adalaryndan+ halas etmek üçin ýene-de, ikinji gezek elini uzadar. 12 Ol milletler üçin bellik diker we ýer ýüzüne dargan Ysraýyl ogullaryny bir ýere jemlär+. Çar tarapa dargan ýahuda halkyny ýygnar+.
13 Efraýym göriplik etmez+,
Ýahudanyň duşmanlary ýok ediler.
Efraýymyň Ýahuda gözi gitmez,
Ýahuda hem Efraýymy ýigrenmez+.
14 Olar günbatardaky piliştlileriň üstüne çozar*,
Gündogar halklaryny bilelikde talar.