Hudaýyň ruhy bilen ýolbaşçylyk edýän Patyşa bereket eçer
«Ýehowanyň ruhy üstümdedir». (IŞ. 11:2)
1. Dünýädäki kynçylyklar babatda käbir adamlary näme biynjalyk edýär?
2006-NJY ýylda astrofizik Stiwen Hoking şeýle sorag berdi: «Adamlar syýasy, ykdysady we sosial taýdan bulam-bujurlyk dünýäde ýene-de 100 ýyl ýaşap bilermi?» Bir žurnalda şeýle diýilýär: «Garyplygyň soňuna çykyp, bütin dünýäde agzybirligi gazanmak bize başartmady. Gaýtam, biz oňa düýbünden gapma-garşy gelýän zatlary gazandyk. Ýöne biz jan etmedik diýip bilmeris. Biz kommunizmden tä bazar ykdysadyýetine, Milletler Ligasyndan tä ýadrony bökdemek syýasatyna çenli elimizden gelenini etdik. Uruşlary ýatyrmak üçin ençeme uruşlar boldy, indi biz näme etjegimizi bilmeýäris» (New Statesman).
2. Ýehowa tizden kanuny häkimiýeti arkaly näme eder?
2 Şeýle habarlar Ýehowanyň gullukçylaryny geň galdyrmaýar. Mukaddes Ýazgylarda ynsanyň öz-özüni dolandyryp bilmeýändigi barada aýdylýar (Ýerem. 10:23). Ýeke-täk kanuny Hökümdar Ýehowadyr. Şol sebäpli kada-kanunlary bermäge we durmuşyň maksadyny kesgitlemäge diňe Ýehowanyň haky bar. Biz bagtly bolmak üçin hökman Onuň görkezmesine eýermeli. Galyberse-de, Hudaý tizden kanuny häkimiýeti arkaly ynsan hökümetleriniň soňuna çykar. Şonda Hudaýyň häkimiýetine garşy gidip, günäniň we bikämilligiň guly bolmak isleýän adamlar hem-de «bu dünýäniň taňrysy» Şeýtan Iblis ýok ediler (2 Kor. 4:4).
3. Işaýa Mesih barada näme pygamberlik etdi?
3 Ýehowa Jennetde Mesihi Patyşalyk arkaly adamlaryň üstünden söýgi bilen höküm sürer (Dan. 7:13, 14). Onuň Patyşasy barada Işaýa şeýle pygamberlik etdi: «Ýessäniň kökünden şaha çykar, kökden çykan pudak miwe berer. Onuň üstünde Ýehowanyň ruhy, akyldarlyk hem düşünje ruhy, maslahat hem kuwwat ruhy, bilim hem Ýehowadan gorky ruhy bolar» (Iş. 11:1, 2). Hudaýyň mukaddes ruhy Ýessäniň kökünden çykan şaha, ýagny Isa Mesihe höküm sürmäge nädip kömek eder? Onuň hökümeti nähili bereketler eçer? Biz bu bereketleri almak üçin näme etmeli?
Isa höküm sürmäge mynasyp
4—6. Nähili bilim Isa akyldar we rehimdar Patyşa, Baş ruhany hem-de Kazy bolmaga mümkinçilik berýär?
4 Ýehowa adamlary akyldar we rehimdar Patyşanyň, Baş ruhanynyň hem-de Kazynyň ýolbaşçylygynda kämillige ýetirmek isleýär. Şol sebäpli Hudaý mukaddes ruhy arkaly Isa Mesihe iň wajyp jogapkärli ýumşy ýerine ýetirmegi tabşyrdy. Häzir bolsa, geliň, Isanyň bu tabşyrygy birkemsiz ýerine ýetirip biljekdigine seredeliň.
5 Isa Hudaýy hemmlerden gowy tanaýar. Ilkinji doglan Ogul Atasy bilen gökde milliardlarça ýyl bile ýaşady we Ogul Atasyny hemmelerden gowy tanaýar. Şol sebäpli Isa «görünmez Hudaýyň keşbi» diýilýär (Kol. 1:15). Isanyň özi hem: «Meni gören Atany-da görendir» diýdi (Ýahýa 14:9).
6 Ýehowadan başga diňe Isa ähli ýaradylanlar barada hemme zady bilýär. Koloseliler 1:16, 17-nji aýatlarda şeýle diýilýär: «Gökdäki we ýerdäki görünýän hem görünmeýän zatlaryň... baryny Şol (Hudaýyň Ogly) ýaratdy... Her zatdan ozal bar Oldur, bütin zatlar Ol arkaly ýerbe-ýerdir». Göz öňüne getiriň: Hudaý älem-jahany ýaradanda, Isa «bir ussa kimin» Oňa ähli zatda kömek etdi. Şol sebäpli ol bütin dünýädäki kiçijik zatlaryň-da, şol sanda ynsanyň täsin beýnisiniň gurluşyny bilýär. Hawa, Mesih, hakykatdan-da, akyldarlygyň nusgasy! (Sül. tym. 8:12, 22, 30, 31).
7, 8. Hudaýyň mukaddes ruhy Isa nähili ýardam berdi?
7 Isa Hudaýyň mukaddes ruhy bilen mesh edildi. Isa şeýle diýdi: «Rebbiň Ruhy üstümdedir. Çünki garyplara Hoş Habary bildirmegim üçin Meni mesh etdi; Meni tussaglara azatlygy, körlere gözleriniň açylmagyny yglan etmäge, zulum astyndakylary azatlyga çykarmaga, Rebbiň merhemet ýylyny yglan etmäge iberdi» (Luka 4:18, 19). Isa suwda çokundyrylanda, mukaddes ruh onuň gökde öwrenen zatlaryny we ýer ýüzünde Mesih hökmünde etmeli işlerini ýadyna saldy (Işaýa 42:1a; Luka 3:21, 22; Ýahýa 12:50-nji aýatlary okaň).
8 Isada mukaddes ruh bardy we onuň bedeni, aň-düşünjesi kämildi. Ol ýer ýüzünde ýaşan diňe bir iň beýik adam bolman, eýsem, iň beýik Mugallymdy. Şol sebäpli «märeke Onuň taglymatyna haýran galýardy» (Mat. 7:28). Meselem, Isa adamlaryň näme sebäpden ejir çekýändiklerini bilýärdi, çünki olar günä, bikämillik we Hudaý baradaky hakykaty bilmeýärdiler. Şeýle-de Isa adamlaryň ýüregini görüp, şoňa görä hereket edýärdi (Mat. 9:4; Ýahýa 1:47).
9. Biz Isanyň gowy Patyşa boljakdygyna näme üçin ynanyp bileris?
9 Isa ynsan bolup ýaşady. Isanyň ynsan ýaşaýşy we bikämil adamlar bilen ýakyn gatnaşygy, oňa Patyşa bolmaga gerekli häsiýetleri ösdürmäge kömek etdi. Pawlus resul şeýle ýazdy: «Ol (Isa) halkyň günälerini Hudaýa bagyşlatmak, Hudaýyň gullugynda rehimdar hem sadyk Baş Ruhany bolmak üçin, her taýdan doganlaryna meňzemeli boldy. Şeýlelik bilen, synalanda Özüniň görgi gören zatlarynda synalýanlara kömek bermegi başarýar» (Ýew. 2:17, 18). Isa «synaglara» duçar bolany üçin, kynçylyklardan ýaňa ejir çekýän adamlara duýgudaşlyk bildirip bilýärdi. Isa ýer ýüzünde ýaşanda, onuň rehimdarlygy aýdyň boldy. Syrkaw, maýyp, göwnüçökgün adamlar, hatda çagalar hem onuň ýanynda özlerini erkin duýýardy (Mar. 5:22—24, 38—42; 10:14—16). Onuň ýanyna ýumşak we Hudaýy tanamak isleýän adamlar hem arkaýyn barýardy. Tekepbir, ulumsy we Hudaýy söýmeýän adamlar bolsa, ony ýigrenip, garşylyk görkezýärdiler (Ýahýa 5:40—42; 11:47—53).
10. Isa çuňňur söýgüsini nädip görkezdi?
10 Isa biziň üçin janyny gurban etdi. Isa söýgi bilen janyny gurban etdi — bu onuň gowy ýolbaşçy boljakdygynyň iň uly subutnamasy (Zebur 40:6—10-njy aýatlary okaň). Mesih Isa şeýle diýdi: «Bir adamyň öz dostlary üçin janyny pida etmeginden uly söýgi hiç kimde ýokdur» (Ýahýa 15:13). Öz gol astyndaky adamlaryň zähmeti esasynda ýaşaýan bikämil ýolbaşçylardan tapawutlylykda, Isa adamlar üçin janyny höwes bilen gurban etdi (Mat. 20:28).
Isa töleg gurbanyny ulanýar
11. Isanyň halas etjekdigine biz näme üçin doly ynanyp bileris?
11 Isa — Baş ruhany. Şol sebäpli ol töleg gurbanyny adamlaryň hatyrasy üçin ulanyp biler. Ol ýer ýüzündekä syrkawlary, maýyplary sagaltdy, ölüleri direltdi we müňlerçe adamlary doýurdy, hatda olary tebigy betbagtçylyklarda halas etdi (Mat. 8:26; 14:14—21; Luka 7:14, 15). Ol ygtyýaryny we güýjüni adamlary geň galdyrmak üçin däl-de, olara rehimdarlyk hem söýgi bildirmek üçin ulandy. Heýwere keselli bir adam Isa: «Eger isleseň, meni tämiz edip bilersiň — diýip ýalbaranda, ol — Isleýärin» diýip jogap berdi (Mar. 1:40, 41). Isanyň ýer ýüzünde eden işleri onuň Müňýyllyk Patyşalykda nämeler etjekdigini görkezýär. Eger biz Hudaýa wepaly galsak, bu bereketlere eýe bolarys.
12. Işaýa 11:9-daky pygamberlik nädip ýerine ýeter?
12 Isa Mesih 2 000 ýyl mundan öň adamlara Hudaý barada bilim beripdi. Ol we onuň bilen höküm sürjekler gelejekde-de bilim bermegini dowam ederler. Şonda Işaýa 11:9-daky sözler berjaý bolar: «Deňziň suw bilen doly bolşy ýaly, ýer ýüzi-de Ýehowa barada bilimden dolar». Elbetde, bu pygamberlige laýyklykda, ýer ýüzi we ondaky janly-jandarlaryň aladasyny etmek barada görkezme berler. Adam ata-da şeýle tabşyryk berlipdi. 1 000 ýylyň ahyrynda Hudaýyň Gelip çykyş 1:28-de aýdan ilkibaşdaky niýeti amala aşar. Şeýdip, töleg gurbany doly ulanylar.
Isa kazylyk edýär
13. Isa dogrulygy söýýändigini nädip görkezdi?
13 Mesih «dirileriň hem ölüleriň Hudaý tarapyndan bellenen Kazysydyr» (Res. iş. 10:42). Isanyň dogruçyllygy teselli berýär, çünki dogrulyk onuň bilini guşak kimin berk guşaýar (Iş. 11:5). Ol açgözlügi, ikiýüzlüligi we başga-da zalymlyklary ýigrenýärdi; horluk çekýänlere haýpy gelmeýän adamlary ýazgarýardy (Mat. 23:1—8, 25—28; Mar. 3:5). Şeýle-de Isa adamlaryň daşky keşbine däl-de, ýüregine seredýärdi, «çünki ynsanda näme bardygyny Özi bilýärdi» (Ýahýa 2:25).
14. Isa häzirem dogrulygy, adalaty söýýändigini nädip görkezýär we biz özümize nähili soraglar bermeli?
14 Isa häzirem dogrulygy söýýär, ol adamzat taryhynda iň uly möçberde alnyp barylýan wagyz we şägirt taýýarlamak işine adalatly ýolbaşçylyk edýär. Wagyz işine ne adamlar, ne hökümet, ne zalym güýçler päsgel berip biler, çünki bu iş Hudaýyň güýji bilen amala aşyrylýar. Şol sebäpli biz Armageddonda adalatyň ýeňiş gazanjakdygyna şübhelenmän bileris (Işaýa 11:4b; Matta 16:27-nji aýatlary okaň). Siz özüňize şeýle soraglar beriň: «Men wagyzda adamlara Isa ýaly garaýarynmy? Meniň saglygym we ýagdaýym çäkli bolsa-da, Ýehowa iň gowy zatlary berip bilýärinmi?»
15. Biz nämäni unutmasak Hudaý üçin iň gowy zatlarymyzy berip bileris?
15 Biz wagyz işiniň Hudaýdandygyny unutmasak, oňa ýürekden ýapyşyp bileris. Çünki wagyz işini bize Hudaý tabşyrdy. Ol Ogly arkaly bu işe ýolbaşçylyk edýär we mukaddes ruhunyň kömegi bilen goldaýar. Siz Hudaýyň işdeşleri hökmünde Onuň ruhy arkaly ýolbaşçylyk edýän Ogly bilen bile gulluk etmegi gymmat saýýarmysyňyz? Ýehowadan başga kim ýedi milliondan gowrak adamy — olaryň köpüsi «okuwsyz, garamaýak» hasaplansa-da — Patyşalyk baradaky habary 236 ýurtda wagyz etmäge höweslendirip bilerdi? (Res. iş. 4:13).
Mesih arkaly bereket alyň!
16. Gelip çykyş 22:18-de Hudaýyň patasy barada näme diýilýär?
16 Ýehowa Ybraýyma şeýle diýdi: «Meniň sözüme gulak asandygyň üçin, ýer ýüzüniň ähli milletleri seniň nesilleriňden pata alarlar» (Gel. çyk. 22:18). Hudaýa we Onuň Ogluna hyzmat etmegi hormat saýýan adamlar Mesihi Nesliň getirjek bereketlerine ynamly bolup bilerler. Olar bu bereketlere garaşyp, Hudaýa yhlasly gulluk edýärler.
17, 18. Kanun taglymaty 28:2-ä görä, Ýehowa nämäni wada berýär we bu biziň üçin näme aňladýar?
17 Hudaý Ybraýymyň nesillerine, ýagny ysraýyl halkyna şeýle diýipdi: «Eger siz Hudaýyňyz Rebbe gulak assaňyz, üstüňize bereket (kanun ähtinde aýdylanlara görä) ýagyp, sizi bereket gurşap alar» (Kan. tag. 28:2). Bu sözler Hudaýyň häzirki gullukçylaryna-da degişli. Eger siz bereket almak isleýän bolsaňyz, onda Ýehowa «gulak asyň». Şonda Hudaýyň bereketleri «üstüňize... ýagyp, sizi bereket gurşap alar». Ýöne Hudaýa «gulak asmak» üçin näme etmeli?
18 Hudaýyň Sözüni we berýän ruhy iýmitlerini ýürekden kabul etmeli (Mat. 24:45). Şeýle-de Hudaýa we Onuň Ogluna gulak asmaly. Isa şeýle diýdi: «Maňa: «Ýa Reb, ýa Reb» diýen her adam Gökleriň Patyşalygyna girmez, diňe göklerdäki Atamyň islegini berjaý eden girer» (Mat. 7:21). Şeýle-de Hudaýa gulak asmak üçin mesihçiler ýygnagyna berlen «sylaglara», ýagny ýaşululara tabyn bolmaly (Efes. 4:8).
19. Hudaýyň bereketini almak üçin näme etmeli?
19 Adamlar görnüşindäki «sylaglara» Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzalary hem degişli. Olar bütin dünýädäki mesihçiler ýygnagynyň aladasyny edýär (Res. iş. 15:2, 6). Hawa, agyr muşakgatda bize Mesihiň ruhy doganlaryna beren kömegimiz esasynda höküm çykarylar (Mat. 25:34—40). Diýmek, Hudaýyň bereketini almak üçin, biz onuň mesh eden gullukçylaryny hemişe goldamaly.
20. a) Adamlar görnüşindäki «sylaglaryň» nähili borjy bar? b) Biz olara nädip minnetdar bolup bileris?
20 Adamlar görnüşindäki «sylaglara» filialyň komitetiniň agzalary, aýlanýan gözegçiler we ýygnak ýaşululary hem degişli. Olar mukaddes ruh arkaly bellenilýär (Res. iş. 20:28). Bu doganlaryň esasy borjy Hudaýyň halkynyň ählisini «imanda, Hudaýyň Ogluny tanamada birlige, kämillige, Mesihiň dolulygyndaky ýetişenlik derejä ýetirmekdir» (Efes. 4:13). Elbetde, olar hem biziň ýaly bikämil. Eger biz olaryň söýgi bilen edýän aladasyna minnetdar bolsak, Hudaýdan bereket alarys (Ýew. 13:7, 17).
21. Näme üçin Hudaýyň Ogluna gulak asmak wajyp?
21 Tizara Mesih Şeýtanyň zalym dünýäsini ýok eder. Şonda biziň ýaşaýşymyz Isanyň elinde bolar, çünki ol Hudaý tarapyn bellenen Kazydyr. Pygamberlikde aýdylyşy ýaly, ol uly märekäni «ýaşaýyş suwunyň çeşmelerine elter» (Ylh. 7:9, 16, 17). Şol sebäpli, geliň, Hudaýyň ruhy bilen ýolbaşçylyk edýän Patyşa minnetdar bolup, ýürekden tabyn bolmak üçin elimizde baryny edeliň.
a Işaýa 42:1 Ine, Meniň goldaýan gullukçym! Janym ondan razy bolan, seçen gullukçym! Men Ruhumy onuň üstünde goýdum, ol hem adalaty milletlere yglan eder.
b Işaýa 11:4 Ol garyplaryň üstünden dogrulyk bilen kazylyk eder we ýurduň pukaralary hakda adalatly karar çykarar. Dünýäni agzynyň taýagy bilen urar we erbedi dodaklarynyň demi bilen öldürer.
Siz şu aýatlardan näme öwrendiňiz?