Birinji Petrus
4 Mesih ynsan bedeninde görgi görüpdi+. Siz hem onuň pikir edişi ýaly pikirlenmegi ýüregiňize berk düwüň. Sebäbi görgi görýän adam günäden el çekýär+. 2 Şonda ol galan ömrüne ten höweslerine görä däl-de+, Hudaýyň islegini berjaý edip ýaşar+. 3 Siziň öň haýasyz* işler, ahlaksyz höwesler, serhoşlyk, keýpi-sapaly oturylyşyklar, içhä-içişlik, ýigrenji butparazlyk bilen meşgullanyp+, şu dünýäniň islegine görä ýaşanyňyz+ ýeterlikdir. 4 Siz indi olar bilen azgyn işlere gatnaşmaýarsyňyz, şonuň üçin size geň galyp sögýärler+. 5 Emma şeýle adamlar dirileri-de, ölüleri-de höküm etjek Mesihiň öňünde jogap bererler+. 6 Şonuň üçin hoş habar ölülere-de wagyz edilýär+. Olara ähli adamlar ýaly ynsan bedenindekä höküm edilse-de, Hudaýyň ruhunyň kömegi bilen ýaşap bilerler.
7 Ähli zadyň soňy golaýlady. Şonuň üçin sagdyn düşünjeli bolup+, doga etmäge hemişe taýýar* boluň+. 8 Esasan-da, biri-biriňizi ýürekden söýüň+, sebäbi söýgi köp günäleriň üstüni ýapýandyr*+. 9 Zeýrenmän myhmansöýer boluň+. 10 Hudaý size ýagşy we jogapkärli hyzmatkärler hökmünde dürli ýollar bilen ýagşylyk edýär. Şonuň üçin alan ukybyňyza* görä birek-birege hyzmat ediň+. 11 Gepleýän adam Hudaýyň habaryny aýtsyn, hyzmat edýän adam Hudaýyň güýjüne bil baglasyn+. Şonda Hudaý Isa Mesih arkaly ähli zatda şöhratlanar+. Goý, şöhrat we güýç baky hem ebedilik Hudaýyňky bolsun! Omyn!
12 Eziz doganlarym, agyr* synaglar başyňyza inende+, üýtgeşik zat bolýandyr öýtmäň. 13 Mesih ýaly görgi görýändigiňize+ begeniň+. Şonda onuň şan-şöhratynyň äşgär bolan döwründe-de begenip, köp şatlanarsyňyz+. 14 Eger Mesihiň ady üçin masgaralaýan* bolsalar, özüňizi bagtly hasaplaň+, sebäbi Hudaýyň şöhratly ruhy üstüňize inýändir.
15 Siziň araňyzda hiç kim ganhor, ogry, jenaýatçy bolup ýa-da başgalaryň işine goşulyp görgi görmesin+. 16 Hiç kim mesihçi bolany üçin görgi görýändigine utanmasyn+, gaýtam göterýän adyna mynasyp ýaşap, hemişe Hudaýy şöhratlandyrsyn. 17 Sebäbi bellenen wagt gelende, Hudaý ilki öz öýündäkileri höküm eder+. Eger ol ilki bizden başlaýan bolsa+, onda Hudaýyň hoş habaryny kabul etmeýän adamlara näme bolar?+ 18 «Eger dogruçyl adama halas bolmak kyn bolsa, hudaýsyz we günäkär adama näme bolar?»+ 19 Şol sebäpli Hudaýyň islegini berjaý edip görgi görýänler mundan beýläk-de ýagşylyk etsinler, janyny wepaly Ýaradyjynyň eline tabşyrsynlar+.