Markus
2 Birnäçe günden Isa ýene-de Kapernawuma bardy. Adamlar hem onuň gelendigini eşitdiler+. 2 Isanyň baran öýüne şeýle köp adam geldi welin, gapynyň agzynda-da ýer ýokdy. Isa olara Hudaýyň sözüni wagyz edip başlady+. 3 Şonda dört adam bir ysmazy göterip getirdi+. 4 Emma märeke köp bolansoň, olar öýe girip bilmediler. Olar Isanyň oturan jaýynyň üçegini açyp, ysmazy düşegi bilen aşak düşürdiler. 5 Isa olaryň imanyny görüp+, ysmaz adama: «Oglum, günäleriň bagyşlandy»+ diýdi. 6 Olaryň arasynda oturan kanunçylaryň käbiri içinden+: 7 «Ol näme üçin beýle diýýär? Ol Hudaýa dil ýetirýär ahyryn. Hudaýdan başga günäleri bagyşlap bilýän barmy?»+ diýişdiler. 8 Emma Isa olaryň näme hakda pikir edýändiklerini aňyp: «Siz näme üçin erbet pikir edýärsiňiz?+ 9 Siziň pikiriňizçe, ysmaza „Günäleriň bagyşlandy“ diýmek aňsatmy ýa-da „Tur, düşegiňi alyp, ýöre!“ diýmek? 10 Emma siz Ynsan oglunyň+ günäleri bagyşlamaga ygtyýarynyň bardygyna+ düşünmegiňiz üçin...» diýdi-de, ysmaz adama: 11 «Saňa diýýärin, tur, düşegiňi alyp, öýüňe gaýt» diýdi. 12 Ol turup, dessine düşegini aldy-da, hemmeleriň gözüniň alnynda ýöräp gitdi. Adamlar muňa haýran galyp: «Beýle zady heniz görmändik!»+ diýşip, Hudaýy şöhratlandyrdylar.
13 Isa ýene-de deňziň kenaryna bardy. Şonda uly märeke ýygnandy, Isa hem öwredip başlady. 14 Isa ýoldan geçip barýarka, salgythanada oturan Alfeýiň ogly Lewini görüp: «Meniň yzyma düş» diýdi. Ol hem ýerinden turup, Isanyň yzyna düşdi+. 15 Isa şägirtleri bilen Lewiniň öýünde nahar iýip otyrka*, ençeme salgytçylar we günäkärler gelip, saçak başyna geçdiler. Olaryň köpüsi Isanyň şägirdi boldy+. 16 Kanunçylar we fariseýler* Isanyň günäkärler hem-de salgytçylar bilen saçak başynda oturandygyny görüp, şägirtlerine: «Mugallymyňyz näme üçin salgytçylar we günäkärler bilen nahar iýýär?» diýdiler. 17 Isa muny eşidip: «Lukman sagdyn adama däl, syrkawa gerek. Men hudaýhon* adamlary däl, günäkärleri çagyrmaga geldim»+ diýdi.
18 Ýahýanyň şägirtleri we fariseýler agyz bekleýärdiler. Bir gün olar Isanyň ýanyna gelip: «Ýahýanyň we fariseýleriň şägirtleri agyz bekleýär. Seniň şägirtleriň näme üçin agyz beklemeýär?»+ diýip soradylar. 19 Isa olara şeýle jogap berdi: «Öýlenýän ýigit+ ýanlarynda bolsa, dostlary agyz beklärmi? Elbetde, beklemezler. 20 Emma öýlenýän ýigit dostlaryndan aýra düşer+. Şonda olar agyz beklärler. 21 Hiç kim köne dona täze matadan ýama salmaz. Eger şeýle etse, täze mata girip, köne donuň ýyrtygyny has-da ulaldar+. 22 Hiç kim täze şeraby köne meşiklere guýmaýar. Eger guýaýsa, meşikler ýyrtylyp, şerap döküler, meşikler hem zaýalanar. Adamlar täze şeraby täze meşiklere guýýarlar».
23 Isa Sabat güni* bugdaýlygyň içinden ýöräp barýarka, şägirtleri bugdaý başlaryny ýolup iýýärdiler+. 24 Fariseýler Isa: «Şägirtleriň Sabat güni işläp näme üçin kanuny bozýar?» diýdiler. 25 Isa: «Siz Dawut bilen ýoldaşlarynyň iýmäge zady gutaranda we ajyganlarynda näme edendigini okamadyňyzmy?+ 26 Uly ruhany Abyýatar+ hakdaky maglumata görä, Dawut Hudaýyň öýüne baryp, Hudaýa hödürlenen çöregi iýdi, soňra ýoldaşlaryna-da berdi. Emma kanun boýunça şol çöregi diňe ruhanylar iýip bilýärdi»+ diýdi. 27 Soňra Isa: «Adam Sabat güni üçin däl, Sabat güni adam üçin döredildi+. 28 Ynsan ogly Sabat gününiň Hojaýyny»+ diýdi.