Efesliler
3 Isa Mesih üçin we siziň, ýagny ýehudy dälleriň peýdasy üçin türmede oturan men Pawlus+... 2 Hudaýyň ýagşylygy arkaly size kömek etmek üçin jogapkärçilik alandygymy eşidensiňiz+. 3 Hawa, Hudaý maňa mukaddes syryny açdy. Men ol hakda size öň hem gysgaça ýazypdym. 4 Siz haty okap, Mesih baradaky mukaddes syra+ çuňňur düşünýändigimi bilersiňiz. 5 Syr öňki nesillere açylmandy. Häzir bolsa Hudaý syry ruhy arkaly mukaddes resullaryna we pygamberlerine açdy+. 6 Syr şundan ybarat: Isa Mesihiň başga milletli şägirtleri onuň mirasyna şärik bolup, bir bedeniň agzalary bolarlar+. Olar hem biziň ýaly hoş habar arkaly Hudaýyň beren wadasyna gowşarlar. 7 Men Hudaýyň ýagşylyk edendigi üçin mukaddes syry düşündirýän gullukçy boldum. Hudaý şol ýagşylygyny güýji arkaly berdi+.
8 Mukaddesleriň iň kiçisi+ bolan maňa-da ýagşylyk edildi+. Şonuň üçin men halklara Mesihiň gözýetmez baýlygy hakdaky hoş habary wagyz etmeli. 9 Şeýle-de men adamlara Hudaýyň mukaddes syrynyň+ ýerine ýetişini düşündirmeli. Ähli zady ýaradan Hudaý syry asyrlarboýy gizlin saklapdy. 10 Hudaý muny ýygnak arkaly+ gökdäki hökümetlere we häkimiýetlere akyldarlygyny dürli ýollar bilen açmak üçin+ edipdi. 11 Emma Hudaý muny Halypamyz Isa Mesih babatdaky ebedi niýetine görä+ amala aşyrdy. 12 Şol sebäpli Mesihe iman edýändigimiz üçin ynamly gepläp, Hudaýa ýakynlaşyp bilýäris+. 13 Siziň üçin kynçylyk çeksem-de, eliňizi gowşatmaň, sebäbi çekýän kynçylyklarym sizi şan-şöhrata ýetirer+.
14 Şonuň üçin hem Atamyň öňünde dyza çöküp doga edýärin. 15 Sebäbi gökdäki we ýerdäki her bir maşgalany Hudaý döredendir*. 16 Men şan-şöhratly Hudaýdan öz ruhy arkaly içki dünýäňizi* berkitmegini+ dileýärin. 17 Şeýle-de imanyňyz arkaly Mesihiň söýgi bilen ýürekleriňizde ýaşamagyny dileýärin+. Imanyňyz hem kök ursun+ we berk bolsun+. 18 Şonda siz ähli mukaddesler bilen hakykatyň giňligine, uzynlygyna, beýikligine we çuňlugyna doly düşünersiňiz. 19 Şeýle-de bilimden ýokary bolan Mesihiň söýgüsine+ düşünmegiňizi isleýärin, şonda Hudaýyň häsiýetlerini öwrenersiňiz.
20 Hawa, bize täsir edýän güýji arkaly+ Hudaý dileýän we düşünýän zatlarymyzdan-da has köp zatlary edip bilýär+. 21 Goý, ýygnak we Isa Mesih arkaly Hudaýa nesilden-nesle baky hem ebedi şöhrat bolsun! Omyn!