Zebur
Aýdymçylaryň ýolbaşçysyna. «Çigildem». Karun ogullarynyň+ aýdymy. Maskil*. Söýgi aýdymy.
45 Ýüregimden ýagşy sözler joşup çykýar,
«Aýdymym patyşa hakdadyr»+ diýdim.
Dilim ökde kätibiň galamy kimin bolsun+.
2 Eý patyşa, sen ynsan ogullarynyň iň görmegeýisiň.
Agzyňdan şirin sözler çykýar+.
Şonuň üçin Alla saňa ebedilik bereket berýär+.
4 Kiçigöwünligiň, hakykatyň we adalatyň hatyrasyna+,
Ata çyk, beýik güýjüň bilen ýeňiş gazan+,
Sag eliň haýbatly işleri etsin.
7 Eý patyşa, sen adalaty söýdüň+, erbetligi ýigrendiň!+
8 Eşigiňden mürüň*, aloe gülüniň, dalçynyň ysy bark urýar,
Pil süňkli köşgüňde ýaňlanýan saz göwnüňi göterýär.
9 Bikeleriň arasynda şa gyzlary hem bar,
Ofer altynyna+ bezelen şa aýaly sag tarapyňda.
10 Gyzym, gulak as, aýtjak sözlerimi diňle!
Öz halkyňy, ataň öýüni unut.
12 Tir gyzy eli sowgatly geler,
Baýlar göwnüňi tapmak islärler.
13 Köşkde oturan şa gyzy örän gözeldir,
Onuň lybasy altyn bilen bezelendir.
14 Ol nepis* lybas geýip, patyşanyň huzuryna geler,
Yzyndan gelýän gyzlar hem patyşanyň öňüne çagyrylar.
15 Olar begenip, şatlanyp gelerler,
Patyşanyň köşgüne girerler.
16 Ata-babalarynyň ornuny ogullary tutar,
Olary dünýäniň ähli künjeginde han edip bellärsiň+.
17 Adyňy geljekki nesle tanadaryn+,
Halklar saňa ebedilik alkyş aýdarlar.